09:31 "Dialoglar" ýadyma düşdi | |
"DIALOGLAR" ÝADYMA DÜŞDI
Publisistika
Telewizora seredip durkam, birdenkä ýadyma Eflatun (Platon) düşdi! Onuñ baş gahrymany öz mugallymy Sokratyñ arkasynda durup ýazan "Dialoglar" eserini ýadyma saldym. Adam dialog barlygy. Adamyñ adama aýdýany we adamyñ diñleýäni dialogyñ özüdir. Dialog düşünmegi, eýermegi we bu ýolda işlemegi añladýar. Dialogyñ hökmany gerek zady akyl-paýhasdyr... Akyl-paýhas ukybyna eýe adam pikir-düşünjelerini, duýgularyny, etjegu-etmejek işlerini dil arkaly orta atýar. Düşünje bilen diliñ arasynda akyl-paýhas bоlmasa üzlem-saplamlyk problema döredýär. Hawa, biziñ jemgyýetimiziñ dialogsyzlyk ýaly mundan aşa çökder meselesi bar... Düşünmegi, düşünişmegi, eýermegi we bu ýolda işlemegi bes etdik. Gatnaşyk ýitdi. Munuñ "birinji belgili" jogapkäriniñ kimdigini bilmeýän ýokmuka diýýärin. Onuñ jemgyýetçilik aladalary piñine-de däl. Näçe gezek aldandy, ýalñyşdy we häzirem "özüm bilýärin" howasynda ýaşaýar! Hiç zady piñine alanok... Bu uly eserinde Eflatun döwleti dolandyrýan adamlaryñam kanunlara gyşarnyksyz eýermekidigini nygtap, "Bir döwletde kanunyñ güýji ýok bolsa we yzygiderli bozulýan bolsa, meniñ pikirimçe ol döwletiñ ömri gysga bolar" diýipdir. * * * Ömürboýy adamlaryñ hakykaty tapmagy üçin jan çeken Sokrat ýetmiş ýaşynda aýyplanyp suda çykarylypdyr. Arz edenem Sokratyñ nadandyklaryny yzygiderli ýüzlerine basan Anitosyñ we Likonyñ arz etmäge yran Melet atly biridi. - Sokrat döwletiñ ynanýan hudaýlaryna ynanmaýar, dinsiz we ol ýaşlaryñ añyny üýtgedýär. Aýyplaýjylaryñ garşysynda asla garaşylmadyk "günäkärlenýän" dikildi. Aýyplamalary püçege çykaran Sokrat sözüniñ yzyndan öz ýaşaýan durmuş formasynyñ arkasynda durdy: - Özüni sylaýan adam durmuşyñ we ölümiñ howpuny göz öñüne tutmalydyr... Adam birini azdyran wagty onuñ özüne-de azma howpy abanýar. Ol hiç kimi azdyrmaýandygyny, ýoldan çykarmaýandygyny, şeýle-de adamlara hakykaty görkezmekden hiç haçan el çekmejekdigini aýdypdyr. Häkimiýete elgarma sözde sud Sokraty günäli hasaplapdyr. Eýse jeza nähili bolmaldydy? Sokratyñ derñew işinde kanun tarapyndan göz öñüne tutulan anyk jeza bolmandyr, aýyplanýanyñ jezasy sud tarapyndan kesgitlenipdir. Bular ýaly ýagdaýlarda sud, arzaçy we üstünden arz edilýän tarapyndan teklip edilýän goşmaça jezalary gözden geçirip belli karara gelnerdi. Bu derñew işinde beýle bolmady: * * * Platon, Kriton, Kritobul, Apollodor ýaly filosoflar Sokratyñ boşadylmagy üçin otuz mna tölemegi teklip edipdir. Sokratyñ bar baýlygy bäş mna eken. Kimsi Sokrata gaçmagy teklip edipdir. Kimsi "Afinynyñ daşynda ýaşasyn" teklibini edipdir, kimsi "duýduryjy tussag jezasynyñ" berilmegini isläpdir... Sokrat bolsa "häkimiýetiñ hasabyna ýaşap ýören mugthor tarapgöýler ýaly ömürboýy mugtyna iýip-içeýin" diýip, olary ýañsylapdyr! Häkimiýete elgarma sud gaýtmyşym etmeýän Sokraty halka göz bolsun diýip ölüm jezasyna höküm edipdir. Sokratyñ soñky sözleri şu bolupdyr: - Islendik howp abananda adamy ölümiñ elinden halas edip biljek birnäçe ýol bar. Ýöne ol adamyñ hemme zady aýdyp biljek ýa-da edip biljek derejede ar-namys damary gaýnap duran bolsun! Mundan, ýagny ölümden gaçyp sypmak onçakly kynam däl, iñ agyry erbetlikden gaçyp sypmak. Men garry we ýuwaş biri hökmünde özümdenem ýuwaş biriniñ eline düşdüm, aýyplaýjylarym bolsa ukyp-başarnykly we çalasyn boluşlaryndanam has çalasyn erbetligiñ eline düşdüler. Men häzir siziñ berjek ölüm jezañyzyñ hökümi yglan edilen ýagdaýda arañyzdan aýrylýaryn, olar bolsa hakykat tarapyndan pisatlyga we adalatsyzlyga tussag ediler... Tankydyñ öldürilen, dialogsyz goýlan jemgyýetler ýykylmaga mejburdyr. Köpimiz bolýan zatlaryñ howpuna düşünenok. Haýp. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" 20.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |