16:52 Çingiz han -65: romanyň dowamy | |
Onunjy bap
Taryhy proza
RUSLAR BILEN GYPJAKLAR SÄHRA UGRADYLAR ...Ruslar bilen gypjaklaryň tatarlary derbi-dagyn etmek islegi gaýnap joşdy, olar tatarlar gorkularyna we güýçsüzligine söweşmejek bolup gaçýandyrlar öýütdiler, şoňa görä tatarlary dyzgynly kowaladylar. Tatarlar dyngysyz gaçmak bilen boldular, olar bolsa, 12 günläp kowaladylar. (Ibn al-Asir) Jebe-noýonyň atan-sataň bolup duran mele aty ýeke özi somalyp duran depäniň üstüne aňsatlyk bilen çykdy we sähra pälwanynyň daşdan ýasalan belent suratynyň ýanyna baryp aýak çekdi. Onuň ýapyrlybrak duran giň omuzlaryny, ýasy ýüzüni, bilindäki gysgajyk hanjaryny, ýokarsy çowlanyp gidýän telpegini we hatda onuň elindäki pyýalany gadym zamandaky göçme ussanyň çekiji tutuş daşdan yhlas bilen çapyp ýasapdyr... Asyrlar geçip, köp adamly ýurt çöl sehra öwrülipdir, zmma daş pälwam gum depesiniň üstünde mäkäm dikilişine edil öňküligine pugta durdy we özüniň birmahal ençeme gezek çozuşlar eden tarapyna özüniň ýumralyp duran kör gözleri bilen, ýüzüni sallap seredýärdi. Jebe-de edil şol but ýaly bolup, atynyň üstünde butnaman oturan ýerinden özüniň süzük, sowuk gözleri bilen şol tarapa seredýärdi, şol tarapdan ertiriň dumanlap duran ümrüniň arasynda gök sähra bilen çalt süýşüp gelýän gara nokatlar ulgamy barha ýaýraýardy… Endamy köpürjiklän at eýýäm sowaşdy we soluk ýowşanyň gaty baldaklaryna özüniň gara dodaklaryny ýetirjek bolup dyzaýardy, ol özüniň toýnaklary bilen şor topragy peşemäge başlady, emma Jebe rus urşujylarynyň barha ýakynlaşýan gür hatarlaryndan gözüni aýryp bilenokdy. Öňden atlylar gelýär... Käbirleri ýol bilen uzalyp gelýärler, başgalary sähranyň içi bilen ýaýrap gelýärler... Olaryň ýokarsynda tozan gara bulut ýaly bolup al-asmana galýar... Olaryň gysgajyk naýzalary bar... Honha tozanyň arasy bilen gelýän arabalar açyk görünýär. Ruslar bol olja almakçy, olar arabalara ýükläp, ýarag, birentek gazan we halta-halta galla alyp gelýärler. Jebe atynyň jylawyny çekdi. Gitmek gerek... Ruslar gum depesiniň üstünde duran ýeke atlyny gördüler... Honha birnäçe rus we gypjak özleriniň otrýadyndan saýlanyp ugrady. Olar atlaryny çalt sürüp, şu atla tarap ugradylar. Atlylaryň başga bir topary onuň ýoluny kesmek üçin ýol bilen atlaryny gamça basdylar. Emma Jebäniň öz mele atyny gowy görýändigi ýöne ýerden däldi, onuň bu mele aty onuň tümeniňdäki iň ýyndam atlaryň biridi. Jebe atyny sürüp, gum depesiniň tozanjyrap duran şor ýapgydy bilen aşak düşýär. Depäniň bir gapdaly köwlüpdir we darajyk gowak garalyp dur, ol indi sähra möjekleriniň süreni bolmaga çemeli. Ozal kim-de bolsa biri haýsy-da bolsa bir batyryň altynly humuny ogurlajak bolup, onuň gabryny agtarypdyr... Jebe atyny gatyrak çapdyryp ugrady. Tizräk jara ýetmek gerek. Şol ýerde Gemýabegiň telim ýüz atlysy bukuda gizlenip durandyr. Tatar aňtawçylary otuň içinde bukulyp ýatan ýerlerinden hemmesini– ruslaryň ýakynlaşýandyklaryny-da, olardan Jebäniň gaçyşyny-da açyk görýändirler. Emma rus atlylary barha ýakynlaşýarlar... Olaryň gowy-gowy atlary bar, iň gowy atlylar öňden gelýärler. Ýoly kesjek bolup at salşyp gelýänler hemmesinden köp, howp döredýärler. Gapdala sowulmak mümkin däl, sebäbi çep tarapda kert raýyşly jarlar bar, sag tarapdan ruslar gelýärler. Olar dokuz sany... Yzky üçüsi yza galyp ugrady... Öňden gelýän alty atly-da biri-birinden aýryldylar, olar Jebäniň daşyny gabajak bolýarlar. Atyň aýagynyň astyndan bir süri käkilik turup, bir gapdala uçup gitdiler-de ýene otuň arasyna özlerini urdular. Çöpüň düýbünden bir towşan turdy-da, gulaklaryny ýapyryp göni gaçdy. At bolsa, sary aýaklaryny öňe atyp, çöp-çalamlaryň üstünden böküp, öňküsi ýaly ýeňil çapyp barýardy we atyň ýalynyň üstüne ýapyrylan Jebäni barha aňry äkidýärdi. Duşman ýakynda... Jebe olaryň demir telpek astyndaky, güne ýanan ýüzlerini seljerýär... Iki sany rus öňlerine gyzyl galkan tutup, at salyp gelýär, olaryň biri örän ýaş, bugdaý reňk we gara gözli, beýlekisiniň sallanyp duran çal murty bar. Üçünjisi has ýakynda, onuň egninde çym-gyzyl çäkmeni bar, ol gypjak, özüniň gara atyny ýüzin saldyryp gelýär... Elindäki kemendini külterleýär... Jebe örän mergen, onuň ýaýynyň oky sowa geçýän däldir. Jebe özüniň berk dartylan zeýli aýylganç ýaýyny çenäp, bir ok goýberýär, gypjak ellerini kelemenledip, eýeriň üstünden agdarylýar. Onuň gara aty ürküp, indi üsti adamsyz, kellesini ýokary galdyryp, uzyn ýalyny ýelin ugruna ykjadyp, dazlap barýar. Ýaş rus urşujysy ýakynlaşdy... Ýene bir azajyk wagt geçäýse, atlar çakyşjak. Ýaş ýigit özüniň gysgajyk naýzasyny Jebä çenäp bat bilen zyňdy, emma naýza Jebäniň polat sowutly omzuna degip, tyrpyp gitdi... Jebäniň ikinji atan uzyn oky ýaş ýigidiň ýanyp duran iki gözüniň ortarasyndan çümdi... Hoş gal, şöhrat! Hoş gal, il-gün! Hoş gal, atam öýi! Jebe yzyna garanjaklamaýar... Gemýabegiň nökerleri niredekä diýip, gözleri bilen gözleýär. Honha olar! Olar bir topar bolup, jardan çykdylar we dagynyk çozup gelýän rus otrýadynyň garşysyna gazaply gykylyk bilen eňdiler. Rus atlylary öz hatarlaryny çaltlyk bilen täzeden gurup, ysnyşykly hatarlara jebisleşýärler. Olaryň ýokarsy tegelek, aşagy çowly galkanlary gyradeň, gazaply sap-sap boldy. Urşujylar özleriniň ýaldyrap duran, ýalaw ýaly hanjarlaryny syryp, tatarlara garşy ok ýaly bolup gelýärler. Emma Gemýabeg we onuň nökerleri Jebäniň buýrugyny unutmaýarlar: ýaý oky ýeter ýaly ýakynlaşyp, çalt-çalt ok atýarlar-da, atlaryny gös-göni yzlaryna öwürýärler we ruslary geň galdyryp, sähra tarap gaçýarlar. Ruslar gykuwlap kowalap ugraýarlar. Olaryň rejeli hatarlary eýýäm garym-gatym boldy. Gaçyp barýan tatarlaryň yzyndan ýetjek bolup, her kim öz ugruna çapyp barýar. Gowy-gowy atly birnäçe rus yza galan, ona golaý tataryň yzyndan ýetýärler. Olary çapýarlar, olaryň ýaragyny we ädiklerini sypyrýarlar we öz atlaryny goýup, tatar atlaryna münýärler. Töwerek-daşy parraçly Jebe tatarlaryň ruslar bilen birinji çaknyşygyna bir azajyk wagt syn edip durdy. Soňra atyny sürüp, jara girdi, şol ýerde çeşmeden atyny suwa ýakdy we bütin tatar otrýadyna yza çekilmegi buýurdy. Gemýabegiň gaýdyp gelen atlylary özleriniň baştutanynyň naýza bilen ýaralanyp, aty bilen ýykylandygyny, onuň daşyny rus atlylarynyň gabandygyny, emma olaryň elinden sypyp, ata münüp, sähra tarap gaçyp gidendigini, onuň yzyndan bolsa, köp gypjagyň kowalap gidendigini habar berdiler. Ruslardan ýesir alnan bir adamdan Jebäniň özi gijäniň birmahaly ykmandalaryň kömegi bilen sorag etdi. Bu gelenleriň ruslaryň öňdäki otrýadydygyny, bu otrýada Galiçiň batyr knýazy Mstislaw Udatnynyň ýolbaşçylyk edýändigini ol ýesir aýdyp berdi. Onuň baştutanlygynda Galiçiň we Wolyn şäherleriniň urşujylary bar. Olar gaýyk münüp, Dnestr bilen deňze bardylar, soňra Dnepriň aýagyna tarap ugradylar we şol ýerden Hortisa adasyna bardylar, tatarlaryň üstüne çozmak üçin gelýän otrýadlaryň hemmesi şol ýere ýygnanmaly diýlip dilleşilipdi. Ol ýesir ýene şeýle gürrüň berdi: – Knýazlar biri-birleri bilen oňuşmaýarlar, olaryň her haýsy aýry-aýry gelýär, her otrýadyň öz baştutany bar, olaryň umumy serkerdesi ýok. Iň uly serkerde edilip Mstislaw Udatnyý bellenäýse gowy boljak diýip, urşujylar öz aralarynda gürrüň etdiler – söweşde ol örän tejribeli we gaýduwsyz! – emma Kiýewiň knýazy Mstislaw Romanowiç oňa garşy çykdy. Onuň hiç boýun egesi gelmeýär, sebäbi özüni uly, beýik knýaz hasaplaýar. Knýazlaryň agzalalyklaryndan diňe ýönekeý söweşijilere güzap bolýar, bardy-geldi tatarlar ökde çykaýsalar, knýazlaryň hemmesi özleriniň ýyndam atlary bilen gaçyp gutularlar, ara ýolda ýönekeý söweşijiler öler. Urşujylar özleriniň ýer sürýän atlary bilen ýörişe çykdylar, beýle atlar bilen uzaga gidip bolasy ýok. Tatarlar bolsa, edil sypjyk ýylan ýaly bolup, olardan sypyp gidýärler. Jebe: – Gypjaklar köpmi? – diýip sorady. – Aýdyşlaryna görä, gypjaklar örän köp bolmaga çemeli. Olaryň otrýadlary Dnepriň çep kenaryny syryp gelýärler. Hortisanyň ýanynda rus goşunlary bilen birikjek bolup haýdaýarlar. Häzir gypjaklaryň bir otrýady Mstislaw Udatnyý bilen öňden gelýär, ol otrýada olaryň serkerdesi Ýarun ýolbaşçylyk edýär – diýip, ýesir jogap berdi. – Ruslar tatar urşujylary hakynda näme gürrüň edýärler? – diýip Jebe sorady. – Ozal tatarlar güýçli urşujylar däl, gypjaklarça-da ýok diýip, gürrüň edýärdiler. Şol sebäpli knýazlar hiç bir çekinmän, tatarlaryň lagerini we tatarlaryň talap alan zatlaryny ellerinden almak üçin haýdap gelýärler. Indi bolsa, tatarlaryň hem-ä gowy söweşijilerdigini, hem-de mergendiklerini gördüm. Jebe tatarlara sähranyň içi bilen uzaga çekilmegi we gijesine ot ýakmazlygy, ýesiri bolsa, öldürmegi buýurdy. Gijesine tatar aňtawçylary we ykmandalar duýdurman, ruslaryň öňdäki otrýadynyň ýanyna baryp, ol ýerde näme gürrüň edilýändigini diňleýärdiler. Rus urşujylary gijesine daşlaryna arabalary aýlap, aýlawyň ortarasynda ýatýardylar. Gypjaklar aýry lager bolup durýardylar, oduň başynda aýdym aýdýardylar we tans edýärdiler. Olar öz mekanyna gaýdyp barýandyklaryna, ol ýerden tatarlary kowjakdyklaryna şatlanýardylar. Tatarlaryň müňbaşysy Gemýabegi ruslaryň tutandyklaryny aňtawçylar gürrüň berdiler. Gemýabeg gaçyp, möjek süreninde gizlenipdir. Ony ruslar sürenden çykaryp, gypjaklaryň eline beripdirler. Gypjaklar onuň elleriniň we aýaklarynyň her birine bir at tirkäp, atlary dürli tarapa sürüp, ony bölek-bölek edipdirler... Polowes goşunynyň serkerdesi Ýarun Gemýabegiň gulagyndan jylaw gaýyşyny geçirip, onuň kellesini eýeriň gaşyndan asyp äkidipdir. ______________ 1 Günorta-rus knýazlary Kiýewde bolan maslahatda tatarlary ýat ilde garşylamagy karar etdiler we aprelde ýörişe ugradylar. Kiýew, Çernigow, Smolensk, Kursk, Trubaçewsk, Putwil goşunlary hem-de wolynlylar we galiçliler Dneprde tapyşdylar, wolynlylar we galiçliler gaýyk bilen gelipdiler. (231 sah) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |