06:07 Dilçi / hekaýa | |
DILÇI
Hekaýalar
«Aşgabatdaky Altyň çagalarynyň birem türkmençe bilenoklarmyşyn». «Agtyjaklarym bilen ine-gana arzy-hal aýdyşyp, gürleşibilmejek bolsam barjagam däl» diýip, ejesi görgülem telim wagt bäri oglunyňka gara salmyýamyşyn» diýen habara Garaman obasynyň ähli adamlary ynansa-da, şol obadaky orta mekdebi uruş ýyllaryndan başlap tä şu günki güne çenli gutaran ähli ösdurimleriň ene dili we edebiýat mugallymy, Mülli mugallym ynanmady. Çünki ol: «Her bir halk beýleki halkdan özüniň dil aýratynlygy bilen tapawutlanýandyr, özbaşdak dili bolmadyk halk — halk hasap edilýän däldir, öz ene diliňizi eziz saklaň, hormatlaň, hemme dilem hormatlaň, başarsaňyz daşyndan on dil öwreniň, ýüz dil öwreniň, esasanam, rus dilini öwrenin, hökman öwreniň, ýöne welin, özüňiziňkini bek biliň, juda bek biliň» diýip, ömürboýy okuwçylarynyň gulagyna guýup ýördi ahyryn! Şonuň üçinem, ol şol habary eşidenden: «Ýalandyr! Töhmetdir! Meň elimden çykan oglanlaryň arasynda olar ýaly gabahat iş etjegi ýokdur. Men olara beýle zat öwreden däldirin. Bu ýerde bir duşünişmezlik bardyr. Goşgularynda gerekmejek del sözleri ulanyp, edebi dili garyplaşdyrýandygy üçin men näçe wagt bäri Atadurdy bilenem gatnaşyksyz gezip ýördüm welin, indi mun-a siz ataýmaly etdiniz goýaýdynyz-la, haw, adamlar! Bi ne habar boldy, haw, halaýyk!» diýip, eli hekli mekdebiň içinde iki ýana elewräberdi. Şol habaryň çyndygyny ýa ýalandygyny baryp Altynyň ejesi Aksoltan daýzadanam sorady. Onuň: «Wah, çyn, jan Mülli, çyn!..» diýip aglamjyrap ugranyny görensoň-a, hasam erbet boldy. «Hiý, çagasyna ene dilini öwretmedigem bir eşek bormy?» diýip, gijelerine dik oturyp çykdy. Ahyram: «Aý, ýok, men-ä şony gözüm bilen görüp, gulagym bilen eşidäýmesem ynanjakgä. Ynanjakgälem, ynjaljakgälem» diýdi-de, obadaşlarynyň: «Oň üçin dagy janyňy ýakyp ýörmesene, Mülli! Bular ýaly uly halkyň içinde bir adamyň eýdeni-beýdeni bilen üýtgän zat bolmaz. Ýadyňa düşýämi, Işangulynyň kiçi oglunyň üç ýyl gulluga gidip gelip: «Ýa ny panymat» diýen bolup ýörşi? Muňkam şoňky ýaly bir zatdyr-da» diýeilerine-de bakman, direktordan iki günlük rugsat alyp göni Aşgabada, Altynyň ýanyna gitdi. «Wah, Işangulynyň oglunyňky ýaly bedibagtyň kesti bir özüine ýetýän bolsa jähennem welin, bu birgiden çaga kast edir otyr ahyryn. Şu habar çyn bolsa, men bi işi beýle goýman. Ine, bararyn, gö- rerin. Ýalan bolsa-ha ne ýagşy, çyn bolsa welin, şol pederine nälet getiren peläkediň göni iki gaşynyň ortasyna tüýkürerin! Dile hyýanat etmekligiň nämedigini gözüne görkezerin!» diýip, ýol boýam gyjyna-gyjyna geldi. Altynyňka baryp, bary-ýogy bir käse çaý içer ýaly salymyň içinde ähli aýdylýan zatlaryň çyndygyna göz ýetireninden soňam, güýçli harasatdan öň howanyn erbet bir dymyşy ýaly, aşak bakyp, sessiz-üýnsüz oturdy. Altynyň oba hakyndaky, dogan-garyndaşlary hakyndaky berýän sowallaryna-da oňly jogap bermedi. Birdenem sargylt gözleriniň üstüni örtüp duran agyr gabaklaryný zordan diýen ýaly göterdi-de, dişlerinden syzdyryp: — Bu nätdigiň boldy seniň, pelidin biri pelit? — diýdi. «Hä, nam bolupdyr, ýoldaş mollum? Näm boldy? Näm edipdirin men?» diýip, zoraýakdan ýylgyran bolun oturan Altynyň lopbuş ýüzüni gözlerinden çykýan uçgunjyklarynyň howruna çawlap oturyşyna, agyr bir namysyň astyndan çykybilmän, ejir çekýän namysjaň ýigit ýaly, tutuş göwresi bilen sandyrady. Her sözüne agram salyp, basyp-basyp geplände süňkleri somalyşyp duran duluklaram titredi. Gollary gezek-gezegine galgady. — Nätjekdiň sen mundan beter?! Mundan beter öldürjekmidiň sen bulary?! Bujagazlar indi Magtymgulyny nädip okasynlar? Bagşyny nädip diňlesinler? Ejeň nädip gepleşsin indi bular bilen? Nädäýipsiň sen bu gül ýalyjak çagajyklary? — Mülli mugallym dyzynyň üstüne galdy-da, sag eliniň süýem barmagy bilen howany saýgylady. — Şu dili men, Alty jan, kakam pahyrdan öwrendim. Kakam atamdan, atamam babamdan öwrenipdir. Menem tutuş ömrümi harç edip size öwretdim. Ata-babalarymyz bilen aramyza gorp düşmesin diýip öwretdim. Gezeginde şularam öz çagalaryna öwretsin diýip öwretdim!.. Şümi indi seň meniň pendimi tutuşyň? Hä? Bol, sen maňa jogap ber! Özüňem gaty çalt ber jogaby. Garamanyň depelerinden aşyp, sakgalyňy syryp bermäge gelemok men bu epe. Jogap soramaga geldim. Mugallymynyň öňünde müýnürgemekden, ötünç soramakdan geçen, gaýtam Alty degişjek bolan boldumy ýa halys aýdara başga zat tapmadymy, oturan ýerinde arkan gaýyşdy-da, hil bir iş bitiren ýaly «heh-heh» edip: — Ýa, mollum, biz bir intelligent adam, how, şoň üçin birneme döwrebabrak bolmasak bolanok. Özümiz-ä näme, özüň bilýäň, obada bolup bar zatdan galdyk. Indi bular bir biz ýaly bolmasynlar. Bize görä şular bir nemeräk bolsunlar, how — diýen boldy. Ol şeý diýenden, Mülli mugallymyň ozaldanam telim gün bäri tow alyp duran gahary çöşlenip-çöşlenip bir demde ýetjek derejesine ýetdi. «Şuň şu somalyp duran burnuny kesip alagada, özüne iýdir-dä welin...» diýip dişlerini gyjanda, bäbenekleriniň ýüzündäki üzük-üzük gök ýüplüklere meňzäp duran damarjyklarynyňam barysy birden gyzgylt reňke boýaldy. Garaýagyz ýüzi öňküsindenem beter garaldy. Geplejek bolup gozgananda hortaň, ejiz göwresi ýeliň ugruna yraň atyp duran çalamydar çatma ýaly ýaýkyldap, üç-dört öwran dagy eýläk-beýläk elendi. Ol birdenkä ýerinden turup, Altynyň üstüne sürneninem, sesinde baryny edip gygyranynam duýman galdy. — Döwür näme saňa «diliňi taşla» diýdimi?! «Eneň bilen ümleşip gepleş» diýdimi?! «Intelligentsire-de ata-babalaryň bilen araňa çäk çek» diýdimi? Şu indi seň intelligent boldugyňmy?! Öz bagryňdan önen çagajyklaryňa kast edip, olary şirin zybanlaryndan, süýji mukamlaryndan aýryp, ýurdunda otyrkalar gaýry bir ýurda «sürgün» edip otursaň, dewrebap boldugyň bolýamy? Häý, nadan! Seň ýaly guýrugy gysga, görümsiz, alar awun, salar guşun aňlamaz, zandy ýarty intelligendiň «tüf» ýüzüne! Mülli mugallym «...bä-ä, sen-ä, ýoldaş mugallym, maňa gaty zabun käýejegow, hä?..» diýip tilkisiräp oturan okuwçysynyň «mydy-mydysyna ünsem bermedi. — Ýene bir gezek aýdýan, saňa men, Alty, «tüf» ýüzüňe! Men indi oba baramsoňam, her gün ir bilen turup, sana tarap üç ýola tüýkürjek! Ejeň görgül-ä gan eňräp ýör welin, ýöne seň soňky eňrewiň oňkyň dagam çeni-çaky bolmaz. Görersiň entek... Onsoňam, sen, han ogul, «obada ösdük, pylan-pismidan...» diýen bolup dilin-başyňy çeýneme! Düşdüňmi? Oba dälmi seni adam eden? Seni şu ýere getiren, seni şu derejä ýetiren şol obaň kirşenli ýollary dälmi? Obada, Alty han, ataň mazary ýatandyr, eneň ojagy durandyr. Seni açlykdan alyp çykan, dokmäde hoşaly meýdanlaryň bardyr. Entän günüň maňlaýyňdan direjek obadyr ýene-de. Degme, yzyňy gömme! Aýtma ýaňky ýaly sözi! Beý diýseň, birdenkä bir säher sabanyň sergin ýeli şo ýandan öwser-de, obanyň ahy tutup, agzyňy-burnuňy gyşardar goýberibir... Häý!.. Mülli mugallym gygyra-gygyra halys ýadandan soň: «Wah, enesi bilen, gepleşmez güne salar ýaly bujagaz çagajyklarda näme günä bar diýsene!» diýdi-de, «Be, bu bize gawun getirip beren adam kimkär-aý?» diýýän ýaly, elleri dilimlenen gawunlyja, geleli bäri öz daşyndan aýlanypjyk ýören bir enaýyja çagajyklaryň hersiniň ýaňagyndan bir gezek ogşady. Ýantorbasyndan çykaryp, hersiniň eline bir ene dili kitabyny tutdurdy. — Hemme zat, ine, şundan, — ene dilinden, «ene» diýen sözden başlanýandyr, köşekler. Kakaňyz sizi aldapdyr. Köp dil bilmek gowy zat. Meň özümem şoň tarapdary. Ýöne özüňkini bilmezlik welin, gaty aýyp zatdyr. Namysdyr. Ene diliňi bilmeseň, bir goluň çapylan ýaly elmydama kibtiň kelteden kakar durar. Il-günem görer. Hälem bolsa bir pille. Entegem giç däl. Il-günem geň görer. Siz entek ýaş. Zehiniňiz dury. Ine, alyň! Alyň! Öwreniň! Erte eneňiz gezmäge gelende «Ene» diýip, ylgap öňünden çykaryňyz ýaly, häzirlikçe, hiç bolmanda, «ene» diýmäni bir öwreniň. O görgüliň göwni bärde. Şu ýere gaýtmakda, sizi görmekde. Ýöne nätsin... — Ol bilgeşländen Alta eşitdirmek üçin gatyrak gepledi. — Juda şu ýerde okudar ýaly adam tapdyrmaýan bolsa, men sizi özümjik okudaýaryn, obadan gatnap. Aýda bir gezek gelemde-de alyp çykaryn men sizi bu ýagdaýdan. — Ol henizem aşak bakyp oturan Alta gözlernni alartdy. — Gulak as! Şu güne çenli okudyp goýberen okuwçylarymyň sany alty ýüz altmyş altydy. Indi şol alty ýüz altmyş bäş bolýa. Sen hasap däl. Men seni öz ispisegimden öçürýän. Baryp nirede bolsa-da, tapyp, žurnaldanam adyňy öçürjek. Düşdüňmi? Şundan şu ýana oba-da eltjekgä seni! Baraýma! Garaňy sa- laýma! Aksoltana-da aýtjak, getirme şol ogluňy, geç şondan diýip! Düşdiňmi? — diýdi-de, damagy dolanlygy sebäpli sözüniň yzyny soňlabilmän, çykyp gitdi. Gaharyna iki sagat dagy köçede gezmeledi. Nädende Altynyň petigulysyny berip boljakdygy barada oýlandy. «Her näme bolsa-da dilçidir, şu zatlar şoňňam gaty bir janyna ýakyp duran däldir. Göreýin hany, o näme diýýä... Belki, bir ýol salgy beräýedi-dä» diýibem, öz okadyp goýberen okuwçysy, respublikan gazetleriň birinde edebi işgär bolup işleýän Atadurdynyňka tarap tutdurdy. Baryp ýaraşdy. Ýaraşyşy ýalam: «Ine, ýene-de bir mesele ýüze çykdy, Atda jan, ine, indi şuny nädeli biz ikimiz? Hä?» diýip, Atadurdynyn ýüzüne çiňerildi. Şeýle zatlara ýol berendikleri üçin, onuň özüne-de igendi. Nädende, Alty ýalylary toba getirip boljakdygy barada kelle döwdi. «Onda nädeli diýsene, neme jan... Şolar ýaly tamdyrlaryna tüýkürişip ojaklaryna piçjiň atyşyp ýörenler bu şäheriň içinde başga-da bardyr. Ana, şolary ikijigimiz bileje gazete ýazagada, barsyny bir elden it masgarasy edeli. Bomy? Tankytlaly! Ýepbekläli! Uraly! Ähli obaň dil we edebiýat mugallymlaryna ýüzlenme kabul edeli. Goý, biziň şu ýazjak makalamyzy okap, beýleki obalaňam dilçileri aýaga galsynlar. Eger-de okudyp goýberen okuwçylarynyň arasynda Alty ýalylary bar bolsa, goý, olaram haýal etmän gazete seslenme ýazsynlar. Biziň bilen maslahatlaşsynlar. Şeýtmesek bolmaz muny, Atadurdy jan! Bu gidişine gitse, edil iki arka öwrülmänkä, diliň soňuna sogan ekäýer bular. Şu içi ajy tüsseden doly dar şäheriň içinde biri-biri bilen gyslyşyp, leňňeç ýaly ýanyn ýöreşip ýörseler, birentegi nämekäk, nä derejä ýetäýdikkäk diýýäler. Aýaklarynyň aşagyndan aňryny görenoklar — diýdi. «Haş-haş» edip Atadurda elini serdi. — Onda nädeli diýsene, neme jan, näme jan, sen maňa heniz tutulmadyk giň çyzykly depder bilen gök ýazýan syýaly galam tapyp ber. Galanyny özüm oňaryn. Sen ýöne soňundan çykaryşsaň bolýa. — Şondan soň ol, hamala, aşagyndan çykmasy kyn, çykgynsyz ýagdaýdan çykalga tapan ýaly, süňňi ýeňläp, ýerinden galdy-da, dabanyny keçä-de degirmän, ýerden bir garyş ýokarda gezmelemäge başlady. «Edil içim ýanyp barýa-da, neme jan, seňkem şeýlemi?» diýip, Atadurda ýüzlendi. Onuň sowukganlylyk bilen: «Me, ýoldaş mollum! Ýazsaň, ýaz, ýöne oň üçin dil-ä ýitmez. Ondan arkaýyn bol» diýip, özüne tarap göwünli-göwünsiz uzadan depderini keçäniň üstüne patladyp taşlady-da, ala-hasyrdy bolup aşak çökdi. Bir taý gulaksapysyna derek işilen sapak daňylgy, bir gözem jygda-jygda bolup duran äýnegini jübüsinden çykaryp gözüne ildirdi. Daňdy. Iki sany ýassygam bagrynyň aşagyna basdy-da, äýneginiň aňyrsyndan iki esse uly görünýän gözlerini nägilelik bilen Atadurda dikdi. — Beý diýmesene, neme jan! Beýtmäň-ä! Duýn obada-da şeý diýip bagrymy ýakdylar meň. Ony Işangulynyň ogly bilen bir deňeşdirdiler, beýleki bilen bir deňeşdirdiler. Ine, senem, indi şolar ýaly bir bolgusyz zat diýjek bolup dursuň. Sen bir beý diým-ä... Sen bir beýtme, jan köşek... Bi zatlar oýun eder ýaly zat däl-ä, neme jan... Onsoňam, olar, birinjiden-ä, edil siziň pikir edişiňiz ýaly, bir ýa iki däldir. Düşdüňmi? Bolaýanda-da, şolar bir-ow, ýa iki-ow diýip arkaýyn ýatyp bolmaz. Ýaman zat ýaman ýaýragyç bolýandyr. Bu gün biri şeýder welin, zat diýmeseň, ertir ýene biri şeýder. Ana, onsoň olar birigün üç bolarlar, soňky gün dört bolarlar. Şeýdibem, eýläňe-beýläňe bakmankaň şeýle bir köpelerler welin, soň olary sen gyrybam gutarybilmersiň. Edil saryçyrmaşyk ýaly bar ýerini tutaýar. Şon üçin, şumatdan olaryň tumşugyna kakmak gerek. Öňlerinden çykmak gerek. Düşdüňmi? Türkmen aga şirin zybanyny gaty kän gowgalardan alyp çykandyr. Indi muny doklukdan alyp çykmak biziň paýymyza düşdi, Atda jan, düşdüňmi?! Mülli mugallym gepläp boldy-da, gahardan ýaňa sandyr-sandyr edip duran elleri bilen öňündäki depderi açdy. Ýazjak makalasynyň gazet üçindigem, onuň bir topar adamyň elinden geçmelidiginem undup, birinji sahypanyň iň ýokarsyndan uly-uly harplar bilen: «ALTY ÝALY KÄBIR DILINE KAST EDÝÄN HARAMZADALAR HAKYNDA MAKALA» diýip ýazdy. Makalanyň başynda diliň taryhyndan, halkyň medeni taryhyna diliň edýän täsirinden, diliň taryhy ähmiýetinden, Altynyň bolşundan bäş-üç sözi bildigiçe giriş hökmünde ýazdy-da: «Eý, eziz kärdeşler! Mähriban mugallymlar! Hormatly dilçiler! Men sizden ullakan haýyş edýärin! Eger-de okudyp goýberen okuwçylaryňyzyň arasynda Alty ýaly ýeksurunlar bar bolsa, baryň-da ýüzlerine tüýküriň! Men-ä şony şeýtdim şu gün!..» diýip, ur-tut esasy meselä geçdi. Özem Altynyň uzyn, tagaşyksyz göwresini gözleriniň öňüne getirdi-de, onuň tüýs bir janyna bataýjak, namysyna degäýjek sözlerden agtardy, göwnüne Alty, hakykatdanam, hol burçda boýnuny sallap, özüni on ýyllap okadan mugallymynyň çykarjak hökümine garaşyp oturan ýaly, garşy-garşy çüňke tarap çinerildi. Gahary hetden aşyp arasynda: «Wah, dözümsizlik ediläýýä-dä, ýogsam-a şeýdenlerine görä şolary görene göz edägede, halkyň öňüne çykaryp atmaly welin...» diýibem ýazdy. Ýalňyşanyny bilip yzysüre çyzdam-da, «Aý, ýürekleri ýarylýan bolsa ýarylsyn-la, şolaryň, degme, gorksunlar-la» diýip, şol çyzan setiriniň üstünden şol sözleri ýene-de ýazdy. «...Dilini ýitirýänlere-hä bir çäre görmeli, üstesine dili ýoýýanlaryňam mazalyja çetlerine degmeli» diýmek bilenem, makalany gutardym etdi. Depderi buýsanç bilen Atadurda uzatdy. — Hany, neme jan, žurnalistligiňi et-de, senem bir okap gör şuny! Nädäýdikä?! Atadurdy makalany hasyr-husur gözden geçirdi-de, olar ýaly zat üçin dagy mugallymy gaty görerem öýtmän, ýürejigindäkini aýdyp goýberdi. — Bi diýýän zatlaryň, ýoldaş mollum, umuman, dogram welin, ýöne seň munyň gazete-hä bolmaz. Mülli mugallym ýüzin salyp barýarka ýüzüne urlan at ýaly, başyny silkip, özüni beýläk zyňdy. — Hä?! Nämüçin bolmaz? — Aý, neme-dä, birinjiden-ä, içinde «haramzada, ýeksurun» diýen ýaly gödek sözler kän. Gaty gaharly ýazypsyň, «...atmaly», «...ýok etmeli» diýen ýaly düýbünden ters zatlaram bar. O zatlary düzedişdirip birazajyk tasa getiräýeýin, täzeden işläýeýin diýseňem, seň bi gozgajak bolýan meseläňem bir beýdip gazete ýüzlenme ýazyp, garşysyna göreş yglan edip ýörer ýaly problema derejesine ýeten mesele däl. Men ony ýaňy sen ýazmaga başlamankaňam aýtdym. O-ol, seň göwnüňe getirişiň ýaly, diliň üstüne hiç hili howp abananok. Galyberse-de, özüň bilýäň, her kimiň öz islegi, öz erki. Oňa «eýt, beýt» diýmäge biziň hiç haýsymyzyň hakymyzam ýok. Saňa-da diýdirtmezler. Göz-görtele: «Alty ýaly pylankesler» diýip adyny tutmaň-a hijem bolanok. Şular ýaly möhüm, derwaýys mesele bilen gelende-de arkasyny alman, özündenem beter ýanyp, goşa ýumrugyny galgadyp galybermän, gaýtam birgiden gürrüňleriň başyny agyrdyp, takwasyrap oturandygy üçin Mulli mugallymyň Atadurda erbet gahary geldi. Bir pursadyň içinde öýke damarlary oklaw ýaly bolup, gyr-jyny gara atyna atlandy. Atadurdynyň bolup oturyşyndan, gepinden-sözünden çen tutup, onam Alty bilen pikirdeş, ilden çekinmese, öz çagalarynam günübirin Altynyň çagalarynyň gününe saljak näletkerde, özüniň dil «duşmanlarynyň» biri hasaplady. Şol, öňki gezekki goşgularyny tankyt edip käýeşeni üçin henize çenli içinde kitüw saklap gelendir, ýaňam ýalandan ýaraşandyr, indem şu pursatdan peýdalanyp, ar aljak bolýandyr, makalany bilgeşländen çykartmajak bolýandyr öýtdi. Derrewem, Altynyňkydan çykyp gaýdanyndaky kaddyna ýetdi-de, saňňyldap başlady. — Näme, senem indi şonuň arkasyny aljak bolýaňmy? Ýa seň üçin hiçmi bu zatlar? Jähennemmi? Bir wagt dil ýitse «şo wagtyň dilçileri nirä seretdilerkän» diýip, öňi bilen ikimiziň mazarymyzy çybyklajaklar-a çyn! Mugallymyň ynjap ugranyny Atadurdy ýaňy duýdy. — Ýa, ýoldaş mollum, sen maňa dogry düşün, men oň arkasyny aljak bolamok... Men ýöne... Men saňa... Emma Mülli mugallym ony diňlemegem islemedi. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde depderi okuwçysynyň elinden kakyp aldy-da, dikligine iki epläp jübüsine saldy. Goltugyndan gop berlen ýaly ýerinden ýeňillik bilen galdy-da, dazlap baryp burçdaky asawaçdan asylgy duran eşiklerini geýmäge başlady. Atadurdam towsup ýerinden turdy-da, ylgap baryp, iki eli bilenem mugallymynyň heniz geýip ýetişmedik balagynyň bir taýyndan aslyşdy. — Bolýa-laý, ýoldaş mollum! Beýtmesene! Hany, dursana entek, düşünişeli-le! Men-ä ýöne saňa... Onçasynam özüň gör... Ýazsaň ýaz. Hakyň bar. Eltip görkez diýseň görkezeýin oglanlara. Redaktyra-da görkezeýin... ýöne olaram, barybir, şo meň aýdanjalarymy aýdarlar, başga zat aýtmazlar. Sen ýöne, gowusy, beýdip, howsala düşüp ýörme-de... Mülli mugallym balagyny Atadurdynyň elinden silkip aldy-da, ala-hasyrdy bolup aýagyna sokdy. Iliklerini ildirdi. Kemeriniň deşiklerini tapman, görgi baryny görüp durşuna sesini titredip: — Lak atma indi mana! Düşdiňmi? Mollumam diýme! Adymam tutma! Maňa Alty ikiňiz ýaly ene diline duşmançylyk edip ýören nadan okuwçy gerekgä! Ikiňizisem adyňyzy öçürjek žurnaldan. Şu ýerden bardygym öçürjek. Alty ýüz altmyş dördem bolsa bolýa maňa. Bar, özüňem meň bilen düşünişme-de, git-de, Alty bilen düşüniş. Ikijigiňiz bir çüýşe aragyň başyna çöküň-de, meň gybatymy ediň! Iki sany ysnat getiren bolup meň üstümden gülüň! «Mülli mugallym yzagalak, düşünjesiz, şu döwre nämynasyp, hälem wagtynda şähere gaýdaýypdyrys, ýogsam bizem şoň ýaly obada çüýräp galjak ekenik» diýiň! Düşdünmi?! — diýdi. — Aýryl beýläk! – diýip, Atadurdyny bir tarapa itip goýberdi. — Häý, iline-gününe ysnat getirip ýören pelitler! Aýyrgyçlar bilen doldurgyçlaryň tapawudyny bilmän, ýören doňuzlar! — Mülli mugallym hälki depderi jübüsinden çykardy-da, Atadurdynyň gözleriniň öňünde iki ýana galgatdy. — Goşgularynyň içine öňünden çykan amanat sözleri garyp ýör, dar çekimlileriň düşüriliş kadasynam dogry berjaý edenok, çykarýan gazetiniňem her sahypasyndan azyndan bäş sany orfografik ýalňyş çykýa diýäge-de, şuň içine indi hut seňňem adyňy goşjak! Şuňa-da Alty bilen deňine çäre görüň diýip ýazjak! Ýok edip gazetdenem kowuň, ýogsam diliň içine güýe giren ýaly edip barýa diýjek! Ýoýýa diýjek! Mundan soň indi men, beýdip, siziň bilen sypaýysyraşyp durman. Otly kesindini ed-dil bazyrdadyp maňlaýyňyzyň ortarasyna basaryn! Onsoňam bar-a, gazete nämäň bolup, nämäň bolmaýanyny, meň özüm gowy bilýän. Oňa «haramzada» diýib-ä däl, «wenezzyna» diýibem ýazyp bolýa. Bolýanyny özüňem bilip dursuň. Sen ýöne muny bilgeşleýin edýäň. Altyň arkasyny aljak bolup edýäň! Çykartmajak bolup edýäň. Senem Altyň guýrugy. E-eý, şäherlijikler, siziň baryňyzam diliň ýoýgujy! Şoň üçinem, biriňiziň şahyňyza urulsa, beýlekiňiziň sünňi syzlaýa!.. Hemmäňizem äkidip ataýarlar öýdüp gorkýaňyz. Gorkunjyňyza ölüp barýaňyz. Ölüň ölýän bolsaňyz! Atylyp ölmejek bolsaňyz asylyp ölüň! Balagyňyza boglup ölüň! Sen önki gezegem, şeýdip, meň göwnüme degdiň! Gyramatkanyň sylanmaýan ýerine, dile sarpa goýulmaýan ýere gelmelem däl welin, şu öňi bilen meň özümi öldürmeli. Alta görä-hä nemeräk şol-how, diýdim-de, gaýdyberdim-dä! Häý, oňarmandyryn-ow! Zyýany ýok, hälem bolsa giç däl! Hälem bolsa men gidibilýän. Ol gapynyň agzyndaky üýşüp ýatan birgiden täzeli-köneli çaga köwüşleriniň arasyndan öz köwşüni dörjeläp-derjeläp zordan diýen ýaly tapdy-da, apgyrdyny basyp, aýagyna ildirdi. Bagjygynam daňman, dazanaklap çykdy-da, gapynam gürpüldedip ýapdy. Ýapyşy ýalam şakyrdadyp yzyna açdy-da, ýaňadandan içerik boýnuny uzatdy. Atadurdynyň ýüzüne çiňerildi. — Atadurdy! Soňky gün eşitdim-eşitmedim diýme! Şu günden şeýläk Alty ikiňizinem ýüzünizi Babaly görsün! Öläýsem, patama-da barmaň! Barsaňyzam eltmen! Indi meň üçin Altam bir, senem bir, ho-ol, gezip ýören gär geçem bir. Düşdüňmi?! Ýa düşmediňmi?! Düşünmeseň, ters düşün! Gapy ikinji gezek gürpüldände, jaý tutuş durky bilen sarsyp gitdi. Mülli mugallym şol gijäni myhmanhanada geçirdi. Ertesi günortana çenli şähere aýlandy. Äýnegini bejertdi. Redaksiýalaryň telimsiniň gapysyna baryp, telim gezegem girmän yzyna gaýtdy. Mähelleniň içi bilen başyny aşak salyp, assa ýöräp barşyna, goltugyna elini sokup, agşamky makalany çykardy. Ondaky ýazylan zatlary arkaýynçylykda, sowukganlylyk bilen beýnisinden geçirdi-de, depderi lükgesi bilen jyrym-jyrym edip ýyrtdy. Böleklerinem haýsydyr bir dükanyň burçunda duran demir gutynyň içine oklap goýberdi. Onuň düýbünden başgaça, has aýgytlyrak, hereket edesi geldi. 1984-1986 ý. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |