DAŞ EDERIS
- Salawmaleýkim! Armaweriñ!
- Bar boluñ!
- Bagyşlañ, men radionyñ habarçysy, pagtaçylar barada gepleşik taýýarlaýan.
- Asylly käriñiz bar eken, köşek.
- Men sizden bir zat sorajak bolýan.
- Baş üstüne, sorañ.
- Mendäki bar bolan maglumatlara görä, Siziñ kolhozyñyzyñ pagta plany gaty yzda süýrenýä. Näme, size iş şertlerini döredenoklarmy?!
- Döredýärler.
- Çaý-suw, gyzgyn nahar bilen üpjünçiligiñiz nähili?
- Gül ýaly. Näçe iýsek, ýaşajyk göle etini berýärler. Çaý diýýäniñ-ä, näme, ho, akyp ýatan suwy gaýnadybermeli. Günuzyn iýip-içip ýatyrys.
- Iş üstüne gazet-žurnal getirýälermi?!
- Okalgaçymyz haçan görseñ pagtañ içinde aýlanyp ýör, eli gazet-žurnally. Hezil berýä, uly güýmenje bolýa. Ynha, ýañy sen gelmäkäñ "Огонёк" žurnalyny okap otyrdym. Baý, bu, Staliniñ üstünden düşýäler-aý. Şo dünýä inmedik bolsa kimiñ gürrüñini ederdilerkä?
- Ölen adamdan gaýtawul bolanok how, ýaşuly. Düşün ahyry. Hany, o meseläni çözmek ikimize galmandyr-la. Gürrüñimizi dowam etdireli. Ýogsa-da, leksiý zat okalýamy, iş üstünde?
- Gürrüñimiz-ä ýetýä, how. Şun irdenem biri gelip "Gemrijiler we olaryñ halk hojalygyna ýetirýän zyýanlary hakynda" leksiýa okady, bir sagada golaý.
- Wiý, ýogsa-da çeper höwesjeñler çykyş edýämi?
- Hezil berýäler, iş etmän diñleýäs. Käte özümiñsm hiñlenäýmejigim bar, aýdyp bereýinmi?
- Häzir aýdym diñläp oturmaga wagt ýok, sag boluñ! Söwda hyzmatyndan göwnüñiz suw içýämi?
- Awtolawka häli-şindi aýlanyp ýör aramyzda, içi boşam bolsa.
- Pagta ýygýan maşynlaryñyz barmy?
- Kän. Hon-ha, hatarlanyşyp durlar.
- Onda size näme ýetenok, ýaşuly?
- Pagta!
- Hä? Näme?
- Pagta diýýän, pagta ýetenok, ýygar ýaly.
- O-ho-how! Onda-da pagta planyñyzy dolarsyñyz-la?!
- Dagy näme! Daş ederis.
Täçmämmet JÜRDEKOW.
Satiriki hekaýalar