20:51 Diktator dälmidi? | |
DIKTATOR DÄLMIDI?
Publisistika
Köp wagtam däl, birküç aý öñünçä wagta çenli Erdogan hakda nämeleri diýmediler, etmediler, ýazmadylar: - "Diktator" diýip, gazet-žurnallaryñ ýüzüni onlarça gezek "bezediler". - "Diktator" diýip ýüzlerçe habar taýýarladylar. - "Diktator" diýip müñlerçe makala ýazdylar. - "Diktator" diýip interwýular berdiler. - "Diktator" diýip telegepleşikler taýýarladylar. - "Diktator" diýip mitinglerde banner (pankart) açyp, slogan atdylar. - "Diktator" diýip, komediýa gepleşiklerine tema etdiler, ýañsyladylar. - Hatda fotosuraty üýtgedip, Gitlere meñzedip, žurnalyñ sahabyna çykardylar. Nämeleri etmediler... Emma geçen hepde: Hususanam amerikan metbugatynda "diktator Erdogan" sözi birdenkä ýatdan çykaryldy! Erdogany diktatorlykdan aýryp, gahrymana deñediler... Howa ýekeje resmi sapardan soñ üýtgedi. Erdoganyñ geçen hepde Ukraina eden sapary amerikan metbugatynyñ garaýşynyñ üýtgemegine sebäp boldy. Muña öwrülip geljek, ýöne ilki şu seljermämi ýazaýyn: ABŞ-ny zol-zol mantyksyz was-wasylar arkaly duşmansyz ýaşap bolmaýan ýurda öwürdiler! Çakdanaşa howatyr we gorky bilen häsiýetlendirilýän bu paranoik ynjalyksyzlygy arkaly amerikan jemgyýetçiligi ýesir alyndy. "Sowuk uruş" döwrüniñ paranoýasy SSSR-di. SSSR dargansoñ, "yslamy terror" paranoýasy başladyldy. Häzir muña goşmaça ýasalan Russiýa we Hytaý howpu-da goşuldy. Şu gün... Dañlaryny Russiýa bilen atyryp, Hytaý bilen agşamlaryny geçirýärler! Amerikan metbugatynyñ soñky döwürdäki baş temasy - Ukraina-Russiýa oñşuksyzlygy. • ERDOGANA ALKYŞ Ukraina sapary amerikan metbugatynyñ Erdogana gönükdirilen aggressiw howasyny pagyş-para etdi. "Russiýanyñ troýa aty bolan Türkiýe-Erdogan NATO-dan çykarylmalydyr" diýýän amerikan metbugaty şobada bu ýazanlaryny ýatdan çykardy. Ukraina krizisi babatda Erdogan umyt halyna geldi! "New York Times" we beýleki amerikan gazetlerinde "NATO-nyñ kämahal nätjegini bilmeýän kararsyz ýarany Türkiýe Ukrainany goldaýar" sözbaşyly habarlar ýazylyp ugraldy. Bir döwür Stambulda-da ýaşap giden amerikan žurnalistkasy Kler Berlinskiniñ atan twiti meseläni aýdyñlaşdyrýar: "Meýdanyñ tozany asmana galdy welin, hemmeleriñ Türkiýäniñ NATO-dan çykarylyp-çykarylmazlygy baradaky sowaly bir gapdala goýandygyny belleýärin." ABŞ-nyñ Daşary işler ministrliginiñ metbugat wekili Ned Praýs "Türkiýe NATO-nyñ möhüm ýaranydyr. Bu resmi saparyñ maksatlaryny ara alyp maslahatlaşmagy türk ýaranlarymyzyñ paýyna goýýaryn" diýdi. Diñe "goldaw" sapary däl... Erdoganyñ Ukraina Türkiýede öndürilen uzak aralyga atýan uçarmansyz istrebitellerini bermegini amerikan metbugaty el çarpyp garşylady. Erdogana "Putiniñ kuklasy" diýýärlerdi, şindi ol "Putiniñ garşydaşy" boldy duraýdy! ABŞ-nyñ bolşy şeýle... ABŞ metbugatynyñ bolşy şeýle... Olar diñe öz bähbitlerine, neplerine gulluk edýärler... Saýasyna giren wagtyñyz-a, sizden şobada gahryman ýasar... Ukraina syýasaty muña iñ gowy mysal... Şuña geleliñ: • BIR TARAPLY SÖÝGI Türkiýede käbir gatlaklar amerikan metbugaty Erdogan "diktator" diýse monça bolýar, "hakykaty olaram gördüler" hasaplaýar. Nähili uly ýalñyşlyk... ABŞ-nyñ we habar beriş serişdeleriniñ Türkiýä bolan garaýşy diñe öz bähbitlerine gönükdirilendir. Men hemişe ýazyp gelýärin: ABŞ hiç mahalam ýaranymyz bolmady, bir taraply söýgi bu! ABŞ Osmanlynyñ parçalanmagyna gatnaşdy. ABŞ Anadolynyñ basylyp alynmagynda rol oýnady. ABŞ hemişe "Beýik Ermenistan" we "Beýik Kürdüstan" maksatnamasyny goldady. ABŞ Lozanda bize duşmançylyk etdi. "Dostluk we söwda şertnamasyna" gol çekmän on ýyl garaşdyrdy. ABŞ SSSR bilen gatnaşyklarymyzyñ arasyna çöp atdy, "Sowuk uruşda" Türkiýäni özüne "ýesir" etdi. Buýruk berdi, "Koreýa" mehmetjik ugrardyk. ABŞ "Jonson haty" bilen bize haýbat atdy, Kipr parahatçylyk hereketinde garşymyza dikildi, ýarag embargosyny goýdy. ABŞ öz ýurdumyzda näme ekip-dikjegimize çenli goşuldy, haş-haş ekinçiligini gadagan etdi. ABŞ "Gijeýarymyñ ekspressi" ("Полуночный экспресс") ýaly çeper filmler bilen bizi ýer ýüzüne wagşy millet edip görkezdi. ABŞ prowokasiýalar arkaly harby döwlet agdarlyşyklaryna guramaçylyk etdi. ABŞ mehmetjigimiziñ (esgerlerimiziñ) kellesine halta geýdirdi. ABŞ PKK-ny goldady. YPG-PYD-ä ýarag berdi. ABŞ ýarag-raketa satyn almagymyza çenli burnuny sokdy. ABŞ "15-nji iýul" FETÖ agdarlyşygyny meýilleşdirdi. Uzatmaýyn. Aýdyp biljegiñiz barmy, bu neneñsi dost, bu niçiksi ýaran? Soñky döwürde: Erdogan Russiýa we Hytaýa ýakynlaşandygy üçin... Erdogan Eýrana garşy goýlan embargo eýermändigi üçin... Erdogan Siriýada "Kürt döwletine" ýol bermändigi üçin... Erdogan Ermenistana garşy Azerbaýjany goldandygy üçin... "Diktator" yglan edildi. Seniñ demokratiýañ, azatlygyñ ABŞ-nyñ ne gamyna? Inönüniñ aýdan bir sözi bar: "Uly döwletler bilen gatnaşmak aýy bilen düşege girmege meñzeýär." ABŞ birini "öpýän" bolsa, ol şol wagt howp astynda diýmekdir! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 08.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |