DÄLI BOLMAK KYNAM DÄL
Kiçijik äýnekli adam:
- Eziz jenaplar! - diýip, oturanlara ýüz tutdy: - Biz belli karara gelýänçäk ähli ýagdaýlary oýlanmaly, maslahatlaşmaly. Bu meselede alñasaklyk etmek bolmaz.
- Şeýle şol - diýip, oturanlaryñ içinde iň ýaşy bu aýdylanlary tassyklady: - Gaty gowy oýlanmaly. Ýogsam ýene bir belañ üstünden bararys.
- Öñinçä biziň olardan razydygymyzy ýa-da razy däldigimizi belli etmeli - diýip, ýüzi monjukly jenap aýtdy.
- Razy däl! - diýip, oturanlaryň ählisi birden jem bolup gygyrdy.
- O näme üçin? - diýip, ýene şol ýüzi monjukly adam sorady.
- Sebäbi ol barypýatan däli ahyryn!- diýip, kiçijik äýnekli adam aýtdy.
- Dogry aýdýañ, dogry aýdýañ! Däliñem baryp ýatany!
- Däli! Däli! Däli! - diýip, çar tarapdan gygyryşdylar.
- Düşnükli - diýip, ýüzi monjukly jenap başyny atdy: - Mesele hut şunda. Biziñ wezipämiz şu saparam ýalňyşlyk goýbermezlikde, ýene-de bir dälini saýlamazlykda.
- Mundan öñkem o diýen sag adam däldi -- diýip, çişik adam öz pikirini aýtdy.
- Meniň bilýänlerimiň-ä hemmesem düzüw adam däldi.
- Eger şeýle bolsa, geliň, gowja oýlanyp, ahyry düzüw bir adamam saýlalyň-da - diýip, bir ýaş ýigdem hil bir pikir aýdan ýaly bolup towsunjyrady.
- Wah, ilki saýlaýan wagtymyz olaryň baram sagatdy ahyryn - diýip, kiçijik äýnekli adam elini serdi: - Dogrusyndan geleliň, olaryň baram akylly-başly, etjek işini bilýän adamlardy. Emma soňuny bozdular. Iñ akylly diýenimiz däli bolup çykdy.
- Eý Biribar Taňrym, hernä özüň kömek et-dä - diýip, zol-zol samrap oturan garry gojajyk hem öz gezeginde zeýrenip galdy: - Nä bela düşdi başymyza, şu wezipä geçen aklyndan azaşaýýar.
- Özem biz şu wezipä kimi saýlasak, şol dälireýär - diýip çişik jenap sugşurdy.
- Şu wezipäñ, ýeri, erbet ýeri barmyşmy? - diýip, ýene hälki ýaş ýigit sowal berdi. - Biziň kandidatlarymyz öňem şonuň ýalymyka diýip pikir edýän, diňe olaryň saýlanýançalar däliligini ýüze çykarmaga mümkinçiligi bolan dälmikä diýýän. Şu wezipä geçdiklerem keselleri daşyna çykyp, has beterleşýän bolmaly.
- Öňkilermi, soňkularmy, tapawudy ýok, meniň bilýänlerimiň-ä hemmesi ahyry aklyndan azaşdy. Olaryň içinde ýekeje düzüwinem görmedim - diýip, garry goja zordan üsgülewügini saklap aýtdy.
- Näme üçin bolgusyz gürrüň edýäňiz! Biz onuň bilen indi otuz ýyl bäri dost bolup gelýäs. Tä merlige saýlanynça gül ýaly adamdy, biz-ä şonuň ýaly keseli badyr öýtmändik - diýip,ýüzi monjukly jenap ör-gökden gelip, garşy çykdy.
- Hm-hm... Doga däli adam gaty seýrek duşýar. Diýmek onda, telbe bolmak üçin öňünden mer (şäher häkimi) bolmaly-da.
- Jenaplar, geliň, şu jedeli bes edeliň-le - diýip, kiçi äýnekli jenap gürrüň edip duranyň sözüni böldi. - Bu, biziň öňümizde has möhümräk mesele dur: şu sapar kimi şäheriň meri edip saýlamaly? Düşnüklimi?
Oturanlaryñ hersi bir adamyň adyny tutdy, ýöne her kandidaturanyňam garşysyna çykan adam tapyldy. Çünki geljekki mer saýlanýança-da, saýlanandan soňam däli bolmaly däldi. Ýüzlerçe adamyň ady tutuldy.
- Duruň! Duruň haw, adamlar! - diýip, birden kiçiçijik äýnekli adam aýagy basylan ýaly gygyrdy. - Duruň! Tapdym! Rasim beýi nähili görýäňiz?
- Hudaýa şükür, ahyry tapyld-ow! Gowy adam!
- Halal adam. Edep-ekramly. Göwni pes adam.
- Içigara däl. Uly ile ýagşylyk etmek küýündäki adam-da.
- Ederni bilýän, ýamanlyksyz, hoşgylaw adam.
- Tüýs iş janly pyýada!
Rasim beýiň tarypy ýetirildi. Ony kemsiz adam hökmünde asmana göterdiler.
Emma çym-gyzyl çişik adam iki-baka gobsunjyrap:
- Çakym çak bolsa, Rasim beý mer bolmaga razy bolmasa gerek - diýip, bu teklibe garşy çykdy.
- Siz mamla, men oňa çagalykdan bäri belet. Razy bolmazmyka diýýän - diýip, garry gojajyk mydyrdady.
- Öldürseňem ol mer bolmaz! - diýip, ýüzi künjüli jenap hem bularyň diýenini tassyklady.
Kiçi äýnekli adam:
- Onda näme işläliñ? - diýip, kellesini tutdy:
- Menem şeýle pikirde, ýöne näme iş etmeli ahyry?! Bolaýjak kandidatura tapdyk diýip begensek, ýene barysy biderek bolup barýar. Nädeliň,adamlar?
Şu adamlaryň teklip eden kandidaturasy saýlawdan geçmese, gaty geň waka boljakdy. Halk bulara ynanýardy, şularyñ görkezen adamynam hökman saýlaýardy.
Bu ýere ýygnananlaryň hemmesi ördi-de, Rasim beýiň öýüne baka ugrady. Oňa şunuň ýaly-şunuň ýaly diýip aýtdylar, ähli merleriň ir-u giç aklyndan azaşýandygynam ondan gizlemediler.
- Näme, menem däliretme hyýalyňyz barmy? Mende näme hyltyňyz bar?-diýip, Rasim beý ör-gökden geldi, kes-kelläm garşy çykdy.
- Allanyň haky üçin, özüňi ele al, rahatlan. Sen bir düşünjeli, akylly adam! Şu haýyşymyza däl diýme, bolýa diý!
- Ýok, bolýa diýip biljek däl.
- Bu seniň ýurt öňündäki borjuň, Rasim beý!
- Millet saňa intizar!
- Bu döwlet işi ahyryn!
- Aý, ýeri bolýar-da onda, ýöne bir şert bilen...
- Wah, baş üstüne! Diliň geplese bolýa!
- Seniň aýtjak şertleriňi öňündenem kabul edýäs!
- Şertim şeýledir... Soň maňa sögünmeziñiz ýaly, men size dogrusyny aýtjak. Maňa desmalçylar gerek däldir... Banket diýdiñmi, kabul edişlik diýdiñmi - baryny gadagan etmeli, ýalynjañlyk, öwmek, taryplamak ýaly bolgusyzlyklary unutmaly bolar. Ýeri, niçik görýäňiz? Şu zatlary edip biljekmisiňiz? Menem beýleki adamlar ýaly Hudaýyñ bendesi, hiç kimden artyk-süýşük ýerim ýok. Allaň haky üçin, meni günime goýuň, däliretmäň! Şu diýenlerim bilen razymysyňyz?
- Razy ! - diýip, bary begenip, bir agyzdan jogap berdiler.
...Rasim beý sesleriñ köpüsini alyp, şäheriň meri boldy. Edil şol günüň içinde elliden köpräk gutlag telegrammasy geldi. Birini açyp okap gördi. Onda şu aşakdaky sözler ýazylypdyr: "Köpden-köp hatyralanýan il ogly, ýurduñ hakyky gerçegi, gadyrly Rasim..."
Beýleki telegrammalary açyp hem oturmady.
- Eý Allajan, hernä özüň kömek edeweri-dä! - diýip, ol uludan demini alyp howpurgady.
Ýene biraz salymdan gapy tyrkyldap başlady.
Kiçijik äýnekli adam bir gujak gülli içeri girdi. Ol üç epilip tagzym edip, Rasim beýi mübärekledi.
Ýene bir salymdan garry adam hasasyny tyrkyldadyp, bir desse gül gowşurdy. Ol Rasim beýiň elini ogşamaga-da ýetişdi.
- Biderek azara galýañyz! - diýip, Rasim beý onuñ ýüzüni aldy. Emma bujagazlar entek başlangyjydy: onsoň ýüzi künjüli ýaş ýigit bilen çişik jenap gutlamaga geldiler.
- Eý Tañrym, hernä aklymy bir üýtgetmäweri! - diýip, Rasim beý öwhülläp, gygyrmanrak saklanjak boldy.
Edil şu iki arada-da oňa:
-Siziň hormatyňyza banket guruljak - diýip, habar berdiler.
Rasim beý bu bankete gitsemmikäm ýa gitmesemmikäm diýip entek belli bir karara gelip ýetişmänkä, öýüniñ alkymynda üýtgeşik bir maşyn gelip durdy.
Banketlar zalyny görmäge göz gerekdi. Ol äleme nur saçýardy. Şaköşgüne aňry dur diýýärdi. Kyrk adama niýetlenip stol bezelipdi. Güldanlar, güller, şemler - ýok zat ýok!
Kiçijik äýnekli adam eli badaly turdy. Ol Rasim beýiñ hatyrasyna söz aýdyp, ony şäheriň merligine saýlanmagy bilen gutlady-da:
- Jenaplar, biziň alnymyzda ynha beýik bir akyldar otyr - diýdi. Hemmeler aňk bolup diňleýärdi - Bu meşhur adam. Bu bir gudratly adam! Munuň egsilmez döredijilikli akyl-paýhasy netijesinde şähermiz örän gysga döwriň içinde...
Rasim beý tas däliräpdi. Ol gaharyna edýäniňiz şul bolsa men gidýän diýen terzde zaly taşlap gitdi.
- Indikilerine sapak bolar - diýip, Rasim beý öz ýanyndan pikir etdi.
Ertesi irden işe barýarka - köçäñ ugrunda baýramçylyk ýörişi gidip dur! Rasim beýiň öýünden tä munisipalitete çenli haly düşäpdirler. Surnaý çalyp, dep kakýardylar. Trotuarlaryñ ugrunda okuwçylar sap-sap bolup durdular. Rasim beý peýda boldam welin, çapak çarpmaga başladylar, gutlag sözleri ýañlanyp ugrady:
- Ýaşasyn merimiz!
Bir oglan depçiniñ gulagyna gygyrdy:
- Gatyrak ursana! Gatyrak!
Çagalara bolsa:
- Gatyrak gygyryñ, ýene gatyrak! - diýip ýalbarýardy.
- Ýaşa-syn!... Ýa-şa-syn!..
Rasim beýiň aýagynyñ aşagynda janly soýup,gurbanlyk edýärdiler. Munisipalitetiñ jaýynyñ öñünde daş-töweregine lawr çybygy aýlangy plakat asylgy durdy. Onda: "Eý merimiz, ömrüñ zyýada bolsun-da hernä" diýen ýazgy ýazylgydy.
Çişik adam tribunasynyñ üstüne abşarylyp
- Täze merimiz şäher ilatyny özüniň zähmetsöýerligi, adyllygy, ýakymlylygy bilen ýesir etdi! - diýip, bogazyna sygdygyndan zowladýardy.
Gahary depesine uran Rasim beý öňe okduryldy, ýañky çişik adamyñ elindäki kagyzy garbap aldy-da jyrym-jyrym edip ýyrtyşdyryp zyñdy.
- Maňa seniň beýle hezzet-hormatyň gerek däl! Bes et! - diýip, ellerini kelemenledip gygyrdy.
- Watandaşlar! Ildeşler! - diýip, ýüzi hünjüli adam gygyryp başlady: - Heý, şunuň ýaly päli pes adamy öňde-soňda görüpmidiňiz? Ýaşasyn täze merimiz!
- Ýa-şa-syn! Ýaşa-syn!
Ala şakyrda berdiler. Rasim beý bolsa, göýä diýersiñ, ýagyşdan gaçýan ýaly bolup munisipalitetiñ jaýyna girip gizlendi. Kabulhanasy adamdan ýaňa hyň berýärdi. Bular hem täze mere öz ýürek arzuwlaryny aýdyp, mübäreklemäge gelipdiler.
- Buýryberiň, gulluk, agasy! - diýip, bir ýaş ýigit iki elini garnynyñ üstünde gowşuryp, häzir bolup durdy.
- Hiç kim öz wezipesine siz ýaly çynlakaý garamady. Seni gördük biz! - diýip, arryk gojajyk aýtdy.
- Hudaýdan ant içýän, iş başyndan aýrylýan! Otstawka gidýän! Ýok boluň baryň şu ýerden! - diýip, Rasim beý ýer depip gygyrdy.
Kabulhanadaky mähelle gorkup, gapa tarap ýönelip ugrady:
Gulak asýas! Siziň diýeniňiz! Wah, sözüňe döneýin. Näme diýseňem biz size ýok diýmeris. Gulluk, agasy!
Rasim beý ysgyndan gaçyp, ulydan demini aldy: "Eý, Alla jan-eý!"
- Azajyk dynjyňyzy alyň,efendim! -diýip, ýüzi hünjüli adam maslahat berdi.
- Gümiñi çek şu taýdan! - diýip, mer çym-gyzyl bolup gygyrdy.
Hiç işlär ýaly däldi. Rasim beý daş çykdy.
- Adamlar ýol beriñ! Mer gelýär!—diýip, bir ýaş oglan adamlary gyran-jyran edip kowmaga başlady.
Rasim beý öýüne zordan ýetdi. Bu gün ol başga ýere-de çykmady. Ertesi irden şäherde neşir edilýän iki gazetiň ikisinem getirmegi sorady. Olarda onuň ullakan suraty berlipir. Olaryň biriniň aşagynda şeýle diýlip ýazylypdyr: "Ildeşleriniň guwanýan meşhur akyldary", beýlekisinde "Dünýäde iň işeňňir mer" diýen sözler ýazylypdyr.
Agşamlyk bolsa Rasim beýiñ yzyndan geldiler:
- Siziň aly jenabyňyz, tansçy gyzlary öýüñe getirelimi ýa-da kazino barjakmysyňyz?
- Özüm kazino baraýyn - diýip Rasim beý jogap berdi.
- Hormatly mer bilen bir howadan dem alýanymyz üçinem biz bagtly ynsanlardyrys - diýip, kazinodaky dilewar ýaş ýigit aýtdy. Ol ýarym sagat çemesi dagy gürledi. Rasim beý oňa zat diýmedi, sözüni hem bölmedi.
Ondan soň kiçijik äýnekli adam çykyş etdi:
- Biziň merimiziň özi ýagşylyk diýmek ahyryn. Şonuň üçinem biz ýaly bagtly adamlar dünýäde ýokdur!
...Bir ýyl geçdi. Kiçijik äýnekli adam, çişik we arryjak goja üçüsi gürrüñleşip otyrdylar.
- Onuň bilen hiç bitirip biljek zadymyz boljak däl! Däli bilenem bir iş edermiň?!
- Bu deýýus öňküçe-de bolmady. Mer däl-de, merez diýmeli muňa!
- Hol ilerdäki dagy hem özi dikelden adam bolan bolýar. Näme diýersiñ, näme aýdarsyñ.
- Hamala özünden başga adam ýok ýaly!
- Munyň ýaly dälini gözläp hem tapyp bolmaz! Olaryñ hemmesi şunuñ ýalyrak bolýar, bulara menden belet adam ýokdur.
- Ýeri, onda muny nätmeli? Şony aýdyň, boluň! Ýa täze saýlawa çenli garaşmaly bolarmyka?
- O nähili garaşmaly? Diýýäniň näme? Onuň ýeri dälihana, düşdüňmi? Öz öýüni sklada öwräýipdir-ä zaňňar. Şäheriň ortasyndaky meýdança-da öz heýkelini oturtjak bolup ýör!
- Düýn bir haýyş bilen gelen adamyň ýüzüne tüýküripdir.
- Öňki agşam lülgammar bolup, stoluñ üstüne çykyp tansam etdi.
- Onda näme işlemeli?
- Öňi bilen ony wraça görkezmeli, kellesiniň üýtgändigi barada sprawka almaly-da, keselhana ýerleşdirmeli.
- Hak söz, biderek wagt ýitirmäliň. - diýip, kiçijik äýnekli adam begendi. - Ýogsam, Hudaý saklasyn hernä, bir bendäñ üstüne arlap topulmagam ahmaldyr bu deýýusyñ.
- Mamla gürrüñ!
- Ertir bilen güýleris-de, sypmaz ýaly dañarys, onsoñam dälihana tarap waz ýasarys! Ine şondan soň täze saýlawlaryň gününi belläris.
- Gül ýaly pikir. Ýöne kimi merlige saýlalyň?
- - O-how, indi bir hüşgär bolalyň! Bu sapar akyly ýerinde adamy saýlamak gerek.
- Hawa, hawa... bu däliler halys ýüregimize düşdi-le!..
Terjime eden: Kemal YKLYMOW.
Eziz NESIN,
türk ýazyjysy.
Satiriki hekaýalar