16:53 Çingiz han -66: romanyň dowamy | |
On birinji bap
Taryhy proza
TATARLARYŇ DUZAGY Jebe ruslaryň çalt sürüp gelýän öňdäki otrýadyna syn etmek bilen, öz tatarlaryny alyp, yza çekilip barýardy. Tatarlar gypjaklaryň öňe dazlap çykýan atlylary bilen kämahal uruşýardylar, emma uly söweşler bolanokdy. Ruslar uzak menziller geçip, kämahal gündizine gonýardylar, şonda atlylar gypjaklaryň ýaz çemenlerinde otlaşyp ýören öküzlerini tutup getirýärdiler. Ol sürüleri Jebäniň buýrugy boýunça sürüp getiripdiler. Tatar çopanlary tä rus we gypjak urşujylary ýakynlaşýança ol sürüleri gorap geldiler, olar ýakynlaşanda bolsa, çopanlar gaçyp, tatarlara goşulyp gidýärdiler. Jebe ruslaryň güýçlerini dagnyk ýagdaýa salmak, olaryň hüşgärligini gowşatmak üçin, olar gonanlarynda öküz etinden doýup, bigam bolmaklary üçin elinden gelenini edýärdi. Rus otrýadlary aýry-aýry bölek-bölek bolup barýardylar, tozanly giň ýoluň boýy bilen uzalyp, biri-birlerinden barha uzaklaşýardylar, Olar gije ýatanlarynda indi daşlaryna tegen we araba aýlamaýardylar. Ruslardan täze alnan ýesirler, urşujylaryň ýörişiň barşyndan, malyň bollugyndan göwünleri hoş, olar «indi goýun derisinden possun edineris, öküz derisinden täze ädik tikineris...», «Tatarlaryň haý-haýly tükeniksiz güýji hany? Tatarlardan gypjaklaryň öküzi köp ekeni. Olary şeýdip kowalap gidip otursak, Lukomorýä baryp ýeteris, emma tatarlaryň lagerine duşmarys» – diýip, gürrüň edýärler diýdiler. Rus otrýadlarynyň biri özgelerine görä rejeli barýardy, ol otrýadda harby tertip bardy, urşujylar sähra dagaman, agzybir barýardylar. Ol otrýad gijesine hemişe töwerek-daşa aňtawçylar iberip, öz töweregine arabalaryny aýlap ýatýardylar. Ol–Kiýewiň beýik knýazy Mstislaw Romanowiçiň polklarydy. Kiýewliler özgelerden aýry barýardylar, olaryň ýarysy pyýadady, ýarysynyň agyr-agyr söweş atlary bardy. Bular-da kämahal gonýardylar we sährada gezip, ýaz otundan doýan gypjak mallaryny sürüp getirmäge atlylary iberýärdiler. Soňra mis gazanlarynda etli nahar bişirip iýenlerinden soň, ertire çenli süýnüp ýatýardylar. Tatarlar ruslaryň atlary tatarlaryňky ýaly beýle çalt öwrülip bilmeýär, beýle çydamly däl, ruslaryň ýaýlarynyň oky onçakly uzaga gitmeýär, emma garjaşylyp urşulanda ruslar has zor, olar uzyn saply paltalar bilen uruşýarlar, ruslar örän gaýduwsyz we dyzmaç diýip gürrüň edýärdiler. Tatarlar rus otrýadlary bilen her bir gysgajyk tutluşyk edenlerinden soň sähranyň içi bilen uzaga gaçýardylar, baýyrlara bukulyp, jarlaryň içi bilen sypyp gidýärdiler. Dymyk, yssy günler horlaýardy, ýakyp barýan günüň öňüni tutar ýaly, asmanda ýekeje bulut hem peýda bolmaýardy. Otrýadlar gara bulut ýaly tozan turuzýardy, tozanyň arasynda atlar-da, adamlar-da demigip barýardylar. Käbir otrýadlar ýoldan sowlup, tarp ýer bilen gidýärdiler, emma gyzan tarp ýer hem gidip barýanlaryň aýagy astynda pytraýardy we aşakdan galýan tozan goşunyň ýokarsynda gara bulut ýaly bolup durýardy. Şol yssy günlerde çeşmeler hem gurap ugrady, urşujylar bolsa: «Näme üçin tatarlary gözläp, bizi sähra getirdiler? Gypjaklaryň mallaryny sürüp gaýdybermek gerek» diýip zeýrenýärdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |