03:14 Çybynyñ Süleýman patyşadan kömek soraýşy hakynda hekaýat | |
Çybynyñ Süleýman patyşadan kömek soraýşy hakynda hekaýat
Goşgular
Süleýman şa garry hem taýsyz dana, Bellidi paýhasy haýwan, ynsana. Bir gün oñ ýanyna bir çybyn geldi, Diýdi: "Adalatyñ äleme belli. Ynsanam, haýwanam, mör-möjeklerem Señ adyña alkyş aýdýarlar kileñ. Biz çybyn kowumy, ejizje jandar, Beýlekiler ýaly bizde-de san bar. Ýaş goşulsyn, şahym, ýaşyña seniñ, Kömek sorap geldim ýanyña seniñ. Bilýäris: señ merhemediñ zyýada, Deñ göz bilen bakýañ kiçä, ula-da. Adalatyñ hemmelere göz ede, Rehimdar nazaryñ aýla bize-de". Şa diýdi. "Her zady bilmek parzym bar, Sözle hany, maña näme arzyñ bar? Pälimiz düzüwdir, kalbymyz akdyr, Adalatymyzdan nägile ýokdur. Täç geýip, halkymyñ öñüne çykdym, Ähli erbetligiñ soñuna çykdym. Ýetmez ýaly ile-güne azary, Ogry-jümrüleriñ zyndanda bary" Çybyn wyzzyldady: "Hazlawyk şemal Bize gün berenok, çydar ýaly däl. Dostlarmyz mat, duşmanlarmyz şat boldy, Agaýana uçmak bize ýat boldy. Perman çykar: bize azar bermesin, Eşitmäli onuñ ýigrenji sesin". Şa diýdi: "Şemala perman berse bor Ýa-da şeýle aýdyp, düşündirse bor. Ýöne welin, Ýaradanyñ öñünde Ýalñyşýan ýerlerim bolýar meniñ-de. Diñe señ arzyñy eşdip, oñmaly, Günäkäriñ özüni-de diñläli. Çagyryñ şemaly, gelsin bu ýere, Käbir sözlerim bar oña diýere". Şemal bir ýerlerden geldi daz ýasap, Çybynyñ mazasy gaçdy alñasap. Bada-bat o ýerden zym-zyýat boldy, "Göçenni ýel, gonanyny gol bildi". Şa gygyrdy: "Näme, gaçdyñ beýle tiz? Adalatly höküm çykanok heniz. Ýanyma arz edip gelenñe görä, Bilip git-dä munça bolanna görä". Çybyn jyññyldady: "Dönmerin ýoldan, Men hökümden beter gorkýan şemaldan..." Şol çybynyñ bolşy düşnükli bize, Ýaradany ýatlap, sylsak-da ýüze, Öz etmişlerimize ökünip gezýäs, Onuñ nazaryndan çekinip gezýäs. | |
|
√ "Meňzeş däl sen çagasyna adamyň..." / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |