10:36

Dil hakda kelam agyz

Sözler
Категория: Sözler | Просмотров: 509 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
0
1 yalnyzozi660812  
1367
википедия акганмы?

0
5 Bagabat  
43
Ýok. Däl.
Haýsydyr bir elektron ensiklopedik platformanyň diri adam üçin "aga, akga, aba we ş.m." bolmajakdygy öz-özündenem düşnüklidir-le.
Şu saýt 2018--nji ýylyň iýun aýlarynda döredildi. @Haweranyň we ýene-de özlerini kän bir sereşlemegi halamaýan başga-da birnäçe edebiýatyň janköýerleriniň tagallasy bilen (muny birnäçe gezek, @ Haweranyň özi teswirlerinde ýazdy. Şoň üçinem köpbilmişsirämok.).
Şondan bärem bu saýtda agzalaryň özboluşly bir aragatnaşyk saklamak atmosferasy, özboluşly gepleşik dili (slengi, žargony) emele geldi. Şol slengde-de "Wikipedia akga, Gugl baba, Pylan kaka, Pylan daýy, agam, dostum" we ş.m. degişme häsiýetli sözler ulanylmaga endik edilipdir. Özüm-ä şeýle slengiň ulanylmagyna düýbünden garşy däl. Sebäbi umumy dil ulanyş aýratynlyklary, agzalara özara aragatnaşyk saklananda bir hörpden gopmaga ýardam berýär. Ruslar muň ýaly ruhy-aragatnaşyk hadysasyna: "Быть на одной волне" diýýärler.
"Öwrenilen endik bolsa örkleseňem durmaz" diýleni. Şol sebäpdenem ýaňky ýaly ýüzlenmeler, şu saýtdaky özara gatnaşyk saklamaga ymtylýan agzalaryň toparyna mahsus bolan sözjagazlar öz-özünden diliňden sypaýýar (ýagny, ýazylaýýar).
Bu ýaşyňa gelişmeýän kelpeňlikmi, suwjuk, ýuwan süwümsizlikmi?
Men-ä "däl" diýip hasaplaýan.
Sebäbi haýsydyr bir adam bilen içgin, ynanyşykly gatnaşygy ýola goýjak bolsaň, sen isleseň-islemeseň onuň bilen bir "dilde" (ýagny, slengde, žargonda) geplemeli bolýaň. Eger şeýtmeseň seň aýdýan zatlaryňy söhbetdeşiň diňlemän, gulagynyň duşundan geçirip goýberýär.
Şu nukdaýnazardan meniň özüm-ä, mysal üçin öz teswirlerinde maňa @mango: "Pylan kaka, Pylan daýy" diýip ýüzlenende, men onuň ýüzlenmesinde özüm üçin hiç hili kemsitmäni, kiçeltmeklige dalaş etmäni görmeýärinem, syzmaýarynam. Men @mangony diňe şu saýtda tanaýan, olam diňe nikinden. Realda oň niredendigi bilenem, ady, familiýasy bilenem işim ýok. Oňa: "Men nä seň Pylan kakaňmy ýa-da daýyňmy?" diýip ýesersirän bolasymam gelenok. Ýa-da @Haweran, @Gurgençli ýaly agzalar maňa: "agam" diýip ýüzlenýärler. Olara-da: "Nä men seň agaňmy?" diýesim gelenok.
Umuman, bu uzyn teswir bilen diýmekçi bolýanym eger-de, men "wikipedia" elektron ensiklopedik portalyna "akga" diýip ýüzlenme-ýazgyny ýazmak bilen siziň çuňňur konfessional ynançlaryňyza şek ýetiren bolsam sizden ötünç soraýaryn.
Ýoluňyz ak bolsun!

0
6 Bagabat  
43
Ýene-de bir söz (Kerim aga (Kerim Gurbannepesow) şuň ýaly ýerde: "...magtanmak däl, öwüt däl" diýýä :-(...):
ZIL-5301 kysymly, ýagny ZIL-53 kysymly ulag aýatda bar eken. 1991-nji ýylda ilkinji nusgalyklary öndürilip, 1995-nji ýylda-da doly, yzygiderli önümçilige goýlupdyr.
Ýöne, meniň "başga tema eken" diýilýän ýerde göz öňünde tutanym 1961-1991-nji ýyllar aralykda öndürilip, halk hojalygynda giňden ulanylan GAZ-53 kysymly ýük ulagy. Şol ýalňyşymyň düzedileni üçinem başga ýerde minnetdarlyk bildirdim...
Ýöne bu eýýäm, başga tema...
Ýene-de bir gezek ýoluňyz ak bolsun!

0
2 Atsyzatly  
1393
"Diňe dil adamyň pikirini maddylaşdyryp, beýleki adamlaryň aňyna ýetirmeginiň hötdesinden gelýär."

Saz, surat, çyzgy, heýkeltaraşlyk, binagärçilik ýa-da islendik başga jisimlerden ýasalan zatlar arkaly, şol sanda el we aýak hereketleri arkaly hem adama öz pikiriňi beýan etse bolýar.

"Hameleon" sözi hameleonlygyna galsa gowy bolar. Ilki international söz, ikinjidenem türkmençe "öwşeňňir" ýa-da "öwşeňňiç" sözleri gulagada ýakymly däl we hameleonyň edehätinede bap gelenok. Hameleondan başga öwüsýän zadam az däl.

0
4 Bagabat  
43
Adamlaryň özara aragatnaşyk saklamagynyň beýleki usullaryna ünsi çekip, ýalňyşlygy görkezeniňize minnetdar.
Düzetdim.
Sag boluň.

0
3 Bagabat  
43
Bäh, agzaýan eken-aý, Wikipedia akga!
Iňlisçe çykýan ekeni. Men bolsa iňlisçe bilmämsoň rus dilinde gözledipdim.
Ýöne gugl-translate girseň salarlaň sany 260000 diýip berlipdir, 2013-nji ýylyň ilat ýazuwyna görä. Sag bol. Düzedýän.
Wikipedia akga, senem şyltak atanyma keçiresiz! :-)

0
7 Yusup  
50
Serdar aga, köçe dilinde bizde şol maşyna diňe "53" diýip atlandyrýarlar. Özümem 53-e zil ksymyny berýädim. Zil maşynlarna meňzeş bolanlygy üçin bolaýmasa. Bolmasa bizem oba oglany, 53-iň üstünde kän çaýkanandyrys. Howuzhana goşumyza barjak bolsaň 4 sagat ýöremeli, görgüsi ýetik. Häzirki wagtda döwrebap ýeňil ulagynda 3 sagatda Aşgabada baryp bolýar. Kiril harpda ýazan ýaşulynyň teswirini okap geň galyp google daýa ýüzlenmeli boldum. Hakykatdanda gaz-53 eken. zil-53 01 ulag hem bar eken. Ol doňuz kelle 90-dan bär çykan maşyn.

0
8 Yusup  
50
Goňşy saýtda bir zenan agza "...nämä Jöwrenýäň" diýen teswir galdyrypdyr. Geň galdym şu sözi ilkinji gezek eşitdim. Manysy gowy bolmasada owdan söz. "Näme it ýaly üýürýäň" diýen ýaly. Biziň grammatikamyzda barmy ýa-da şiwemi? Jöwrenmek!

0
9 Bagabat  
43
JOWRANMAK [jowronmok], işlik.

1. Ýiti agyry zerarly awunmak.

2. göçme manyda: Agyr ýitgi, horluk we ş.m. zerarly gynanmak, ýanyp-bişmek. Aşakdaky sözleri, Ýazýar Anna jowranyp (A. Alamyşow).

3. Zeýrenmek.

4. göçme manyda: Ýanyp-bişip käýinmek, zeýrenmek.

Çeşmesi: Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. Iki tomluk. I tom. A–Ž. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2016. sah. 631.

“Üýrmek” manysynda bolsa, “jöw-jöwlemek” ýa-da “jöw-jöw üýrmek” diýilýär.

0
10 yalnyzozi660812  
1367
Бизи оз доврумизде "ОБАДА ЯШАЯРМЫН? - TЕХНИКАНЫ ОВРЕН! диен шыгар астында тербиеледилер. Техниканы овренмесегем атларны ялнышамызокдык. Мен копбилмишлик эдип сорамадым Багабад ага!Генрак горен задымы сораман дуруп билемок. Википедия акганмы дийип сорамагымам шон учин генрак эшдилайди! Догрусы биринин лакамыдыр дп душунжек болупдырын. Себаби, Планы энциклопедик алым, Назар Нобель ялы лакамлара габат гелипдим.Наме ол энциклопедия язышдымы? Ëк, наме сораг болса чоп довен ялы эдйани учин энциклопед дп лакам дакыпдырлар. Я Назар Нобель.. бир мугаллым. физика- математик.. мугаллым етмансон химия биологиянам йуклапдирлер устине. Дашынданам янкы предметлерден репетиторлык эден. Эгер окувчыларнын бири янкы предметлерден ВУЗ-a экзамен устунликли табшырса Нобель байрагны алан ялы бегенйан экен. Википедия интернет бу затлар бизе гаты гич гелди. Mен-э орс харпында язаймасам тазе харпда элим овреншенок. Яшымыз бирчене барансон. Ай боля-ла, жан саглык.. Сизе-де устунлик!!

0
11 Bagabat  
43
Agam!
Ýaşuly, Hudaý bar, ynan!
Arada @mangoň kiçijek wakajygyndaky süpük taksistiň "nirä barýadyg-aý"-yndan soň bir hepdeläp, şofýor görsem gülüp gezen bolsam, seň teswiriňi geçen şenbede, agşam okap, iki gün bäri öz üstümden güle-güle hezil etdim.
Agam, bagyşla! Şuny gaty çynym bilen, dynnym ýalyjagam oýunsyz ýa-da kinesiz aýdýandyryn.
Ynan, ikimiziň aramyzdaky dialog şo duruşjygyna anekdot, bir hekaýajyklygam material.
Kozma Prutkowyň bir sözi bar: "Nämedir bir zada düşünmeýänligimiz, biziň mana düşmez kütekdigimizi aňlatmaýar. Diňe şol düşünmeýän zadymyzyň biziň düşünmek isleýän we düşünýän zatlarymyzyň çägine girmeýändigini aňladýar".
Ynan agam, "wikipediýa"-ň nämedigine çyny bilen düşünjek bolup soraýandygyň hakyndaky ýönekeýje çaklama men-akmagyň kellemä-de gelmändir-ä.
Heh.
Hezil berdiň, ýaşuly! Sagja bol. Görjegiň gowy, janyň sag bolsun, agam!
Özüňdenem ýene-de bir sapar çynym bilen haýyş edýän, agam şojagaz teswirdäki teýenelije sözlerimi bagyşlaweri.
"Belaň körügi akmaklaň akmaklygynda däl-de, adamlaň birek-birege düşünişmezliginde" diýilmeýärmi?
Şo boldy meňkem.
Ömrüň uzak bolsun, agam!

0
12 Bagabat  
43
Ýene-de, arada bir teswiriňde "Gelin kürtesi" atly hekaýany sorapsyň welin, hiç kim jogap bermedi öýdýän, ýaşuly! Şol hekaýa şu saýtda bar:
Ine salgysy: http://kitapcy.ru/news/gelin_kurtesi_hekaya/2020-07-03-4442

Onsoňam, Nutdy "Ensikloped" lakamly personaž şu saýtda goýlan "Ýitip öýlenen" atly hekaýada-da bar.
Şol hekaýaň, ine salgysy: http://kitapcy.ru/news/yitip_oylenen_hekaya/2019-07-01-7461

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]