13:23 Derñew dowam edýär | |
DERÑEW DOWAM EDÝÄR
Publisistika
Nawalnynyñ ýa-da Prigožiniñ mazaryna oklanan birnäçe gül dessesi häzirki ýagdaýy üýtgedip bilmez. Gyzgyn gözýaşlar bolsa şo-ol öñküsi ýaly akyp dur, akyp dur... General de Goll 1969-njy ýylyñ ýazynda Fransiýanyñ prezidentliginden öz islegi bilen gitdi, çünki fransuzlar teklip eden konstitusion reformalary bilen geçirilen referendumynda uly köpçülik oña ses bermedi. Bu netije bilenem De Goll halkyñ indi özünden daşlaşandygyny duýdy. Ol adamlaryñ uruş gahrymanlaryna bolan sylag-sarpalaryny uzak wagtlap dowam etdirmeýändiklerini bildi. Şondan öñ iñlisler Ikinji jahan uruşynda ýurduna ýeñiş gazandyran we De Gollyñam ýeñiş gazanmagyna ýardam eden Uinston Çerçilli saýlawlarda bir gyra zyñypdylar. Ýewropa taryhynyñ iñ esasy simwollaryndan bu iki şahsyýetiñ syýasy karýeralaryny ykdysady reallykdan biynjalyk bolan düşünjesiz we körsowat saýlawçy soñlandyrypdy. Iki hepdeden soñ ruslar 1999-njy ýyldan bäri ilki prezident, soñ premýer-ministr, yzyndanam hemişelik prezident bolup häkimiýet başynda oturan baştutanlaryny saýlamak üçin saýlaw sandyklarynyñ başyna üýşer. Wladimir Putin Iosif Stalinden bäri Kremliñ taryhyndan iñ uzak wagtlap häkimiýet başynda oturan döwlet ýolbaşçysy boldy. Galyberse-de, Putin ideal ýolbaşçynyñ nyşanasy hökmünde Staline çuññur hormat goýýandygyny aýtmaga çekinmeýär. Ýagdaý şeýlekä saýlawlara gitmäge we ses bermäge ne hajat? Gutlamak üçinmi? Prezident ýeñip biläýjek bäsdeşiniñ pikirini edýär. Emma bu gezek mynasyp bäsdeş saýlawlar gelip ýetmänkä aradan çykdy. Ýeri bolýa. Bu onuñ bäsdeşiniñ we goldawçylarynyñ meselesi. Tötänlik suduñ karary däl. Ikinji we üçünji derejeli dünýä ýurtlary demokratiýany bolmalysy ýaly düşündirýärler. Esasy zat halkyñ pikiriniñ ümsüm bolmagy. Bu ýurtlarda halka şeýle diýilýär: - Sen öýüñde arkaýyn oturyber, hiç biynjalyk bolma, señ ýerine özümiz ses bereris, sen aýagyñy uzyn sal-da ýatyber. Ine, dünýäniñ iñ esasy demokratik ýurdunda bolup geçýänlere bir seretseñizläñ: Biri bäsdeşiniñ adyny ýatdan çykaran, biri ýatlap bilmeýän iki goja prezidentlik üçin bäsleşýär. Munuñ özi "ýeke-täk adam" dünýäsinde amala aşmajak bolgusyzlyk. Tersine, bu dünýäde pikirler doly ümsüm, wyždanyñ doly ümsüm we asuda bolmagy şert däl. Otnositellik teoriýasy diýip eşdensiñiz-ä? Russiýa hem-ä özüne degişli, hemem özünden daşda uruş-çaknyşyk alyp barýar. Düýnki güne çenli Kiýew bilen Moskwanyñ arasynda hiç hili tapawut ýokdy, indi bolsa aralaryndaky dag-dereleri, deñiz-derýalary, leýis bolup ýatan läşleri, ölümleri, harabalyklary göz öñüne getirip görüñ. Göýä şu epizodlara bir zatlary goşjak bolýan ýaly Russiýanyñ prezidenti Wladimir Putin Ýewropanyñ Ukraina harby güýç ýollajagy hakdaky haýbat atmalaryñ arasynda Günbatara ýurdunyñ ýadro ýaraglara eýedigini ýatlatdy. Nikita Hruşýowam 1962-nji ýylda şol ýarag bilen haýbat atypdy, emma özüne garaşýan sahnany göz öñüne getirip yza ädim ätdi. Putin stalinizmi kül-uşak eden hoşniýetli çopan Hruşýow ýaly däl, ol ruslaryñ we dünýäniñ öñünde şeýle ýaraglarynyñ bardygyny aýdyp öwünýän adam. Iki tarapyñam saýlawlaryñ şular ýaly ýagdaýda geçirilýändigini bilmegi gerek. Nawalnynyñ ýa-da Prigožiniñ mazaryna oklanan birnäçe gül dessesi häzirki ýagdaýy üýtgedip bilmez. Nawalnyý türmede "öz ajalyna" ölen oppozisioner, Prigožin bolsa uçar heläkçiliginde öldi we onuñ bilen birlikde on adamyñ ömür tanapy üzüldi. Ölümleri boýunça şindizem derñew işi dowam edýär. Gyzgyn gözýaşlar bolsa şo-ol öñküsi ýaly akyp dur, akyp dur... Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 10.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |