21:07 Dialog | |
DIALOG
Goşgular
Gyz: -Bir gün çagyramda jogap bermeseň, Gelmeseň gözlerim garanda ýola. Bir saňa teşnekä ejizje göwnüm, Uzadan gollarym almasaň gola. Näderin, näderin, bilmedim aýan, Bir saňa niýetläp, keşdeläp gaýan. Gijeleri ýatman bar mährim çaýyp, Bir seni dünýäde ýekejäm saýyp. Mährimi siňdirip tiken tahýamy, Gowşuryp bilmesem, tapmasam seni... Oglan: -Adym tutsaň dillenerin bir-ä men hem ýene-de ýüregiňden çykar ses. Görjek bolup zarynlasa gözleriň, Häzir borun, şol küýsegiň maňa bes. Goluň tutup goraglaryn görüp eý, Göwnüňe aşaryn, joşaryn suw deý. Guraryn diýjek däl gyzyldan tagty, Bir saňa ýeterlik bererin bagty. Ömrüme gel indi, gaýgyny goý-da, Nesip, tahýany hem geýerin toýda. *** Göz bilen däl, ýürek bilen birje bak, Düşünmäge bolmadymy häli çak. Mekgede Myhammet pygamber bolsa, Ynsanyň köňlünde ýaşaýar-a Hak. *** Çagalykda häzir bordy diýenim, Gaýgy-gamsyz bu durmuşym kemsizdi. A häzir-ä gara ýanyk gollarym, Aýajakdym. Ah, köýnegim ýeňsizdi. *** Gözlem ýene ýola bakýar gijara, Umyt bar-da wagt öňünde biçäre. Ýöne razy, hijrana-da bir pursat, Köňüldäki duýgularmyz güýjäre. *** Soraglam jogapsyz, hiç kim eşdenok, Hatda görenoklar meniň barlygym. Bir zat gerek bolsa gözläp tapamok, Gizlensem tapylýan seret darlygyn. Ahmet ARAZOW | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |