13:23 Despotyñ täzesi, gulçulygyñ könesi, şeýlemi? | |
DESPOTYÑ TÄZESI, GULÇULYGYÑ KÖNESI, ŞEÝLEMI?
Publisistika
• Maýis Alizadäniñ Muhammet Salih, Şahin Jafarly we Erdogan Karakuş bilen geçiren söhbetdeşligi Otuz ýedi ýyldan soñra ýene Almaty (şol wagtky ady Alma-Ata). Ýene hadysalar, ýene bulam-bujarlyklar, ýene ölümler, ýene tutha-tutluklar... 1986-njy ýylyñ dekabrynda Gazagystanyñ şol wagtky paýtagtynyñ merkezi ploşadynda bolup geçen talyp tolgunşuklary Mihail Gorbaçýowyñ yglan eden "Üýtgedip gurmak we aç-açanlyk" syýasatynyñ "miwesi" hökmünde orta çykypdy, tolgunşyklar basylyp ýatyrlandan soñ Gazagystany 25 ýyllap dolandyran Syýasy býuronyñ agzasy Dinmuhammet Kunaýew wezipesinden boşadylyp, ýerine Gennadiý Kolbin bellendi. Ministrler sowetiniñ başlyklygyna bellenen Nursultan Nazarbaýew 1989-njy ýylda Moskwa tarapyndan Gazagystanyñ Kommunistik partiýasynyñ başyna oturdylyp, 1991-nji ýylda jar edilen garaşsyzlyk deklarasiýasyndan soñ bu gezek Garaşsyz Gazagystanyñ ilkinji Prezidenti boldy. 2019-njy ýylyñ iýunynda uzak wagtlap ýanynda saklap ýören adamy Kasym-Jomart Tokaýewi döwlet ýolbaşçylygyna saýlatdyran Nazarbaýew has owal konstitusiýa girizen üýtgeşmeleri arkaly "lider" ygtyýarlyklaryny saklap galdy we Gazagystanyñ dolandyryşyndaky agyrlygyny dowam etdirdi. Ýakynda 2-nji ýanwarda benziniñ bahasynyñ gymmatlamagyna garşy nägilelik bildirmek üçin we çaltlyk bilen ýurduñ dürli künjeklerine ýaýylan tolgunşyklaryñ "üstünlikleriniñ" biri-de Nursultan Nazarbaýewiñ köp sanly heýkellerinden biriniñ ýykylmagy boldy. Halk tolgunşyklaryny basyp ýatyrmak üçin döwlet ýolbaşçysy Tokaýewiñ GDA-nyñ Köpçülikleýin Howpsuzlyk Ylalaşygy Guramasynyñ (KHYG) goşunyny "Parahatçylyk güýji" ady bilen ýurda çagyrmagy çekişmelere ot berip, dürli ugurlara tutaşdyrdy. Üýtgeşmeleri başyndan bäri ýakyndan synlaýan "Independent Türkçe" gazak tolgunşygynyñ sebäplerini, ugurlaryny we syçrama ähtimallygy bolan nokatlary spesialistlerden soramagy dowam etdirýär. Ýetmişinji ýyllaryñ başyndan bäri diñe Özbegistanyñ däl, tutuş Orta Aziýanyñ azatlygy, 1991-nji ýyldan soñam demokratiýa üçin aralesmesiz göreşen Özbegistan Erk partiýasynyñ başlygy Muhammet Salih üýtgeşmelere şeýleräk görnüşde baha berýär: "Birnäçe ýyllardan bäri Orta Aziýanyñ iñ asuda ýurdy hökmünde tanalýan Gazagystan häzir ot içinde. Halk aýaga galdy we bu tolgunşyk 1986-njy ýylyñ dekabrynda Almatyda bolup geçen gozgalañdan deñeşdirip bolmajak derejede uly gerimli we ýykgynçylyklydyr. Bu iki wakanyñ biri-birinden tapawudyny deñeşdirende, 1986-njy ýylda gazaklaryñ rus agalygyna garşy köçelere dökülendigini, 2022-nji ýylda bolsa öz milli hökümetiniñ zulmuna garşy aýaga galandygyny görmek gerek. Şol bir wagtyñ özünde iki wakanyñam sebäpkäriniñ öñki kommunist pikirli kellelerdigini görmezlige salyp bolmaz. Bu ýurtlar 1991-nji ýylda garaşsyzlyklaryny gazandylar, emma bu ýurlarda häkimiýetde galan öñki kommunist ýolbaşçylar sebäpli hiç haçanam sözüñ doly manysynda garaşsyz bolup bilmediler. Bu köne pikirli çüýrük añyýetiñ eýeleri öz kürsülerini gorap saklamak üçin ýurduñ garaşsyzlygyndan el çekmäge-de taýýardyklaryny hemmelere görkeze-görkeze geldiler. Özüñiz serediñ, demonstrasiýaçylaryñ hötdesinden gelip bilmedik ýolbaşçy K.Tokaýew janhowluna KHYG atly ümmülmez ýurda gözegçilik etmegi göz öñüne tutýan žandarma guramasyny çagyrmadymy näme. Ýogsam bolmasa, bu gurama diñe daşardan çozuş bolan ýagdaýynda herekete girmek we düzgünnamada görkezilen wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek üçin niýetlenen organdy ahyry. Ine, hut şu sebäpli hem KHYG-yñ Gazagystandalu içki gapma-garşylyklara goşulmagynyñ hiç bir babatda hukuk esasy ýok." "Gazak halkynyñ KHYG-yñ operasiýasyna garşy durmagy gurama üçin kanuny taýdan goranmak hukugy döredi saýylar we hukuka gollanýan ähli ýurtlardyr halkara guramalar tarapyndan ýazgaryp bolmajak ýagdaýy döreder" diýen Muhammet Salih sözlerini şeýle dowam etdirýär: "Hawa, häzir diñe gazak halky üçin öñki sowet boýunturygyndan çykmadyk we çykjagam bolmaýan režimler bilen halklaryñ arasyndan çuñ gorp döredip, başyny Moskwanyñ çekýän KHYG-nyñ Gazagystana girmegi kiçi-girim waka däl bolup, ol gönüden-göni ýönekeý halkyñ üstüne edilen hüjümdir. "Parahatçylyk güýji" ady bilen Gazagystana ýollanan we belarusly, ermenistanly, täjigistanly esgerleriñem bolan köpmilletli goşunynyñ halklaryñ özara etniki çaknyşyklaryna-da sebäp bolup biljekdigi gümansyzdyr. Gazak hökümeti halkyñ asudalygyny we ýurduñ bitewiligini howp astyna alman meýletin işden gidip, demokratik çäreleriñ ýoluny açmagyñ deregine halky şunuñ ýaly astyndan çykyp bolmajak ýüküñ aşagyna iterýär. Munuñ ady "halk duşmançylygy" bolup, dessine gaýtmyşym ediler diýip umyt edýärin. Kommunist pikirli we Moskwanyñ terbiýesini alan ýolbaşçylaryñ "Halk terrorçydyr" sözlerinden wagt ýitirmän el çekmekleri gerek. Demonstrasiýaçylaryñ talaplaryny kanagatlandyryp, ýurdy saýlawalara äkitmegiñ häzirem açyk ýollary bar. KHYG haýal etmezden Gazagystandan çykmaly, hökümet bilen halk el-ele berip, bu çylşyrymly günlerden agzybirlikde baş alyp çykmaly." Üýtgeşmelere dürli taraplary bilen baha beren azerbaýjanly syýasy kommentator Şahin Jafarly "Independent Türkçe"-niñ sowallaryns jogap berende, gazak tolgunşygynyñ sebäpleriniñ dogry nukdaýnazardan seredilmeginiñ gerekdigine ünsi çekýär: Gazagystandaky wakalar 2022-nji ýylyñ başynda (2-nji ýanwar) ýurduñ günbatar oblasty Mañgyşlakda benziniñ bahasynyñ iki esse galmagy bilen başlady. Mañgyşlak nebit we gazyñ çykarylýan möhüm senagat merkezi bolup, Hazaryñ kenaryndaky Aktau porty bu oblastyñ iñ esasy şäheridir. Muña garamazdan sebitiñ halky çakdanaşa garyplykda ýaşaýar, oblast sosial-ykdysady meseleleriñem ýiti duýulýan ýeridir. Umuman alanda ýurt boýunça düşýän girdejiniñ adalatsyz, deñ bolmadyk paýlanşygy ynjalyksyzlyk döredýär. Ýolbaşçy gatlagyñ korrupsiýa düzgünini ýola goýup, lýuks şertlerde ýaşaýandygyny halk görüp-bilip dur. Tolgunşyklar Aktau we Mañgyşlak oblastynyñ beýleki möhüm şäheri Jana-Özende başlap, az wagtyñ içinde tutuş ýurda ýaýrady. Demonstrasiýaçylad ilkibaşda nyrhlaryñ pese düşürilmegi talap etdi, hökümet bu talaby kabul etdi, emma birden ýüze çykan wakalar az wagtyñ içinde syýasy röwüşe bürendi we köçelere çykan adamlar Nursultan Nazarbaýewiñ häkimiýetden çetleşdirilmegini talap etdi... Nazarbaýewiñ 2019-njy ýylda prezident kürsüsini Tokaýewe berenem bolsa, Howpsuzlyk geñeşiniñ başlygy bolup oturyp, ýurduñ gözegçiligini we döwlet dolandyryşynyñ ýüplerini öz elinde saklap galandygyny ýatladan Şahin Jafarly "Nazarbaýewiñ tegelek otuz iki ýyllap hökümeti eýeläp oturmagy tolgunşyklaryñ esasy körükleýji faktorlarynyñ birini emele getirdi" diýýär. Jafarly sözüne şulary goşýar: "Şol bir adamyñ häkimiýet kürsüsini sypdyrman eýeläp oturandygyna garamazdan ýaşaýyş-durmuş şertleriniñ gowulanyp gidibermezligi hak-hukuklaryñ we azatlyklaryñ gysylmagy, saýlawlaryñ bassyr-bussyr şertlerde dürli pyssy-pyjurlyklar bilen geçirilmegi ýaly sebäpler birnäçe ýyllardan bäri halkda çäksiz gahar-gazabyñ üýşmegine sebäp bolupdy. 2-nji ýanwarda ýarylyp dynan gahar-gazabam şonuñ netijesidi. Howpsuzlyk güýçleri tolgunşyklary basyp ýatyrmaga synanyşsalaram, az wagtyñ içinde wakalar elden-aýakdan çykdy, birnäçe ýerde adamlar edara binalaryna çozmaga başlady, talañçylykly hereketler bolup geçdi. Hususanam ýurduñ iñ uly şäheri we öñki paýtagty Almatyda tolgunşyklaryñ gerimi hasam uly boldy, şäherde rus dilinde gürleýän ylymly-bilimli ilat has agdyklyk edýär. Tolgunşyklara guramaçylyk edýän haýsydyr bir gurama ýa-da lider ýok. Galyberse-de ýurtda täsirli oppozisiýa ýok. Ýöne perdäniñ añyrsynda käbir elitalaryñ we klanlaryñ wakalara täsiriniñ bolup biljekdigi hakda şübheler bar." Jafarly "Gazagystan goñşulary bolan beýleki Orta Aziýa ýurtlaryna meñzeş formada belli bir derejede feodal gurluşa eýe ýurt. Jemgyýet dürli klanlara bölünýär, erkin saýlawlar bolmandygy üçin güýç we häkimiýet urşy döwletiñ içinde ýapyk gapylaryñ añyrsynda klanlardyr olaryñ wekilleriniñ arasynda bolup geçýär. Wakalarda bu faktorlaryñ täsiriniñ bolmagy ähtimallygynyñ bardygyna garamazdan elimizde bu boýunça anyk maglumatlar ýok" diýýär. "Tokaýewiñ prezident kürsüsine oturandan soñky äden ädimleri we ýöredýän syýasaty onuñ ýapja lider we Nazarbaýewiñ dikmesi bolmajakdygyny az wagtda görkezdi" diýen Jafarly, "Meselem, N.Nazarbaýewiñ gyzy Dariga Nazarbaýewa senatyñ başlygydy, Tokaýew ony eýeleýän wezipesinden boşadyp, döwlet apparatynda öz güýjüni artdyrmaga başlady. Soñky gezek K.Tokaýew 2021-nji ýylda häkimiýet başynda oturan partiýa Nur Otanyñ başlyklygyny Nazarbaýewiñ elinden aldy" diýýär. "Tokaýewiñ bu güýji we batyrgaýlygy nireden gelip çykýar" we "nämüçin Nazarbaýew kürsüsini oña berdi" sowallarynyñ möhümdigini nygtan Şahin Jafarly bu hususda Russiýa faktorynyñ orta çykandygyny aýdýar: "Tokaýew sowet döwründe Moskwada bilim alan we SSSR-iñ Daşary işler ministrliginde işlän köne diplomat. Garaşsyzlyk döwründe-de (2001-nji ýylda) doktorlyk dissertasiýasyny Russiýanyñ Diplomatika akademiýasynda gorady. Tokaýewiñ tolgunşyklaryñ Nazarbaýewe garşy gönükmegini amatly pursat hasaplap, ony Howpsuzlyk geñeşiniñ başlygy wezipesinden boşatmagy ünsi çekiji üýtgeşmedir. Russiýanyñ goldawy we rugsady bolmazdan munuñ beýdilmegi mümkin däldi. Tolgunşyklaryñ hötdesinden gelip bilmejegini bilibem, Tokaýewiñ KHYG-ny, aslynda Russiýany resmi ýagdaýda kömege çagyrmagy öz häkimiýetini goraýandygyny añladýar." Russiýanyñam wakalaryñ sebitde öz bähbitlerini howp astyna salyp biljekdigini görendigi üçin muña goşulmagy makul bilendigini aýdýan Jafarly "Ýagny, häkimiýet güýjüniñ dolulygyna Nazarbaýewden Tokaýewiñ eline geçmegini Russiýa aç-açan goldady. Elbetde, Nazarbaýewiñ özem Russiýa üçin amatly liderdi, onuñ Russiýanyñ bähbitlerine garşy hiç hili syýasy ugry ýokdy. Emma ol indi garrapdy we näsagdy. Moskwa haýsydyr bir nämälimlige maý bermezden Nazarbaýewiñ ygtyýarlyklaryny özi üçin has amatly birine tabşyrma tapgyryny başdan bäri (2019) goldapdy" diýýär. "Tokaýew sebitiñ beýleki möhüm aktýory Hytaýyñ bähbitleri üçinem amatly syýasatçy" diýen Jafarly "Russiýa bilen birlikde Hytaýam Gazagystanyñ iñ uly ykdysady we söwda partnýorydyr. Tokaýew SSSR-iñ Pekindäki ilçihanasynda dürli wezipelerde işlemek bilen bir hatarda Pekiniñ Dil we medeniýet uniwersitetinde (Beijing Language and Culture University) hytaý dilini öwrenen syýasatçy. Ol Hytaýda gowy tanalýar. Şonuñ üçinem wakalaryb geosyýasy tarapyny seljersek, prosesiñ Russiýanyñ we Hytaýyñ bähbitlerine görä ilerleýändigini görýäris." Şahin Jafarly şu synlary-da berýär: "Russiýa öñki sowet geografiýasyny gaýtadan gözegçilik astyja alma we SSSR-i dürli ýollar arkaly täzeden şekillendirme syýasaty taýdanam üstünlikli ädimleri ädýär. Hytaý bolsa bu sebitde, ýagny özüniñ demirgazyk-gündogar çäklerinde ABŞ-dyr Ýewropa bileleşiginiñ güýçlenme ähtimallyklaryndan çekinýändigi üçin Russiýanyñ bärlerde agramyny saklanyny gowy görýär. Bu "Guşak-Ýol" taslamasy taýdanam möhüm bolup, Russiýa bir ýandan öz bähbitlerini ýerbe-ýer etse, beýleki bir ýandan belli bir derejede Hytaýynam howpsuzlygyna goşant goşant goşdugy bolýar. Belorussiýadan soñ Gazagystanda-da garaşylmadyk ýagdaýda köpçülikleýik halk çykyşlarynyñ bolup geçmegi bu ýurtlaryñ daşyndan örän güýçli we asuda görünýändiklerine garamazdan, aslynda içerden näderejede inçe we ýolunmaga golaý tanapyñ üstünde durandyklaryny-da aýdyñ subut etdi. Raýatlaryñ hak-hukuklarynyñ gysylmagy, saýlawlaryñ gözboýagçylykdan başga zat däldigi, syýasy karara gelme proseslerinden jemgyýetleriñ dolulygyna çetleşdirilmegi, belki-de režimleriñ ömrüni uzaldybam biler, emma döwlet hökmünde uzak möhletleýin kemala gelme we demokratiýalaşma proseslerine hiç hili peýda bermeýär. Şol bir adamyñ uzak wagtlap ýurdy dolandyrmagy, aýratynam ýaş nesillerde uly lapykeçlikleri döredýär. Ine, şonuñ üçinem, Gazagystan wakalary demokratik we ykdysady reformalaryñ geçirilmeginiñ näderejede gereklidigini ýene bir gezek subut etdi. Russiýa bolsa öñki sowet geografiýasyny içgin tanaýan döwlet hökmünde bular ýaly wakalary we halk hereketlerini öz bähbitlerine gönükdirip, olardan peýdalanmaga, aýtymyna gelen her amatly pursaty peýlemäge dowam edýär. Gazagystan wakalary adyna "Türk dünýäsi" diýilýän giñ geografiýany mazaly sarsdyrana meñzeýär. Azerbaýjanyñ öz ýurtlaryny ermeni okkupasiýasyndan halas etmek üçin operasiýalary dowam edip durka, 2020-nji ýylyñ oktýabr aýynda MHP-niñ başlygy Döwlet Bahçeliniñ "Nahçewan bilen Azerbaýjanyñ arasyndaky koridoryñ açylyp, Nahçewanyñ gara ýoly arkaly Azerbaýjana birikmegi" üns merkezine düşüripdi we Türkiýäni nasional-konserwatiw gatlagy bu teklibi belli bir wagta çenli "Turana barýan gara ýoluñ bosagasy açylmaly" diýip uly gowur turzupdy. 2020-nji ýylyñ 10-njy noýabryndan soñ bu mesele "transport koridorlarynyñ açylmagy" görnüşinde üns merkezine düşüpdi. Gazagystandaky halk tolgunşygy "Turana barýan ýol" şowhunyndan öñ ürki respubliklarynda has derwaýys meseleleriñ üns merkezine alynmalydygyny görkezdi." 2-nji ýanwarda başlan halk tolgunşygyny "Independent Türkçe" üçin teswirlän Ankaranyñ Turan akademiýasynyñ başlygy, otstawkadaky general Erdogan Karakuş Türkiýäniñ soñky ýyllarda äden ädimlerine we anyk işlere ünsi çekýär: "Günbatar bilen Ukraina, yzysüre Belorussiýa, soñra täzeden Ukraina boýunça düýpli harçañlaşmalary başdan geçiren Russiýanyñ öñki eýelik eden geografiýasy üçin duýýan nostalgiýasy ilkinji nobatda yzyny we töweregini has pugta gözegçilikde saklamaga giriş hökmünde baha bermegimiz gerek. Gazagystanda ýüze çykan wakalarda Russiýanyñ käbir üýtgeşmeleriñ öñüni almak arkaly sebitdäki täsirini güýçlendirmegiñ aladasyny edýändigini görýäris. Turan akademiýasynyñ gurulmagy we geçen ýylyñ noýabr aýynda Türk geñeşiniñ Türk döwletleri guramasyna (TDG) öwrülmegi Russiýany mazaly ynjalykdan gaçyrana meñzeýär, sebäbi Daşary işler ministri Sergeý Lawrow "TDG ýaragly gurama öwrülmedik ýagdaýynda bimaza bolup duramzok" diýdi. Ýa-da MHP-niñ lideri Bahçeliniñ Prezidente sowgat eden kartasyna Moskwanyñ metbugat wekiliniñ nägileligi "Ol ýerler Russiýa Federasiýasynyñ ýerleri" görnüşinde boldy. Rus habar beriş serişdelerine göz aýlanymyzda, Türkiýäniñ soñky ýyllarda ädýän ädimlerinden "Turan arzuwy ýolunda ädilýän ädimler" diýip biynjalyklyklarynyñ bardygyny görýäris. Garabagda türk goşunynyñ "Parahatçylyk güýji" astynda hereket etmegine Moskwanyñ garşy çykmagyna-da şu çarçuwanyñ içinde baha bermek gerek." "Gazagystanyñ topalañyñ yzysüre Russiýanyñ başyny çekýän KHYG-yñ gyssagly ýurda ugradylmagy işiñ añyrsyndaky düýp maksady orta çykýarýar" diýen Erdogan Karakuş sözlerini şeýle dowam edýär: "Azerbaýjan operasiýalarynyñ üstünlikli dowam edýän kyrk dördünji gününde Russiýanyñ taraplara ylalaşyga gol çekdirip, öz goşunyny Azeri topraklaryna ýerleşdirmegi halkara hukugyñ çygryna hernäçe sygyşmaýan bolsa, KHYG-yñ köpmilletli "Parahatçylyk güýji" goşunynyñam Gazagystana girmegi hukuga şonuñ ýaly ters gelýär. Çünki Gazagystandaky wakalar içerki gapma-garşylyk bolup, KHYG-yñ düzgünnamasy daşardan hüjüm bolan ýagdaþynda goşun ugradylmagyny göz öñüne tutýar. Topalañyñ haýal etmän togtadylmagy we gazak hökümetiniñ bir çykalgasyny tapyp öz ýurdunyñ raýatlary bilen dil tapyşmagy gerek. 10-njy noýabr gijesi rus goşunynyñ "Parahatçylyk güýji" ady bilen azeri topraklaryna girip, Ermenistanyñ serhet postuny we Hankentdir Hojaly bilen bir hatarda 4 müñ kw km-lik ýeri öz gözegçiligi astyna almagy Moskwanyñ gelejekdäki meýilnamalaryna mysal döretdimi? Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy W.Putiniñ Gazagystandaky üýtgeşmeleri Belorussiýanyñ, Ermenistanyñ, Täjigistanyñ, Özbegistanyñ, Gyrgyzystanyñ döwlet we hökümet ýolbaşçylary bilen ara alyp maslahatlaşmagynyñ manysy nämekä eýsem? Başda Gazagystan bilen bir hatarda Orta Aziýanyñ beýleki halklary üçin bu aýaga galmalar prosesiniñ özi bilen birlikde getiren soragy şol bir zat bolup galýar: Netije bir diktator bilen hoşlaşyp, täzesine "Hoş geldiñ" diýmekden ybarat bolarmyka, ýa-da ahyryn "Ex Oriente Lux"-my?* ______________________________ * "Ex Oriente Lux" - "Ýagtylyk gündogardan göge galýar" 09.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |