23:09 Däli aýal / powestiñ dowamy | |
Meňli tiz aýak üstüne galdy. Onuň gyzyna “Garyp göwnümiziň soltany bolsun” diýip, Bikesoltan dakdy.
Powestler
Soltanjyk bu biçäre aýalyň bagtyndan juda rahat çaga boldy. Gün içinde ýeke sapar garnyny doýursaň besdi, derläpdejik ýatardy. Ukusyndan açylsa-da, gözlerini ligirdedipjik, ýagtyny nazarlap, jyňkyny çykarman ýatardy. Bike jaýyň her burçundan gazyk kakyp, oňa sallançak gurdy. Çagajygyň göwnüne görä, sallançagy batly çykdy. Ertir bir üwräp göýberseň, günortana çenli bady ýatmaýardy. Emma Meňli barha möwç alýardy. Indi onuň bar pişesi köne kümedi. Şonuň deşiklerini göwýärdi. Içine köne saman çekýärdi. Işigine odun basýardy. Soň üst-başyny ýyrtdyryp, ellerini, ýüz-gözüni çitenekledip olary aýyrýardy. Özem güni bilen samrap geçýärdi. Bike näme diýse-de, Meňli rahatlyk tapypdy. Ol özüniň ganymlaryny ele salypdy. Olary tä haklaşyk gününe çenli saklar ýaly ýer tapypdy. Ýöne onuň üçin başga bir kynçylyk ýüze çykypdy. Bu haýyn bendiler Meňlini gördükleri gözlerini molterdip, hor, kirli ellerini öňe uzadyp, zarynlap, bir zatlar, bir zatlar diýip ýalbarýardylar. – Hä, size indi suw gerekdir, suw ýerine belany içiň. Nan ýerine, zakgun iýiň. Käşgä, ajyňyzdan ýaňa gatap galsaňyz... Emma olar ölenogam, gülenogam. Ýöne barha horlanýardylar. Oňa Meňliniň gohi gelýärdi. Ýöne, Meňli olar gaty bir dözmezçiligem edenokdy. Saçakdaky nandan alyp getirip olaryň öňünde goýýardy. Bedreden suw alyp gelýärdi. Şonuň üçin, bu sary hiç kime bildirmejek bolup, ol hamyr etmäni, çörek bişirmäni, çeşmeden bedreläp suw getirmäni öz üstüne alypdy. Günler geçip durdy. Indi oba, adamlar Meňli bilen öwrenşipdiler. Soltanjyk ýedi ýaşap, ýapy ýaly gyz bolupdy. Ol mekdebe gitmäge taýýarlanýardy. Ybraýym tussaglykdan gelip, şol öňki gara bagda bagbançylyk edýärdi. Ol tussagda bile bolan bir tatar aýalyny alyp gelip, şonuň bilen bagda guran jaýynda ýaşaýardy. Ol käte un, beýleki harytlary satyn alyp, Meňlä iberýärdi. Özi welin ol işikden gara salanokdy. Bike Soltanjyk üç ýaşyny dolduryp, dördüne giden ýyly şäherli bir wraç oglana äre barypdy. Aýaly ýaş üstünden ýogalyp, dört çagasy dökülip galan Baýram dogtar ony depesiniň üstünde saklaýardy. Hepde-de bolmasa-da, ýarym aýda Bike gelip, Meňliden habar tutýardy. Oňa eşik tikip, ýa-da Baýramyň öňki aýalyndan galanmy, özüne darrak bolanmy eşikleri getirip, Meňliniň egnine geýdirýärdi. Saçyna, sirkesine seredip, ýuwup, ardyp gül ýaljak edip gidýärdi. Soltana welin täzeje köýnekler tikýärdi. Bujagaz Durdamy, Nepesemi meňzäp duran balajygy bagryna basa-basa: – Soltanym, läläm, jiger-bagrym – diýe-diýe, gözlerini ganly ýaşa boýap, öýüne gaýdýardy. Bu gün ol çörek bişirdi-de, saçagy öýüň ortasyna ýazyp, az-kem güllän çörekleriň arkasyny kakdy. Emma takaty ýetmedi. Özüne garap duran gyzyna aş pyçagy berdi. – Me, şeýdipjil özüň kak, çörekleriň arkasyny. Ýöne gowja kak, eliň ýol ýaly bolma, bolýarmy. Ol arkasy kakylmadyk çörekleriňiki sanysyny alyp daş çykdy. Töwerekde hiç kimiň ýoklugyna göz ýetirensoň kümä bakan ugrady. Kümäniň agzyna basylan çyrpylarybir ýana çekdi-de, içeri girdi. Soň elindäki tegelek çörekleriň hersini bir “ýesiriň” öňüne taşlap göýberdi. – Mäň belaňyzy iýiň, ajalyňyzy iýiň. Ol ýene daş çykdy. Kündügi suwdan dolduryp getirip, olaryň öňündäki gaba suw guýdy. Soň gurap galan bir perde çyrpyny işige bent etdi-de, öýe geldi. – Men baga erik çöplemäge gitjek. Kim gelse, ejem häzir gelýär – diýip, işige göýberme. Men çalt gelerin. Ol göni ýeke erige bekan gitdi. Baryp bir wagt içmek ýazylan ýerde oturdy. Soň erigiň aşagyna gaýdyp geldi. Erik bu ýyl bolsady ekilen ýaly bar getiripdi. Beýle bir uly bolmasa-da miwesi süýjüdi. Özem, indi bişipdi. Adamlar “bu erik eýeli. Meňli-de şol erigiň ýanynda arwaha sataşypdur”diýip, bu ýere gelmeýärdi. Şonuň üçin erigiň miwesine el uran ýokdy. Erik welin, bişip, düýbüne dökülip ýatyrdy. Meňli mylgyrap ýatan erikden bedresini doldurdy. Ol bedresini egnine aljak bolup, galanda hyşalygyň içinde gizlenip duran oglanjygy gördi. Ol bedresini ýerde goýdy. – Haýt, balam, gel munda. Oglanjyk gizlenip duran ýerinde çykdy-da, nirä gaçjagyny bilmän, ýaýdanyp durdy. – Gel, çagam, näme gorkup dursuň. Gel, erik bereýin. Oglan gorksa-da “erik bereýin” diýen söze ymsynyp, ýöräp gaýtdy. Onuň elinde ýüpi oragy bardy. Meňli oglanjygy gyzyklanma bilen synlady. – Bu ýerde näme işläp ýörsüň? Oglanjyk şu sowalyň berlerinden gaty çekilýän borly. Birhili boýnuny sallady. Özi kän garaşdyrmady. – Sygryma birki penje ot alaýyn diýdim. Meňliniň gözi ýaldyrady. – Erik ogurlamaga gelen bolaýma?! Oglan egnini kakdy, gyzaran ýaňaklaryny ýüpli eli bilen sypalady. Onuň owadan, ap-ak ýüzi, garaluw ýaly gözleri, uzyn kirpikli gabaklary al öwsüp giden ýaly boldy. – Hany, erik barmy, ogurlar ýaly. Meňli ýeke erige elini uzatdy. – Bu näme, erik dälmi? Oglan ýene-de egnini kakdy. Nämüçindir gelen ýoluna tarap gaňrylyp seretdi. – Bu erik eýel-ä. Oňa oňa golaýlaşsaň arwah-jyn kakýar. – Men ýygdym-a. Oglan sesini çykarmady. Meňli bedresindäki erikden bäş-alty sanysyny aldy-da oglana uzatdy. – Al, iý. Oglan ösgün saçly başyny ýaýkady. – Ä-gä, gerek däl. – Al, al, iý. – Meňli aýasyndaky erikleri oglanyň gözüne sokjak bolýan ýaly, ony edil burnunyň ýanyna eltdi. – Iýjek bolsam özümem alyp bilýän. Meňli erikleri bedresine atdy. Oglan edil aýagynyň ýanyna galan birküç erigi eglip aldy-da üfleşdirip birini agzyna atdy. – Adyň näme? Wez. Meňli oýa batdy. Ýöne möle, içine giden gözlerini Öweziň mähir çyrpynyp duran ýüzünden aýyrmady. – Kimiň ogly sen. Öwez agyndaky şänigi aldy-da, gapdala zyňyp göýberdi. – Nepesiň. Nepes aganyň ogly. Hol, çopan bar-a... Meňli tisginip gitdi. – Onda sen öz oglum ekeniň. Öwez bu gepe üns bermän, ýylgyrdy. Soň eglip ýerden birki sany erik aldy. Meňli onuň ýüzüne seredip durdy. Ol gyzy soltan bilen Öweziň keşbindäki meňzeşligi yzarlaýardy. – Erik aldyňmy? Öwez elindäki erikleri görkezdi. – Bolar-laý. Başga gerek däl. Niräme salaýyn. – Meňli oňa hoşamaý sözledi. – Bar, otuňy ýyg. Öwez ot ýygmak indi ýadyna düşen ýaly, ylgap ýabyň boýuna baryp, maýsalardan orup başlady. Oglanyň howlugýany bildirýärdi. Megerem, ol bu däli aýaldan gorkup, hyşalygyň içinde kän oturan bora çemeli. Meňli ýabyň raýşyna çykyp, ullakan kesegiň üstünde oturdy-da, obanyň üstaşyry seredip başlady. Birdenem, ýerinden turdy. – Haý, oglan, oglum, balam, munda gel. Öwez elindäki oty küdäniň üstüne atdy. – Näme? – Gel, gel. Öwez onuň ýanyna geldi. – Sen sered-äni, seret. Obanyň ilersinden bir kerwen geldimi? Öwez hiç zat görmedi. – Seniň gözüň ýitidir. Seret. – Aý, ýok, men-ä hiç zat göremok. Meňli öýkeli gürledi. – Sen görmeseň men görýän. – Ol Öweze golaý süýşdi-de, elini Öweziň gözüniň alnynda hallanlandyrdy – Gördüňmi? Öwez näme diýmelidigine düşündi. – Indi gördüm. – Diýdim-ä, kerwen diýip. Näçe düýe gyz. Öweziň sesi birneme basyk çykdy. – Öz-ä kän düýe. Meňli begençli gepledi. – Gowja seretsene, ýanynda uzyn boýly adam barmy? – Bar, bar. Meňli güldi. – Wah, şol Durdy jan-da. Eýrandan ýük alyp gelýändir. – Hawa, hawa, Durdy jan şol. Meňliň ýüzi ýagtylan ýaly boldy. – Durdy jan, doganym. – Ol bu sözi üýtgeşik mähir bilen aýtdy. – Boş gidip, kerwenli gelen doganym. Men gidip, seni bir bagryma basaýyn. Ol bir ugradam-da, ýöne ýapdan geçip bilmedi. Onsoň bedresini göterip, öz gelen ýoluna bakan ugrady. Öwez ýygan otuny ýüzüne çykady. Ot beýle bir köpem bolmasa, Öweziň ýaşyndaky oglan üçin azam däldi. Ol oty arkasyna alyp, suwly ýabyň geçelgesine bakan ugrady. Meňli onuň barýanyny gördi-de, sakga durdy. – Dur. Öweziň gözleri mölerdi. – Näme?! Meňli müýnli halda boýnuny burdy. – Nepes nähili? Öweziň hem ýüzi sallandy. – Dädem ýaranok, öýde ýatyr. Meňliniň gözleri mäzleşdi. – Wah, wah. Ol bir Öweze birem gelen ýoluna seretdi. Barybam erikden doly bedresini onuň öňüne getirip goýdy. – Me, öýňüze äkit. Öwez bir erikli bedrä, birem bu däli aýala garady. – Gerek däl-läý. Iller erik ogurlap gelýändir öýderler. Meňli çürt-kesik gepledi. – Äkit, Meňli daýzam berdi – diý. Adam oglunyň haky bolmaz. Öwez erikden doly bedräni zordan diýen ýaly göterdi-de, ýylgyryp ýagşy derlän akja ýüzüni ýeňi bilen süpürdi. Bu onuň bedräni erigi bilen almaga razylygynyň alamatydy. – Ýöne, men muny ýapdan nädip geçirerin. Meňli batly ýöräp geldi-de, bedräni eline aldy. – Ýöri, men geçirip bererin. Ol bedränem, Öwezem ýapdan geçirişdi. Soň gözüni howsalaly jikgertdi. – Bu ýerlerde ýeke gezme, oglum – Ol elini ilerki sum-gowaga bakan uzatdy. – Şol gowakda äpet bir aždarha bar. Meňliniň öz endamam galpyldady. Öwez welin, misli äpet aždarha hyşalykdak çykaýjak ýaly, gözleriniň hanasyny kersen ýaly etdi. – Soltan gyzym odun çöpläp gelýärdi. Menem oňa seredip durun. Şol wagt ol bela gowakdan çykd-ow. Gernip, ýetip gelýär. Agzy, edil köpük ýaly. Ol lowurda-ap çykyp dur. Meňli alyndaňysyny arkasyndan silkip aldy-da, eli bilen dolap, agzyny tutdy. – Ýetip gelýär-owf. Gaýtdym gykylyklap, elimde gylyç, elimde bäşatar. Atyberdim, dü-dü-dud edip. Herne, balam, meniň gykylygyma, yzyna gaýtdy-da, kürsäp urdy gowagyna. Tas balamy ýuwdupdy. Öwez titräp galdy. – Bar, gaýdyber. Ýöne bu ýerlere ýeke gelme. Bike şäherde ýaşasa-da göwni obadady. Ol Meňlidenem beter, Soltany alada edýärdi. – Baýram, bolmasa birki aýjyk däliler bejerilýän keselhana ýerleşdirsek nädýär. Soltanjanam öýde boluberse, çagalaň arasynda. Baýramy ýakynda şäher keselhanasyna baş lukman belläpdiler. Ol Bikäniň raýyny ýykmady. – Bolar, janym. Näme diýseň, edäýeris. Bike oba gitdi. Ol Meňli bilen maslahat etmek isledi. – Birki aýjyk, bolmasa ýekeje aýjyk ýataý. Keselhana erbet däl. Baýramyň özi seretjek. Özüm gündejik baryp durjak. Soltanjanam barar. – Meniň bilenem, Soltan bilenem işiň bolmasyn. Soltanyň derdi saňa galmandyr. Atasy bar... Bike ondan el çekmedi. – Bolýa, Soltana zat diýmäýin. Ýöne sen bir özüňe seretdir-ä. Meňli siltenjiräp ýerinden turdy. – Meniň näme derdim bar-ä. Meniň alyp barýan keselim ýok. – Meňli birden agzyndan ak köpük saçyp gygyrdy. – Meniň bilen işiň bolmasyn. Entek senem, senjagazam hasabat bermeli bolarsyň. Haklaşyk döwri geler. Adalat kazysy ölen däldir. Ahyr bir gün alyna bararsyň. Ol öýe girdi-de Bikäniň alyp gelen içi süýji-kökeli toruny daşary çykardy-da, onuň öňüne oklady. – Şuny getireniňi minnet etjek bolýaň dälmi. Syrtyňy gynama. Meňli aç ölmez. Gör, ony. Ol soltana gözüni alartdy. – Tur, oturma ýanynda. Keseliň, kiriň ýokar, oňa. Ol akja bold-a. Meňli birden kümä bakan ylgady-da ýumrugyny düwüp geň-geň hereketler etdi. – Siziňki näme, oturyň, gapylyň-da. Meniň öz derdim özüme ýetik. Meniň öz aladam az däl. Ol bedräni şakyrdadyp, ojagyň ýanyna bardy. Bike oturyp bilmedi. – Gitme, gitmän geç. Ýagşylyga ýamanlyk. Gez-de ýör, şeýt-de, pisiňi aşyryp. Onuň bu gürrüňine Meňli sesini çykarmasa-da, ol Soltana ýakmady. – Gelneje, ejeme beý diýmäň. Aýyp bolar – diýdi. Bike Soltanyň sowuklyk bilen, her sözi däne-däne edip aýdyşyny geň gördi. – Men häli, oňa ýamanlyk etjek bolanmy?! – Bike özüni undup janykdy. – Allanyň salanyny her kimiň özi çekse ýagşy. Bikäniň gahary geldi. Ol öňüne goýlan çaýynam doly içmän, siltenjiräp turdy. Ol gitjek bolanda Soltan süýjüli, kökeli tory getirip onuň öňünde goýdy. – Taňry ýalkasyn, gelneje. Munam alyp gidiň. Bikäniň bäş deşigi bir ýere jemlendi. – Seniňki näme, ýerbiti ýaly bolup. Soltan welin yza tesmedi. – Ejem gerek däl diýse, gerek däl bolar. Bu öýde ejemiň sözi söz. Bike tory aýagy bilen depip göýberdi. – Ejeň-ä bir samsyk. Däli heleý. Sen näme. Sen näme, şol däliniň diýenini edip, şonuň ýoly bilen gitjekmi. – Beý, diýmäň, gelneje aýyp bor. Ol meniň ejem. Ol meniň käbäm-ejem. Bike gyzjagaza topuldy. – Onda egniňdäkinem çykar. Onam men getirdim. Soltan utandy. Onuň çaga köňlüni çöken gubar balkyldap duran didelerine çygly duman bolup ýazyldy. Ol tutukly sözledi. – Ejeme aýdyň. Çykar diýse, çykararyn. Bike torsarylyp ýola bakan ugrady. Soltanjyk hem eli torly, onuň yzyndan tigirlenip gitdi. – Toruňyzy äkidiň, gelneje. Zady harlamak günä bolar. Bike bu gyzjagaza ýigrenji bilen seretdi. – Bar, ýok bol. Men nämäniň günädigini, nämäniň sogapdygyny, indi senden sorap öwrenmelimi . Soltan agyrja tory onuň gapdalynda goýdy-da. – Sag boluň, sag-aman baryň gelneje – diýip yzyna gaýtdy. Soň gyzjagaz öleň tarapdan gelýän eli bedreli ejesine bakan misli keýik çagasy ýaly, towsaklap gitdi. Soltanjyk ejesiniň bolşuna kän bir düşünibem baranokdy. Ýöne çaga onuň yzyny ýygşyrmagy eýýäm öwrenipdi. Meňli bişiren çöreklerinden alyp, köne kümä, dersiň, çüýrük samanyň üstüne taşlaşdyryp gaýdanda, bir salymdan baryp, çörekleri ýygnaýardy. Çorbaly jamy öýe getirip, çorbasyny gazana guýup, soň öňki ýerine eltip goýýardy. Ejesinden uly iliň näme üçin eýmenýändigine hiç düşünip bilmeýärdi. Ejesi ýaly mähriban adam dünýäde ýokdy. Ol az iýýärdi, az sözleýärdi. Uranokdy, sögenokdy. Özi iýmän Soltana berýärdi. Il ol hakda näme gürrüň etse-de, ol onuň öz ejesidi. Soltanyň kakasam bardy. Emma Ybraýym indi bu öýe gara bermeýärdi. Soltan özi ýaly deň-duş gyzjagazlaryň ýanyna barýardy. Ýöne olar bilen oýnamaýardy. Ol gyzlar Soltana: “Ejeň näme üçin däli?”, “ejeň seni boganokmy”diýen ýaly biderek soraglar berýärdi. Ýöne soltan olaryň sowalyny jogapsyz goýanokdy. – Ejem gül ýaly. Ol näme üçin meni bogsun. Seni ejeň bogýan däldir-ä – diýýärdi. Gyzlar oňa gaýtargy berip bilmeýärdiler. Ýöne Soltany gižželemek üçin: – Meňli däli! Meňli däli! Soltan däli! – diýip, öýlerine gaçyp gidýärdiler. Soltan welin. – Ana, bolar. Kimligiňizi bildirdiňiz indi! – diýip, yzyna gaýdýardy. Özi ýaly gyzlaryň, iliň aýdýan sözüni ejesine aýtmaýardy. Ýöne şu günki eşiden sözi hiç ýüregine batmady. Ol söz çagalaryň öz tapjak sözi däldi. Onuň aňyrsynda çyn bardy. Şonuň üçin bu habary ejesine aýtmalydy. – Eje, aý eje! – diýip, köýnek ýamap oturan ejesiniň ýanyna gelen Soltan, oňa gysmyljyrady. – Getir, men edeýin. – Näme? – diýip, Meňli gyzynyň ýüzüne garady. – Näme, meniň içime giräýjek bolýaň. Soltan ejesiniň elinden tutdy. – Obada bir habar bar. Özem çagalaryň tapjak habary däl. Meňli birhili titredi. – Aždarha gelipmişmi? – Ýok eje. Meňli sandyraýardy. – Başga, eje. Seni şähere, dälihana äkitjekler. Menem, ýetimhana... Meňliniň saňňyldamasy galdy. Ol ýerinden turdy. – Kim aýtdy? – Çagalar aýdýa... Meňli gelip ýerinde oturdy. Soň oýa batan ýaly, pyşyrdap sözledi. – Men, men bulary nädeýin. Men bulary, bulary haklaşyk gününe çenli. Hawa, haklaşyk gününe çenli saklaryn. Goý, adalaty görsünler. Goý, nämäniň nämedigini görsünler. Olar, “Meňli gowşakdyr. Ony bir al bilen aldarys” diýýändirler. Entejik dursunlar. Men olaryň gözüne görkezerin. Ol kümä tarap gitdi. Onuň şaňňy sesiniň uzakdan eşidilýänini, illeriň “Wah, Meňli däli ýene başlady” diýýänini Soltan bilýärdi. Günorta çaglary Meňli bir ýerden howsala bilen geldi. Işikden: – Soltan, aý gyz Soltan – diýip gygyrdy. – Geýin, gyz. Soltan ejesiniň köýnegini gül ýaljak edip ýamap, elini aýagyny ýuwupdy. Saçjagazyny darapdy. Ol diýseň päkizejedi. Oba gyzjagazlary oňa “däliniň gyzy” diýseler-de “kirli, hapysa” diýip bilmeýärdiler. Obada, megerem, Soltandan asyllysy, Soltandan päkizesi ýokdy. – Çaltyrak bol. Geýindiňmi. Soltan sesini çykarman, daş çykdy. Meňli gyzyny görüp bir ýylgyrdy. – Nirä, eje? Meňli gyzyny gujaklaýjak-gujaklaýjak boldy. Emma gujaklamady. – Seni kakaň ýanyna äkitjek. – Onda senem köýnegiňi geý, eje. Gowy däl-ä. Han-a, gör ýyrtylyp, kükregiň görnüp dur. Meňli kükregine seretdi. Onuň gursagy ýyrtylyp, göwsüniň bir taýy görnüp durdy. Şonuň üçin ol sesini çykarman, gyzynyň yzyna düşüp, içeri girdi. Köýnegini geýdi. Börügini çykaryp, oňa başga alyndaňy, başga gyňaç dakdy. Saçyny darady. Ol eşigini çalyşsa-da, ýüzüniň derisini çalşyp bilmedi. Ýüzi çürşüp hamy gasyn-gasyn bolupdy. Gözleriniň hanasy has çuňalypdy. Saçy indi bir tutamjykdy. Soltan kündükde ýyljak suw alyp geldi. Ejesiniň ýüzüni-gözüni, aýagyny ýuwdurdy. Oňa başga köwüş geýdirdi. Bu eşikler Meňlini ýeňleden ýaly boldy. – Ýöri. Soltan baglyga bakan bökjekläp başlady.emma ejesi ony saklady. – Dur, beýläk. Meňli barmaly öýüni, barmaly ýoluny bilýärdi. Bu ýol Meňliniň gan damarlarynyň içinden uzalyp gidýärdi. Barybam Meňliniň umydyndan dikilen ak öýe direýärdi. Meňli bu ýoly baryp-ha, ýeke ýeke erigiň aşagyna içmek ýazylan gününden bäri günde müň sapar geçýärdi. Emma ol ak öýe girip bilmän gaýdýardy. Öwez Meňli däliniň gelýänini görüp, özüni ýitirdi. Ol: “Bedräm diýip gelýändir” diýip oýlandy. Elindäki çöpüni döwmän ojaga atdy. Ojakda tüňçe lakyrdap gaýnaýardy. Öwez ylgap içeri girdi. Soň çykdy-da tüňçäni alyp, ýene içeri girdi. Meňli salam berip içeri girdi. Içerde törde, onuň niçe ýyllap gözleri girýany haly harap bolup ýatyrdy. Öwez oňa çaý demläp otyrdy. Hassa bu del myhmany görüp, az-kem dikelen ýaly boldy-da, ýuwaşja sözledi. – Meňlim! Meňli jan! Sen nädip bu ýerlere düşüp ýörsüň?! Nädip geläýdiň sen... Meňli hassanyň ýanyna geçip oturdy-da Soltana baş atdy. – Gyzyňy getirdim. Ýekerigiň aşagyndaky hyşalykda, içmegiň üstünden tapylan gyz şu. Soltan gözjagazlaryny mölerdip, hiç zada düşünmedi. Nepes ellerini gerdi. – Hany, hany gel gyzym. – Ol soltany emelsizje gujaklady. – Gyzym ýok diýip ýördüm. Sen meni gaty begendirdiň, Meňli. – Hassanyň pöwrize daşy ýaly gök gözleri ýumlup gitdi. Ol agyr ýuwdundy. – Arman, giç bilipdirin. Ol soltanyň özüne meňzäp duran gözlerini, Öweziňki ýaly ap-ak ýüzüni, gap-garaja saçyny gaýta-gaýta synlady. – Akja bala. Akja guzy, saçyňa döneýin – diýdi. – Haýyp giç-dä. Meňli sesini çykarmady. – Hassa ýuwaşja gürledi. – Meňlim, gün-ahwalyň nähili? Birneme ýaranok –diýdiler. Gowulaşýaňmy? Meňli agzyny ýaşynyp oturan ýaşmagyny göýberdi. – Men mes-le. Sen ýaranok diýdiler welin ysgynym gaçyp gitdi. Hem gyzyny görkezeýin, hem halyny soraýyn diýdim. Öwez orta saçak ýazdy. Käse, çäýnek getirdi. Bir ýerlerden ýarty çörek getirdi. Çörek edil ölüniň eli ýaly gatydy. – Bu gyzam, “dädemi görjek, dädemi görjek” diýip otyr. Onsoňam, ýagysy köp munyň. Hol sum-gowakda bir äpet aždarha bar. Jyny şuňa düşüpdir. Öýüň daşynda hars urýa. Çyksa, demine sorjak. Soltan oturyp bilmedi. –Eje! – diýdi. Meňli birhili bolup, gyzynyň ýüzüne garady. – Näme ýalanmy. Sen bilmeseň, men bilýän. Men onuň yzyny görýän-ä. Öýüň daşyndan aýlanan yzyny. Şol aždarhadan gorkýan. Gyzyňa bir zat bolar öýdüp. Amanat saklamak kyn eken. Meniňki näme, içime saldym, dokuz aý göterdim, wagty gelende pohly garny silkip göýberdim. Tohum seniňki, çaga seniňki... Öwez hiç zada düşünmedi. Ýöne bujagaz gowja gyza höwes bilen seretdi. – Wiý, ýogsa-da, Durdy dostuňam gelipdir. Kerwen bilen gelipdir. Maňa aýtdylar. Men bilýän. Men bilmesem, kim bilsin. – Alyň çaý içiň. – Öweziň bu sözi tüýs jaýyna düşdi. Gep üýtgetmäge mazaly, ýol goýdy. Meňli çaýly käsäni göterdi-de bir möhüm zat ýadyna düşen ýaly ýene ýerde goýdy. – Durdyjany atanlaram tutdum. Olary indi ýedi ýyl bäri zyndanda saklap otyryn. Olar wagty geler, şonda haklaşyk sudunyň öňünde kelle ýalaňaçlarlar. Olaram-a edendir, ýöne meniňem-ä etjegim bardyr. Göreli bakaly, kimiňki zor çykarka. Meňliniň gözleri üýtgäp, agzy köpükläp başlapdy. – Eje, bol, gaýdaly. Meňli özüne gelen ýaly boldy. Ol nepesiň ýüzüne garady. Nepes bolsa ak guş ýaly bolup, iki gözüni Soltandan aýyrman otyrdy. – Indi ýagşy bolýaňmy, özüň – diýip, Meňli ýuwaşja orady. – Ýagşy. Ýöne işdäm ýok. Eräp barýan gün-günden. – Iýmel-ä, özüm iý. Üzüm gurbuňa getirer. Nepes çalaja ýylgyrdy. – Özümem ýok şu çaklarda. Meňli birden ýerinden turdy. – Saňa gerek bolsa, men taparyn üzümi. Men bilýän üzümiň nirede barlygyny. Ol hoşlaşman daş çykdy. – Şol bedräni getir. Soltan içerde galdy. Ol hassanyň golaýjygyna bardy-da, elinden tutup, ýüzüne garady. – Işalla, gutularsyň, däde jan. – Adyň näme, bala. – Soltan. – Soltanym, akja balam – Hassa gyzy iki eli bilen özüne çekdi-de, gum aklap maňlaýyndan ogşady. – öwez jana göz-gulak bolgun, doganyňdyr. Ol elini göýberdi. Soltan akja kepderi ýaly bolup, uçup gitdi. Meňli Öwez bilen Soltany yzyna tirkäp şol gorkuly baga girdi. Bir salymdan bir bedre üzümli bagdan çykdy. Elinde birki sany naram bardy. – Me, oglum, çalyrak äkit, dädeňe. Ýöne ýuwgun. – Soň gyzyny alyp, öýüne tarap gitdi. – Ertir çörek bişirip gelerin. Öwez içi üzümli bedräni göterip, tutlugyň deňine ýetende, uly tuduň içinden bir gara zompa çykdy. Ol Ybraýymdy. Ol öwezi häliden bäri yzarlap ýördi. – Dur – Öwez durdy. – Nirden gelýäň? – Oglan sesini çykarmady. Ybraýym dälirän ýaly, jynssyz gygyrdy. – näme diýýän men saňa! – Üzüm. – Oglan gaty gorkdy. – Nireden aldyň. – Meňli daýzam berdi. – Haý, seniň Meňli daýzaň bilen balaňy... Dök üzümi ýere. – Dädem syrkaw, Ybraýym aga, azajyk üzüm diýip ýatyr. – Dök üzümi ýere, dädeň bajysyna s... Öwez bedräni başaşak eňterdi. – Indi depele, üstüne çyk-da. Öwez diýleni etdi. Bar şol kesekleri üstüne dök. Soň ýene depele. Öwez hälki üzüm, nar palçyk bolup garyşýança depeledi. Ybraýym Öweziň gulagynyň düýbüne ýumrugy bilen ýelmäp göýberdi. Çaganyň gözlerinden ýalpa ot çykdy. – Bar, indi gümüňi çek, haramzada. Bagyň töwereginde görünäýseň bajyň s... Obada gepiň çykaýsa, öldürerin. Meňliniň “ertir çörek bişirip gelerin”diýeni bolmady. Onuň ýolda bar aýdany: – Şol seniň kakaňdyr – boldy. Soltanjyk öwezi halady. Ol Öweze ýakyn bolanyny isledi. – Eje, aý eje. Meniň dädem Ybraýym dälmi? Meňliniň gaşlary çytyldy. – Ybraýym erkegem däldir. Ol heleýçe-de ýokdur. Seniň ýaly eziz çaga mert erkeklerden bolýandyr. Sen Nepesiň gyzysyň. Oňa ýeke erik şaýatdyr. – Onda men mekdebe gitsem, Nepesowa bolaryn, hä. – Hawa, sen Nepesowa Soltansyň. Olar tirkeşip ýaňy öýe barypdylar. Meňli içeri girdi. Birdenem, ony güpbasdy etdiler. Iki sany erkek kişi, hersi bir golundan tutup, “tiz kömek” maşynyna mündürdiler. – Duruň! Göýberiň, Meniň gyzym... meniň, meniň... Onuň sözüne gulak asýan ýokdy. Ony bir salymda şäher keselhanasyna getirip, onuň bir bölümine saldylar. – Meni göýberiň. Meni boşadyň! – diýip, gygyryp başlandan, nähilidir bir sanjym etdiler. Ol kem-kemden haldan düşýändigini duýdy. Ýerine geçirensoňlar, ýatan-turan ýerini bilmedi. Şeýdip ony sanjymdan dyndaranokdylar. Garaýagyz lukman adam ysgynsyz naçaryň elinden tutup, bejerilýän ýere alyp gelip, oňa sowal baryny berýärdi. – Niräň agyrýar. Meňli üçin indi sypar ýaly ýer galmandy. Penjireler germewlidi. Işikler gulplydy. Onuň içini hümledip ýeke oturmakdan başga alajy galmandy. Ol özüne berilýän sowallara geleňsiz jogap berýärdi. – Hiç ýerim agyranok. – Başyň aýlanýarmy? – Hudaý saklasyn. – Gaharyň gelýärmi? Haçan gaharyň gelýär. Ol gözlerini alartdy. – Size gaharym gelýär. Gözümde okum bolsa atardym. Wah, öýdäki bäşatarlaryň gerek ýeri şu. – Öýde näçe bäşataryň bar. – Aýtjak däl. Ölseňizem aýtman. – Aýdanda näme. Baryp, tapyp alar öýdýäňmi? – Elbetde. – Gözüňe her hili zat görünýärmi? Aýalmy, erkekmi? – Görnenok. – Gözüňe görnen zady nirede bukýaň. Meňli tisginip gitdi. Özem gaty gorkdy. – Olar biziňkidi. Sen şolary bizden bukup ýörsüň. Bize juda gerek zat ol. Sen ogurlyk edýäň. Sen ogry. Meňli saňňyldady. – Baryň, ugraň. Olar meniň gandarym. Olar doganymy näme üçin atdylar. Olary meniň özüm tutdum. Entek olary etjegim bardyr. Olar adalat sudunyň öňünde baý kelle ýalaňaçlarlar-a. Entejik durubersin bakaly. Lukman yza çekilmedi. – Sen näme üçin bize gerek zady munça ýyl saklaýaň. Näme üçin... – Entek ýedi ýylam bolanok, olary bendi edenime. Ýöne ýetmiş ýyllabam saklaryn. Ol haramzadalar iki bolup doganymy öldüreni öldüreni, tas menem gola salypdylar. Näçe ýyllap yzarladylar ahyryn. – A beýleki näme? Meňli lukmanyň ýüzüne garady. – Haýsy? – Haýsy bolar, özüňe, gyzyňa azar beren. Meňli baş atdy. – Hä, aždarhamy? Wah, ol meniň gyzymy eýýäm lak-luk atandyr. Jan doganjyk, meni goýber. Men bolmasam gyzym heläk bolar. – Bolanymy? – Bolany. Indi gaýdybereýinmi? Lukman bir zatlar ýazyp oturşyna. – Ýok, howlukma. Biz şol aždarhany awlap almak üçin bir otrýad iberdik. Şolar gelsinler. Bolmasa gaty howply. – Gyzym näder, gyzym. Lukman başyny galdyrdy. – Gyzyňa şol otrýad garaýar. Seni gowy barlaly. Eger diýenimizi edip, buýran emlerimizi alsaň, bäş-alty günden öýüňe bararsyň. Bolmasa... – Bolýar, bolýar... Meňlini wagty bilen çykaranokdylar. Ony ilik-düwme barladylar. Däri-derman etdiler. Indi ol diňe gyzyny alada edýärdi. Başga hiç zat ýadyna düşenokdy. Üç wagtyna berilýän gyzgyn nahar, kimiňdir getirýän miwesi, ir iýmişi ony barha gurbuna getirýärdi. Lukman aga onuň derdi “beýni sarsgyny” diýýärdi. Agyr urgy beýnä şikes ýetiripdir” diýýärdi. Meňli şol şikesiň nämeden bolanyny gürrüň beripdi. Lukman aga-da onuň gürrüňlerini hoşamaýlyk bilen diňleýärdi. – Ýöne ýere uran däldir-ä, äriň seni palta bilen. Bir sebäbi bardyr-a. Meňli utanýardy. Şol sebäbi hiç açmaýardy. Lukman aga bolsa ähli belanyň körügi şol sebäpde ýaly, ony gaýtalap-gaýtalap soraýardy. – Lukman bilen ýarawsyzyň arasynda hiç hili syr galmaly däl. Bary aýan bolmaly. Aýt, şol syry. Meňliniň akly durlanyp başlapdy. Eger ol şol syry açsa, aýby açyljakdy. Ol ärli halyna biri bilen bolanyny aýtmalydy. Ol gürrüň soň baryp Bikä ýetmelidi. Bikemi soň oňa geçirimlilik etjek. Ol ozal hem Nepesiň özünden ýüz döndermesine öljek bolup ýör. Ol hakykaty biläýse, soň bir gün Soltana “çöp düýbi” diýmelidi. Ony diýdirenden Meňliniň öleni gowudy. Ol Ybraýymyň öz syryny aňanyna nätjegini bilenokdy. Ol zalym ilki aýalynyň aýagyzyny görüp, ertesi ony yzarlan bolmaly. Pikiri dogry gelensoň, gözi bilen görensoň, Meňliniň başynda palta döwen bolmaly. Indi meňli oýlanyp başlapdy. Ýöne ol oýlandygyça kalbynyň teýinde ünji döreýärdi. Onuň bu adamlaryň hyz-haramy dünýäsinde bolasy gelmeýän ýalydy. Gep, gybat, birek-birege zulum, hasrat, kyn güzeran ony howsala gaplaýardy. Öňde gyş ýetip gelýärdi. Gapyda ne odun, ne çöp bardy. Un, ýag alaýyn diýse-de puly-püçegi ýokdy. Soltana gyş eşigi gerekdi. Eýsem, ol bulary nireden alsyn. Emma onuň bolup gören dünýäsi başgaçady. Dünýäni suw-sil alsyn, seniň topugyňdan hem bolanokdy. Dogany, doganyny atanlar bilen baglanyşykly wakalar hem indi düýş ýaly bolup galypdy. Elbetde, adamlaryň arasynda adam bolup ýaşasaň ýagşydy. Ýogsa, olar başga birini düregeý saýýardylar. Ýöne, indi Meňlini bir kabul ederlermikä? Nepes näderkä? “Işlärin arman-ýadaman işlärin. Şu dünýede Nepes sag bolsa bolýar... Meňliniň göwni ýene-de Nepese bakan uçup gitdi. Ol şol ýeke erikden bäri erkek garasyny görmändi. Onuň aýal eşretiniň öňem, soňam Nepes bolupdy. Şükür keselhana oňa düşüpdi. Däri-dermanlar, nahar şor ony adama meňzedipdi. Tüweleme, ýüzi-gözem alma ýaljakdy. Ýagdaýy şunyň ýaly bolsa basym ony öýe goýberjekdiler. Meňli Bike bilenem ýaraşdy. Soltan hem birki gaýta yzyndan gelip-gitdi. Olar Meňliniň sagalýanyna begenýärdiler. Ahyr soňy keselhanadan çykmaly gün gelip ýetdi. – Entejik ýas ýerine barma. Saňa gaty gynanmak, gaty begenmek bolanok. – Bor. – Işe-de gitme. Ugruny tapsaň, ojaga, tamdyra-da girme. Arkaýyn, göwnüň halaýan işini et. Ýazyp beren dermanlarymy satyn al. Dermanlaryňy wagtly-wagtyna iç. Hiç gaharyňy getirme. – Bor. – Sen heniz ýaş. Görjegiň öňüňde. Indi ýaşamaly sen. Ýaza golaý ýene gelersiň, nesip bolsa, hemmesi gowy bolar. – Bor. Lukman aga hatlaryny Bikäniň eline berdi. Meňli bilen mylaýym hoşlaşdy. Meňlini Baýram alyp gaýtdy. Güýz düşüp gidipdir. Baglaryň sary meňzi gökden uçup barýan durnalar, selmäniň bişen ýapragynyň ysy, güýzügen meýdanlaryň durky, mylaýym howa janyňy alyp barýardy. Meňli güýzi gowy görýärdi. Ol güýz duýgularyna bolan mährini getirip Nepesde jemledi. – Nepes nähilikä? Olar oba golaýladylar. Baýramyň motorynyň gozagynda oturan ýerinden, Meňli öýe howlukdy. Motor haýal gidýän ýalydy. Emma uly ýol bilen gelýän gölegçi motory saklady. Öňde bäş-alty adam salajanyň üstünde ýatan jesedi göterip gelýärdi. Onuň yzynda yzynda hem ýigrimi-otuz kişi bardy. Baýram motory gyra sowdy-da, ondan düşdi. Soň gölegçiniň yzyndan gelýänden nämedir bir zatlar sorady. Soň motoryna mündi-de, ýola düşdi. – Nepes diýýär-ä. Nepes aga. Men-ä tanamadym. Meňli ot alan ýaly bolup Baýrama garady. Kim diýdiler, kim. – Nepes! Nepes aga, çopan... – Waý, gara bagtym ýatdy. Dünýäniň iň beýik, iň ýiti, iň agyr gylyjy Meňliniň depesinden indi-de, onuň weýran bolan beýnisine sanjyldy. Ol elendi. – Dur, sakla. Baýram motory saklady. Meňli güýz gyrtyjy örüp başlan yzgarly topragy ýumruklap, ýumruklap aglady. Soň ýene-de başga dünýä düşüp galdy. Ol içeri-de girmedi. Haşlap barşyna köne kümäniň işigindäki çyrpylary dargadyp goýberdi. Bäşatarlaryň birini gizlän ýerinden tapyp aldy-da, oňa ok sürdi. Esgerler ony görüp, ýerlerinden turdylar. Meňli olaryň ýüzlerine garady. Olar garrap galypdylar. Ýüzlerini-gözlerini, saç-sakal baglap gidipdir. Açlykdan, suwsuzlykdan ýaňa owurtlary owurdyndan geçip galypdyr. Meňliniň sesi guwançly çykdy. – Haý, zalymlar, mugyra geldiňizmi, baý gelersiňiz-ä. Ine, indi haklaşyk pursady geldi. Nesip bolsa, men sizi eneňizden dogmadyk ýaly ederin. Ol gara saçly ganhora ýüzlendi. – Näme üçin atdyň, doganymy. – Maňa komandirimiň beren buýrugy şeýle. Bar, şoňa ber jezaňy. Meňliniň eli titredi. – Ýo-ok, sen berersiň maňa jogaby. Eger jogap bermeseň, ine. Ol bäşatary esgeriň ýüreginden atdy. Esger ýykyldy. Ol bäşatara ikinji oky sürjek boldy. Emma başarmady. Şol pursat ikinji, çypar, ýüz-gözüni sap-sary tüý basan esger Meňliniň tüpeňe güýmeneninden peýdalanyp, bat bilen atylyp geldi-de, elindäki uzyn gamany onuň ýüreginden sokdy. Meňli agyry duýmady. Ol badyna yza gaçdy. Emma depesinden degen erbet agyry onuň agzyny gum gapdyrdy. Meňli dälini jesedini şol gün köne kümeden tapdylar. Onuň kellesine kümäniň depesindäki çykyp duran şahasy çümüpdir. Ony şol gün ýuwup-ardyp, äkidip Nepes çopanyň gapdaljygynda jaýladylar. Şeýdip, dünýäniň bir dälisi kemeldi. Soñy. 17-20.09.2001 ý. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||