10:42 Daňdanyň dünýäsi / nowella | |
DAŇDANYŇ DÜNÝÄSI
Hekaýalar
...täsin-aý!” diýip ol, käte-käte oýlanýar. Ýöne günde däl. Arasynda. Sebäbi günde ol gara daň bilen işe gelýär-de, düýnden ýagy-suwy esewanlanyp, taýýarjak goýlan awtobusy bilen şäheriçre maşrutyna çykýar. Şo bir ugur – ýetmişdördünji. Şo bir ýol – asfalt. Ilk-ä iki gyrasy baglyk basket. Ondan aňyrda jaýlar. Soň Büzmeýine barýan ýoluň gyralary. Obalar. Boşluk. Gypjagyň çaýy. Metjit. Gonamçylyk. Ýene-de obalar. Baglar. Şo bir adamlar – näçe ýyl bäri üýtgewsiz gatnadyp ýöreni üçin olaryň köpüsin-ä ýüzündenem tanaýar. Belet. Şo bir dünýä – öň aýnadan asman görünýär. Olam kätä-hä çytyksy-bulutlaşyk. Käte-de ýalpyldap duran dup-dury. Tämizligi bilen gözüňi agyrdýar. Gyýalap baksaň – daglaram görünýär. Olaňam mydama şo bir bolşy. Käte ýap-ýaşyl şadyýan. Käte çap-çal tukat. Ýadamaýarmykar-aý, şolar? Nämeden? Äý... Şo bir şeýdip, käte tukat, käte şadyýan bolup tükeniksiz ýatmakdan... Umuman, şu giden “şo birleriň” üstesine ol her gün şo bir “Daňdanyň dünýäsi täsin-aý!” diýen oýlanmasynam, hetjikläp, gaýtalap oýlanyp ýörse, neneň bolar? Irer-dä. Şo bir boluşlaryny üýtgetmän, diňe şadyýan ýa lapykeç bolup bilýän daglardan beter... Şoň üçinem bu argyn ýollarda gatnaý-gatnaý birhamal durmuşyň danasy bolup giden ol, her näme-de bolsa şo giden “şo birlikleri” öwran-öwran özüçe üýtgedýär... Heh... Bar üýtgeden bolşam, “täsin-aý”-ly pikirini günde etmän, ikaşadan edýärmi? Bäh, ýaman nejisem üýtgedýän ekeni. ...Içine ýüz ýolagçyny dykalap dyksaňam emgenmän daşap bilýän mähnet awtobus, endigan maýkyldap barýar. Olam günde ýüzlerçe gezek gaýtalanýan endikli hereketlerini özem aňşyrman edýär-de, içini hümleden bolup otyr. Dagy nä, güzeran nesibäň şopurçylyga atylan bolsa, özüňi bilipsiňem ruldan nan iýip ýören bolsaň, şeýdip wagt öldüräýmeseň, küşt depjekmi? Ýa-da awtobus sürüp barýarkaňam ruly goýberip, birmeýdan sygyr bakyp geljekmi? Heh... Duralga. Haýallady-da, emaý bilen saklady. Dagy nä? Bi müşderi halky ýaman ynjyk. Aýaly-erkegi, ýaşy-garrysy diýmän, hemmesi birden göwreliligiň soňky hepdesinde ýaly – sähelçe silkäýdigiň apalanyp ýetilip, atalanyp düwünçekledilen çagasy düşäýjege dönýä... Gyk-bak, sögünç, haýbat, azm... – “Meýdiň ýansyn, şopppyrrr!!! Nä kärtişge daşaýaňmy? Gidip düýp başlygyňyza üstüňden arz edip, meýdiňde garantga dikdirmesemmi!”. Tüfüňemmiri-laý! Diýmäýin diýsemiň gopdygaýmagy! Nä, munça ýyl ystažly şopur halyna, bilkastdan ýa-da “özüni oňarmaza ýagy ne hajatlykdan” silkýän bamy diýsene? Hohha, hol öňden syrtyny, heleýbaza albaý bulaýan jelebiň sagrysy ýaly bulap-bujap barýan ulagyň jahyl sürüjisi, ejesinden çykanda göbegenesi gapyp almaň deregine bilgeşländen kelleleýin betona gaçyran mahaw bolsa, bi bende nätsin? Tormuza münmän, syrtyndan “öpäýdigiň-ä” o mazgisinde meýnisi çüýrän, özünde günä goýmaz. “A-how jan agam, bi nä seň ýaly aptobusçylara o doganynyň depesine meýdan etdigimiň “interwal” diýilýän zady bilen, kakasynyň gulagyna buşukdygym “distansa” diýilýän zat, ýazylmadykm-aý?!”. Tüfüňemmiri-laý! Diýmäýin diýsemiň gopdygaýmagy! Özbekçeläp özüňe bek bolaýmasaň, bi zamanyň ýollarynda ýaman kyn. Oňaranam münýä, tükenen sähne-de. Şeýtmeseňem, ýohha, hohha ho kärdeş sürüjiňki ýaly, şuň ýaly bir öňüňe çolaşan weneze aliment tölän ýaly edip, on-onbäş ýyllap, çagajyklaň agzyndan kesip, aýlygyňdan tölär ýörersiň. Tüfüňemmiri-laý! Oň ýaly çöpdüýbüni dogurýan, kellesine mazgi bermese-de eline ulag berýän-ä biri. Gözhaky tölemelem, şuň ýaly zordan öz günemasy bilen bolup ýören pahyr... ...Duralgada togtady. Gapyny açdy. Birlän-ikilän irräk işi-derdi barlar mündi. Ir säher bolansoň, heniz ýolagçy azrak. Ine nesip edenden ikinji aýlawa gaýdar. Onsoň wurreýçilik başlar. Okuwçylar, işgärler, “bazar-dükan” diýip “awa-şikara” çykan hatyn halky. Her duralgada diýen ýaly, itnişip, sadylla bolup duranlara dözmän, haýdan-haý awtobusdan düşüşiňe hoptaraplaryndan baraga-da, bat bilen süsňäp-süsňäp, sygmaýanlary içine dykyşmaga başlaýasyň geler. Münjekleň münüp, düşjekleň düşenine anyk göz ýetirmek üçin yzyna gaňryldy. Şeýtmeseň bolanok. Bi ýolagçy halkam bir tüntawyň tüntawy – nämüçindir ala-böle bir aýaga içerde, ýarpy göwresem daşarda, ne eýläk ne beýläk bosagada saklanar-da, kimdir biri bilen uzyndan-içgin hal-ahwal soraşmaga başlar. Onsoň görmän ýapaýsaň-a ýarym dert – gapjar, gargynar, gider. A birdenkä gapjaga-da ugraýsaň nä? Estagpurulla! Hudaý görkezmesin. Hohha ho biriniňki ýaly daşynda galan parçasy birsellem awtobusyň böwrüne şakyrdyk bolup süýrener-süýrener-de, şopuryny göni türmä prapisge eder dämi? Ýogsa görseň, ol-bi tarapy sähel-mähel sypjyrdysy ýa soýuldysy bar bolaýmasa, üýtgeşik bolan zadam ýokdur weli... Äý garaz, hemmeje zat şopur görgüliň ganymy-da. Eý-a Allam, Gaýtarmyş atamjan, ylaýta-da şopur halkynyň ýeke-täk piri – kimem bolsaň, özüňiz goraweriň-dä, sürüji bendelerem! ...Gapyny ýapýançy düwmä basdy. Ugrady. Ýene ýol. Hol öňden görünýän gögümtil-ak asmanyň bölegi. Gapdala äňedip goýberseňem daglar. Yzky aýnadan awtobusyň içine gözüniň gyýtagyny aýlady. Otyrlar. Ymyzgananam bar, oýasam. Her haýsynyň ýüzünde-de bir many. Aralarynda keliň saçy ýaly birdir-ikidir oturan ýaş-ýeleňler-ä – şo adaty boluşlary – ol-a doglanda eken, owalbaşda ata sulbasyndan ene biline geçenlerinde eýýäm elleri tilfonly eken. Dogrusy, ol öz ýanyndan şu adamlaň her haýsyny bir zada meňzedýär. Şoňa halys endik edip gidipdir. Ine mysal üçin, öz ornundan iki oturgyçlykda oturan, çepiksije gyzjagaz, soňky birküç ýyl bäri, ýegşemmeden galan gün onuň ilkinji reýsine münýär. Özem okamak ýaşyndan ulurak görünýä weli, işleýän bolaýmasa. Oň gözüne bujagaz talyň çybygy deý inçemik göwrejik, kindiwanja, gelşiklije ýüzli gyz, serçejik bolup görünýär. Adam-serçejik. Daň bilen örýär. Düşende-de: “Daýy sag boluň!” diýýä weli, bü adam-serçejik gürlänogam-da jürküldeýär. Jürk-jürk. “Bor gyzym, senem jürk-jürk!” diýesi gelip dili gijäp gidýär. “Göwnüne alaýmasyn-al!” diýen pikir bilen jürküldemezlik üçin sesini çykarman ýylgyrýar-da, baş atyp oňaýýar. Oňa oturdaş oturan görmegeý gelin bolsa adam-güneşjik. Edil çagajygyň tagaşyksyz eljagazy bilen çekilen günjagaz ýaly olam sap-saryja. Ýöne meňzi mydam kölegeli. Megerem aladasy ýetikdir-dä, pahyrjygyň. Bu ikisi jora. Bir ýerden münýäler, bir ýerde düşýäler, ýene öýlänem bir ýerden münüp, bir ýerde-de düşýäler. Oturanlarynda-da bileje oturýarlar. Serçejik bilen güneşjik. Ýöne serçejik alçak bolsa-da, güneşjik düýbünden geplemeýär. Setanda-seýranda bolsa bir gezek, jorasynyň jürk-jürküniň ugruna baş atýar-da, düşüp gidýär. Ol nämüçindir bü adam-güneşjige gyýylýar. Oň meňzindäki derdiň ne köküniň bardygyny bilmese-de, dözenok. Nämüçindirem her sapar ol awtobusdan düşmek üçin hasaplaşmaga golaýlanda, çagalykdan gulagynda galan ýöntemje setirjikler öz-özünden gulagynda pyşyrdalyp ugraýar. “Aglama gurjak, seni eý görjek, tikip täzeje, köýnek geýdirjek, onsoň bileje, ýöräp çalaja, gideris baga, biz gezelenje...”. He-e-ý dünýe, dünýe... ...Ol saryýagyz gelniň gamgyn keşbinden yza bakýan nazaryny tyrpdyrdy-da, aňryk geçdi. Biygtyýar ýylgyrdy. Olaryň aňyrsyndaky goşa oturgyja ýeke özi sygyp, pil ýaly lopbudyk, gara pyýada dik oturan ýerinden horruldap uklap ýatyr – dünýäni sil alsyn, gara jinnek. Heh. Ine bi – adam-horruldy. Mündügi iki orny ýeke özi eýeleýär-de, ýüzüniň ugruna hor çekmäge başlaýar. Özem ýüzemmir bek. Abşanaklap, agyr göwräň labyryna haş-haşlap müner awtobusa. Gözleri elek-çelek, ilki bilen oturanlaryň arasyndan özünden ýaşy kiçirägi agtarar. Tapdygam barar-da, ýop-ýogyn pöwhe ses bilen lokguldap: -Hany körpeler, garry ataňyza bir nemetmäňde nemediň bakaly!-diýer. Bigam oturanlar özünden sähelçe ýaşkiçem bolsa ýa-da olaň şeýledigini öz ýanyndan çaklap, aňyna-maňyna garaman ýerlerinden turzar. Geçibem özi jaýlaşar. Haý zaňňar-a! Illeň öte geçeni ýüz ýaşaýan bolsa, sen azyndan ikiýüz-ä ýaşarsyň, çakym çak bolsa! ...Ol çagalykdanam şuň ýaly adamlary gowy görýär. Arkaýynlygyň laýyndan eýlenen, dünýäni mis köpükçe-de hasaba almaýan... Meger, bolup bilse, Görogly akgaň kyrk nökeriniňem baýak köpüsi şu pisint pyýadalardan düzülen bolmaly. Ýogsa ol öz üstüne nijema saparlar sürnüp gelen onça müňlük kyrk müňleri her gezek beýle aňsatlyk bilen yzsyz-tozsuz derbi-dagyn etmezdi... ...Ýene duralga. Haýallady. Gözüniň çetem yzky aýnada. Ol aýna-da adamlary görkezýär. Adam-pişijek. Adam-güljagaz. Adam-ynsanjyk. Adam-repide. Adam-samolýot... Garaz, daňdanyň dünýäsi dürli-dürli adamlardan doly. Olam şolaryň her haýsyny dykgat bilen synlamagy eý görýär. Her synlan, nämedir bir zada meňzeden adamsy üçinem, daşyndan diýmäge ejap etse-de, içinden-ä bir ýagşy sözi, ýagşy duýgusy hemişe taýýar. Şu giden adamlary synlap, şo bir ýoldan, şo bir ulagyny maýkyldadyp gatnap ýörşüne-de ol, şo bir asmany, şo bir daglary synlaýan käbir günlerinde-de, aram-aram özi hakda-da oýlanyp goýberýär. A meniň özüm adam-nämejikkäm?... | |
|
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |