08:59 Demokratiýanyñ sumat bolmagy | |
DEMOKRATIÝANYÑ SUMAT BOLMAGY
Publisistika
Bütin halklar ýer-ýurdundan jyda düşürilen we millionlarça adam köçede galan ýagdaýyndaka, ABŞ-nyñ Kongresiniñ ünsi bir zada gönükdi: Palestinada doglan wekili Raşida Tlaibi Gazadaky jenaýaty ýazgarandygy üçin jezalandyrmak. Amerikan Kongresiniñ palestinaly ýeke-täk wekili Raşida Tlaib 2020-nji ýyldaky bir mitingde / Fotosurat: Pol Sankýa-AP Bular ýaly wagtlarda we konfliktlerde demokratik sistemalar bilen garşydaşlarynyñ arasyndaky tapawutlar deñeşdirme maksatly hemişe gaýtalanyp durýar. Şweýsar hökümetiniñ agaç çapan ýagdaýynda meseläni refedendumyñ gün tertibinde goýjakdygy aýdylýar. Gürrüñimiziñ özu täsin, emma deñeşdirme biraz samsyklaç. Çünki olaryñ ýurdunda referendumlar halkyñ arasynda geçirilýär, biziñ ýurdumyzda bolsa otagyñ içinde taýýarlanýar, geçirilýär we netijeleri mälim edilýär. Añsat ýolukýan bu infeksiýa halka açyk çakylyk bilen açyk festiwalda hemmelere ýolukdy. Ýoldaş Baýden Tel-Awiwe gelip, ABŞ-ny Ysraýylyñ hatarynda urşa sokdy. Yzyndanam konstitusiýanyñ tekstine laýyklykda meseläni ilki Kongresiñ gün tertibine goýmagyñ gerekdigini ýatlatdy. "Ýakyn Gündogaryñ ýeke-täk demokratik döwleti" (resmi lakamy) we onuñ prezidenti kanun esasynda jogapkärçilige çekilen hem-de agzalady bir topar näsag adamdan ybarat hökümetiniñ karary bilen üç million adamy öýsüz-öwzarsyz goýdy, jaýlaryny ýykdy, elli müñ adamy harabalaryñ arasyna gapgardy we bu adamlaryñ ýakynlarynyñ ömründen ýüz ýylyny ogurlady. Özüni demokratiýanyñ enesi we hak-hukugyñ mugallymy saýýan Angliýa-da mesele Obşinalar palatasyna gelip diremezden öñ turuwbaşdan Baýdeniñ bolşuny gaýtalady. Şol sebäpli garşy duruş toparynyñ jan pyçagyñ ujuna gelip dirände halklarynyñ ýanynda durma pikirine göz ýummagy geñ galdyranokdy. Günorta Liwan bäşinji ýa-da onunjy gezek birdenkä özüni şahadatyñ we ýaşaýşyñ arasyndan tapdy. "Hamasyñ" liwan halkyna habar bermezden olaryñ ýerinde urşujy ýygnaýandygy görüldi. Elli müñe golaý günortaly hamana bolaýmaly zat ýaly öýlerini taşlap demirgazyga ýöneldi. Bölünişik we boşluk ýagdaýy hem-de öñdenem barlygy-ýoklugy belli däl döwletiñ äsgerilmezliginden ötri bütin Liwan ysmaza uçrady. Halky maksimum ses tonuna we Netanýahunyñ ýokluk haýbatlaryna werziş etdi we edip biljek ýekeje zady "Hamasa" özlerini dönüklikde we ünssüzlikde aýyplanmazlygy üçin ýalbarmak. Liwanlylaryñ köpüsiniñ näme isleýändigi wajyp däl. Çünki olar demokratiýadan we konstitusiýa esasynda prezidentini saýlap bilme ýa-da harby toparlanmalary düzme güýjünden binesip. Bu ýerdäki çagşan demokratiýanyñ ýagdaýy demokratiýanyñ esasy ýurtlaryndan has beter däl bolsa gerek. Gaza urşy beýleki zatlaryñ ýany bilen birlikde demokratiýanyñ dünýädäki iñ soñky dady-perýadyny eşitdirdi. Şweýsariýa isleýşiçe agaç çapyp biler. Bütin halklar ýer-ýurdundan jyda düşürilen we millionlarça adam köçede galan ýagdaýyndaka, ABŞ-nyñ Kongresiniñ ünsi bir zada gönükdi: Palestinada doglan wekili Raşida Tlaibi Gazadaky jenaýaty ýazgarandygy üçin jezalandyrmak. Ynha, size Azаtlуklar Kongresi! Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Penşenbe 14.12.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |