10:07 Çyra / hekaýa | |
ÇYRA
Hekaýalar
(Hekaýa) Men häzir ejemiň gujagynda. Özümem gahar edýän. Ol bolsa janyndan eziz balasyny elleri bilen mäkäm gujaklaýar, aglaýar. Horkuldysy çalaja eşidilýär. Gözünden syrygyp gaýdýan ýaş damjalary yzly-yzyna gelip, boýnuma damýar. Ýagdaýym üýtgänok. Bärik bakaýyn, gowlaşaýyn diýemok. Ahyryn halyna haýpym geldi: — Eje, sen meni dünýä indirmäniň bilen näme bolardy? — diýip soradym. Ýöne mähribanym bu beren sowalymy jogapsyz goýdy. Gan-peti gaçan ýüzi ýedi ýuwlan ak esgini ýatlatdy. Men entägem hötjetligimi edip ýatyryn. Köýnegimiň ýakasyndan berk ýapyşyp, ony ýyrtara getirdim. «Käbäň haky üçin, …» diýip, ellerimi berk gysýan enem şol aglap otyr. Daşarda gamgyn öwüsýän şemal agaçlaryň şahalaryny iki ýana yraýar. Şawyrdap ýagýan ýagşyň damjalary gelip edil kalbyma dökülýär. Ejemiň ýüzi entägem öňki halynda. Ýagdaýym agyr. Başymy alyp oturan, ýüp ýaly inçelip giden eziz ynsanymyň boýnundan gujaklaýaryn. — Maňa ölmäge rugsat ber, eee… — diýip, öňkümdenem beter aglap, boýnuna bökýärin. — Ýok, ýok, aýtýanyň näme balam! — diýýän ejemjanyň sil ýaly yňdyrylyp, gözünden akýan ýaşy gelip-gelip, meniň ýüzümi ýuwýar. Çyra… otagda ýanyp duran çyra onuň saçlaryny bolmalysyndan has öçüksi görkezýär. Göýä diýersiň olar edil bulaşan ýüpek sapaklary kimin, üstesine, gyraw basan ýaly ak görünýär. Ümsümlik. Bu jahanda ejem ikimizden başga janly-jemende ýok. Diňe şuwwuldaýan ýeliň hem-de ýagýan ýagşyň sesinden başga hiç zat eşidilenok. Men: — Boldy, boldy. Bu ýüregi yzyna saňa gowşurjak eje. Sen ony meni dünýä getiren mahalyň bermeli däldiň. Sebäbi durmuş atly bu barlykda ondan hiç hili peýda ýok! — diýip, ellerim bilen ýakama ýapyşýaryn. Sebäbi halyp harap. — Ah, meniň balajygym — diýen ejem uly ili bilen gygyryp, şol aglap gidip otyr. Ol ellerimi pugta gysýar. Men bolsa bar güýjüm bilen sypjak bolýaryn. Daşarda gamgyn öwüsýän şemal agaçlaryň şahalaryny iki ýana yraýar. Şawyrdap ýagýan ýagşyň damjalary gelip edil kalbyma dökülýär. Çyra… çyra onuň saçlaryny bolmalysyndan has öçüksi görkezýär. Göýä diýersiň olar edil bulaşan ýüpek sapaklary kimin, üstesine, gyraw basan ýaly ak görünýär. Onuň gözünden ýaş şol paýrap dur. Men bolsam onuň sapak ýaly inçejik boýnundan ýapyşyp, möňňürip aglaýaryn. Aglaýan ejemiň gözýaşynyň birje damjasy gelip meniň gözüme damdy. Şonda biziň gözýaşlarymyz garyşyp, akyp ýatan derýa boldy. Men bu derýanyň akymynyň tersine ýüzüp, käbämiň didesine siňdim. Ondan geçip kalbyna aralaşdym. Ol ýerde gürsüldäp urmaly ýüreginiň gurap galandygyny gördüm. Gözüm ýaşly bu ene ýüreginiň öňünde dyza çöküp: — Ejejan, sen perzendiň üçin özüňde bar bolan ýeke-täk zadyňdan geçdiň. Seniň beren bu ýüregiň perzendiňe bu jahanda bagt getirmez. Oňa diňe jebir görkezer. Şatlyk, şowlulyk diýen zady asala görkezmez. Eje, häzir men ony alyp saňa yzyna gowşurýaryn — diýdim. Köýnegimi ýyrtyp, dyrnaklarym bilen döşümi dyrmaladym. Kükregimi ýaryp, ondan ýüregimi aldym. Ony ejemiňkiň üstüne goýdum. Biziň ýüreklerimiz birleşip, kadaly gan aýlanyşygy ýola goýdy. Men çalytjak döşümi ýapdym. Köýnegimiň iliklerini ildirdim. Bildirmänem ol ýerden çykyp gaýtdym. Edil gidişim ýalyda öňünde ýene-de peýda boldym. Bolan zatlardan onuň habary ýokdy. — Eje, men indi ruhdan düşmerin. Men «Adam» bolaryn! — diýip, gözümiň ýaşyny süpürişdirdim. Ejem ýylgyrdy. Onuň kalby çäksiz şatlyga eýe boldy. Gözlerinde hem aňrysy-bärisi görünmeýän umyt uçgunjyklary peýda boldy. Nämeleriň bolandygyny, nähili ýollary geçendigimi diňe diwaryň ýüzünde asylgy, ýanyp duran çyra bilýärdi. Ol ejemiň ýüzüne dolan ýygyryşy görüp bilmän, ýuwaşlyk bilen öz-özünden öçüp gitdi… Wang LUÝAN. Hytaý dilinden terjime eden Mähriban GELENOWA. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |