15:10 Çingiz han -6: romanyň dowamy | |
Altynjy bap
Taryhy proza
ŞANYŇ SENE ÝAZUWÇYSY ...Biziň jaýlarymyzyň biri-birinden örän uzakdadygyna, ýoluň uzaklygyna hem-de howp-hatarlydygyna garaman, ol meniňkä ugrady. (Ibn Hazm. XI asyr) Goja sary mişi ädigini gürsüldedip, howlynyň içi bilen gidip, eýwana çykdy. – Meniň yzym bilen geliber, hormatly ýolagçy! Derwüş ol gojanyň yzy bilen gelip, aşagyna kerpiç düşelen, diwarlarynyň ugruna insizje halyjyklar ýazylan otaga girdi. Otagyň tekjelerinde iki sany kümüş kündük we çüýşeden ýasalan Yrak golçasy durdy. Örülen ýaly edilip, biri-biriniň içinden geçirilen, dürli reňklere boýalan sütünlerden ussatlyk bilen ýasalan gümmeziň ortarasynda tüsse çykýan gözenek bardy. Otagyň ortarasynda inedördül çukurda içi közli maňňal tüsseläp durdy. Törde üç sany, daşyna demir aýlanan, agzy açyk sandyk dur, olaryň içinde mele gaýyşdan sahap edilen uly-uly kitaplar görünýärdi. Derwüş özüniň hasasyny we beýleki zatlaryny iç işikde goýdy. Köwşüni çykardy we gojanyň ýanyna baryp, çöküne düşdi. Goja özüniň endirewük sesi bilen: – Bent Zankyja! – diýip gygyrdy. Ökjesine ýetip duran uzyn ala köýnekli, başy mawy selleli bir oglan gelip girdi. Ol ellerini döşünde gowşuryp, baş egip, buýruga garaşyp durdy. – Me, şu altyn dinary al. Muny goja Saklaba ber we oňa düşündirip şeýle aýt: «Saklap aga, bar, bazarda kümüş we altyn teňňeli gutulary saklap oturan hindileriň–pul çalyşýanlaryň ýanyna git. Olar oýnawaç-pyrlawaç hem satýandyrlar. Olaryň iň çal sakgallysyny tap-da şu teňňä baha kesdir: şu doly agramly altyn dinar çyn dinarmy» diý. Eger pul çalyşýan hindi bu dinarda aldaw ýok diýse, goý ony kümüş dirhemlere çalyşsyn. Kümüş alandan soň, Saklap ýolagçylaryň ir-iýmiş alýan ýerine barsyn we ol ýerden onuň näme almalydygyny ine şu adalatlylyk gözläp ýören hormatly adam aýdar. – Hyzmatçy näme satyn alsyn? – diýip, ol oglan derwüşe ýüz tutdy. Derwüş oglana seretdi. Onuň näzik ýüz keşbiniň tanyşlygyna derwüş geň galdy. Ony nirede gördükä? – Goý, hyzmatçy bir sebet alyp gitsin we özüniň köp ýyllardan bäri görmedik doganyna zat äbermeli bolaýanda näme aljak bolsa, şol zatlary satş alsyn. Goý, hyzmatçy öz göwün diýen zatlaryny alsyn. Goja ol oglany öz ýanyna çagyryp, onuň gulagyna şulary aýtdy: – Saklaba aýt, bazardan gaýdyp gelende, bu ýere hemişekisi ýaly ýyrtyk geýimli gelmesin, meniň köne donumy geýip gelsin. Sen bolsaň, oňa dinary ber-de syýaňy, galamyňy we kagyzyňy alyp, gaýdyp gel. Häzir sen onuň aýdan sözlerini ýazarsyň. Oglan gidip, tiz wagtdan kagyzyny hem ýazuw enjamlaryny alyp geldi. – Ýolagçy, ilki öz adyňy, nirelidigiňi we şöhratly Bagdada nähili düşendigiňi maňa aýdyp bar. – Meniň adym Hajy Rahym al Bagdady. Meniň aslym Basranyň ýakynyndaky kiçijik bir obadan. Men seniň hemme soraglaryňa jogap bermäge taýyn, emma ozaly bilen maňa ynjalyk bermeýän başga bir zat hakynda gürrüň açmaga rugsat ber. – Aýt, rugsatdyr. – Men Bagdatda uly bir medresede meşhur alymlaryň elinde okadym. Ol ylym nuruny saçýan alymlardan meniň bilen bilelikde bilim almak tamasyny eden şägirtleriň arasynda ber ýetginjek ýigit bardy, ol hemişe gamgyn we perişandy, emma okuwa örän yhlaslylygy bilen başgalardan tapawutlanýardy. Men oňa ýurt gezmäge bil bagladym diýip aýdanymda we ýol hasasyny alyp, şöhratly Gürgenje, eşretli Buhara we ajaýyp Samarkanda ugramakçy bolanymda, ol ýigit maňa ýüz tutup, şeý diýdi: «Hajy Rahym al Bagdady, eger sen Horezm şalaryň baý mesgen-mekany bolan Gürgenje düşäýseň, onda sen bazardan Gündogar derwezä gidýän uly ýoly kesip geçýän üçünji köçä bar, ol ýerde demirçi ussa we ýarag satyjy Kary Maksymyň öýüni tap we ol ýerde meniň hormatly atam-enem sag-amanmy, şony bil. Meniň Bagdatda näme iş edýändigimi olara gürrüň edip ber. Olar hakynda bilen zatlaryň hemmesini Bagdada gaýdyp geleniňde maňa aýdyp berersiň». Men hem oňa boýun bolup, ýola düşdüm. Emma kellä gelmedik işleriň ýeli we synaglar ýyldyrymy meni älemiň bir o tarapyna, bir bu tarapyna taşlady. Men Hindistanyň jöwzaly güni astynda ýöredim, Tatarystanyň1 uzak çöllerini sökdüm, tatarlaryň hüjümlerinden hytaýlaryň patyşalygyny goraýan Beýik diwara ýetdim; şaggyllap duran deňziň kenaryna baryp gördüm, garly, kert Týan-Şan daglaryna çykdym we hemme ýerde musulmanlara2 duşdum. Men ahyrsody Gürgenje, Bagdatdaky dostumyň salgy beren köçesine gelip ýetýänçäm köp ýyllar geçdi. Men öýi-de, ak gül bolup oturan agajyň aşagyndaky gapyjygy-da tapdym we ahyrsoňy ynha gelip, seniň ýaly keramatly adam bilen gürrüňleşip otyryn; siz şu howluda ýaşan we on bäş ýyl mundan ozal Gürgençden giden ol ýaş ýigidi belki tanaýansyňyz? – Ol ýigidiň ady nämedi? – diýip, goja gazap bilen sorady. – Ol ýerde, bilimleriň beýik köşgünde oňa Abu Jafar al Horezmi diýýärdiler. Garry mürze: – Onuň adyny tutmaga neneň diliň bardy, betbagt? – diýip gygyrdy, gaharyna dodaklarynda köpürjik peýda boldy. – Onuň uly günä edeninden soň habaryň ýokmy? Ýaş başyna özüni-de masgara etdi, ata-enesini-de masgara etdi we tas bütin dogan-garyndaşlaryny bela sataşdyrypdy. – Ol örän ýaş ekeni ahyryn? Ol beýle näme iş etdi? Birini öldürdimi ýa-da bir uly begiň janyna kast etdimi? – Ol päliýaman Abu Jafar ýaşlygynda örän zehinli we yhlaslydy: Ol beýleki okuwçylar bilen bilelikde biziň iň gowy mollalarymyzda okap, okamagy, owadan ýazmagy öwrenmäge we Kuranyň manysyna düşünmoge jan edýärdi. Ol hemmesine ökdeläp, Firdöwsä, Rudakä we Abu Seide öýkünip, gowy şygyrlar düzmäge başlady. Emma onuň şygyrlary başgalara görkezer ýaly bolman, diňe ynanjaň adamlary azdyrmak üçindi... Goja pyşyrdap sözüni dowam etdirdi: – Ol şumbagt ýigit erkin pikirlilik etmäge başlady. Ol çal sakgal ulamalar we ymamlar bilen jedelleşip, beýleki ýönekeý okuwçylary-da azdyryp ugrady, Ahyrsoňy ymam oňa: «Seniň bu barýan ýoluň behişt ýoly däldir, dowzahyň, jähennemiň ýoludyr» diýende, Abu Jafar oňa bihaýalyk bilen şeýle jogap berdi: «Daşda gez, meni behişde çagyrma! Tesbi, täret we halal-haram hakynda sen nesihat okanyňda, Muhammediň metjidine gitmek bilen zaň kakylyp duran Isanyň buthanasyna gitmegiň ýa-da Musanyň klisesine gitmegiň näme tapawudy bar diýip pikir edýärin. Meniň hudaýy gözlemedik ýerim galmady, emma tapmadym, hudaý ýok, onuň ady bilen özüne haýyr gazanýan adamlar ony oýlap tapypdyrlar. Meniň göz guwanjym, meniň ussadym Abu Aly Ibn-Sinadyr1.» Onsoň hökmürowan ymamlar ony näletlediler we ony tutmaly diýip buýurdylar. Ol her sözi gamyşa ot düşen ýaly bolup, iliň arasyna ýaýraýan goşgularyny düzüp bilmez ýaly, şäheriň ortarasyndaky meýdanda onuň awuly dilini we galam tutan ellerini kesmekçi boldular. Emma Abu Jafar ýylan çalasynlygy bilen ýitirim boldy. Ilki başda onuň atasy özüniň jenaýatkär ogluna dözmän, ony gizleýändir öýtdüler. Şona görä, bu hekaýaty ymamlardan eşidip, Horezm şa Muhammediň özi onuň atasyny tutup, tagta bitli zyndana salmaly we «tä ölýänçä ömürlik» diýen ýazgyly zynjyr salmaly diýip höküm etdi. Eger atasy ölse, Abu Jafaryň özi gaýdyp gelýänçä, onuň öwezine onuň iň ýakyn garyndaşyny zyndana taşlamagy höküm etdi. – Onuň atasy henizem türmedemi? – diýip, derwüş ýuwaşjadan sorady. Onuň gözleri mölerip, ýüzüniň reňki üýtgedi. – Atasy ýerzeminiň yzgaryna, garaňkylygyna we aýylganç sakyrtgalaryna we tagtabitlerine çydaman, öldi. Horezm şanyň hökümini berjaý edip, jellatlar onuň körpe ogly Tugany tutup, oňa edil şol zynjyry saldylar we edil şol ýerzemine taşladylar. – Gör nähili jenaýatkärlik! – diýip, derwüş pyşyrdady. Goja sözüni dowam etdirdi: – Meniň neresse Tugana haýpym gelýär. Men ol hakda köp alada edipdim. Men ony gäbi azan uly doganynyň yzyna düşürmejek bolup, ony bilimli etmäge jan etdim. Tugan okamagy we ýazmagy menden öwrenýärdi, emma ol ussaçylyga we harby güýmenjelere köp höwes edýärdi, şonuň üçin men ony demirçi Kary Maksyma şägirt edip berdim, demirçi oňa gowy ýarag ýasamagy öwredýärdi. Indi meniň ýanymda Tuganyň ornuny bir gyrnakdan galan ýetim gyz Bent-Zankyja tutýar. Bu gyzjagaz okamaga, ýazmaga we dürli şygyr hem aýdymlary ýat tutmaga örän zehinli bolup çykdy. Ýyllar geçdigiçe gözüm kütelmäge başlady, hemme zat gözüme goşa görünýär, şoňa görä bir aý maňa üç bolup görünýär. Bent-Zankyja meniň elim-aýagym, meniň mürzäm. Ol meniň gürrüňlerimi ýazýar, kitap göçürýär. Ine şol gyz meniň ýanymda eli galamly otyr. Diňe şundan soň derwüş bu gök selleli mürzäniň hälki gapydan eli pilli çykan gyzjagazdygyna düşünip galdy. Derwüş oňa Siňe-siňe seretdi-de birmahal, on alty ýaşyndaka edil şu ýeriň özünde gören başga bir gyzy hakynda soramaga ýürek edip bilmän, ýüzüni aşak saldy. Derwüş öz howsalasyny ýatyrjak bolup, batly ses bilen şeýle diýdi: – Eýsem sen keramatly dälmi näme? Sen bu gyza okamak we ýazmak ussatlygyny öwredipsiň, şondan soň ol mürzelerçe selle saranmaga hakly bolupdyr. Seniň öýüňde hemmäniň gözi açylýar, hemme adam bilim alýar. Goja özüniň inçejik barmaklaryny biri-biriniň arasyndan geçirip, derwüşe çiňerilip seretdi: – Indi özüň hakda gürrüň ber, sen şeýdip ýurt gezip ýörjekmi? Derwüş özüniň saçlak kellesini silkeläp, otlukly gara gözlerini garra dikdi: – Meniň atam – meni çölleriň üsti bilen kowup getiren açlykdyr. Meniň enem – bäbegi üçin göwsünde süýdüniň ýoklugyna gynanjyndan aglap gözlerinden galan mätäçlikdir. Meniň halypam – jelladyň hanjaryndan howatyr etmegimdir. Emma men: «Göwrümiňi giň tutgun, derwüş, sem hemişe özüňe mynasyp iş edip geldiň» diýen sesi eşidip durýaryn. Goja mürze başyny ýaýkady: – Sen köp bilimli adam, seni her bir kazy ýa-da hökümdar özüne mürze edip alar. Menem häziriň özünde seni şanyň kitaphanasynda kitap göçüriji edip alyp bilerin. Ol ýerde iň bärkisinden ady-da hiç kime belli däl ýalňyz, selçeň duşýan kitaplar bar, şolar nähak ýitip gitmän, adamzada haýry deger ýaly, olary göçürip ýazmak gerek. Ýolda-yzda ygyp ýörmek nämä gerek? Tozanyň, hapanyň arasynda ygyp, daşlara aýaklaryňy agyrdyp ýörmegin nämesine höwes edýäň? Derwüş güňleç ses bilen gürrüňe başlady: – Maňa: «Näme üçin gyzyl-ala halyly öý edinmeýärsiň?» diýýärler. Emma «Gahrymanlaryň çagyryş sesi çykan wagty bagşynyň aýdymy nämä derkar?» «Atyň söweşe ýüzin salyp barýan wagtynda, men lälezarlygyň arasynda nädip ýataýyn?»1 Goja geň galyp, ellerini serdi: – Seniň uruş hakynda gürrüň açmaň näme? Ajaýyp soltana, musulman hökümdarlarynyň iň güýçlüsine kim howp salyp biler? Onuň diňe özi uruşmak islän wagtda, diňe şrl wagt özgeleriň söweş meýdanlary ot alar... – Gazaply ot gündogardan süýşüp gelýär, ol ot hemme zady ýakyp-ýandyrar. Goja kellesini ýaýkady: – Ýok! Horezm şa hanjaryny gynyna salan wagty Mawerannahr jülgelerinde-de, Horezm patyşalygynyň ähli serhetlerinde-de asudalyk bolar. Aýaklaryna salnan zynjyry tartylyp guşagyna daňylan bir garry bendi ümsümlik bilen gelip, otaga girdi. Ol geň dinara satyn alan ir-iýmişleri bilen bir sebedi dolduryp getirdi. Hor düşen uzyn boý gojanyň egninde gysga ala don bardy. Onuň çalaran uzyn saçy eginlerine düşüp durdy. Ol halynyň üstünde bir ýüpek ýaglyk ýazyp, onuň üstünde çörek, badam maňzyndan bişirilen kökejikler, içi bally, pisseli, badam maňyzly, kişmişli, dilim-dilim gawunly we başga nygmatly okarajyklary çykaryp goýdy. – Bu goja gul bilen gürrüňleşmäge rugsat berermiň? – Gürrüňleş, hormatly ýolagçy! Derwüş: – Atam, aslyň nireden? – diýip, guldan sorady. – Uzakdan, rus topragyndan. Men balykçy atamyňkyda, Wolga atly uly derýanyň boýunda ýaşaýardym, oňa bu ýerde Idil derýasy diýýärler. Memi biziň goňşymyz Suzdal knýazynyň nökerleri oglankam tutup äkitdiler. Biziňçe knýaz diýmek siziňçe han ýa-da beg diýmekdir. Biziň knýazlarymyz öz biri-birleri bilen uruşýarlar, kim kimi ýeňse, ýeňen ýeňileniň daýhanlaryňy-da, aýallaryny-da, gyzlaryny-da, çagalaryny-da alyp gidýär. Soňra ol knýaz olaryň hemmesini ýat illere satyp goýberýär. Şonuň ýaly, meni we meniň aýal doganjygymy knýaz bulgar täjirlerine satdy, olar özleriniň Kama diýen derýanyň boýundaky Bilýar atly söwda şäherine eltdiler, ol ýerden bolsa, ähli ýesirleri, şolaryň arasy bilen meni-de çölüň arasyndan geçirip, şu ýere, Gürgenje getirdiler. Aýal doganjygymy nirä satanlaryny bilemok. Ondan bäri köp wagt geçdi. Ynha indi saçym-da çalaryp, garry geçiniňki ýady sallanyp dur, şeýle bolsa-da, derýanyň beýik raýyşyndaky mähriban obamyzy ýüregim küýsäp durýar. Men türkmençe we parsça geplemegi öwrendim. Eger beýleki ýesirler bolmadyk bolsa, men öz ene dilimi bütinleý ýadymdan çykarardym. Çenden ýarym bazarda ildeşleriňe duşýarsyň, öz diliňde birki agyz gepleşýärsiň, Olar bu ýerde köp, zynjyrlaryny şakyrdadyp ýörler. Derwüş: – Seniň adyň näme? – diýip sorady. – Bu ýerde maňa Saklap diýýärler, biziň rus ýesirlerimiz welin ozalky ýaly «Slawka daýy» diýýärler. Meniň batyrgaý sözümi bagyşla – diýip, goja ol derwüşiň öňünde ýere çenli egildi. – Meniň eşitmegime görä, sen uzak ýurtlary söküp ýörmüşiň we keramat görkezip, mis dirhemleri altyn dinara öwrüp bilýärmişiň. Şol sebäpli meni hojaýnymdan satyn almak saňa kyn bolmaz, Meni satyn al, men saňa wepaly we ak ýürekden hyzmat edeýin. Sen belki, biziň ilimize, rus topragyna hem bararsyň ahyryn, şonda özüň bilen meni-de äkidersiň. Hojaýyn gaşyny çytyp: – Sen meniň gulumy aldap aljak bolýaňmy – diýdi. – Men guly nädeýin. Meniň özüm iýmäge çörek tapman, jomartlaryň gysym-penje gallasyny iýip oňýaryn. – Be? Men şu ýat ilde ölüp gitmeli bolaýarmykam? – diýip, Saklap hümürdedi we uludan demini alyp, güýçli ses bilen: – Biziň desterhanymyzyň duzuny datmagyňyzy haýyş edýäris! – diýdi-de eline mis legen we içi suwly, daşy nagyşly kündük alyp, halynyň üstüne emaý bilen basyp, bularyň ýanyna geldi. Mürze Ýusup we derwüş legene ellerini ýuwdular, nagyşly ýaglyga süpürdiler we seslerini çykarman, nahara başladylar. Derwüş nygmatlaryň her birinden iýip görenden soň, hoşallyk sözlerini aýdyp, gitmäge rugsat sorady. Ol çola köçä çykyp, agajyň kölegesinde, köne gapa uzak wagt seredip durdy.| «Bu öýi men mundan beýläk görüp bilmerin, ine şu öýde ak göwünli goja maňa ýuwuş galam tutmagy we ilkinji harplary ýazmagy öwredipdi. Men onuň ýanynda uzagrak bolmak we onuň maňa mähriban hem ýakyn sesini eşitmek üçin özümiň ýekeje altyn dinarymy hem ondan gaýgyrmadym... Indi bolsa ýola düşeýin!» Mürze Ýusup bu geň myhmanyň çykyp giden gapysyna uzak wagt seredip oturdy. Bent-Zankyja gelip girdi-de: – Mähriban babam Mürze Ýusup! Ýaňky derwüş Hajy Rahym al Bagdady biziň gaçgak, erkin pikirli Abu Jafarymyza örän meňzeş-le? Bu pikir meniň ýüregimde ýylan bolup towlanýar, ýöne ony sakgal basypdyr, güne garalypdyr, şonuň üçin hem ozalky oglanyň keşbini tanamak saňa kyn bolandyr...– diýdi. – Sem bol, ýogsam öýmüziň üstünden betbagtlyk iner! Keramatly ymamlaryň näletlän hudaýsyzy bilen men heý gepleşerinmi? Bu geldi-geçer myhmany mundan buýana meniň ýanymda hiç agzama. Biziň zamanymyzda ýamanlyk gulagy biziň agzymyzdan näme çykýanyny her bir yşdan diňläp durýandyr. «Diňe sesiňi çykarmazlyk güýçlüdir, başgalarynyň hemmesi güýçsüzlikdir»1 diýip, öňde bir şahyryň aýdan sözlerini biz gije-gündiz ýadymyzda saklamalydyrys. – Hatda dostlarymyzyň ýanynda-da sesimizi çykarmaly dälmi? Näme edil şol beýik şahyryň özi: «Diňe dostuňdan başganyň ýanynda agzyňy açma» diýmänmi? Ömür boýy sesiňi çykarman ýörmelimi, ýok! Öläýseňem aýdym aýdyp, şatlykly degişip ölmeli! Goja gygyrmaga başlady: – Sem bol, sem bol! Eý hudaýym, senden medet soraýaryn! Men ýeke galdym! Gijäniň soňy gelenok, beýik Horezm şa hakyndaky hekaýa bolsa henizem tamam bolanok. Men ondan henize, bu güne çenli şöhratly gahrymanlyga garaşýaryn, emma onuň adamlary diňe gyryp ýörenini görýärin, bir bitiren beýik işi gözüme ilmeýär. Meniň gahryman diýip hasaplaýanym daşy jäjek güýedir zäherli içýanlaryň öýjügine öwrülen doňňaradaş bolup çykaýmasa ýagşydyr... Eý Allahym, özüň gözden salma, maňa bir ýagtylyk bereweri!.. __________ 1 Tatarystan – şu ýazylyp beýan edilýän zamanda häzirki Mongolystanyň we Günbatar Hytaýyň territoriýasyna şeýle at berilýärdi. Ol zamanda bu territoriýada tatarlar diýlip umumy at berlen türki gelip çykyşly birentek göçme taýpalar ýaşaýardy. 2 Orta Aziýaly sogdular, soňra bolsa olaryň nesilleri täjikler örän gowy senetçiler we başarjaň täjirler bolup, Orta Aziýadan Hytaýa çenli bolan beýik söwda ýolunyň hemme ýerine gadymy wagtdan ýaýradylar, şol ýoluň hemme ýerlerinde olaryň söwda we senetçilik obajyklary bardy. 3 Abu Aly Ibn-Sina – Buharada doglan, XI asyrda ýaşap öten meşhur alym. Onuň ady üýtgedilip, Ýewropada Awisenna diýlip tutulýar. Dine ynanmany üçin we pähim azatlygyny talap edeni üçin Ispihanda türmä taşlanyp, şol ýerde hem ölüpdir. Ol tebigy bilimler, medisina, alhimiýa boýunça köp kitap ýazyp gitdi we musulmanlar Gündogarynda pähim azatlygy ugrunda iň bir gahryman göreşijileriň biri boldy. Onuň latyn diline terjime edilen, «Kanon» atly ensiklopediýasy orta asyrlarda Ýewropa wraçlarynyň esasy gollanmasydy. 4 Ybraýym Monteseriň (X asyr) şygyrlaryndan. 5 Abu Sendiň (XI asyr) goşgularyndan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |