10:34 Daýym sola, daýym sola | |
DAÝYM SOLA, DAÝYM SOLA
Publisistika
Jazim Gürbüz... Nasionalist gatlagyñ arasynda giñden tanalýan şahs. Altmyşynjy ýyllaryñ aýagyndan başlap MHP-de ýer aldy, ýolbaşçy wezipelerde oturdy. "Ortadoğu", "Yeniçağ" ýaly birnäçe ülküji (idealist) gazetlerde ençeme ýyllap işledi. Kitaplar ýazdy. Onuñ geçen aý çapdan çykan "Daýym sola, daýym sola" (“Daim Sola Daim Sola”) kitabyny bir demde okap çykdym. Kitabyñ özboluşly ady şundan gelip çykýardy: Professor Hüseýinzade Aly Turan (1864-1940), asly azerbaýjanly türk lukmany. Ol hem Azerbaýjanda, hem Osmanly Türkiýesinde türküçilik akymynyñ görnükli wekilleriniñ biridi. Aly Turan "Çuma we onuñ mikroby" (“Veba ve Mikrobu”) kitabyny 1890-njy ýylda ýazdy. Wagtyñ geçmegi bilen syýasatdaky "çuma we mikrop" meselesine üns berdi! 1906-njy ýyl. Onuñ Bakuda çapdan çykýan "Hayat" gazetinde çykan makalasysynyñ ady şudy: “Sola, sola, sol tarapa” ("Çepe, çepe, çep tarapa"). Ol şeýle diýýärdi: “ - Sola! Çünki bu gezek - uçurym, girdap sag tarapda. Daş edewersin, konserwatiw begleriñ, köne pikirli ýa-da pikirsiz agalaryñ, dünýäsöýer sermaýadarlaryñ, ahyretparaz we sermaýaparaz işan-mollalaryñ, monahlaryñ, jüýjäñ akylyça ýok akylsyz - emma mähnet hileli, mürewwetsiz, ynsapsyz, mynapyk, pitneçi býurokratlaryñ, umuman ýesirligiñ we diýdimzorlugyñ gullarynyñ iterýän sag tarapyndan! Daş edewersin sag tarapdan... Daş edewersin sag tarapdan... Gorp şotaýdadyr!” Milliýetçi (nasionalist) Jazim Gürbüz... Ülküji (idealist) Jazim Gürbüz… Sagçy Jazim Gürbüz… Ol kitabyna “Daýym sola, daýym sola” diýen ady nämüçin goýduka? ■ MHP-den EL ÇEKME Jazim Gürbüz ýetmiş üç ýaşynda... Onuñ ömri bilgidir hakykatyñ gözleginde geçdi... Ol diñe teoriýada däl, syýasaty praktikada-da ýakyndan öwrendi, tejribe edindi. Hususanam, nasionalist akymyñ "Sowuk uruş" döwründe nämüçin çepçilere duşman edilendigini öwrendi. Çepçiler bilen bile imperializme garşy göreşen türkçüleriñ MHP gurulandan soñ, hut Alparslan Türkeşiñ eli bilen partiýanyñ hataryndan kowulmagynyñ syýasy-strategiki analizini berdi. Nasionalistlik-milli döwlet düşünjesiniñ içiniñ boşadylyp, imperializme-globallaşmaga meýilli edilmegine örtenipler syn etdi… Milli buýsanç idealizmi pöwhe sözlere - daşy jäjeklenen içi boş şygarlara gelip dirände, ol bu akymdan sowap ugrady. Ahyrynda... gündelik syýasatda jemgyýetiñ arasyny bölýän-agzalalygy çuñlaşdyrýan gaýtalawçy-statik "dekoratiw" hasaplaýan MHP-sinden meýletin çykdy. Şol wagt 2008-nji ýyldy. Nasionalizm - özgäni gysymynda saklamaga, gözegçilik etmäge, ýok etmäge gönükdirilen pikir-syýasy hereket bolmaly däldi. Galyberse-de... ne liberal, ne-de konserwatiw! Kapitalizmiñ bu “dinçi-liboş nikasyndan” gutulmak gerekdi. Kitapdan çykaran netijämçe, ol şuña ynanýardy: - Halkçy-jemgyýetçi esasly çepçiler bilen türkçüleriñ - düýn bolşy ýaly, şu günem el-ele berip, ülküler (ideýalar) älemine bilelikde ýöremegini üpjün etmeli. Taryhy tejribäniñ mundan artyk parçalanmagyna ýol bermeli däl. - Zol-zol taryha ýüzlenip, taryhymyzy mazamlap oturmagyñ deregne, akyl-paýhasyñ döredijilik ukyby arkaly ýüzümi gelejege öwürmeli... Diñe şeýdilende milletparazlygy ret edip, ekplutatasiýa galyplaryny döwüp, hakyky garaşsyzlygy gazanyp bolar. Hut şonuñ üçinem Jazim Gürbüz “daýym sola, daýym sola” diýmelidigine ynandy… ■ DÜÝP MESELE Nejip Fazyl bir şygyrynda: “Kalbymy we aklymy diñe sag elme berdim, Öz borjy bolmasady, sol elimi keserdim…” - diýýärdi. Bu gödeksi düşünjäniñ tarapynda nijeme ýyllap göreşen, gaşyny çytman ölüme ylgan... Nihal Atsyzlara, Alparslan Türkeşlere çäksiz ynam bilen ýapyşan… Jazim Gürbüz bugün indi çepçi-sosialist intelligent. Ýeri, munuñ ilkinji ädimi nähili boldy? Kitabyñ girişinde Mahir Çaýandan alynan sitata bar: “Öz şahsynda öwrülişik edip bilmeýänler öwrülişikçi (ynkylapçy) bolup bilmez.” Munuñ ýoly bolsa akyl-paýhasdan, derñemek-seljermekden, döretmekden geçýär. Jazim Gürbüz dogry ýoly tapanda Nejip Fazyla reddiýe ýazdy: “Şumatky aklym şol gün bolsady, Harçlarmydym ýaşlygymy. Urup sögenlerime Uzadardym elimi…” Jazim Gürbüz esasy meseläni-çaprazlygy görüp bilen intellektual bolmagy başardy. Nasionalizm edermenlik satýan parlañküş edebiýata gabalyp bilinmezdi, ol syýasy-medeni akyldy. Düýp maksady - kolonializme garşy göreşmek bolmalydy. Hakyky göreşi kapitalizme we onuñ guýrugy bolan imperializme-globallaşmaga garşy çykmak arkaly ýöretmek mümkinfi. Bu hasaby görmezden, bu söweşe girmezden demokratiýany gurup bolmaýar, adalaty berkarar edip bolmaýar, dünýewiligi gorap bolmaýar, azatlyga ýetip bolmaýar… Başgaça bolanda, “medenileşdirme”- “demokratiýalaşma” ýaly ýüz dürli "don" bilen ýurtlary, jemgyýetleri, adamlary gurşap alan kapitalizm ideologiýasyna boýun egip, syýasat gözboýagçylygyny oynamak bolýardy. Yzygiderli dawa-jenjel, agzalalyk döretmek imperializmiñ “agzyny alart-da, höküm sür” syýasatynyñ baş maksadydy. Jazim Gürbüz bu oýuna gelmekden-duzaga düşmekden ýüz öwürdi. Anyk bilýärin, hakykaty görýän nasionalistlerimiziñ sany Jazim Gürbüzde gutarýan däldir. Akyl-paýhasynyñ we wyždanynyñ üstüne örtülen perdäni galdyranlaryñ sözi birmeñzeş ýañlanmaga dowam etjekdigine ynanýaryn: “Daýym sola, daýym sola!” Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 04.12.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |