17:19

Dagly dünýäň semasy

Edebi tankyt
Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 504 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.3/6
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024
Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024
Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024
Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024
A.M.Gorkä hat - 19.10.2024
Söýginiň tarypy - 14.10.2024
Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024

Teswirleriň ählisi: 9
0
1 yalnyzozi660812  
1367
Соз башынын манысыны хич алып билмедим... Даглы дунйанин семасы... semasy?? шу сози душундирайсениз?!

0
3 Bagabat  
43
"Sema" sözüne birnäçe manyda düşünilýär:
1. Sema - asman, gök manysynda;

2. Semyg - aýdym diýen sözüň gündelik dilde üýtgedilip, "sema" diýen görnüşde ulanylmagy;

3. Sema - sopuçylyk akymynyň käbir ugurlarynda sopy derwüşleriň özlerini Haka ýakyn "ahwal" "hal" ýagdaýyna (trans, nirwana, satori, просветление we ş.m.) salmak üçin ulanýan ýörite mynajat (sarnama, doga) etmek usullary we ýörite raks hereketleri. Bu sözüň ekwiwalenti induslarda "mantra" diýlip aňladylýar. Musulman sopularynyň zikre girmekleriniň esasy usullarynyň biri. Dünýewi ylymda "meditasiýa' diýen psihologiki usula çalymdaşrak.

Bu synda sema sözi onuň şu ýerde görkezilen üçünji manysynda alynýar.

0
2 baharaliyeva39  
1028
Makalaň awtory Has Türkmeniň goşgylaryny ussatlyk bilen analiz etmäni başarypdyr. Belläp geçilen analizleriň köpüsine goşulýaryn. Köpden bäri eserlerini höwes bilen okaýan okyýjy hökmünde Has Türkmeniň galamynyň ýiti bolmagyny arzuw edýärin. ( Mähribanlary we maşgalasy bilen bilelikde) bereketli ömri bolsyn we iň gowy dilegimiz durmuşyň hakykatlaryny ussatlyk bilen dile getirip bilen Has Türkmeniň adresine gelsin!!!

0
4 Bagabat  
43
Sag boluň!

0
5 Bagabat  
43
Bu synlary ýazmagyň bir kynçylygy bar.
Olam kitapçydan seljerme üçin gerekli materiallary göçürip alyp bolmaýar. Şolam synlary ýazmakda uly kynçylyk döredýär.
Her analiz etjek zadyňy täzeden nabor etmäge mejbur bolýarsyň.
Bu bolsa:
1.Wagt egleýär;
2.Kyn görýäň;
3.Seljermäň hiline zeper ýetirýär - sebäbi uzyn eserleri täzeden nabor etmegiň kynlygy olary seljermeklige ýüzleý çemeleşmegiňe getirýär. Bu kynçylyk hasam proza eserlerini seljermekçi bolanyňda çuňlaşjak.
4.Saýty ulanmagy amatsyzlaşdyrýar;
5.Saýtda goýlan materiallaryň ýaýradylmak mümkinçiligini düýpgöter ýok edýär diýen ýaly - Çünki olary täzeden nabor etjek edebiýatyň janköýerini diňe paleontologik muzeýden tapaýmasaň, başga ýerd-ä-hä gündiz eliň prožektorly gözleseňem tapylmazmyka diýýän...

Postskriptum: Elbetde düşünýän, adminlere ýa-da saýty ýöredýän moderatorlara aşakdaky ýaly nägilelik bildirýän, käbir, sebäp bolsa-bolmasa, hemişe "öz-özlerinden monça bolup, ýeňläp" ýören awtorlaram bardyr:
"Men Ýeriň ýüzünde adam döräp, görlüp-eşidilmedik, deňsiz-taýsyz, okamankaň agladyp başlaýan, iň soňunda hemmeleň ölýän eserimi (goşgymy, hekaýamy, romanymy, epopeýamy, traktatymy, opusymy) diňe size saýtyňyzza goýmak üçin berdim. Niýetimem ony biraçjyk reklama eden bolup, soň derrew onuň üsti bilen tokguz ýüz dogsan tokguz kwintion tokguz ýüz dogsan tokguz kwadrillion tokguz ýüz dogsan tokguz trillion tokguz ýüz dogsan tokguz millliard tokguz ýüz dogsan tokguz million tokguz ýüz dogsan tokguz müň tokguz ýüz dogsan tokguz + 1 sany gyzyl pul gazanmakdy. Şony şöýdüp äpberip taşlajakdygymam anyk bilýädim. Üstesine şo size iberen zadym ilk-ä Edebiýat boýunça bassyr on bäş ýylyň Nobel baýragyna, soňam ýene-de yzba-yz kyrk bäş ýyllap Himiýa boýunça Nobel baýragyna meýnasyp boljakdygyny maňa ygtybarly çeşmelerden habar berdiler. A siz bolsa meni şunça bähbitden galdyryp şo zadymyň bihasap ýaýradylmagyna ýol berdiňiz-ä-ä-ä...".

Ýöne, birki sany pis tapyldy diýip, admin we moder ýigitler, bäş ýyla golaý wagta dowam eden azabyňyzy, öz-özüňiz üçin üstüňize gapyl çozan gyzylbaşlara dönüp, reýgan eýlemeli dä keniňiz diýjek men-ä!
Galanynam näme: "dinozawr ekgäň özi ýahşy biledi" diýipdirler, kalendary tükenen maýýalar!

0
6 Yusup  
50
Serdar aga gowy makala. Has aga hormatym uly. Ýazgylaryny, synlaryny, teswirlerini sypdyrman okaýan. Iň bärkisi şu saýty aýtsana

0
7 Gumlygelin  
8
Kitapçy.ru saýtynyñ beýleki saýtlar ýaly kimdir biriniñ bähbidi üçin däl-de, diñe edebiýatyñ hatyrasy üçin döredilen saýtdygуny hemmämiz bilýäs. Saýty döredenleñ, ýöredýänleñ ömri uzak bolsun!

0
8 yalnyzozi660812  
1367
Ёкарда Гумлы гелнежэнин айданларына менем долы гошулярын... Менин озум-э профессионал эдебиятчы дал. Йонекей окыжы. Орсча гошгы болсун, туркменче эсер болсун халасам сыпдырман окаярын. Туркмен дилиндэки еке-так коп угурлы эдеби сайт дийсегем болжак бу сайта. Бегенйэн ерим, авторлар болуминде мешхур языжы-шахырлармызын копусинин эсерлеринин элъетер болмагыдыр. Аллажан, коп гормесин! Сайтын гурамачыларына жан саглык, ишинизде устунлик, галамынызын йити болмагыны арзув эдйэрин!

0
9 Bagabat  
43
Surat-a, ýöne peçat bolandyr! :-)
Etrek-Gürgen sebitleriniň daglaryna çalymdaş peýzažy (manzarany) tapjak bolup, iki sagatlap dagy interneti kellä geýendirin. Suratyny tapmak, syn-seljermäň üçden birini ýazanymça-ha wagt egländir.
Adam pahyr-a çagalykda gözi doýan ýerleri öte yssy görünýär.
Menem şu mahalam dost-ýarlar bilen çöle dynç almaga çyksak, üzümli meýdanlaň daşyny gallap duran çäge alaňlaryny, ýylgynlyk, toraňňylyk jeňňelçeleriniň kowçum-kowçum bolup oturyşyny görýän-de, inim tikenekläp gidýär.
Äý ýok-laý! Çölüň asmanam başga-laý! Synlap doýup bolanok. Seredip-seredip, gözüň ýadap gidýärem welin, onda-da gözüňi aýrasyň gelmeýär.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]