16:57 Çingiz han -68: romanyň dowamy | |
On üçünji bap
Taryhy proza
SÖWEŞ BAŞLANDY ...Ruslar söweşmäge ýygnanşyp-ýygnanyşmankalar, köp sanly tatarlar olaryň üstüne çozdular, şondan soň iki tarap-da görlüp-eşidilmedik mertlik bilen söweşdi. (Ibn al-Asir) Kalkanyň jarly kenarlarynda öňi bilen galiçli Mstislaw Mstislawiç Udatnynyň atly otrýady göründi. Onuň yzy bilen serkerde Ýarunyň polowes atlylary at salşyp geldi. Mstislaw tatarlaryň taşlap giden gara öýlerini gördi. Ol öýleriň köpüsinde haly we keçe ýazylgydy, däneli haltalar bardy, ojaklaryň küli-de sowamandyr. Urşujylar: – Tatarlar towşan ýaly bolup gaçypdyrlar. Biz olaryň nirede yzyndan ýeteris? Yssynyň içinde öljek bolup, ýene näçe wagtlap süýrenmeli bolarkak? – diýýärdiler. Knýaz Mstislaw Udatnynyň uruşmakda uly tejribesi bardy, ol elime bir zat düşse bolýar diýip, her kim üçin urşup, özüniň bütin ömrüni uruş işleri bilen geçirdi. Ol tatarlaryň taşlap giden lagerini görende birjik-de begenmedi: tatarlaryň lageri däl-de tatarlaryň özleri onuň eline düşmelidiler. Mstislaw gonmaly diýip yglan eden-de bolsa, otrýada söweşe tizräk taýynlanmagy we sowutlary geýmegi buýurdy. Knýaz özüniň ýaş giýewisi Danila Romanowiçi wolynlylar bilen aňtawa iberdi. Sabyrsyz serkerde Ýarun-da, hemmeleriň çaklyşy ýaly, güýçden gaçan ýadaw tatarlary tizräk tutmak üçin öz polowesleri bilen ugrady. Tiz wagtdan knýaz Danilanyň tarapyndan çapar gelip: – Tatarlar örän ýakynda! Tatarlar edil şujagaz ýerde! Baýyrlaryň üstünde olaryň aňtawçylary görünýär... Olar bizi görüp, gizlenýärler... Näme etmeli? – diýdi. Knýaz özüne bir dynç at getirip bermeklerini talap etdi. Nökerler üç sany aty eýerläp getirdiler. Olaryň ikisi ugor atydy, berk, giň göwüsli, gara ýally dor atlardy. Häzir ol atlar endam-janyny tozan edip, ýüzlerini sallap durdular. Üçünjisi öz gaýny bolan polowes hany Kotýanyň sowgat eden belent, endamy tegmil-tegmil mele türkmen atydy. Onuň erbet gylygy bardy, özüne-de «At gaz» diýýärdiler. Polowesleriň iki sany atbakary onuň jylawlaryndan aslyşyp, zordan getirdi... Mstislaw At gaza mündi-de, dynç duran atyň başyny çekeräk tutup, derýanyň boýuna düşdi. Atlylaryň atlaryny çalarak suwarmaklaryny we nyzama durmaklaryny buýurdy. Tatarlar mekirlik ederler diýip, knýazyň kellesine gelmeýärdi, ,olar özleriniň güýçsüzligi sebäpli söweşden gaçýandyrlar öýdýärdi, şoňa görä, hiç bir dynç alman, häziriň özünde tatarlaryň yzyndan ýetip, olary syryp-süpürip olardan dynmagy ýüregine düwdi. Agajet knýaz Mstislawyň altyn bilen gür haşamlanan, ýallyrdap duran polat telpegi, gaz boýunly belent türkmen aty, onuň ýeserlik bilen ata münüşi – şularyň hemmesi onuň tüýs edermendigini, onuň söweş oduny we howpuny gowy görýändigini, duşmany gözle» ýändigini we onuň üstüne okdurylýandygyny, şeýle köp tutluşyklarda we ýörişlerde taplanandygy sebäpli «Mstislaw Udatnyý» adyny alandygyny urşujylara görkezýärdi... Mstislaw beýleki kenara çykyp, atlaryny suwarýan atlylar gelýänçäler garaşdy. Mstislaw gygyryp: – Ýigitler, hudaý bizdendir! Hudaýsyz tatarlary çapalyň! Ol awuly taýpa rehim etmäň! ýörüň! – diýdi. Bütin otrýad atlaryny gorgunladyp ugrady. Urşujylar häzir gyzgyn çapha-çaplyk başlanjakdygyna garaşyp, ýaraglaryny düzedişdirýärdiler... Mstislaw öňde bir düzlük gördi, şol ýerde bulut ýaly gara tozanyň arasynda tatar we rus atlylary iki ýanlaýyn at salýardylar. Ol rus atlylary knýaz Mstislawyň on sekiz ýaşly giýewisi knýaz Danila Romanowiçiň wolynlylarynyň otrýadydy. Honha onuň altyn bilen nagyşlanan gök tugy göründi. Knýaz Danilanyň nökerleri ony gorap, onuň töwereginden aýrylmaýardylar, tatarlar bolsa, dumly-duşdan gelip, aýlanyşýardylar, çozýardylar, ýykýardylar, ýykylýardylar we özleriniň egri hem uzyn şemşirleri bilen çapyşmaklaryny dowam etdirýärdiler. Polowesler ondan-da aňyrdadylar. Serkerde Ýarunyň guýrukly nyşanynyň yranyp görünýän ýerindäki polowes otrýadynyň bulut ýaly tozany kowalap, baýyrlara tarap uzaklaşýandygyny Mstislaw gördi. Mstislaw çep tarapdan gitmegi, baýyrlaryň üstünden geçmegi, eger-de baýyrlardan aňyrda söweş barýan bolsa, serkerde Ýaruna kömek bermek üçin tatarlaryň bir gapdalyndan baryp çozmagy ýüregine düwdi. Ol öz otrýadyny aýlap baýyrlara tarap äkitdi, has belent alaňyň üstüne çykyp, özüniň gören zadyna agzyny açyp, atynyň başyny çekdi... Düzlükde täze tatar goşunynyň gür hatarlary ýaýbaňlanyp garaşyp durdy. Atlylar aýylganç dym-dyrslyk bilen butnaman durdular. Demir telpekleri, ýallyrdawuk sowutlary, ellerindäki egri gylyçlary açyk görünýärdi. Tatarlar sap-sap bolup, sährada uzalyp durlar... Hetdi bar-da, hasaby ýok! Ýigrimi polkmyka? Otuzmyka? Ellimikä? Tatarlaryň güýji iň soňky aýylganç güne çenli ine şu ýerde gizlenip duran ekeni! Ownuk otrýadlaryň çozan bolup, Dneprden bäri gaçyp gelmegi tatarlaryň pirimi ekeni! Hi şeýle-de bir ýalňyşmak bolarmy, hi şeýle-de duzaga düşüp, öz yhlasly nökerleriňi söweşe taýyn bolup duran tatarlaryň egri gylyçlarynyň agzyna tutup bermek bolarmy!.. Nädip alajyny tapmaly, nädip gutulmaly? Uzyn ýol bilen perwaýsyz uzalyp gelýän rus otrýadlaryna habar berip, olaryň hemmesini ýagnamak üçin nädip wagt tapmaly? «Biziň rus goşunlarymyz köp, tatarlardan az däl! Emma näme üçin olar bir ýere jemlenip, şunuň ýaly gaýduwsyz, ýeňilmez güýç bolup durmaýarlar? Näme üçin her knýaz öz goşuny bilen aýratyn gelýär? Dagnyk rus otrýadlaryny birleşdirer ýaly ýekeje gün möhlet bolaýsady! Şol wagtda tatarlar bilen güýç synaşsakdyk». Emma indi giç! Häzir tatarlar öňe okdurylyp, özleriniň otuz müň täze goşuny bilen ýollaryndakylaryň hemmesini syryp-süpürip taşlarlar... «Öliniň utanjy bolmaz!» diýip, Mstislaw pyşyrdady-da, atyna birinji gezek gamçy çaldy. Bedew at çarpaýa galdy-da, aýylganç bökdi. Baýyrdan aşak, düzlüge dazlap indi, onuň garşysyndan, baýyrlaryň aňyrsyndan polowes atlylary topar-topar bolup dazlap çykdylar. Olar wehime düşüp we umytlaryny ýitirip, uly gykylyk edip, atlaryny saýgylaýardylar, Mstislawyň galiçli nökerleriniň hatarlaryny bozup, bulambujar etdiler we öňlerinden çykýanlary ýykan-da sürän edip, gaçyp barýardylar. Döşünden agyr ýaralanan ýaş Danila Romanowiçi-de aty şolaryň arasy bilen alyp barýardy. Ol atynyň ýalyndan ýapyşyp, eýeriň üstünde zordan saklanýardy. Önde tatarlar ysnyşykly sap-sap bolup, geň dym-dyrslyk bilen düzlüge çykýardylar, sag gollary omuzlaryna çenli saralgydy, egri gylyçlary ýokary galdyrylgydy. Tatar atlylarynyň ýekeje-de ses çykarman, Kalkanyň kenarlaryna tarap atlaryny gorgunladyp süýşüp gelmegi örän aýylganç bolup görünýärdi. Bir maksatly we bir erk-islegli gazaply mongol goşunynyň dym-dyrslygyny diňe atlaryň burnuny tazlatmagy, aýaklarynyň güpürdisi we ýaragyň tötänden çykýan zyrňyldysy bozýardy. Tatarlar derýadan geçdiler, beýleki kenara çykdylar, diňe şol wagtda surnaýlaryň çirkin sesi çykdy. Olar elhenç gykuwlaşyp ruslaryň lagerine tarap eňdiler. Polowes otrýadynyň akyl-huşuny ýitirip, aýak aldygyna gaçyp barýandygyny rus lagerinde eýýäm görüpdiler we agyr-agyr arabalaryny daşlaryna aýladylar. Ruslaryň birinji otrýadynyň ýanynda aýak çekmän, tatarlar öňe gidip, öňdäki uzalyp gelýän arabalaryň üstüne çozdular. Zaloz ýoly bilen uzalyp gelýän rus otrýadlarynyň hemmesi atlaryny gamça basyp gelýän polowes atlylaryny we şolaryň arasynda knýaz Mstislaw Udatnynyň hem bardygyny gördüler. Ol ýüzüni sallap gyzyl çäkmeniňi ykjadyp, süýnmek mele atyny çapdyryp barýardy. Ruslaryň birentegi arabalary taşlap, atlaryna münüp, yzlaryna, Dnepre tarap eňdi. Beýlekileri arabalaryny daşlaryna aýlap, çozup gelýän tatar otrýadlaryny palta bilen garşyladylar. Tatar goşunlarynyň bir bölegi Kiýew knýazy Mstislaw Romanowiçiň lageriniň daşyny gabady. Knýaz Mstislaw Romanowiç on müň atly we pyýada goşun bilen gelipdi. Onuň beýleki otrýadlar bilen aragatnaşygy ýokdy, Mstislaw Udatnynyň nähili hereket etjekdiginden habary ýokdy, «Çingiz hanyň ýowuz ýeliň ygyna gelen tatarlaryny» hiç kimden kömek alman, ýeke özüm gyraryn diýip öwünýärdi. Şol gara günüň öýlänleri kiýewliler Kalkanyň belent kenarynda lager bolup durdular. Aljyran polowes atlylary duşlaryndan güpürdeşip geçenlerinde, kiýewliler hemişeki ýaly, daşlaryna arabalaryny aýlap goýdular. Kiýew goşunyndaky on bir knýaz; – Şu ýerde biz ölmelidiris! Berk duralyň! – diýdiler. Olar biri-birleri bilen ogşaşdylar we in soňky demlerine çenli söweşmegi karar etdiler. Kiýewliler arabalary biri-birine ýakynrak süýşürdiler we gyzyl galkanlaryny öňlerine tutup, araba tigirleriniň aňyrsynda ýerleşdiler. Olar çozup gelen tatarlary ýaý oky bilen urýardylar, hanjarlary we paltalary bilen goranýardylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |