18:27 Çingiz han -9: romanyň dowamy | |
Üçünji bap
Taryhy proza
GAHAR BEGI Şäheriň esasy meýdanynda şa köşgüniň ýanyndaky belent, ýürek gysdyrgyç, «Ebedilik ýazgarlanlar minarasyny» Gürgençde hemme adam bilýärdi. Demre gaplanan pessejik gapydan ullakan gulp asylgy bolýardy. Onuň açary şol ýeriň özünde posly jonnuk naýzasyny kerpiç diwara söýäp, basgançagyň üstünde oturan sakçynyň boýnundan sallanyp durýardy. Sakçynyň öň ýanynda bir haly bölegi ýazylgy, ötegçi-ýolagçylar özleriniň sadakalaryny: gatykly okaralar, çörek, bir dessejik sogan, bir gysym mis pul diýen ýaly zatlary şol haly böleginiň üstünde goýup gidýärdiler. Sakçy has sahylara minaranyň ýanyna ýakynrak barmaga we tussaglar bilen gürrüňleşmäge kämahal rugsat berýärdi. Minaranyň aşak tarapynda daşy gözenekli birnäçe tegelek deşik garalyp durýardy. Ýerzeminden zaryn, güňleç sesler gelýärdi. Ötegçileriň aýak sesleri eşidilende, ýerzeminden çykýan gykylyklar güýjeýärdi, halys süňk bolup galan eller deşiklerden çykyp, howa garbaýardylar. Egni ala donly, başy solak gök selleli ýönekeý bir oba adamy we ägirt uly ap-ak selleli bir molla, sakça bir teňňe taşlap, diwaryň ýanyna sessiz-üýnsüz bardylar we gözenekden çykýan hor we kirli ellere çörek bermäge başladylar. Şol wagt gykylyklar güýjäp, äpişgäniň agzyna ýetip bilmedikleriň gargyşlary eşidilýärdi. – Ýagty jahandan mahrum edilenlere kömek beriň! – Bir köne köýnek beriň! Sakyrtgalar iýdi! – Wah-waheý! Sen meniň edil gözümiň üstünden basdyň! Depelemäň meni! Kiçijik köçe tarapyndan uly mähelläniň gopguny eşidildi. Şäheriň ortarasyndaky meýdana zömmek telpekli, uzyn hasaly derwüşler çykdy. Olaryň hemmesi birden gygyryp doga okaýardy. Olaryň yzyndan höwesjeňler ylgaşyp gelýärdiler. Derwüşler zyndanyň gapysyna çozdular we gulpy döwjek bolup, gapyny daş we hasalary bilen urmaga başladylar. Käbirleri ýerzeminiň demçekerine seredip: – Şyh Mejeddin Bagdady! Barmysyň? Seniň din, hakykat ugrunda jepa çekýäniňi bilýäris, biz seniň üçin ýagşy dileg etmäge geldik! Biz häzir seni azat ederis! – diýip gygyrýardylar. Ýerzeminden bir ses sogup çykmaga başlady, hemmeler seslerini kesip diňlemäge başlady: – Halky horlaýan zalym hanlary allanyň özi näletlär! Halypanyň garşysyna gylyç götermekçi bolýany ol özüniň gahar ýyldyrymy bilen urar! Ähli jellatlar, ähli zalymlar ýoga çykar! Derwüşler tarapyndan hol beýläk gysylyp çykarylan sakçy, köşge baka ylgady. Ol ýerden eýýäm atly gypjaklar at salyp gelýärdiler. Olar märekäni gamçylap dagatdylar, derwüşler bolsa gygyryşyp meýdana pytradylar. Ýokarda, köşge girilýän derwezäniň üstünde, didebanlaryň arasynda birnäçe adam göründi. Olaryň arasynda uzyn boýly, mämişi ala donly bir adam ýeňde durdy. Beýlekiler ellerini döşlerinde gowşuryp, seslerini çykarman, onuň buýrugyna garaşyp durdular. Horezm şanyň köşgüň derwezesiniň ýokarsynda görünmegi erbet alamatdy: kim-de bolsa biriniň şol gün jezalandyrylyp öldürilýänliginiň alamatydy. Patyşanyň omuzlak-omuzlak, güýçli, ýeňleri eginlerine barýança çermelen gök köýnekli, gyrmyzy nagyşly giň sary balakly «jandarlary» – jellatlary derwezeden goşa-goşadan çykyp ugradylar. Olar uly horasan gylyçlaryny eginleriniň üstünde dik tutup, sep açyp, meýdanyň daşyna aýlandylar we öňe dyzaýan märekäni yza süýşürdiler. Olaryň hemmesiniň yzyndan uzyn boýly, küýki, agajet, tagaşyksyz elli meşhur ganhor, baş jellat «gahar begi» Mahmyt Jahan pälwan gelýärdi. Onuň dony sary mişi balagyna gysdyrylgydy we inli guşak bilen guşalgydy. Egninden haly torba asylgydy. Ol jezalandyrylyp öldürilenleriň iň ulusynyň kellesini şol torba salyp, şanyň öňünde goýar. Meýdanyň ortarasynda bir inedördül oý garalýar, onuň üstüne bir seki abanyp dur, şonuň ýanynda bolsa arasy germewli dört sany sütün dikilgi. Iki sany ýarym ýalaňaç gul zynjyrlaryny şakyrdadyp, ullakan söwüt sebedi süýräp geldiler we sekiniň ýanynda goýdular. Türmäniň sakçysy demre gaplanan pessejik gapyny açdy. Baş jellat kömekçilerinden birnäçesini ýanyna alyp, ýerzemine girdi. Ol ýerden çirkin-çirkin sesler çykdy-da birdenem dym-dyrslyk boldy. Jellatlar ýerzeminden on bäş bendini çykardylar. Olaryň hemmesiniň sag aýagy bir umumy zynjyra daňylgydy. Üsti-başy hapa we sal-sal bolan, uzak wagt zyndanda ýatandyklary sebäpli saçlary ösüp, hüžžerip giden bendiler biri-birlerine ýapyşyp, günüň yşygyna gözlerini açyp bilmän, süssenekleşip, meýdanyň içi bilen yraň atyp ugradylar. Türmäniň gapysy ýapyldy. Ýene-de agyr gulp asyldy we ýerin astyndan üznüksiz gykylyklar çykyp ugrady. Öldürmäge getirilen, el-aýaklary zynjyrly adamlaryň beýle ýanynda sakçylar gezmeläp ýördüler. Ölüme getirilenlerden, bulaşyk saçly, ysgyndan gaçan bir goja büdüräp ýykyldy we öz ýanyndaky iki adamy-da alyp gaýtdy. Olary urup turuzdylar we adam öldürilýän ýere tarap kowup äkitdiler. Sekiniň üstünde olary çöküne düşürip, başlaryny aşak basdylar. Jellatlaryň biri öldürilýäniň saçyndan tutýar, baş jellat bolsa, hanjary iki eli bilen tutup, onuň kellesini bir uranda togalap goýberýär. Soňra ony sesi tutulan märekä görkezýär-de sebede taşlaýar. Märekäniň arasynda: «Bu bendileriň haýsy biri derwüşleriň baştutany şyh Mejeddin Bagdady?» diýip soraýardylar. Açlyk çekip we keselläp hor düşen bendiler biri-birlerine meňzäp durýardylar. On dördünjiniň kellesi kakylanda meýdanda: – Patyşa bir zat diýýär! Patyşa höküm edýär! – diýip gygyryşdylar. Hemme adam köşk derwezesiniň ýokarsyndaky meýdança tarap öwrüldi. Ýokarda duran Horezm şa ala ýaglygyny galgatdy. Bu: «Öldürmegi bes ediň! Bu ölüm jezasy berleniň günäsini şa geçýär!» diýen yşaratdy. Baş jellat uzyn hanjaryny gyzyl esgi bilen süpürip duran ýerinden: «Demirçini getiriň!» diýip gygyrdy. Ölüm jezasy berlenleriň on bäşinjisi Mürze Ýusubyň terbiýesini alan Tugandy. Heniz ýaşajyk oglan Tugan näme hekaýat bolandygyna düşünmän, gözlerini mölerdip durdy. – Patyşanyň uly keremi üçin bar-da onuň aýagyna ýykyl! – diýip, jellat ol oglany köşge tarap öwrüş, onuň başyny aşak egdi. Häzirlenip duran demirçi Tuganyň aýagyndaky zynjyry döwüp açmaga başlady. – Dur! Nirä! Heniz gutaramok!.. – diýip, demirçi gygyrdy, emma Tugan özüniň ölüme getirilenleriň zynjyryndan boşandygyny görüp, sekiniň üstünden märekäniň arasyna bökdi. Onuň yzyndan gygyryşyp galdylar, Tugan bolsa mümkin boldugyça tizräk uzaga gaçmaga jan edip, dyknyşyp duran şäherlileriň arasy bilen egilip, gaçyp barýardy. Türme minarasynyň ýanyndaky meýdan boşady. Gapynyň agzynda posly naýzasyna söýenip, sakçynyň bir özi somalyp galdy. Boýdan-başa uzyn ýaglyk oranan bir gyzjagaz diwaryň boýuny syryp gelýärdi. Ol minaranyň aşagyndaky deşigiň ýanyna bardy, ýuwaşlyk bilen: – Tugan! Ýarag ussasy Tugan! – diýip çagyrdy. Deşikden hor eller somalyp, bir gyryk ses jogap berdi: – Seniň Tuganyň eýýäm kellesi kesildi! Bizi naharla, biz aýat okarys, seniň bereniň onuň alnyna barar. Gyzjagaz deşigiň üstüne özüni goýberip, çirkin ses bilen: – Tugan, jogap ber, dirimisiň? – diýip gygyrdy. Ýerzeminden zaryn ses ýaňadan çykyp ugrady: – Getiren zadyňy bize ber! Seniň Tuganyňa indi hiç zat gerek däl! Ol indi behiştiň baglarynda dürli nygmatlaryň ysyny alyp ýörendir. Gyzjagaz deşikden serilip duran ellere çörek we gawun tutdurdy-da sakçynyň ýanyna bardy. – Nazar baba, Tugan diýen oglanyň öleni dogrumy? – Ölen bolsa gerek. Ony beýlekiler bilen bilelikde itekläp, öldürmäge alyp gidenlerini gördüm... – diýip, sakçy elini meýdana uzatdy. Bir garry derwüş gelip, sakçynyň eline birnäçe teňňe tutdurdy-da onuň gulagyna çawuş çakmaga başlady: – Näme üçin öldürilenleriň arasynda biziň keramatly şyhymyz Mejeddin Bagdady ýokdy? Ony öldürmek gaýra goýuldymy ýa-da şa onuň günäsini ötdümi? Sakçy pullary guşagynyň gasynlaryna gysdyryp duran ýerinden: – Onuň gargyşyna şanyň gahary geldi we ony derwüşler boşadaýmankalar tizräk öldürmegi höküm etdi – diýdi. – Emma entek aman-esenmi?.. – Ýok! Ýazgarylanlary ýerzeminden çykaranlarynda, ol ýere baş jellat Jahan pälwan baryp, keramatly şyhy onuň özi bogup öldürdi... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |