21:22 Çokunma kongresi | |
ÇOKUNMA KONGRESI
Publisistika
Düýn stoluñ başyna geçip oturdym... Il-gün hor-zelil halda gan aglap ýörkä, ýokary wezipeli çinownikleriñ çagalary nädip 10-15 ýylda birgiden willalary, kottežleri, gämileri, uçarlary, wertolýotlary edinip bildi, bu barada ýazasym gelipdi. Emma... özüñizem teleýaýlymlardaky gurultaýlara tomaşa edensiñiz, görensiñiz. Gurultaýda märekäniñ ör turup, çapak çalyp durşy hiç göz öñümden gidenok. Muña kult diýilýär. Başgaça aýdanda, çokunmak, tagzym etmek bolýar! Heý, adamam adama tagzym edermi, çokunarmy? Biziñ ýurdumyzda çokunylýan eken. Taryhda munuñ mysallary azmy näme? Meselem, Gadymy Müsürde faraonlara hudaý hökmünde çokunylýan eken-ä! Eýse, häzirki ýolbaşçylaryñ özlerine hudaý diýdiren şol faraonlardan näme tapawudy bar? Gurhanda faraon babatda adama birnäçe gezek duýduryş berilýär, jemi ýetmiş dört ýerde faraonyñ ady agzalýar. Faraon barada şeýle diýilýär: "Faraon - özünden öñküler ýaly hemişe şobir etmişi edýär". ("Hakka" süresi, 9-njy aýat). "Faraon - gürrüñsiz, hudaýa, ylahy buýruga, pygambere garşy gidenok" ("Isra" süresi, 102-nji aýat). "Faraon - özüni hökmürowanlygyñ gözbaşy hasaplaýar. Ýaradanyñ adyndan iş edýändirin öýdýär". ("Mömin" süresi, 29-njy aýat). "Faraon - adamy öldürme we ýaşatma babatda doly hukuklydygyna ynanýar. Özüni ýurduñ eýesi saýýar". ("Zuhruf" süresi, 51-nji aýat). "Faraon - durmuşyñ hemme ugrunda diýdimzordyr, öz gözegçiliginde bolmadyk hiç zada rugsat bermeýän gopbamsylygyñ hakyky nusgasydyr". ("Duhan" süresi, 31-nji aýat). "Faraon - kimiñ näçe pikirlenmelidigini, nähili ýaşamalygyny, nämä ynanmalydygyny özi çözýär" ("Araf" süresi, 123-nji aýat). "Faraon - adamlary dürli hili simwollara, butlara we özüne ytagat etmäge mejbur edýär, tagutlaşýar. ("Naziat" süresi, 17-nji aýat). "Faraon - özüne we döreden simwollatyna ytagat derejeli bolýar, oña uýmaýanlary ezmegiñ ýollaryny gözleýär. Halkyny birnäçe toparlara aýryp-bölýär, olaryñ bir bölegini güýçden gaçyrýar, başbermezek we gozgalañçy erkek çagalary "bozgak" diýip öldürýär ("Kasas" süresi, 4-nji aýat). "Faraon - halky üçin işleýänleri "ýer ýüzünde pitne-pesat çykarjak bolýanlar" diýip, halka "ýigrenji" görkezjek bolýar, akylly-başlygy adamlary öler ýaly ýigrenýär". ("Mömin" süresi, 26-njy aýat). "Faraon - güýjüniñ hudaýyñ gatyndan gelýändigini görkezmek üçin uly-uly köşkleri we baglary gurdurar". ("Kasas" süresi, 38-nji aýat). "Faraon - öz ýeten derejejesini we baýlygyny öñe çykaryp, halky äsgermeýär". ("Zuhruf' süresi, 54-nji aýat). "Faraon - möhüm wezipelere özi belleýär, puly-girdejini, hazynany, işi hut özi paýlaýar. Karýera we komfort toparlaryny (klanlary) emele getirýär, halky-da munuñ arzuwynda gezdirip gullaşdyrýar. ("Ýunus" süresiniñ 88-nji, "Şuara" süresiniñ 57-58-nji aýatlary). "Faraon - halkyñ añyny bulaşdyryp, olary akmaklaşdyrýar. Halk faraona tagzym edip ýoldan çykýar. ("Zuhruf" süresi). "Faraon - guran zulum gegemoniýasynsan peýdalanýan we özüne akyl berýän gatlak bilen sistemasyny dowam etdirýär". ("Araf" süresi, 127-nji aýat). "Faraon - ýalan häkimiýeti üçin "ähli ussat jadygöýleri, gözbagçylary meniñ ýanyma alyp geliñ" diýip buýurýar. Olar faraonyñ ýanyna gelip: "Eger biz ýeñiş gazansak, bize näme-de bolsa bir sowgat bolar-a, şeýle dälmi?" diýdiler. Faraon hem: "Hawa, iñ ýakynym siz bolarsyñyz" diýdi". ("Ýunus" süresiniñ 79-njy, "Araf" süresinjñ 113-114-nji aýatlary). "Faraon - nägilelik bildirenleri, garşy gidenleri "rahat durmuşy bozjak bolýan, adamlaryñ mazasyny gaçyrýan şer öýjükleri" hasaplaýar" ("Araf" süresi, 110-njy aýat). "Faraon - öz rugsat bermedik syýasy hereketiniñ, ideologiýasynyñ, garaýşynyñ ýüze çykmagyna berk garşy çykýar. Bular ýaly hereketi öz barlygyna we kemala getiren sistemasyna peýdasyz hereket hasaplaýar". ("Araf" süresi, 123-njj aýat). "Faraon - hakykaty aýdanlary halka duşman edip görkezýär, "sizi ýurduñyzdan sürüp çykarmak isleýärler" diýip, halky gorkuzýar. ("Şuara" süresi, 35-nji aýat). "Faraon - sistemasyna we pikirlerine garşy çykanlary ýanadýar, gynadýar, zyndana salýar we öldürdýär ("Araf" süresi, 124-nji aýat). "Faraon - özüne we guran sistemasyna garşy çykanlatyñ güýç çeşmelerini ýok edýär we hemmeleri özüne mätäç sürä öwürmek isleýär". ("Araf" süresi, 127-nji aýat). "Faraon - - şahsyny, pikirlerini, sistemasyny hemme ugurda ýeke-täk güýç çeşmesi hasaplaýar. "Eý öñden barýanlar, siziñ menden başga lideriñiz ýok" diýýär". ("Kasas" süresi, 38-nji aýat). "Faraon - din adamlaryny we dindar toparlary ünsden düşürmeýär, bulara öz sistemasyny jemgyýetçilik durmuşynda wagyz etmek üçin halkyñ içinde çykyş etme ýaly wezipeleri berýär. Olar wepalylyk bilen wezipelerini ýerine ýetirýär". ("Kasas" süresi, 38-nji aýat). "Faraon - hökmürowanlyk sürüp ýörkä, haçanam bolsa bir gün gelip, häkimiýetini ýykjak gozgalañyñ ahy-nalalaryny eşitmeýär". ("Duhan" süresiniñ 31-nji we "Kasas" süresiniñ 7-14-nji aýatlary). "Faraon - hiç bir duýduryşy, öwüt-nesihaty diñlemeýär". ("Naziat" süresi, 17-nji aýat). Uzyn gepiñ gysgasy, Gurhan faraony we faraonçylyk düzgünlerini näletleýär. Gynansak-da, muña garamazdan adamlar pursat tapdygyndan şu günüñ faraonlaryna çokunyp gelýär. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 24.05.2016 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |