22:05 Däli Fuat paşanyñ ogly Fuat beýiñ batyrlygy agdarlyşykçy Müsüri nädip başagaýlyga saldy? | |
DÄLI FUAT PAŞANYÑ OGLY FUAT BEÝIÑ BATYRLYGY AGDARLYŞYKÇY MÜSÜRI NÄDIP BAŞAGAÝLYGA SALDY?
Taryhy makalalar
Hulusi Tugaý Fuat beý Däli Fuat paşa asly çerkezlerden bolan osmanly paşasydy. Eger biriniñ asly çerkez bolsa, şolar ýalam uly wezipä ýeten bolsa, ondan hiç haçanam iliñkä meñzeş özüni alyp barmagyna garaşyp bolmaýardy. Çerkezleriñ özboluşly batyrgaýlygy we dogruçyllygynyñ nyşany hökmünde patyşanyñ daş-töweregindäki döwürleýin ýallakçylaryñ tersine, dogry hasaplaýan pikirini çekinmezden aýdyp bilýändigi sebäpli oña "däli" diýlipdir. Soltan Abdylhamyt oña 1902-nji ýyla çenli sabyr edip gezenem bolsa, ahyrynda olam ejizläp ony Şama sürgüne ýollapdyr. • Ogly Abdynasyra hetdini tanadypdy Däli Fuat paşanyñ ogly Hulusi Tugaý Fuat lukman bolan stambully žentlmendi. Ol Mahmyt Şewket paşa, Said Halim paşa, Talat paşa ýaly belli şahsyýetleriñ dilmaçlygyny eden, şol bir wagtyñ özünde döwlet terbiýesini alan diplomatdy. Köpler ony Balfura ýazan meşhur jogap hatyndan tanaýar: "Mustapa Kemala "garakçy" diýmek üçin näme tutarygyñyz bar? Siziñ özüñiz Türkiýede ýaşap geçen ähli garakçylardan has erbet hereket etdiñiz. Ol siziñ ynanyp bolmajak hereketleriñize, uruşmakdan ýadan ýurduñ talañçylykly meýilnamalaryñyza garşy ähli güýjüni toplap sarsmajak erk-erada bilen azatlygyny gazanmak üçin ýeke-täk adam kimin aýaga galmagyna ýol açypdy. Bu zoñtar aýyplamañyza parlanentiñizde we imperialistik metbugat organlaryñyzda şolar ýalak halanýan hemişeki ikiýüzliligiñize garşylyk berip, basybalyjylygyñyzyñ Türkiýä hiç hili zyýan ýetirmändigini aýtmaga gaýratyñyz çatarmyka? Size bolşuñyzyñ gysgaça mazmunyny aýdyp bereýin. Aýdýan zatlarym haýsydyr bir ýagdaýda çişirilen ýaly bolup görünse-de, ýagdaýyñyz size özüñizi gözden geçirip, meniñ bärde aýdyp biljeklerimden has köpüsini bilme mümkinçiligini berer... Ýeke günäleri size garşy watançylyk goragyny alyp baran saýlama esgerlwri Malta sürgün edip, özüñizi masgaraçylykly ýagdaýa saldyñyz. Ýurduñ içerki işlerine goşuldyñyz. Harby-deñiz flotiliýasynyñ toplarynyñ ýaragsyz şäheriñ depesine ýagdyrandan soñ Mejlisi ýatyrdyñyz, ministrlikleri bulap taşladyñyz, haýynlary iş başyna getirdiñiz. Yzyndanam Daşary işler ministrligiñizde taýýarlanan masgaraçylykly Sewr ýaraşyk şertnamasyna gol çekdirmek üçin telbe mesopotamiýalydan, masgarabaz albandan, agyp-dönüp duran ermeniden ybarat we hukuk taýdan wekilçilik güýji bolmadyk delegasiýany düzmegi başardyñyz. Soñky wagtlarda dünýä üç döwletiñ - imperialistik Russiýanyñ, Germaniýanyñ, Awstriýanyñ daşary işler ministrlikleriniñ arhiwleriniñ mazmunyny öwrenme mümkinçiligini edindi. Ýakyn geljekde Angliýada hakyky Işçiler partiýasynyñ iş başyna gelip, Daşary işler ministrligiñizdäki maglumatlary-da size olary ýok etmäge salym bermezden dünýä jemgyýetçiligine mälim eder diýip umyt edýäris. Diñe şonda siziñ hilegärçilikli propogandañyzyñ esasynyñ ýalan-ýaşryklardan ybarat mähnet gurluşynyñ çagşamagy bilen bütin dünýä, iñ sada göwünli adamlara çenli ikiýüzliligiñiziñ näderejede haýran galdyrarlyk ölçeglede barandygyna göz ýetirer, sizi hakyky we ugursyz ýüzüñizde görerler. Gresiýalylary Izmire ýerleşdirip, flotiliýañyzyñ saýasynda otuz alty sagatlap gorkunç gyrgynçylyklary amala aşyrmagyna rugsat berdiñiz. Wenizelosyñ peselişi Türkiýäni bihaýaçylykly ýaragsyzlandyrandan soñ grekleriñ Türkiýäni basyp almaklaryny ýola goýmak bilen çäklenmändigiñizi, ýurdumyzy dargatmagy dowam etdirmekleri üçin olara pul we ýarag berendigiñizi-de ýüze çykardy. Atyşygy bes etmek hakdaky ylalaşyga gol çekilenden bäri iki ýyl geçenem bolsa, Stambulda henizem urha-urlyk dowam edýär. Stambul şäheri uly betbagtçylygy başdan geçirýär. Biçäre adamlary, syrkawlary, uruşda dul galan aýallary we ýetim çagalary goş-golamlaryny almaga-da rugsat bermän, öýlerinden çykaryp, köçelere zyñyp, döwülen, zaýalanan ýa-da ogurlanan emläkleri üçin ýeke köpügem töläñzok". Emine hanym we Faruk patyşa Hatyñ özi we döreden täsiri başga makalanyñ temasy bolandygy sebäpli häzirlikçe şu ýerde saklanalyñ. Fuad Hulusi Tugaý müsür hanedanynyñ wekili Faruk patyşanyñ garyndaşyndan Emine hanym bilen durmuş gurupdy. Emine Hanym Faruk patyşanyñ çykanydy. Faruk patyşa türklere dostluk gözi bilen garaýan patyşady. Fuat beý köşgüñ körekeni bolmak bilen birlikde, Türkiýe respublikasynyñ Müsürdäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisidi. Şol wagt Müsürde hadysalar tiz-tizden üýtgäp durdy. Fuat beý özüni bu hadysalaryñ içinden tapdy. • Azat ofiserleriñ döwlet agdarylyşygy 1948-nji ýylyñ uruşynyñ Ysraýyla garşy ýeñlişe uçralmagynda iñlisler aýgytlaýjy rol oýnapdy, emma "azat ofiserler" Faruk patyşany esasy günäkär hasaplaýardylar. 1952-nji ýylyñ 25-nji ýanwarynda bolup geçen waka sabyr käsesini püre-pür edip taşlan iñ soñky damja boldy. Soñra ady "Аzatlуk" manysyny berýän "Tahrir" diýip üýtgedilen "Ysmaýylyýa" meýdanynda iñlis esgerleri müsür polisiýasynyñ üstüne ok ýagdyrdy. Altan Tan "Ýakyn gündogar depderi -19: Müsür we Jemal Abdynasyr" atly makalasynda wakany şeýle gürrüñ berýär: "1952-nji ýylda iñlisleriñ Suweýş kanalynyñ töweregindäki hereketine nägilelik bildiren Ysmaýylyýa halky iş taşlaýyşlara we demonstrasiýalara başlady. 1952-nji ýylyñ 25-nji ýanwarynda Ysmaýylyýada iñlisleriñ oka tutuşlygynda ellä golaý müsürli polisiýa işgäriniñ öldürilmegi, segseniniñ ýaralanmagy 200-iniñem iñlisler tarapyndan ýesir alynmagy bilen bütin ýurtda uly haý-haýly wakalar bolup geçdi. Ertesi 26-jy ýanwarda Kairde üýşen uly halk köpçüligi iñlislere degişli banklary, otelleri, dükanlary, gijeki klublary, uçar kompaniýasyny, lokallary we şoña meñzeş ähli edara-kärhanalaryny ýakdy. Bu wakalaryñ dowamynda dokuzy iñlis, hemi 26 adam wepat boldy, 500-den gowrak adam ýaralandy, 700-den gowrak jaýlar we edara binalary ýakylyp-ýykyldy. Faruk patyşa demonstratlary köşeşdirmek üçin premýer-ministr Nahhas paşany wezipesinden boşatdy". Faruk patyşa Şu wakalardan soñ 22-nji iýuldan 23-nji iýula geçilen gijede "Azat ofiserler" hereketi häkimiýeti ele geçirdi. Dañ atýança Faruk patyşanyñ köşgi müsür goşuny tarapyndan gabaldy we uçarlar pessaý uçuş etmäge başlady. Faruk patyşa az wagtyñ dowamynda tagty ýañy iki ýaşan ogluna tabşyrýandygyny aýdyp, şäherden çykdy. Faruk patyşa tagtdan el çekensoñ haýal etmän Rewolýusion sowet guruldy we Muhammet Nejip ýurduñ täze baştutany boldy. Agdarylyşykçylar Türkiýäniñ goldawyny almak üçin Fuat beýiñ gapysyny kakdy. Fuat beý bolsa olara şu taryhy jogabyny berdi: - Amala aşyran bu döwlet agdarylyşygyñyz bilen Müsüriñ başyna itiñ gününi saldyñyz! Özüñizi Napoleondyr öýdýärsiñiz, emma siz şolam dälsiñiz. Soñuñyz Napoleondanam beter bolar. Araplaryñ milli gahrymany Jemal Abdynasyr Mundan soñ agdarylyşykçylar türk ilçisi "islenmeýän adam" yglan etdi. Aýratynam Emine hanymy nyşanalaýan bilasty zarisowkalar we agdarylyşyklaryñ biperwaý hereketleri Däli Fuat paşanyñ ogly tasdan tas däliredip taşlapdy. 1954-nji ýylyñ 2-nji ýanwaryna gelinende kyýamat gopdy. Fuat beý birdemde Müsüriñ gahrymany yglan edilen we el üstünde saklanýan täze lideri Jemal Abdynasyryñ elini gysmaýşy ýaly, onuñ göni gözüniñ içine seredip we hemmeler eşider ýaly edip: "Müsüri ne günlere saldyñ!" diýip bildi. Müsür hökümeti Fuat beýden 48 sagadyñ içinde ýurtdan çykmagy talap etdi we şu wakadan soñ Türkiýäniñ häkimiýet başyndaky Demokratik partiýasynyñ Müsür bilen gatnaşyklary doly kesilmegiñ bäriýanyna geldi. Fuat beý 1967-nji ýyla çenli uzak we sagdyn ömür sürdi. Agdarylyşykçylaryñ biedepligine göz ýumman, hut kakasynyñ at-owazasyna mynasyp hereket etdi. Stambula gaýdyp gelende Daşary işler minustri Fuat Köprüli başlyklaýyn, döwlet apparaty tarapyndan gahryman kimin garşylandy. Ol ömrüniñ ahyryna çenli mertebeli atanyñ mertebeli ogly bolup ýaşady... Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Şenbe, 09.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |