07:09 Diñe men taýak iýmelimi? | |
DIÑE MEN TAÝAK IÝMELIMI?
Medisina
Saglyga-medisina ykdysady-syýasy taýdan garalmagy üçin elimden geleni ederin… Soragsyz-sowalsyz her depäñden diräp durulanyñ gürrüñsiz dogry hasaplanýan saglyk ulgamy garaýşyny elekden geçirmegi dowam etjekdigim hak… Mus-musuñ mustapasy: Häkimiýeti götergileýän pöwhe öwgüden başga “Erdoğan mediýasy” näme iş edýärkä? Maña şo gyzykly. Dillerinden “millilik” düşenok. Gowy zat… Galamlary üznüksiz diýen ýaly “watansöýüjilik” barada ýazýar. Ajap… Ýeri, iş etmeli bolanda? Gury sözden palaw bişenok gerek? Soñky döwürde zol-zol nygtalýan "doly garaşsyz Türkiýe" üçin näme edýärler? Näme diýjek bolýanymy bolup geçen bir wakanyñ üstünden gürrüñ bereýin: Saglygy goraýyş ministrliginde sözüñ doly manysynda "goduklama" bolup geçýär. Ýolbaşçy düzüminde işläp ýörenleriñ birnäçesi wezipesinden boşadylýar, birnäçesi öz islegi bilen işden gidýärler. Nämeler bolup geçýär? Häkimiýetiñ mediýasy näme üçin dymýar? Öwüp dillerinden düşmeýän ministr Fahretdin Kojadan "goduklamanyñ" sebäpleri näme üçin soralanok? Onsoñam... COVID 19 boýunça statistiki maglumatlary mälim etmäge gaty höwesek ministr Koja neçüýn dymýarka? Iñ gowusy meseläni başyndan gürrüñ bereýin: Korona bilen birlikde durmuşymyza "anyklaýjy abzal" (tanı kıtı / диагностический набор) garalaşdy, ol wirusy bäş minutda orta çykarýar. Pandemiýa döwründe anyklaýjy abzallara zerurlyk duýlup başlansoñ ýerli şereketlerimiz ýeñlerini çyzgap işe girişdi. Ýeri gelende aýtsak, COVID 19 milli derman öndüriji şereketlerimizi güýçlendirmek üçin gowy mümkinçilikleri-de döredip bilerdi. Eýse... Bu boýunça nämeler bolup geçýär, bilýäniñiz barmy? Ýokdugyna kepil geçip biljek. Diñe... Saglygy goraýyş ministrliginde yzly-yzyna wezipeden boşadylmalary we öz islegi bilen işden gitmeleri bilýäris. Muny diñe "SÖZCÜ" we "Cumhuriyet" ýaly maksady diñe žurnalistlik etmek bolan habar beriş serişdelerinden tanyş bolup bilýäris. Hawa, hawa, nämeleriñ bolup geçýänini ýazaýyn: ■ HEMMELER DYMÝAR "Bioeksen" ("Biogurşaw")… Stambul Tehniki uniwersitetiniñ "Arı Teknokent" şereketi. 2014-nji ýyldan bäri "32 Ar-Ge" taslamasy netijesinde 162 sany dürli hili molekulýar biotehnologiki önümi orta çykardy. Meselem… Türkiýede ilkinji bolup, ýerli ilkinji robotlaşdyrylan molekulýar analiz enjamlaryny kämilleşdirdi we ony öndürmäge girişdi... Hawa, Saglygy goraýyş ministrligi bilen birlikde ýerli anyklaýyş abzalyny öndürmegiñ meýilnamasynyñ üstünde işledi. Şeýle-de, "Bioeksen" bilen bile şol ýyl 2014-nji ýylda medisina tehnologiýasyny taýýarlamagyñ üstünde işlemek üçin Saglygy goraýyş ministrliginiñ binýadynda Türkiýäniñ Saglyk instututlarynyñ uprawleniýesi (TÜSEB) guruldy. Ine... Ýerli anyklaýjy abzaly "Bioeksen" bilen birlikde kämilleşdiren TÜSEB-iñ başlygy Adil Mardinogly we uprawleniýanyñ baş sekretary Hasan Türkez öññin öz islegleri bilen işden gitdiler! Näme üçin? Hemmeler agzyna suw alan ýaly dymýar.… Meseläniñ geñ ýeri, testleri oñaýlan Mikrobiologiýa laboratoriýalary we biologik önümler bölüminiñ başlygy professor Selçuk Kylyç hem garaşylmadyk ýagdaýda öññin wezipesinden boşadyldy. Bulam hemmesi däl. Saglygy goraýyş ministrliginiñ binýadyndaky "Halkara Saglyk hyzmatlary" (Uluslararası Sağlık Hizmetleri AŞ / USHAŞ) şereketiniñ adminstrasiýasynyñ başlygy Jewat Şengül-de bir aý mundan öñ islegi bilen işden gidipdi. USHAŞ test abzallaryny ministrlige alyp beren şereket… Ýene hemmesi däl. Saglygy goraýyş ministrligi Türkiýäniñ Derman senagaty we medisina abzallary boýunça guramasynyñ (TİTCK) başlygy Hakky Gürses hem geçen hepde wezipesinden el çekdi… Saglygy goraýyş ministrligi bilen işleşýän şereketlerde nämeler bolup geçýär? Bularyñ ählisiniñ ýyllyk girdejisi 29.7 milliard dollara barabar dünýäniñ iñ uly lukmançylyk enjamlaryny öndürýän "Medtronic" amerikan şereketi bilen näme baglanyşygy bolup biler? ■ BAZARA SALANOKLAR "Gara gapyrjak" kitabyma garşy beslenen duşmançylygyñ sebäbini bilýärin. Saglyk-medisinanyñ eldegrilmesiz bolmagyny isleýärler. Mysal üçin isleýärler: amerikanlaryñ "Medtronic" şereketi her ýyl Türkiýä 3-4 milliard lira barabar serişde satsyn we bu boýunça hiç jyñkyny çykarmasyn, muny ýagşydan-ýamandan seljermesin! Her kesiñ kisesi dolsun, döwletiñ gaznasy boşap galsyn... ABŞ-nyñ "Medtronic" şereketi Türkiýe ýaly ýurtlaryñ üstünden gazanýan pullary bilen diñe 2010-2019-njy ýyllarda otuz alty şereketi satyn alsyn, monopoliýalaşmaga çalyşsyn! Ýagny… Seniñ milli anyklaýyş abzalyñy seniñ öz bazaryña saldyrmazlar, gadyrdan? Gazetlerde-de okaýansyñyz, biziñ öndüren her medisina enjamymyzyñ hili pes, daşardan eksport edilenler üýtgeşik gowumyş! Näçe ýyllyk ýalan bu! Heý, gelmezmi bu medisina eksplutasiýasynyñ soñy… Kyrk ýyl bäri görüp gelýäris: jübisini galñadanlara iki epilip salam berilýär, ýerli önümçiligi ösdürmegiñ tarapdarlarynyñ bolsa üstüne atanak çekilýär. "Gara gapyrjak" (“Kara Kutu”) kitabymda yazypdym: Medikal serişdeler pudagynyñ global söwda dolanşygy (2015-nji ýylyñ ahyrlaryndan bäri) 1 trillion 170 milliard dollara barabar. Medisina abzallaryny öndürýän dünýäniñ iñ uly otuz şereketi global bazaryñ 89%-ne eýelik edýär! Iñ uly on şereketiñ ýedisiniñ köki amerikanlara baryp direýär… Hakyky watansöýüjilik ýerli medisina tehnologiýasyny galkyndyrmak bilen baglanşyklydyr. Häkimiýetiñ alkyşçysyna öwrülen dostjan, gury söz bilen watansöýüji bolunmaýar, ýazsana Saglygy goraýyş ministrliginde nämeleriñ bolup geçýänini? Amerikanlaryñ "Medtronic" şereketiniñ ne pyssy-pyjurlyklary edýändigini? Diñe men ýazmalymy? Diñe men "taýak" iýmelimi? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 24.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |