18:22 Çingiz han -7: romanyň dowamy | |
IKINJI BÖLÜM
Taryhy proza
HOREZMŞA GÜÝÇLI HEM GAZAPLYDYR! Birinji bap KÖŞKDE SÄHER ÇAGY Patyşalara hyzmat etmegiň iki tarapy bolýar: biri – çörek tapmak tamasydyr, beýlekisi – öz janyňdan gorkmakdyr. (Saady, XIII asyr) Daňyň ýaňy saz berip ugran wagtynda üç sany garry ymam Gürgenjiň bir darajyk köçesi bilen barýardy. Ýag siňdirilen kagyzdan edilen panusly hyzmatçy olaryň öňünden barýardy. Gojalar özleriniň giň geýimleriniň uzyn synlaryny tutup, jürrülläp akyp duran suwly ýapjagazlardan böküp geçýärdiler. Burç, porsaňňyza we boýag ýaly zatlar satylýan ýapyk dükanlaryň duşunda ýiti ys garaňkylykda has hem ýiti çykýardy, ymamlar teletin bazarynyň duşundan geçip barýarkalar bolsa, at esbaplarynyň, eýerleriň we ädikleriň ysy burna urýardy. Meýdança baranlarynda bir ýognas ses: – Duruň! Gijäniň içinde näme edip ýörsüňiz? – diýip, olary saklady. – Beýik şanyň merhemedi bilen, biz uly metjidiň ymamlary, patyşanyň köşgüne ertir namazyna barýarys. – Baryň, Alla ýaryňyz bolsun! Üç ymam köşgüň belent derwezesine baryp, aýak çekdi. Derwezäni kakmagyň haýry bolmaz, asyl gelşikli-de däl. Derwezäniň özi açyldy. Garaňkynyň içinde üç sany atly çykyp, şäher meýdançasynyň içi bilen ýüzin salyp gitdi. Ol atlylar «diniň we adalatlylygyň iň beýik we iň görgür goraýjysynyň» hökümlerini alyp, ibereniň özünden başga hiç kime nämälim taraplara ýüzin salyp gitdiler. Gojalar daşdan daşa basyp, suw ýygnanan uly bir oýtagyň içinden geçip, derwezeden girdiler. Giň howluda şanyň nökerleri dumly-duşda gezmeleşip ýördüler. Sakçylaryň iki sanysy bu gelenleriň ymamlardygyny tanap, sowulyp ýol berdiler. Üç goja kiçeňräk telim howlynyň içinden geçip gitdi. Gapy sakçylary ukynyň arasynda açarlaryny şakyrdadyp, agyr-agyr derwezeleri açýardylar. Ahyrsoňy iki taýly gapy göründi. Onuň iki ýanynda demir sowutly we demir telpekli iki sany nöker naýzalaryna direnip, kakylan ýaly bolup durdy. Şol bada häzir bolan hyzmatçy tüsseläp duran pelteli, laýdan ýasalan çyrasyny ýokary galdyryp: – Diniň diregi, yslamyň arkadaýanjy heniz çykanok – diýdi. – Biz garaşýarys – diýip, üç goja jogap berdi we olar köwüşlerini çykaryp, halynyň üstüne geçip, çök düşdüler we teletin sahaply, zer bagjykly uly kitaplary açyp, öňlerinde goýdular. Ymamlaryň biri: – Dört sany topalaňçy han düýn özleriniň ýaş ogullaryny girew iberipdir. Şa toý-tomaşa etdi. On iki goýun gowurdylar – diýdi. Ikinjisi: – Ol, gör, bu gün näme taparka? – diýip pyşyrdady. Üçünjisi: – Iň gowusy onuň aýdanyna hawa diýip oturmakdyr –diýip, içini çekdi. Horezm şa Muhammet düýş görüpdir, ol çölde, bir alaňyň üstünde dur, töwereginde bolsa, göz ýetýän ýerleriň hemmesinde müňlerçe adam üýşüp dur. Asmanda şapak şöhleleri lowurdaýar. Gün heniz gözleriňi gamaşdyryp, bir dürli çägelik düzlügine çalt inip, aşaklap barýar. – Patyşanyň ömri uzak, döwleti berkarar bolsun!–diýen sesler uzakdaky hatarlardan çykyp, aşyrym-aşyrym bolup gelýärdi. Adamlar yhlas bilen egilýärler, onsoň adamlaryň ýüzleriniň deregine onuň görýäni ýöne ak selle bolup durýar. Jemagatyň hemmesi hökümdaryň öňünde çöküne düşýär, diňe ömür birahat Horezm denziniň1 tolkunlaryna meňzeş donlar görünýär. – Patyşanyň ömri uzak, döwleti berkarar bolsun! – diýen sesler uzakdan eşidilip, bäriligine ýaňlanyp gaýdýar. Gün ýaşýar, sähra alagaraňkylyga we gum-gukluga gark bolýar. Barha öçüp barýan alagaraňkylykda şol egilen ýagyrnylaryň alaňyň ýapgydyny syryp müňedekleşip gelýändiklerini şa görüpdir. – Bes, göter başyňy, yza çekil! – diýip, şa höküm edýär. Emma ýagyrnylar, mämişi guşak bilen guşalan ala donly biçeme köp ýagyrny dumly-duşdan ýakynlaşyp gelýär. Şanyň göwnüne bolmasa, olaryň hemmesiniň goltugynda ýiti pyçak bar ýaly bolupdyr. Adamlar özleriniň hökümdaryny öldürjek bolýarlar. Şa öňe topulýar-da olaryň ilki gabat gelenini aýagy bilen depýär welin, don galgap, guş ýaly uçup gidýär, görse donuň aşagynda hiç kim ýok. Şa beýleki donlary aýagy bilen kakyp goýberýär, olaryň aşagynda-da hiç kim ýok. «Emma bularyň arasynda biri bardyr! Ol ýakyn gelip, meniň ýüregime, diňe Horezm şalaryň şöhratly urugynyň bagtlylygy hem beýikligi üçin ýaşaýan, şonuň üçin işleýän ýürege pyçak urmak üçin bukulyp ýatandyr». – Besdir! Şa size höküm edýär: çekiliň! – diýen tutuk ses çalaja eşidilýär we hemmesi sumat bolýar. Töwerek çola, çal we gum-guk sähra bolup galýar. Ot-çöpleriň gaty baldaklary ýaşaýyş yşaraty bolmadyk asmandaky dyrnaçak yzlary ýaly bolşup dur. Indi şanyň ýeke özi, ymgyr çölde sopbaş, atsyz dur. Emma şu ýerleriň birinde, örän ýakynda, çalaryp duran alaňlaryň biriniň aňyrsynda, garamtyl çöketde, ony öldürjek ýalňyz adam bukulyp durandyr... Hemme adam onuň ölümini isleýär, emma diňe bir adam ony öldürmäge ýüregini düwdi. Ol kimkä? – Şazada Jelaleddiniň ömri uzak bolsun! Horezm şanyň batyr ogly we mirasçysy Jelaleddine şöhrat! – diýip, jemagatyň sesi uzakdan ýaňlanyp gelýär. «Olar meni ýatdan çykaryp, eýýäm meniň ogluma boýun burmakçy bolýarlarmy? Beýle ýagdaýdan dynmak gerek, besdir! Men öz ýolumda durany mynjyradaryn, goý ol Bagdat halypasy ýa-da meniň boýun egmezek oglum bolaýsyn! Besdir!..» Şa ukynyň arasynda öz ýanynda bir gybyrdy bardygyny we ýüzüne bir sowuk zat degendigini duýdy. Gorky we ýaşamak teşneligi ony ähli güýjüni jemläp, zöwwe turmaga mejbur etdi. Şa gözlerini elek-çelek edip, otagyň garaňky künjeklerine howsalaly seretmäge başlady. Buharydaky oduň howry gelip durýardy1. Onuň ýanynda biri otyrdy. Bu düýn sähradan getirilen sähraýy gyzdy. Ol gyz ellerini ýüzüne tutup, gorkusyna gaýra çekildi. – Kim sen? – Eý hudaýym! Men Güljemal, çölden getirilen türkmen gyzy. Düýn agşamara seni ukyly halda goltugyňa girip getirdiler, sen gyşaran badyňa ukladyň. Men senden gorkdum, sen aýylganç horruldadyň we jan berýän ýaly, düýşüňde iňlediň. Seni «al» basdy. «Al» garaňkynyň içinde öýleriň ýokarsynda uçup ýörermiş we tüýnükden girip, gandar adamlary gynarmyş. – Seniň eliňde näme bardy? – diýip, şa onuň kiçijik ellerini gysdy. – Agyrdýaň! Goýber elimi? – Görkez, eliňde näme bardy? – Mende hiç zat ýok. hiç zat ýokdy. Isleseň men saňa güle aşyk bolan bilbil hakyndaky sähra aýdymyny aýdyp bereýin. Ýa-da aýnada hytaý hanymynyň ýüzüni gören pars şazadasy hakynda erteki aýdyp bereýinmi? – Gül hakyndaky aýdym-da gerek däl, şazada hakyndaky erteki-de... Ä-hä!.. Ynha pyçak gynyny tapdym. Näme üçin sen öz patyşaň ýanyna pyçakly geldiň? – Degme maňa! «Urma atyňy, ýitirsiň dostuňy» diýipdirler. Güljemal sypyp gaçdy. – Waý, öldüm! Bogup öldirsiň meni? Men gorkýan senden. Ol pessejik iki taýly gapa ylgady we diň salyp duran iki sany hyzmatçy aýala gabat geldi. Şa haşylap, ojagyň başyna bardy. Onuň öküziňki ýaly ýumry gözlerinde gyzyl ot uçganaklaýardy. Ol gamyş taýajyk bilen bir mis jamyň gapdalyna urdy. Iki taýly gapydan bir geçi sakgal garry hyzmatçy görünip, şanyň öňüne geldi-de aýalaryny ýere urup, onuň aýagyna ýykyldy. – Şu gyzy agşam halyly otaga eltmeli. Wekil we beýik wezir1 şu ýerdemi? – Hemmesi saňa garaşýar, hökümdarym, «täzelikler jenaby»2 we üç ymam hem garaşyp otyr. – Jelaleddin han heniz gelenokmy? – Tagt diregi heniz gelenok. – Goý garaşsynlar. Howuz jaýyna meniň ýanyma dellegi getir, sakgalymy hynalasyn, hammamçylar-da gelip, arkamy owkalasynlar. Horezm şa ýanaşyk otaga çykdy. Halys guran, bili bükülen, gözleri ýaşaryp duran garry hyzmatçy ýassyk-ýorganlary ýygnaşdyryp, tagta üsti-üstüne goýuşdyrmaga başlady. Halynyň üstünde bir zat ýalpyllap göründi. Goja egilip, şirmaýy saply, ýalaw ýaly bir pyçagy ýerden galdyrdy. – Bu türkmen pyçagy... O-ho-ho... Bu türkmen gyzlaryndan Hudaý saklasyn! Olaryň gazabyndan awuly garagurduň zäherinden eýmenişiň ýaly eýmenmek gerek. Häzir muny wekile bersemmikäm ýa gizlesemmikäm? Kim meni gyssaýar? Şa özüniň giň ýüpek balagynyň uçguryny berkiräk dartyp daňdy, gäbe garnyna bir ala guşak orady, kümüş gynly bir pyçagy guşagyna gyssyrdy, ýüzüne ýüpek mata çekilen, samyr derisinden tikilen uzyn possunyny egnine aldy. Diwaryň ýüzündäki tagdan ökdelik bilen saralyp goýlan ak selläni alyp, özüniň çalaran buýra-buýra saçynyň üstünden geýdi. Şa demini tutup, elini pyçagynyň sowuk sapyna goýup, iç işikde diň salyp durdy. «Seresap adam hüjüme gaýtawul bermäge hemişe taýyndyr. Köşgüň egrem-bugram ýollarynyň garaňky çetinde meniň ganym duşmanym Bagdat halypasynyň iberen izmailitiniň1 eliniň uzamagy mümkindir...» Ol ýuwaş ses bilen: – Barmysyň, wekil? – diýip sorady. – Men hökümdaryma köpden bäri garaşýaryn. Şa gapynyň agaç germewajyny aýryp, gapyny çalaja açdy. Iki sany ýag çyranyň öçügsi yşygynda patyşanyň ýakyn adamlary başlaryny aşak egip durdular. Muhammet gije sowan, gaty köwüşlerini gowallaň geýip, ýanaşyk otaga geçdi. Ol ýerde hyzmatçylar garaşyp durýardy. Hyzmatçylaryň biriniň elinde laýdan ýasalan çyra, ikinjisiniň elinde kümüş legen, üçünjisiniň elinde ak kündük bar. Olar şanyň howzuň ýanynda täret gylmagyna kömek berdiler, suw bolsa jaýyň aşagyndaky deşige akyp gidýärdi. Dördünji hyzmatçy ýüpek bilen nagyşlanan uzyn bir ýaglygy elleriniň üstünden asyp getirip berdi we hökümdaryň çişik aýaklaryna gülli ýüň jorap geýdirdi. Horezm şa geýinmek bilen meşgul bolup durka, wekil soňky täzelikleri aýtmaga başlady. – Daşary gaty sowuk. Gyraw düşüpdir... Üç ymam köşge gelip, höküme garaşýar... Jellatlaryň baştutany Jahan pälwan hem garaşýar. Düýn agşam Bulgardan üç ýüz düýeli uly kerwen gelip, Bulgaryň mişi ädiklerinden we ýüze golaý ýesir ors getirdi. Olary künji ýagyna bişirilen dary bilen günde-günde naharlasalar-da, iki ýüze golaý gul ýolda ölüpdir. Onuň öňünçäsi başga bir kerweni türkmen garakçylary talapdyrlar. Ol hem Gara Hanjaryň işi bolsa gerek. – Men türkmen obalaryny derbi-dagyn ederin! Emma Bagdatdan gelýän zyýaratçylardan gorkym has köpdür. Bagdatdan arap derwüşleri gelenok gerek? Olaryň hemmesi Bagdat halypasy tarapyndan iberlen jansyzdyr, olaryň hemmesi meniň kastymdadyr. – Diniň berk arka daýanjyna nähili myrdar adam ýamanlyk isläp biler? – Musulmanlar şeýle bolupdyr! Şa geýinmegini gutaryp, özüniň hemişeki ýoly bilen, ilki koridoryň içi bilen, soňra aýlaiyp-aýlanyp gidýän basgançak bilen ugrady. Wekil we eli çyraly agta öňden gidip gapylary açyp barýardylar. Şa köşgüň daşdan salnan minarasynyň ýokarsyna çykdy. __________ 1 Horezm deňzi diýlip XIII asyrda Aral deňzine aýdylýardy. 2 Orta Aziýada XII asyrda peji bilenokdylar, ýa-ha jaýyň ýokarysynda deşik goýup, otagyň ortarasynda ýa-da buharyda ot ýakýardylar. 3 Wekil – köşkde serenjam beriji; beýik wezir (ýa-da wezir) – döwlet diwanhanasynyň we ähli emeldarlaryň ulusy. 4 Täzelikler jenaby – döwlet poçtasynyň baştutany. 5 Izmailitler – ganhorlar, bogujylar sektasy. XIII asyrda örän güýçlüdi, soňra ony mongollar derbi-dagyn etdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |