11:45 Danalaryñ aýtgylary | |
DANALARYÑ AÝTGYLARY Dünýäniň iň meşhur kardiolog lukmany Mişel De Bakeý dolandyrýan ulagynyň näsazlygyny bejertmek üçin ussanyň ýanyna barypdyr. Ussa ulagyň dolandyryjy gurluşlaryny gözden geçirmäge başlapdyr. Esli salymdan soň ol lukmana ýüzlenip: — Sizden bir zat sorajak. Çakym çak bolsa, ikimizem şol bir işi edýäris. Ýagny, men ulagyň niresinde näsazlygyň bardygyny anykladym. Şol gurluşy arassaladym. Eger zerur bolsa gurluşlary birleşdirýän simleri, hereketlendirijiniň ýagyny çalyşjak. Hatda ýagdaýy erbet bolsa, onuň ýerine täzesini oturtjak. Indi, aýtsaňyzlaň, näme sebäpden edýän işlerimiz şol bir zat bolsa-da, siziň iş hakyňyz meniňkiden görnetin artyk bolýar — diýip, öz käriniň gymmatynyň pesligini bilmek isläpdir. Bilipdirem. Lukman biraz eglip, ýuwaşlyk bilen ussanyň gulagyna aradaky tapawudy Aý dogan ýaly aýan edipdir: — Siz bu işleriň ählisine hereketlendiriji işleýärkä synanyşyň. Belki, şonda düşünersiňiz. ■ Napoleonyň akyly Fransiýanyň hökümet agzalarynyň ýygnanyşygynda özüni çäksiz akyl eýesi hasaplaýan bir kişi Napoleon Bonaparty tankyt etmek maksady bilen söze başlapdyr. Ol öňündäki kartada barmaklaryny gezdirip: — Ilki bilen şu ýerini basyp alan bolsadyňyz, onda biziň goşunlarymyz üçin şu ýere geçmek mümkinçiligi dörärdi. Soňra bu ülke-de biziň gol astymyza geçerdi — diýip, özüniň paýhasly pikirlerini beýan edipdir. Bu gyzyldan gymmatly pikirlerden paýyny alan Napoleon: — Siz dogry aýdýarsyňyz, eger bu görkezen ýerleriňizi barmak bilen alyp bolýan bolsady, men ony aýdyşyňyz ýaly ederdim — diýip, jogap beripdir. ■ Ynsan bilen ynsanyň parhy Günlerde bir gün gürleýän gürrüňleri gülkülidir öýdüp köpçülikde hemişe degşip ýören kişi meşhur fizik Galileýiň uly gulaklarynyň üstünden düşüpdir. Olaryň arasynda şeýleräk söhbet bolupdyr: — Jenap, siziň gulaklaryňyz ynsan gulagyna garanyňda biraz uly dälmi? — Mümkin, gulaklarym adamlaryňka seredeniňde uly bolup biler, ýöne siziňkiler eşek üçin gaty kiçi dälmi? ■ Azap beren boşluk Döredijilik duşuşygynda tankytçylaryň biri meşhur ýazyjy Aleksandr Dýumadan soraýar: — Täze eseriňizde «Azap beren boşluk» diýen aňlatma ulanypsyňyz. Dogrusy, bu juda manysyz. Boş zadam bir azap berip bilermi? Meşhur ýazyjynyň bu sowala beren jogaby diýseň düşnükli bolupdyr: — Eýsem, seniň kelläň hiç haçan agyryp, azap bermeýärmi? ■ Aň lukmany Bir jahyl ýigit döredijilik duşuşygyna gelen Mehmet Akifi kemsitmek üçin: — Bagyşlaň, siz weterinarmy? — diýip, ýazyja ýüzlenipdir. Mehmet Akif bu sowala gahary gelmeg-ä aňyrda dursun, hatda asuda oturşyny hem üýtgetmän: — Hawa, bir ýeriňiz agyrýarmy, ýaş ýigit? — diýipdir. Geleňsiz gözegçi Goja Ragyp Paşa özüniň baý şahsy kitaphanasyny halka hyzmat üçin wakfa beripdir. Kitaplara esewan bolmagy üçin bolsa tanyşlarynyň birini işgär edip alypdyr. Ynha, bir gün ol duýdansyz kitaphana gelip görse, kitaplaryň barysy çaň-tozan siňen halda eken. Goja Ragyp Paşa az salym daş-töweregi synlap: — Tüweleme, sen hakykatdanam halal gözegçi ekeniň. Gözegçiligiňe berlen zatlara hatda özüňem hiç hili el degirmeýän ekeniň — diýip, bu ýerden çykyp gidipdir. ■ «Uçýan tabaklar» nirede bar? Sebäbi anyk belli däl, ýöne asmanda uçýan jisimleri gören adamlar olary «uçýan tabak» (gapbarçanak) diýip atlandyrypdyrlar. Bu jisimleriň hyýalymy ýa-da hakykatdygy barada taýýarlanan gepleşikde Nyzameddin Nazyf professor Salyh Myratdan: — Siziň pikiriňizçe, asmanda «uçýan tabaklaryň» görülmegi mümkinmi? Eger mümkin bolsa, olary ilkinji gezek haçan görüpdirler? — diýip sorapdyr. Professor bu sowala ýylgyryp, şeýleräk jogap beripdir: — Elbetde, dogry. Ýöne bular diňe asmanda däl-de, ýerde-de bolup bilýärler. Şol «uçýan tabaklara» är-aýalyň arasyndaky dawalarda hasam köp duş gelinýär. Terjime eden: Ogulgurban NURGELDIÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |