16:55 Çingiz han -67: romanyň dowamy | |
On ikinji bap
Taryhy proza
SUBUDAÝ BATYR SÖWEŞE TAÝÝARLANÝAR Garry serkerde söweşmäge mongollar üçin bähbitli meýdan gözläp, töwerek-daşa aýlanmak bilen iki güni geçirdi. Atlaryny gara suw edip, çaparlar üç gezek geldi. – Jebe-noýon yza çekilýär... Öňden uzyn sakgallylar otrýady gelýär... Olara «Mastislýab batyr» baş bolup gelýär... Onuň ýany bilen Ýarun hanyň gypjaklary gelýär... Ol biziň müňbaşymyz Gemýabegiň kellesini eýeriň gaşyndan asyp gelýär... Söweş bolmagynyň öň ýanyndaky agşam Subudaý baýryň üstündäki öýüne geldi, şol ýerde şahly, bäş guýrukly tuguň ýanynda bütin otrýadyň tuglary berkidilen on sany uzyn naýza ýere dürtülgidi. Indi bütin tümen jem bolup, düzlükde uly şowhunly lager bolup durdy. Subudaý keçäniň üstünde ýatyrdy. Onuň süňkleri syzlaşýardy. Ol bir bu ýanbaşyna, bir beýleki ýanbaşyna agdarylýardy. Ojakda ýakylan ot tüsseläp, öçüp barýardy. Gümmezläp duran durlugyň aşagynda tüsse ýygnanyp, kem-kemden tüýnükden çykyp gidýärdi, Tärimiň iki durlugy serpilgidi, emma salkyn şemal gelmeýärdi, Kalkanyň guran düzlüginde şol mahal çöp başy gymyldamaýardy, howa gowrup barýardy. Mongollaryň garry serkerdesi uklap bilmeýärdi we barha köşeşýän lageriň garym-gatym galmagalyna gulak asýardy. Daşarda oduň başynda tegelenişip oturan urşujylary ol tärimiň gözeneginden görýärdi. Daşarda edilýän gürrüňleriň bölek-büçekleri, demir hanjarlaryň çalgy daşa çalnyşynyň bir syhly şuwwuldysy eşidilýärdi. Kimdir biri aýdyma başlady: Ol mawy Kerulen uzakda galdy, Ony görmek ýokdur, bagtym şor boldy... – Sem bol! Päli ýaman! – diýen bir gaharjaň ses çykdy. Aýdym aýdýan sesini kesdi. Bir tarapdan: «Dur-haw! Kim gelýär?» diýen ses eşidildi. Subudaý gyşaryp ýatan ýerinden zordan turup, dik oturdy. Adamlaryň gowurdysy we atlaryň aýak sesleri ýakynlaşýardy... Bir parraç gelip girdi: – Tohuçar-noýon geldi. Onuň yzy bilen on müň atlysy gelýär. – Olar meniň nämäme gerek? – Noýon baýra çykyp gelýär, seni görmek isleýär. Subudaý hykylap, ardynjyrap ýerinden turdy-da öýden çykdy. Ala garaňkynyň içinde onuň öňünde demir telpekli, uzyn boýly urşujy durdy. – Alla işiňi oň etsin! Men öz tugumy seniň tuguň ýanynda goýmak üçin göni altyn öýden geldim. – Men öz ýolumda duranlaryň hemmesine henize çenli sensiz hem hötde gelýärin... – Ony mongollaryň hemmesi bilýär. Häzir seniň bilen gürrüňleşmegim gerek. Bu iki serkerde öýe girdi. Tohuçar-noýon Subudaýyň ýanynda keçäniň üstünde oturyp, Çingiz hanyň günbatara giden mongol goşunynyň yzyndan gitmegi buýrandygyny we aýratyn çapardan hat iberendigini Subudaýyň gulagyna pyşyrdap aýtdy. Subudaý uzak wagt üsgürinip we kellesini ýaýkap, sesini çykarman oturdy. Ol soňundan Tohuçara tarap egilip, onuň gulagyna pyşyrdap ugrady: – Iň beýik hökümdaryň hatynda näme ýazylanlygyndan meniň habarym ýok... Onuň aýdanyndan çykmak bolmaz. Ýalňyz hökümdaryň biziň işimiziň rowaç bolmagyny islemegi-de mümkindir, biziň yzymyza gaýtmagymyzy buýurmagy-da mümkindir... Eger ol yza gaýtmagy buýurýan bolsa, meniň urşujylarym uruşmakdan boýun towlarlar. Ertir bolsa, bu ýere ruslar gelip ýeterler. Eger söweşiň öň ýanynda men bu ýerden gitsem, olaryň göwnüne näme geler?.. Beýik Çingiz hanyň goşunlary rus sakgalyny gören badyna atlarynyň guýruklaryny görkezýärler diýerler... Subudaý sesini kesip, ýene uzak üsgürdi. – Men haty göremok!.. Ol hakda bir zat hem eşidemok!.. Häzir men ýatjak, ertir horaz gygyranda bolsa, men ruslaryň garşysyna goşun çekip ugrajak... Eger uruş piri Sulde, ataş piri Galaý we beýleki hudaýlarymyz meni okdan we hanjardan aman saklasa, ikimiz söweşden soň duşuşarys, şonda sen iň beýik hökümdaryň hatyny bütin goşunyň öňünde maňa berersiň... Hoş! Subudaý şu gije ojakdaky ody iki gezek köretdi we telim gezek gury odun saldy. Aýagyndan kümüş zynjyr bilen tärime daňylan gyzyl horaza ol kämahal göz aýlaýardy. Ol horaz bolsa, eýesine üns bermän, hüžžerip otyrdy. Ol özüniň ýylpyllap duran tegelek gözüni açdy-da ýene ak gabaklary bilen gözüni örtdi. Subudaý daňdanlar irkildi. Horaz birden gaty gygyryp, ganatlaryny kakdy. Şol bada garry gul Saklap gelip girdi-de ot ýakmaga başlady. Goňşy öýde iki sany porhan horazyň gygyryşyna öýkünip: «Hori-hori! Hori-so!.» diýip gygyrdy. Subudaý öz içinden: muňa näme bolduka? – diýip, Saklaba gözüni alardyp seretdi. Garry rus gul ýüpek desterhan getirip, keçäniň üstünde ýazanda onuň görnüşi üýtgeşikdi, boýnuna aýy dişinden monjuk dakynypdyr... Saklap çykyp, bir okara palaw alyp geldi. Okarany Subudaýyň öňünde ýüpek saçagyň üstünde goýdy, okaranyň ýanynda dört eplenen birnäçe ýukajyk çörek goýdy. – Ynha saňa gyzyl burçly Gürgenç palawy… – Näme üçin aýy monjugyny dakyndyň? Öz rus doganlaryňy görerin öýdüp begenýäňmi?.. – diýip, Subudaý palawyň üstüne egilip, müňkürlik bilen ysgady. – Awy! Muny öz ölen ataňa iýdir! – diýip, Subudaý azgyryldy-da okarany itip goýberdi. – Men gul, men itçe ýok, emma özümiň uzak ömrümde hiç wagt hiç kime ýamanlyk eden däldirin – diýip, Saklap boýun egijilik bilen jogap berdi. Subudaý gaşlaryny çytdy. – Okarany al-da, meniň yzyma düş! Subudaý Batyr ybadat etjek. Garry serkerde agsap we haşylap, daşary çykdy-da öýüň ýanynda aýak çekdi. «Ertir horaz ilki gygyranda baýryň aňyrsyndaky düzlükde nyzama durmaly» diýip, ol düýn agşam goşuna buýruk beripdi. Dumly-duşdan atlylar ýygnanyşýardylar, tüýdük çalynýardy, deprek kakylýardy, atlary kowup gelýän urşujylaryň gykylyklary eşidilýärdi. Öýüň öň ýanyndaky oduň başynda uzyn sopbaçly, tüýi daşyna edilip tikilen possunly, endam-janyna dürli düwmejikler dakylan iki sany garry porhan otyrdy. Porhanlar serkerdeni görüp, uwlaşyp, depreklerini kakyp, oýnaşyp, oduň daşyna aýlanmaga başladylar. Subudaý özüniň berjek iň soňky buýruklaryny berýärdi: – Öýleri, halylary we keçeleri şu ýerde taşlamaly! Çubugan1, sen ýükli atlaryň ýany bilen gidersin. Meniň üç barsymy, horazymy we goja Saklaby öz ýanyň bilen äkit, özüňem mundan seresap bol. Munuň şu gün öz rus doganlarynyň ýanyna gaçmak niýeti bar bolaýmasyn... Atlary getiriň! Parraçlar atlary getirdiler, olaryň ikisi Subudaýyň gezekli-gezegine münýän ýorgalarydy, altysy ýük urulýan atlardy. Olara agyr-agyr teletin torbalar ýüklenýärdi. Şol torbalarda Subudaýyň ýygnan altyny bardyr diýip gürrüň edýärdiler. Subudaý ýük ýüklenýän goňur, tüýlek, ýaş atyn ýanyna bardy-da parraçlaryň birine eli bilen ümledi. Iki sany parraç agyň jylawyndan tutup, onuň, boýnuny sypalamaga başladylar we ony oduň başyna eltdiler. Goja Saklap-da şol ýerde palawly okarasyny tutup durdy. Subudaý özüniň abat çep eli bilen palawdan alyp, oda taşlaýardy we şol wagtyň özünde hem sözleriniň yzyny üzmän, ybadat edýärdi: Diňle, pirim Gyzyl ýalyn Galaý han! Ataň seniň çakmak daşy, Eneň polatdandyr başy. Saňa gurban eden çagy Bir okara sary ýagy, Bir okara gara şerap, Kylma meniň halym harap. Bize bagt ber, Atlara gaýrat! Baryn nagt ber, Gollara kuwwat! Porhanlaryň ikisi-de Subudaýyň sözlerini gaýtalamak bilen, deprek çalýardylar. Serkerde ybadat edip bolandan soň, porhanlar Saklabyň elindäki palawly okarany alyp, ýerde arkaýyn oturdylar-da agyzlaryny şapbylladyp palawy işdämenlik bilen symyşlap ugradylar. Subudaý insizje pyçagyny çykaryp, goňur atyň gerşini çalaja dildi. At dyzap ugranda, onuň dilinen gerşinden gara gan çykyp, ýüpek ýaly tüýünden syrykmaga başlady. Subudaý bolsa, atyň gerşinden berk ýapyşyp, onuň dilinen ýerine agzyny goýup, ganyny sormaga başlady. Parraçlar möhüm söweşden öň serkerdäniň gyzgyn gandan ganýandygyna hormat bilen seredip, butnaman durdular, Demir telpekli we polat sowutly bir urşujy gelip, baýra çykdy. Onuň endam-jany, hatda gaşlary-da agyn tozandy. Onuň kimdigini tanamak kyndy. Subudaý goňur atdan agzyny aýyrdy. Onuň gana bulaşan ýüzünde synçy gözi ýylpyldaýardy. – Kim bolarsyň, batyr? Ol urşujy atyň gan akyp duran ýerine eliniň aýasyny goýdy we gana bulaşan elini Subudaýyň geýmine süpürip goýberdi1. – Zat geldi-geçerdir, eýesi ömürlikdir! Tozany daşyna, ýagy içine! Men Jebe-noýon! – Ruslar nirede? – Ýakynda, örän ýakynda! Tizräk şu ýere gelip çykarlar... Meniň ýüzlüklerim olar bilen tutluşyp, gaçyp, olary aldaw bilen şu ýere getirýärler... Men üç ýüz atly bilen Mastislýaby gözden ýitiremok... Ol goşuny bilen öňden gelýär... Men ony diri tutmakçy! – Özüň beri onuň penjesine düşäýmäweri! Subudaý mele ýorgasyna mündi. Üç sany mongol hatara durup, onuň önüne düşüp ugrady. Olaryň ortasyndaky mongol bäş sany at guýrukly, şahly tugy göterip barýardy. Subudaý atyny sürüp, ýuwaşlyk bilen baýyrdan düzlüge düşdi, şol ýerde ýüz sany parraç oňa garaşyp durdy. Şondan aňyrrakda oty ýanan sährada biçeme köp atly ýygnanýardy. __________ 1 Çubugan – çalasyn, dogumly. 2 Mongollaryň «janyň sag bolsun, ömrüň uzak bolsun» diýip, yrym etmek adaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |