08:13 Danalardan dürdäneler | |
DANALARDAN DÜRDÄNELER
Sözler
• Dünýä ajaýyp, emma şahyryñ gözi bilen hasam ajaýyp görünýär. Iogann Wolfang Gýote. ◆ ◆ ◆ • Adamlar öz ýalñyşlyklaryny bagtly pursatlarynda däl-de, betbagtlyga uçran wagtlary ýatlaýarlar. Daniel Defo. ◆ ◆ ◆ • Bikemal adam hemme zadyñ bahasyny bilip, hiç zadyñ gymmatyny bilmeýän adamdyr. Oskar Waýld. ◆ ◆ ◆ • Üstünlik gazanmagyñ iki ýoly bar: ýa öz aklyñdan peýdalanmaly, ýa-da başgalaryñ akylsyzlygyndan peýdalanmaly. Žan de Labruýer. ◆ ◆ ◆ • Durmuş merdiwanyndan çykyp barýarkak, adamlar bilen mylakatly bolalyñ. Çünki düşüp barýarka, ýene şol adamlara sataşmalydyrys. Jenap Şahabeddin. ◆ ◆ ◆ • Ajaýyp zady söýüp bolmaýar, söýüp bolýan zat ajaýypdyr. Lew Tolstoý. ◆ ◆ ◆ • Owadanlyk ~ köplenç kemçilikleri gizleýän ýapynjadyr. Onore de Balzak. ◆ ◆ ◆ • Adamyñ hakyky baýlygy onuñ bu dünýäde eden haýyr işleridir. Hz.Muhammet pygamber (s.a.w) ◆ ◆ ◆ • Adamlar barslara meñzeýär, içleri boşka başy gökde, içi doldugyça bolsa egilerler. Mişel de Monten. ◆ ◆ ◆ • Söýgi ~ birnäçe bolmajak zatlary boldurar. Iogann Wolfang Gýote. ◆ ◆ ◆ • Hakyky ýoldaş ~ iki göwrede ýaşaýan bir ruhdur. Aristotel. ◆ ◆ ◆ • Ha aýal bolsun, ha kitap... Daşyna aldanman içine seretmelidir. Jenap Şahabeddin. ◆ ◆ ◆ • Söýgi ~ köpri gurmakdyr. Adamlar köpri gurmaly ýerinde diwar örýändikleri üçin ýalñyz galýarlar. Isaak Nýuton. ◆ ◆ ◆ • Şol bir dilde gürleşýänler däl-de, şol bir duýgulary paýlaşýanlar düşünişip bilýändir. Jelaleddin Rumy. ◆ ◆ ◆ • Pul açlygy giderer, bagtsyzlygy däl. Nahar garnyñy doýurar, ruhuñy däl. Bernard Şou. ◆ ◆ ◆ • Agyr iş ~ öz wagtynda etmeli, emma etmedigimiz sebäpli añsat işleriñ toplanmagyndan döreýär. Žan Žak Russo. ◆ ◆ ◆ • Ata-babañdan saña miras galan zatlara mynasyp boljak bol! Ýogsa olar seniñki bolmaz. Iogann Wolfang Gýote. ◆ ◆ ◆ • Gabanjañlykda buýsanjyñ paýy söýgüden artykdyr. Fransua de Laroşfuko. ◆ ◆ ◆ • Erkekler zenanlaryñ ilkinji söýgüsi, zenanlar erkekleriñ iñ sonky söýgüsi bolmak isleýär. Oskar Waýld. ◆ ◆ ◆ • Akylly bolmak esasy zat däl, esasy zat ol akly öz ýerinde ulanyp bilmekdir. Rene Dekart. ◆ ◆ ◆ • Men seniñ meni söýmek ähtimallygyñy söýdüm. Ýylmaz Erdogan. • Başgalary ýygy-ýygydan bagyşlañ, emma özüñizi asla bagyşlamañ... Publisiý Sir. ◆ ◆ ◆ • Hakyky söýgüde ne wepa bar, ne jepa... Jelaleddin Rumy. ◆ ◆ ◆ • Adam nähili ruhubelent boldugyça, söýgüsi şonça çuññurlardan geler. Leonardo da Winçi. ◆ ◆ ◆ • Adamlary gowy tanañ: her adamy erbet hasap edip ýamanlajak bolup durmañ, her adamy hem gowudyr öýdüp öwjek bolup ýörmäñ. Jelaleddin Rumy. ◆ ◆ ◆ • Kämil adam ~ owadan gürlemän, gürlän zadyny eden we etjek zadyny gürlän adamdyr. Konfusiý. ◆ ◆ ◆ • Ant içip ýörmäge zerurlyk duýulmaz ýaly beren sözüñizde tapylyñ. Deýl Karnegi. ◆ ◆ ◆ • Iñ köp göwnümize ýaran adam ~ özümize meñzeýän adamdyr. Molýer. ◆ ◆ ◆ • Adamlary beýgeldýän iki belent häsiýet bardyr: erkegiñ mert, zenanyñam namysly bolmagy. Napoleon. ◆ ◆ ◆ • Söýgi - eşege-de tans etdiriberer. Fransuz nakyly. ◆ ◆ ◆ • Garaşyp sabyr edip bilýän adamyñ hemme zat öñüne geler. Onore de Balzak. ◆ ◆ ◆ • Bir şem beýleki bir şemi tutaşdyrany bilen, yşygyndan hiç zat kemelmez. Jelaleddin Rumy. ◆ ◆ ◆ • Söýeniñi elde saklap bilmeseñ, eliñde bar bolany bir söýjek bol. Pýer Kornel. ◆ ◆ ◆ • Dile çolanan ýagşylygyñ sögünçden gowy ýeri ýokdur. Žan Rasin. ◆ ◆ ◆ • Eden ýagşylygyñy ýatlama, özüñe edilen ýagşylygam unutma. Çilton. ◆ ◆ ◆ • Hilegärlik utuş getirse-de, ýazgydy üýtgedip bilmez. La Edri. ◆ ◆ ◆ • Söýgi adamkärçiligiñ, zorluk mahluklaryñ kanunydyr. Mahatma Gandi. ◆ ◆ ◆ • Dostuña-da, duşmanyña-da ýagşylyk et. Eger şeýtseñ dostuñ bilen-ä hasam ýakyn dost bolarsyñ, duşmanyñ bilenem dostlaşarsyñ. Kledbul. ◆ ◆ ◆ • Eğer biri kimdir birini halamasa, munuñ bir bir sebäbi bardyr. Eger kimdir birini hemmeler söýýän bolsa, onda munuñam bir sebäbi bardyr. King Dse. ◆ ◆ ◆ • "Näme diýsemkä?" diýip ilki pikirleneniñ, "Näme üçin beýle diýdimkä?" diýip soñundan puşman edenden has gowudyr. Saady Şirazy. ◆ ◆ ◆ • Gülüñ tikeni bar diýip gynanç bildirmegiñ deregine, tikeniñ güli bar eken diýip begeneliñ. Iogann Wolfang Gýote. ◆ ◆ ◆ • Hiç wagt çykan gapyñy çalt ýapma, yzyña öwrülmegiñ ahmal. Don Herold. ◆ ◆ ◆ • Söýgi bitewilige, men-menlik ýalñyzlyga alyp barýar. Fridrih Şiller. ◆ ◆ ◆ • Tümlügi näletlemegiñ deregine, bir şem ýakyñ. Konfusiý. ◆ ◆ ◆ • Alnyny Güne dirän adamyñ ýüzüne kölege düşmez. Helen Adams Keller. ◆ ◆ ◆ • Ýagşy niýetli adam ýaranyñ üstüne guran gabyk, bet pygylly adam bolsa gabygyñ aşagynda ýene ýara görer. Wilýam Şekspir. ◆ ◆ ◆ • Iki zady heniz bar wagty gymmatyny bilmek kyndyr: saglyk we ýaşlyk. Hz.Aly (r.a) ◆ ◆ ◆ • Bagtlylygyñ hiç birisem soñy gowluk bilen gutaran gaýgy ýaly lezzetli däldir. Kwint Gorasiý. ◆ ◆ ◆ • Patyşanyñam, gedaýyñ ajygyşy birmeñzeş bolýar. Mişel de Monten. ◆ ◆ ◆ • Seniñ için ölerin diýdi. Men üçin eýýäm öldüñ diýdim welin, jesedini alyp çykdy... Küçük Isgender. ◆ ◆ ◆ • Meniñ düşünişime görä, bu söýgi diýlen zat: her iki tarapa-da jebir çekdiren, ýürege biygtyýar gozgalañ tapdyran adatdan daşary hereket eken... Jan Ýüjel. ◆ ◆ ◆ • Söýmek ~ birini tapmak ýa-da gazanmak däl.. Başga birinde özüñi tapmakdyr... Emma Goldman. ◆ ◆ ◆ • Gözýaşyñam öz etmeli işi bar ekeni, yzyndan geljek ýylgyryşyñ ýoluny arassalarmyşyn. Jelaleddin Rumy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||