11:13 Çyn käseler döwülmez / hekaýa | |
ÇYN KÄSELER DÖWÜLMEZ
Hekaýalar
— Şu käsäni maňa enem sowgat beripdi. Oňa-da ejesinden galan. Enem hemişe: «Şu käsäni aýap sakla, balam! Döwäýmegin! Göreniňde gözüň dokunar. Meni ýatladygyň, ejem biçäräni ýatlap, oňa hormat goýdugyňdyr. Miras galan zat hemişe gowy dileg eder durarmyş. Ojagyňda döwlet, bereket, rysgal artar, abatlyk, agzybirlik höküm sürer» diýip wesýet ederdi— diýip, Abadan eje gelni Altyngüle köp gezek gaýtalaplar aýtdy ýördi. Ol gelin bu pende gitdigiçe kejikdi. — Özi bir käse bolarda, olam dileg edermi?— diýip, enäniň aýdanlaryna ynanmaýanlygyny bildirdi. — Dileg edýändir, balam. Könekiler bir zada uýan bolsalar, şoňa görä bolubermelidir. Ähli zady görüp, bilip, synap, başyndan geçirip, soň aýdýandyrlar. Altyngül gelin, gerek bolsa-bolmasa, şol gadym käsäni ulandy. Çagajyk- laryna gatyk guýdy, suw içirdi. — Balam, başga gaba guýaýmalydyň. — Öz agtyklaryň üçin ulanýan-a, ene. Ol käse galyňdy. Hasam düýbi berk guýlan. Agyr. Gülleri şeýle owadan. Täze ýasalan käselerdenem gelşikli, ýaraşykly görünýär. Eline alan esli wagt elinden goýmaz. Garry ene hemişe: — Körpe gelnime şu käsäni elin gowşursam — diýip gaýtalaýardy. Ýaş gelin ol käsäni kän synlady. Onuň özüne sowgat berilmejekdigi hakynda oýlandy. Altyngül Abadan ejäniň iň uly gelni. Onuň adamsyndan başga enäniň ýene iki ogly dagy bar. Şu pikir kellesine gelende ol has-da oda-köze düşdi. Altyngül bu arzyly käsäni ýene näçe ýyldan gapa geljek körpe gelin- den gabanýardy. Diýmek, şol gelniň öýünde hemişe rahatlyk, bolçulyk, agzybirlik, abatlyk bolar diýip hasaplaýardy. Gelin edähedi-dä. Her edip, hesip edip ony özünde galdyrmalydy. Meretgeldä bu hakynda birki gezek ýaňzydanda: — Haýsydyr bir käsäniň gürrüňini edýärsiň. Dükanlarda dol-a onuň ýaly käse — diýip, hezil edip gülüpdi. Ýaş gelniň bolsa baş arzuwy, armany, islegi, küýsegi şol käsededi. Onuň pikiriçe, şol käse sandygynda dursa, onuň öýüne rysgal, bereket, döwlet ýagar, ojagy hemişe abat bolar, agzybir ýaşarlar. Adamsynyň şeýle gymmatly haryda biperwaýlygyna, ony, hatda ejesinden ýekeje gezegem sorap görmänligine jany ýanýardy. Her gün gaýynenesinden ogrynça käsäni synlar oturardy. Ony hiç kime beresi gelenokdy. Gaýynenesiniň: — Şu käsäni körpeje gelnime elin sowgat etmek miýesser edäýse — diýen sözleri gulagynda ýaňlanypjyk durdy. Gelin gaýynenesine: «Şuny maňa sowgat edäýiň-dä» diýesi gelýärdi. Ýöne edil şu jümläni aýtmaga özünde güýç-gurbat tapmady. Ahyram ondan dynmagyň ýoluny gözledi. Öz eli bilen etse, gaýynenesi duýar, hiç bolmanda, güman-a eder. Ýaş gelniň näme arzuw-hyýala münüp ýörenini ene aňýardy. Gapysyndan ogly üçin gelen zenan maşgalanyň ýüzü- ne gelip, göwnüne degmek islemeýärdi. Ir-u-giç özi düşüner diýip hasaplady. Soňam, näme, nesibeden gaçyp gutulma ýok. Näçe ýyldyr, ýanýoldaşsyz girip-çykyp ýör. Sähel zat üçin göwne degşesi gelmeýär. Uly dawa-jenjellere kiçijik bahanadan başlanýar. Ene muňa gowy düşünýär. Enesinden galan käse Abadan eje üçin şu ýagty jahanda iň gymmatly zatdy. Adamsy Aman aga-da ol käsäni gowy görerdi. Oňa ynanardy. — Köp adamyň yhlasy, nazary siňen, köpüň elinden geçen-dä — diýip, synlar oturardy. — Käse diýen zat: «Dolsam, eýýämiň öýünem doldursam, dökülmesem, döwülmesem» diýermiş. Adamyňam asly toprakdan, käsäniňem — diýip, ýaşuly, ýaşkiçilerden eşidenlerini aýdar oturardy. Ýatkeş adamdy. Halalhondy. — Toprak — bereket çeşmesi. Barça naz-nygmatlar toprakdan önýär. Bu-da toprakdan. Bolsa-da, öňki döwürlerde ussat adamlar-a bolupdyr. Sered-ä muňa, şunça wagty üstünden aşyrsa-da, muňa çekilen nagyşlar üýtgäýinem diýmändir... Ýaşuly şunça mally-döwletli, ogully-gyzly, agtykly-çowlukly bolmagyny şu käse bilen baglanyşdyrýardy. — Sandygyňa sal, ýygşyryp goý, keýwany — diýäýerdi. Öňräk Altyngülüň atasy-enesi myhmançylyga gelende, gelin ýene-de şol käsede iki oguljygyna çaý guýup uzatdy. — Başga käse-de bardyr ahyryn — diýip, Abadan eje orta goşuldy. — Eje, ulananda näme-aý, gapdyr-da, haýsy bolanda näm-aý? Myhmanyň, beýlekiň ýanynda utandyrýaň-a — diýip, ogly Meret dillendi. — Sowgad-a ol, balam — diýip, ene dymdy. Ýere garady oturyberdi. Myhmanlar gaýdyşansoň gap-gaçlary ýygşyryp ýören gelin şol käsäni uluja oglunyň eline berdi. — Bar, aşhana elt! Öwrülip ýene-de tiz gel.Ýygşyryş maňa gap-gaçlary. Gelin muny bilgeşleýin etdi. Üç ýaşly oglanjyk käsäni elinden gaçyrsa, şeýdibem şol arzyly gapdan dynsa, soň-a gep-gürrüň ýatyşar öýtdi. — Dur, balam, ony men ýygşyraýyn. Oglanjyk enesine ýetdirmän aşhana tarap düňk ýasady. Ene ýetişmedi. Abadan ejäniň enesiniň, onuňam ejesiniň eli degen käse ylgaşlap barşyna ýykylan çagajygyň elinden atylyp ýere düşdi. — Wah-h! — diýen ene ylgap baryp, käsäni ýerden göterdi. — Eje! Senem ilki agtyjagyňy ýerden göter — diýip, ogly Meret wägirip ýatan oguljygynyň ýanyna howlukdy. — Ýok, gaýnymyň bu wagt bar ünsi käsede — diýip, gelin ýöwselläp aýtdy. Ol käse poluň üsti bilen esli ýere süýşüp gitse-de, hatda çalaja çyzylman- dyram. Miras käsäni nebsagyryjylyk bilen synlan ene begendi. — Eje! Indi bir ol arzyly käsäňi sandygyňa salsana. Iş bold-aý bu bize. — Ýok, balam! Goý, bu baş döwletim, ilki gören myradym Döwran jana menden sowgat bolsun! Şol pursat ýaş gelniň ýüzi-gözi açylyp gitdi. Ol käsäni yhlas bilen ýuwup, arassalap, tämizläp sandygyna saldy. Ýaş gelin şol gün özüni ummasyz uly baýlyga eýe bolan hasaplady. Gaýynenesi: — Gorapjyk sakla, balam! Geljegiňiz, görjegiňiz gowulyk bolsun! Her wagt eliňe alyp, synla-da otur! Arzuw et! Barysy hasyl bolar. Çyn käseler döwülmez — diýdi. Döwlet ROZYMYRADOW. | |
|
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |