10:44 Diagnozy: "ýygnak" / satiriki hekaýa | |
DIAGNOZY: "ÝYGNAK"
Satiriki hekaýalar
Men-ä walla, şu ýygnakdyr leksiýalardan halys basylýan. Asyl işe eliñi degreñok, kese ýykýar. Ez-bez bolupdyryn, ýygnak sesini eşitsem, bir hili endamym titirr edýär. Ynanaýyñ, işe gitmeli bolanda edil ýaga depjek ýaly. Ýygnaksyz günümiz geçenok, kä günler yzly-yzyna ikisi-üçüsem bolýar. Elbetde, pylança ýygnak geçirmeli diýip onuñam ýokardan berilýän öz plany bardyr-da. Eý, aman, heý beýle-de bir zat bolar oguşýa. Diñe öñümizdäki hepde-de dagy sekiz ýygnak bar-how! Ynha, planlaşdyrylany şo, ýöne şeýle geçirilýäniniñ-ä hetdi hasaby ýok. Dat günüñe. Çekip-çydar ýaly däl. Nätjek, adam başy daşdan gaty diýleni-dä. Birine barmasañam, düşündirişiñi ýaz diýip dyzaşyp durlar. Ýok, gowusy zähmet rugsadyny alyp uzagrak bir ýerik gitmeli. Gaçan gutular etmesem bolmaz. Ýüregi bire baglap bardym başlygyñ ýanyna. -Garaşyñ azajyk. Selim Sapaýewiç ýygnak geçirip otyr-diýip, sekretar gyz sagadyna seretdi. Men birden, diñ arkan gaýdypdym. Birdenem, şu ýygnaga özümiñ çagyrylmandygymy geñ görüp begendim. Kabulhanada hernä kän garaşmaly bolmadym. Haý diýmän ýedi-sekiz sany adam ýüzüni sallaşyp çykyp gitdiler. Gözüm ýok ýaly girdim menem süssürlip. -Başlyk aga jan, özüñ bir murtuñy gymyldadaweri, ýogsama halymyz teñdir. -Hä, näme boldy? Ýa ýene-de planyñy... Ol sözüni soñlaman köp manyly meniñ ýüzüme seretdi. Onuñ diýjek bolýan zadyna düşündim. -Ýok, plany dolmak hakynda ýap-ýañy ýygnajyk geçirdik... -Ýygnajyk geçirmeli däl-de, ýygnak geçirmeli, ýygnak-diýip, ol soñky sözüni has hetjikledibräk aýtdy. -Başlyk aga, bagyşla. Ýygnak geçirdik, çäre-de işläp düzdük, elli ýedi punktdan ybarat. -Ýeri, onda indikiñ näme? -Zähmet rugsadyna çykyp bolmazmyka? ! -Haçandan? -Mümkin bolsa, ynha, hut şuş-şu minutdan. Selim Sapaýewiç sesini çykarman kalendaryny agdaryşdyrdy. Onuñ gür gara gaşlary taýly gezek bürülip ýazyldy. Elindäki ruçkasy bilen stoly tyrkyldatdy. -Tak, tak, ta-ak. Grafik boýunça haçan otpuskañ?- Wah, bar zat bulaşjag-ow. Howatyrlandym. Her niçigem bolsa dogrusyny aýtmaly. -Grafik boýunçar-a ýene-de bir hepde gowrak bar. -O-ho-ho-ow! Ol-a bir hepde oguşýa, ýekeje günem maslahatsyz çözüp biljek däl. Häzir döwrüñ talaby şeýle. Işler üýtgedilip gurulýar, düşnüklimi?! Bu meseläñi, han ogul, ilki bilen-ä öz sehiñizde ýygnanyşyp çözmeli. Olar makullasalar, onsoñ ýerli komiteriñ ýygnagyna aýtmaly. Meseläniñ özbaşdak çözülýän döwründen bir wagt oba göçdi.... Ýagyşdan gaçyp damja uçraýdym öýdýän. Baý bir maslahat yzyna maslahat geçdi-ow. Hernä, çekeleşik bir-nol hasaby bilen meniñ peýdama gutardy. Niredesiñ Gara deñzi kenary diýip uçdum mundan. Şu tükeniksiz ýygnaklardan bir salym-a gulagym dynç bolsa gerek. Ine, meýmiräp ýatan mylaýym deñiz suwy. Ýarym-ýalañaç adamlardan ýaña onuñ kenarynda aýak basara ýer ýok. Menem çykarynyp aýagymy suwa sokdum. Edil şol pursat reproduktordan kimdir biriniñ çasly çykýan sesi eşidildi. -Üns beriñ, üns beriñ! Gepleýär ýerli radiouzel. Hormatly dynç alýan ýoldaşlar! Häzir suwda ýüzüş ylymlarynyñ kandidaty Iwanow "Adam we deñiz" diýen temada leksiýa okajak. Üns berip diñlemegiñizi haýyş edýäris. Başlaberiñ! Mylaýymdan ýakymly ses ýañlandy: -Planetamyzyñ köp böleginiñ suwdugyny özüñizem bilýänsiñiz. Suw bilen oýun etmek bolmaz, ýoldaşlar. Ägä boluñ, ol gaty eýmenç zatdyr. Men muny sizi gorkuzmak üçin aýdamok. Sözümiziñ gury bolmazlygy üçin geliñ, gowusy sanlara ýüzleneliñ. Dek düýnüñ özünde ýurdumyz boýunça 70 adam suwuñ pidasy boldy. Hawa, şeýle ýagdaý her gün gaýtalanýar. Dogry, bu sanyñ azalmagy üçin köp çäreler durmuşa geçirilýär. Ýöne gark bolanlary halas edijileriñ işinden heniz biziñ göwnümiz suw içenok. Ýogsam tutuş ýurdumyz boýunça her gark bolýan adama aýlykly-günlükli 1250 sany halasgär düşýär. Olaryñ tijenmekleri zerur. By meselede biz Amerikanyñ Birleşen Ştatlaryndan yza galýas. Olarda her 100 müñ adamdan 252-si, bizde bolsa 6,67-si gark bolýar. Munuñ özi çydamsyz ýagdaýdyr, ýoldaşlar. Olaryñ yzyndan ýetip geçmeklik üçin belki suwa düşünmämizi azaldarys, ýoldaşlar. Halasgärleriñ-ä näme, ýüpüniñ üstünde odun goýarlygy ýok. Indi bolsa iki agyz öz plýažyñyz hakynda. Şu ýylyñ birinji ýarymynda geçen ýylyñ degişli döwürdäkisinden gark bolanlaryñ sany iki ýarym adam azaldy. Munuñ özi guwandyryjy faktdyr, ýoldaşlar. Arkaýynçylyga ýol bermek bolmaz. Adamçylykdyr, birden suwuñ aşagynda heläk bolaýsañyz, ur-tut halas edijilere jañ ediñ. Olaryñ telefony... Ýañy suwa degen aýagym yza çekildi. Dogrusy, gorkdum. Bilmän ýörüpdiris, asyl suw bir ýuwdarha eken-ä. Be, indi deñziñ ýakasyna gelibem suwa düşünmän gidäýmeli bolarmyka?! Reproduktordan başky gürläniñ sesi eşidildi: -Indi bolsa bildirişimizi diñläñ! Şu gün agşam dynç alyş öýüniñ ýazky klubynda leksiýa boljak... "Leksiýa" sözüni eşidenimden, başym aýlanyp başlady. Birdenem, gürpüldäp gaýtdym gapdallygyma. Hernä suwa ýykylmandyryn, şoña-da şükür... Gözümi açsam, dogtorda ýatan ekenim. Ak ýektaýly gelin meniñ nireden gelendigimi sorady. Jogap berip ýetişmänkäm gapy açyldy. -Galina Nikolaýewna, siz näme ýygnaga barañzok, garaşyp otyrlar ahbetin. Syrkawyñ gaçyp gitjek ýeri ýok. Ýörüñ hany... Ol sesiñ eýesiniñ kimdigini bilip bilmedim. Sebäbimi?! Sebäbi, özümden gidipdirin. Hormatly okyjy, ýogsa-da, sen meniñ keselimiñ başynyñ nämedigini añansyñ-la?! Berekella, gaty dogry. Keselimiñ diagnozy: "ýygnak" Täçmämmet JÜRDEKOW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||