18:25 Çingiz han -8: romanyň dowamy | |
Ikinji bap
Taryhy proza
BEÝIK ISGENDERE «NUBA» Daş-töweregi didebanly (mergenhanaly) galanyň boýy bilen gidýän endigan meýdançada ýigrimi ýedi sany ýaş han – Guruň, Baznanyň, Balhyň, Bamiýanyň, Termeziň we beýleki welaýatlaryň hökümdarlarynyň ogullary ýarym aýlaw bolup durdular. Bularyň atalary bolan feodal hanlar gozgalaň turuzmaz ýaly, bu ýaş ýigitleri we oglanlary şa öz köşgünde girew hökmünde berk gözegçilik astynda saklaýardy. Ýaşlaryň hemmesiniň elinde deprek we şaňňyrdawuk düwmeli dep bardy. Şol ýeriň özünde uzyn-uzyn surnaýly, tüýdükli we mis okaraly sazandalar hem bardy. Bir çetde Horezm goşunynyň birnäçe baş serkerdesi durdy. Şa görnende: – Ýeňilmez patyşanyň, diniň arka daýanjynyň, butparazlar duşmanynyň ýaşy uzak, ömri zyýat bolsun! – diýip, hemmeler gygyryşdylar. Şa ýüzüni sallap, hemmelere bir göz aýlap çykdy. – Hany, Timur Mälik nirede? – Men bärde, hökümdarym. Muhammediň ýörişlerinde hemişe ýanynda bolýan, uzyn boýly, mydama şadyýan Timur Mälik iki sany oglanyň elinden tutup öňe çykdy: biri şanyň iň soňky aýalyndan, gypjak hanymyndan bolan iň körpe ogludy, beýlekisi şanyň agtygydy, ýagny türkmen aýally Jelaleddiniň ogludy. Temur Mälik oglanlary şanyň ýanynda duruzdy. Ol öz ogluna tarap egildi-de şelaýynlyk bilen onuň ýaňagyndan tutup goýberdi. Agtygyndan bolsa: – Jelaleddin han nirede? – diýip, gahar bilen sorady. – Kakam elguşlaryny alyp awa gitdi – diýip, oglan jogap berdi. Onuň ak selläniň aşagyndan garalypjyk görünýän gözleri howatyrly seredýärdi. – Temur Mälik! Üç tarapa atly iberip, Jelaleddin hany idemeli! Türkmenler kerwenleri çapawullap ýörler. Olaryň meniň oglumyň üstüne-de çozmaklary mümkindir. – Hoş bolgaý, keremli şahym! – Döwran diriniňkidir! Ýatmaýan bagtlydyr! Ýatanyň üstüne turan gelmesin! – diýen, çaganyňky ýaly bir inçejik ses göýä bulutlaryň arasyndan çykýan ýaly bolup, ýokardan eşidildi. Göýä şem ýaly bolup, asmana uzalyp giden uzyn minaranyň ýokary ujuna, uzakdaky daglaryň aňyrsyndan çykan gün şöhleleri düşüp, ony al reňke boýady. Şäher jaýlarynyň hemmesi heniz daňyň alagaraňkylygyndady. Ýaş hanlaryň ulusy elindäki depregi Horezm şanyň eline tutdurdy. Muhammet haýbatly gygyryp, şeý diýdi: – Beýik Isgendere1 şöhrat! Dünýäni ýeňene şöhrat! Isgender Eýranyň bütin topragynyň üstünden geçip, Jeýhunyň kenarlaryna we Zerewşana2 baryp ýetdi. Isgender bize göreldedir, biziň halypamyzdyr! Ony şöhratlandyralyň, güýçli «nubany»3 üç gaýta oýnalyň! Ululy-kiçili depler gümmürdäp ugrady. Mis jamlar şaňňyrdamaga başlady. Surnaýlar hahahaýlap, tüýdükler sazlaşyp ugrady. Makedoniýaly batyryň şanyna üç gaýta saz çaldylar. Hemmesi köşeşip, köşgüň beýik minaralarynda saz ýaňlanyp gidende, Temur Mälik gygyrdy: – Biz beýik rumly4 Isgender Zulkarnaýnyň mertebesini göterdik. Imany hemra bolsun! Emma ol ýaşka wepat bolany sebäpli, özüniň etmeli işleriniň hazzar ýarysyny edipdir. Indi bizde täze Isgender, edermen Muhammet, serkerde Muhammet, beýik Horezm döwletini döreden Muhammet bar! Yslam ýurtlarynyň güýçli hökümdary Muhammet Allaeddin şanyň ömri uzak, döwleti berkarar bolsun! Beýik şamyzyň şanyna «nubany» üç gaýta çalalyň! Ümsüm howada ululy-kiçili depler, mis jamlar, uzyn-uzyn surnaýlar ýerli-ýerden ýaňadan uly gopgun turuzdy. Muhammet mergenhananyň ýanynda, ýasy omuzlaryny ýazgyn tutup, gyňyr, gazaply ýüzüni sallap, böwrüni diňläp durdy; onuň gunduz ýaly ak sellesiniň astynda beýik pikirler gezýän ýalydy. Horezm şa: – Alla ýaryňyz! Gidiberiň! – diýip seslendi. Hemmeler ellerini döşlerinde gowşuryp, gezekme-gezegine, kiçijik-kiçijik ädimler bilen onuň ýanyna ylgap barmaga başladylar; şa possunynyň etegine dodaklaryny degirip, yza çekilýärler we garalyp görünýän basgançakda gözden gaýyp bolup gidýärler. Temur Mälik iki oglanyň elinden tutup, hemmeden soň çykyp gitdi. Şanyň agtygy: – Kakam maňa diri jeren getirjekdir – diýdi. – Maňa patyşa awçy bars bagyşlar, ol bars seniň jereniňi, seniň özüňi-de iýer, ýylan çagasy!.. Şa didebanyň gyrasyna tirsegini berdi. Aşakda tamlaryň tekiz üstleri tertipsizlikde münnerleşip durdy. Köşk bulam-bujar giňelip giden bir uly ymarata geçelgeler arkaly birikdirilen köp sanly pessejik jaýlardan ybaratdy. Onuň daşynda uly-uly sakçy depeli gala bardy. Elleri naýzaly sarsman duran sakçylar barha ýagtylýan asmanyň öňünde belerşip durdy. Şa uzaga, tekiz tamlaryň ýokarsyna galyp gidýän tüssä gabalan, ukudan oýanmaga başlan ägirt uly şähere uzak wagt seredip durdy. Soňra onuň gözi köşk howlularynyň birine düşdi, ol ýerde köne uzyn deregiň aşagynda bir ak öý agaryp otyrdy. Ol öýde haremiň täze dürdänesi, şu gün ertir şadan gaçyp, gaýra çekilen garaýagyz türkmen gyzy Güljemal bolýar. Ol gyz köşgüň garaňky jaýlary bilen oňuşmak islemedi we sährada ýaşaýşy kimin, tüsse ysy ornaşan ýönekeý türkmen aýal-gyzlarynyň ýaşaýyşlary kimin ýaşar ýaly öý talap etdi. Onuň hareme, beýleki «Erem gülleriniň» arasyna göçesi gelmeýär. Ol özüni nähili alyp barmalydygyna heniz hem düşünmeýär! Ony şanyň enesi Türkan Hatynyň ýigrenýänligi ýöne ýerden däldi. – Gopbam gyrnak! Öz hökümdaryna elini galdyrýar! Haly düşelen otaga öz barsymy goýbereýin bakaly, onsoň men seniň çabalanyp, çygyryşyňa syn ederin!.. Aşakdan, minaranyň eteginden gopgun eşidilip ugrady. Säher çagynyň ümsümliginde sesler açyk hem aýdyň çykýardy: – Gulak asyň, musulmanlar! Muhammet şa yslam kanunlaryndan ýüz dönderip, şaýylaryň mezhebine girdi! Ol müňkür parslara hažyk-hužuk edýer hem-de öz töweregine ataşparaz gypjaklary ýygnady. Onuň atasy Tekeş şa sap ýürekli türkmendi, Muhammet bolsa türkmenleri äsgerenok. Oňa ynanmaň! – Kim ol üýrüp ýören? Wekil, näme üçin tertibe seretmeýäň? Wekil göýä ötünç soraýan ýaly bolup, şanyň önünde baş egdi: – Bu gygyrýan minaranyň ýerzeminindäki derwüş Mejeddindir. Ol kündelerden-de gorkanok, zyndanyň tüm garaňkylygyndan-da. Ony seniň parasatly eneň Türkan Hatyn aýratyn gowy görýär. Emma ol öz patyşasynyň garşysyna gabahat sözler aýdýar. Düýn şäheriň ähli derwüşleri meýdana ýygnanyp, ol akylyny çaşyran şyh Mejeddini ýerzeminden boşatmak üçin zyndanyň ýanyna üýşüp gelmegi kasam edipdirler. Muhammet wekiliň egninden tutup silkeledi: – Aňkaw! Jellatlaryň baştutany Jahan pälwana tizräk habar ber, men ol topalaňçyny onuň berk ellerine tabşyrýaryn. Özi-de häli birden akylyny ýitiren derwüşler gelip, ony boşadaýmankalar tizräk bolsun. Horezm şa minaradan düşüp, diwanhanasyna bardy. Onuň diwarlarynyň ýüzüne gyzyl mawut tutulypdyr. Bu ýerde patyşa üç sany çal sakgal ymam garaşyp otyrdy. Şa iç işikde köwşüni çykaryp, töre geçdi we halynyň üstünde oturdy. Aýaklaryny içi közli maňňalyň üstüne ýapylan ýüpek ýorganyň aşagyna sokdy. – Ýakynrak oturyň, ulamalarym! Halynyň çetinde çök düşüp oturan üç ymam, arap dilinde minnetdarlyk bildirip, onuň ýanyna gelip oturdy. Olar hem aýaklaryny ýorganyň aşagyna saldylar. – Başlaň – diýip, şa gürrüňi açdy: – Meniň yslam ýerleriniň iň güýçli hökümdary bolup, Bagdat halypasynyň maňa boýun egmegini talap etmegim hakmy, dälmi, şony maňa düşündiriň. Maňa ondan hem başga ýene bir zady düşündiriň: eger-de halypa maňa boýun egmese, men näme etmelidirin? Ymamlar öz ýanlary bilen alyp gelen gadymy uly kitaplaryny açdylar we Kurany gezekme-gezegine owazly okap, owaly alla, galyberse-de Horezm şa Muhammet ýer ýüzünde iň ýokary hökümdardyr, onuň hemme aýdany hakdyr, onuň her bir hökümi, her bir sözi mukaddesdir... diýip, subut etmäge başladylar. Otagyň içi garaňkydy. Otagyň diwarynyň ýokary gyrasynda ýerleşdirilen tegelek, gözenekli äpişgeden çalaja yşyk düşýärdi. Bürünç paýa üstünde goýlan ýag çyrasyndan endirewük yşyk ýaýraýardy. Ymamlar Kuranyň hatyna seretmän, arap sözlerini hiňlenip okaýardylar. Şanyň yz ýanynda «saçak ýazyjy», şanyň nahary babatynda esasy serenjam beriji hyzmatçy gabarylyp durdy. Ol halynyň üstünde sessiz-üýnsüz hereket edýän hyzmatçylara birje agyz söz bilen ýa-da gaşynyň hereketi bilen buýruk berýärdi. Patyşanyň ikinji ýakyn adamy – «nahar äberiji» – kümüş gaplara salnyp getirilen naharlary esasy aşpezden kabul edýärdi. Şanyň keremine garaşyp duran ýakyn adamlary gapylardan jyklaýardylar. Burny kümüş syrgaly garaýagyz bendi gelip, ýorganyň üstünde pessejik giň bir stoljuk goýdy. «Saçak ýazyjy» özüniň çalt hereketi bilen stoljugyň üstüne ýüpek saçak – desterhan ýazdy. «Nahar äberiji» hyzmatçy üsti çaýçorbaly käselerden doly kümüş mejmäni getirip, şanyň öňünde goýdy. Saçagyň üstünde işlekli külçeler, ergin mesgeli, gaýmakly we bally okarajyklar goýuldy. Ymamlaryň gürrüňini diňläp oturan ýerinden, şa külçelerden iýip, käseleri yzly-yzyna boşadýardy. Maňňalyň ýylysyna we çaý içip ýylynan şa meýmiremäge başlady we aýny wagtynda getirip berlin ýassyklara tirsegini berip, derrew uklady. Şunuň özi ulamalaryň ýorgutlaryna şanyň kaýyl bolandygynyň nyşanydy. Hemmeler ümsümlik bilen çykyp gitdiler. Desterhanly stoljuk äkidildi, şanyň ýakyn adamlarydyr hyzmatçylary gitdiler. Diňe garaýagyz bendi gapynyň agzynda çommalyp, yslam topraklarynyň beýik hökümdary haçan oýanarka diýip -garaşmaga başlady. __________ 1 Beýik Isgender – Isgender Zulkarnaýyn (Aleksandr Makedonskiý). 2 Zerewşan – Gissar dag gerişlerinden Samarkapdyň günorta sebitlerine akýan «zer derýa». Onuň suwy bilen Samarkandyň ae Buharanyň ekin meýdanlary emeli usul bilen suwarylýar. 3 Nuba – Isgender Zulkarnaýnyň şanyna paradda çalynýan, okrug hökümdarlarynyň köşklerinde Horezm şa Muhammet tarapyndan girizilen dabaraly saz. 4 Rumly – grek (ýunan). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |