19:51 Çokrak - täsin künjek | |
ÇOKRAK - TÄSIN KÜNJEK
Taryhy ýerler
Türkmenistanyň ýer-ýurt atlarynyň düzüminde çokrak sözi duş gelýär. Bu söz türkmen dilinde “has uzak”, “alys”, “örän daş” diýen manyny aňladýar. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň ileri tarapyndaky çöketlige ýagyş suwy ýygnananda, ol köle öwrülýär hem-de ownuk we iri mallar üçin bol suw bolup hyzmat edýär. Ýyl ygally gelende bu ýere ýygnanan suw ýylyň ahyryna çenli böreň atyp ýatýar. Kölüň degresinde bitýän köp dürli ösümlikler, jandarlar adamlaryň ünsüni özüne çekýär. Ir zamanlarda argyş kerwenlerine goşulyp sebite atdarlaryň — ýakymly ysly dermanlyk ot-çöplerden melhemleri taýýarlaýan, dürli keselleri bejerýän adamlaryň ýygy-ýygydan bolandygyny ýerli adamlar gürrüň berýärler. Ýaz we güýz pasyllarynda Çokrak köli göç edýän guşlaryň gonalgasyna öwrülýär. Ol awçylaryň hem söýgüli mekanydyr. Köldäki dürli balyklary gotan ýaly guşlaryň hortumyna galyp getirilen bolmagy mümkindir diýlip çaklanylýar. Kölüň“ Çokrak” adynyň gelip çykyşy bilen baglanyşykly halk arasynda ýörgünli rowaýatlar bar. Belki, oňa kerwen ýolundan yrakda, ýagny çetde, daşda ýerleşenligi üçin şeýle at dakylandyr?! Bu heniz doly öwrenilmegini talap edýän meseledir. Halk arasynda Çokrak köli bilen baglanyşykly rowaýatda waka şeýle teswirlenýär: ...Ir zamanlarda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy şahalarynyň biri Köneürgençden Nusaýa tarap gaýdandygyna taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär. Bu barasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda giňişleýin gürrüň berilýär. Şol ýyllarda argyş kerwenleri uzak ýollary gysgaltmak, çykdajylaryny kemeltmek maksady bilen aýgytly işlere baş goşmaly bolupdyrlar. Garagum sährasyndan geçýän kerwen ýollarynyň ugrunda içmäge ýaramly suwly guýularyň az bolandygy mälimdir. Orpalaryň, sardabalaryň we takyrlaryň pes ýerlerinde gazylan çyrlalaryň suwy kerwenleriň isleglerini kanagatlandyrmanyr. Has takygy, Köneürgençden Nusaýa gaýdýan esasy kerwen ýoly tas orta gürpde ýene-de iki şaha bölünipdir. Olaryň birisi häzirki Ahal welaýatynyň Baharly etrabyň Durun obasyna, beýlekisi Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Paraw (obasyna) galasyna tarap gaýdypdyr. Kerwenler ýolda birnäçe gezek Uzboýyň üstünden geçmeli bolupdyr. Köpriler azlyk edipdir. Bu ýollaryň ugrunda geçmesi kyn daglar, baýyrlyklar, çarkandaly şorluklar, ürgün çägelikler köp bolupdyr. Ýoluň ugrunda talaňçylara häli-şindi duş gelnipdir. Kerwenbaşylar düýelere urulan harytlaryny, azyk önümlerini we goşlaryny salan çuwallaryny düşürip, buljum ýerlerde mallaryny suwa ýakypdyrlar, otladypdyrlar. Munuň üçin olar goragçylary hakyna tutmaly bolupdyr. Bu bolsa harajaty talap edýän närsedir. Dogrusy, Paraw galasyna barýan kerwen ýolunyň ugrunda, Uzboýyň öwrülen ýerinde, ХI-ХII degişli Akýaýla kerwensaraýy, Durun obasyna barýan ýoluň ugrunda ХII-ХY asyra degili Talýahatan kerwesaraýy bolupdyr. Olarda kerpiç önümlerinden we keramika geçirijilerinden oýlanyşykly gurlan suw geçiriji ulgamy işläpdir. Köneürgençden gaýdýan ýolagçylar şu kerwensaraýlarda dem-dynç alypdyrlar. Şol döwürde Amyderýa öz suwuny Uzboýyň üsti bilen Hazar deňzine guýupdyr. Bu bolsa Kawkaza we Gara deňzine tarap ulag gatnawynyň kemala gelmegini üpjin edipdir. Uzboýyň kenarynda belent gaýanyň üstünde daşdan Igdirgalasy bina edilipdir. Ol Uzboýda hereket edýän söwda gämilerine gözegçilik etmäge niýetlenipdir. Mundan başga-da bu ýerde töwerege esewan etmäge niýetlenen diň bolupdyr. Galanyňkiçiräk goşuny bolup, ol söwda gämilerinden paç ýygnapdyr. Argyş kerwenleriniň ýükleriniň, mallarynyň derýadan ýitgisiz geçirilmegini gurnapdyr. “Bu derýada gämiler ýüzýär, derýanyň akymynyň ugry boýunça hindileriň köp harytlary Girkan deňzine getirilýär, ondan Albaniýa alnyp gidilýär, ol ýerdäkiler hem, öz gezeginde, olary Kir derýasynyň üsti bilen Pont Ewksinskä ugradýarlar" diýip, bu baradasynda taryhçy Strabon ýazypdyr. Argyş kerwenleri bilen Paraw galasyna gelenlerinde az wagtlyk dem-dynç alypdyrlar. Bezirgenler söwda-satyg işleri bilen meşgul bolansoňlar Köpetdagynyň we Kürendagynyň damana ýoluny yzarlap Hazar deňzine, Kawkaz we Gara deňziniň kenaryndaky ýurtlara rowana bolupdyrlar. Hazar deňzine bolan aralygyň alysdygyny nazara alan kerwenbaşylar öz çekirlerini, gylawuz-ýolbeletlerini balyk awlamak üçin Çokrak kölüne iberen bolmagy mümkindir diýen çaklamany öňe sürýänleriň bardygyny hem ýaňzytmak isleýäris. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |