01:39 Diri maslyk / hekaýa | |
DIRI MASLYK
Hekaýalar
I. Çisňäp ýagýan ýagyş entek-entek diňerli däl. Düwme-düwme bolup syrygýan damjalar kafeniň aýnasyny dyngysyz ýuwýar. Agşamara boluberenligi sebäpli, kafede adam seýrek. Tördäki stolda üç-dört adam, gapynyň golaýynda bolsa ýene iki adam çaý içip otyr. Başga hiç kim ýok. Gapa golaý oturanlaryň biri elliden agan, beýleki bolsa ýaş. - Bagystandan diýseňizläň? – diýip, uly ýaşly adam elini eňegine diräp oturyşyna beýlekiden soraýar. - Hawa, şo ýerli! - Öýüňiz obanyň niresinde? - Ýeten ýeriňde, bäri çetinde. Ýaşulynyň ýüregi jigläp gitdi: - Adyň näme? - Tuýgun. - Ataňyzyň ady näme? - Batyr eke diýerdiler! Ýaşuly sarsyp gitdi: - Batyr eke diýerdiler? - Hawa... Batyr eke birbada özüni ýitirdi. Soňra uludan demini aldy-da, hyýala çümdi. II. Ondan bäri ýigrimi ýyl geçdi. Ýaňy uruş gutaran döwürleridi. Hüýrihany Batyryň özi halap öýlendi. Hüýrihany Batyryň özi halap öýlendi. Köp wagt geçmänkä-de ogully boldy. Adyna Tuýgun goýdular. Bagystan ajaýyp oba. Halky hem onçakly köp däl. Miwesi bol. Suwy dury. Howasy arassa. Batyr şu obadaky ýeke-täk azyk magazinde satyjy bolup işleýär. Obada abraýy hem uly. Garry ejesi bilen Hüýrihan agzybir. Umuman, maşgala asuda, süýji durmuşda ýaşaýardy. Süýji nahara tötänlikde siňek gaçdy. Bir zenan magazine ýygy-ýygydan gatnap ugrady. Özem her gezek Batyra tiňkesini dike-dike, otluçöpmi ýa sabynmy, garaz, bolgusyzja bir zatlar alan bolup gidýär. Geň galmaly, özem hemişe şol bir wagtda – magazin ýapylmazyndan ýarym sagat öň gelýär. Batyr oba adamlarynyň hemmesini diýen ýaly tanaýar. Ýöne bu zenany welin tanamady. Şonuň üçinem bir gün ondan: - Apa, siz biziň oba täze geldiňizimi? – diýip sorady. - Apa diýmäň. Batyrjan eke! – diýip, zenan şeýle bir owadan ýylgyrdy welin, Batyr aňkarylyp galdy. “Be, bu meni nireden tanaýarka? Kimkä özi? Nämüçin köpmanyly ýylgyrýarka?” - Eýsem näme diýeýin? – diýip, Batyr biraz dymyşlykdan soň sorady. Ol Batyryň ýanjagazyna geldi-de: - Söweraý diýäýiň! – diýip jogap berdi. - Söwer-aý! Diýip, Batyr basyk ses bilen gaýtalady. - Hawa, Söwer-aý – diýip, aýal ýene-de tekrarlady. Batyr ondan: - Meniň adymy nirden bilip ýörsüňiz? – diýip sorady. - Özüme gerek bolansoň, bilmeli boldy-da! – Söweraýyň bakyşlary, her bir sözi Batyryň ýüregine çeňňek bolup ilteşýärdi. - Gerek bolansoň? Beýle näme gerek boldumkam? - Her gün huzuryňyza gelýän-ä. Şonda-da aňşyraňyzokmy? – Söweraý şeýle diýdi-de, gapa tarap ýöneldi. Bu onuň “nägilelik” bildirdigidi. Batyr: - Saklanyň, Söweraý! – diýip, haýyş ediji äheňde ýüzlendi. Söweraý aýak çekdi. Batyr ahyry: - Golaýrak geliň. Bagyşlaň. Indi düşündim – diýdi. Söweraý göwnüne düwen maksadyna ýetipdi. Ikinji ärinden aýrylan Söweraý “täze aşyk” gözläp ýörşüne Batyryň berdaşly göwresine, gara gaşlaryna, gözlerine maýyl bolupdy. Şodur-da-şodur Batyryň päli bozuldy. Ertesi şo mahal Söweraý ýene geldi. Olar magazinden bile çykyp gitdiler. Söweraý ýolda barýarka Batyra: - Bilýän – diýdi. - Nämäni bilýäň? - Öýlenendigiňi. Bir ogluň bardygynam bilýän. - Dogry! Ýöne men maşgalama hyýanat edip biljek däl. - Batyrjan eke! Siz geň adam ekeniňiz. Dünýäde ýaşamagy hem başarmaly ahyry. Gurbaga meňzemejek bolmaly. Gurbaga kiçijik howzy älem diýip düşünýämiş. Sizem maşgalaňyzy tutuş dünýäniň bar lezzet diýip düşünýän bolsaňyz gerek! Söweraýyň bu sözleri Batyryň ähli öý-pikirlerini duw-dagyn etdi. - Eýsem, näme edeýin? – diýip, ol gowşady. - Şunça pul gazanybam, obada porsap ýatyberjekmi? - Başga alaç näme? - Isleseň, şähere gideli. Aýşy-eşret bilen ömür süreli. - Ýok, men gidibilmen! Şol gün Batyr öýüne ýarygije köwlendi. Kirpigini gatmazdan ýoluna intizar garaşyp oturan aýaly Hüýrihanyň hem ýüzüni aldy. Sesine oýanyp, “kaka, kaka” diýip, ýanyna gelen ogluna-da alarylyp seretdi. Hüýrihan ärini birinji gezek şeýle ýagdaýda görýärdi. Şonuň üçinem, “ýadap gelendir-dä” diýip pikir etdi-de, sesini çykarman oňaýdy. Ertesi Batyr çaý içmän öýden çykyp gitdi. Şoldur-da-şodur ol öýden sowady. Işden her gün giç geldi. Üstesine-de, aýalyny urup-sögmäni çykardy. Hüýrihan biçäre bir agyz söz üçin şapbat iýmeli boldy. Ahyr bir gün ol ärinden: - Sen näme düýbünden başga adama öwrüldiň oturyberdiň? – diýip sorady. Şonda ol: - Sen halys degnama degdiň! – diýip, çürt-kesik etdi. Ertesem Batyr öýden gitdi. Diňe öýdenem däl, obadanam gitdi. Ol ýitensoň Söweraý hem oba gara bermedi. Seresap bolmasaň, daş hem döwülýär diýenleri boldy. Batyr Söweraý bilen uly şäherden mekan tutdy. Üç-dört aýlap ikisi-de bikär gezdi. Günleriň birinde Söweraý Batyra şäheriň çetindäki bufetden iş tapyp geldi. Ol adamsyna gysmyljyrap: - Ýaglyja ýer, Batyrçik! – diýdi. Söweraý orta boýly, näzenin aýaldy, ýüzüne üç-dört sanjak ýygyrt düşenem bolsa, onça bezegleriň astynda asla bildiribem duranokdy. Ol diňe göz-gaşyny däl, eýsem saçyny hem boýaýardy. Näz edende-de, gyzlara gaýra dur diýdirýärdi. Bir gün Batyr ondan: - Öňküleriňden çagaň barmydy? – diýip sorady. - O-oh! Başyma belany satyn alyp näme edeýin! Hä, senem menden çaga hantamamy? Aklyňy çaşyrypsyň. Öňki ärlerimdenem men diňe şu sebäbe görä aýrylyşdym ahyry. Batyr kellesine taýak degen ýaly boldy. Söweraýyň hälem eňegi dynanokdy: - Batyrçik! Aýaga duşak edip çagany başyňa ýapjakmy! Pul ýygnaly, mellekli howly edineli. Günleri kowalap günler ötdi. Batyr ne ogluny, ne Hüýrihany, ne-de ejesini ýatlady. Her gün öýüne serhoş bolup gelýärdi. Söweraý bilen şat ýaşaýardy. Aýlaryň yzyndan ýyllar geldi. Bir gün öýüne gelse, gapy gulply. Söweraý bir ýana gitdimikä diýip pikir etdi. Belki, öýdedir. Gapyny gaty-gaty kakdy. On minut çemesi geçensoň, içerden Söweraýyň: - Kim? – diýen sesi eşidildi. Sabyr käsesi dolan Batyr: - Aç! – diýip gygyrdy. Söweraý näz bilen: - Wagtynda geläýdiň. Öýde myhman bar – diýdi. - Nähili myhman? – diýip, Batyr geňirgendi. Şähere geleli bäri birki goňşusy diýäýmeseň, Batyryň tanaýan, gatnaşýan adamy ýokdy. Söweraý hem şeýledi. Söweraý: - Başlygyňyz! – diýip jogap berdi. - Nämüçin gelipdir? - Seni sorap... - Hut şu gün öýlän işde sataşypdym-a?! - Näbileýin... Batyr alňasap öýe girdi. Öýde başlygy serhoş halda krowatda ýatyrdy. Batyryň gany depesine urdy. Ol gazap bilen Söweraýdan: - Menden soňky äriňmi şü?! – diýip sorady. - Waý, ýok bol-a! Beý diýme ahyry, eşitse nätjek? Batyr üçin mesele düşnüklidi. Eline ilen çäýnek bilen Söweraýy ýelmedi. Öýüň gohy asmana göterildi. Maňlaýyna çäýnek degen Söweraý özünden gidip ýykyldy. Batyr şondan soň bäş ýyllap tussaglykda boldy. Göz öňünde: döwük çäýnek, bihuş Söweraý, düşekleri bulam-bujar krowat, krowatdaky serhoş başlyk. Ýyllar geçdi. Tussaglykdan boşan Batyr zawoda işe girdi. Oba barmaga ýüzi çydamady. Indi bu gün hasaplap otursa, oba barmadygyna ýigrimi ýyl bolupdyr. III. Ýagyş henizem çisňäp, kafeniň penjirelerini ýuwýardy. Ýeliň ugruna gelip, aýna urulýan owunjak damjalaryň döredýän bulam-nujar görnüşi ýürekgysgynçdy. - Bagystana beletmisiňiz? – diýip, Tuýgun Batyra sorag berdi. - Hawa, ol ýerde bolupdym. – Soňra sesiniň sandyraýanyny duýdurmajak bolup, sözüni dowam etdi: - Tuýgunjan, siz okaýaňyzmy? - Şu ýyl politehniki instituty tamamladym. Institutyň özünde işe alyp galdylar. Ejemi-de obadan şähere getirdim. - Gaty gowy! Örän şat! - Sag bol. Özüňiz nireden? - Şäherden. - Çaga-çugaňyz bardyr? - Ýok! - Ýeke ýaşaýaňyzmy? - Men bir taňrygargan adam. Dünýäde ýekeje özüm. - Öýlenmänmidiňiz? Bu sowala Batyryň kellesi sämedi, dili tutuldy. Ahyrsoňunda: - Ýok! – diýip ýuwdundy. – Garry eneňiz salamatmy? - Asyl enemi-de tanaýarmydyňyz? - Hawa. - Dünýäden ötenine üç ýyl boldy. Kakama ölýänçä garaşdy. - Kakaň ýokmudy? - Bizi taşlap gidipdir. - ... - Ejem-ä “kakaň öldi” diýýär. - Ejeň soň äre barmadymy? Bu adamyň soranjaňlygy Tuýgunyň ýüregine düşdi. Özüni bir sagat bäri gürrüň güýmäp oturan bu adam kimkä? Şu sorag ýyldyrym çaltlygynda onuň hyýalyna gelip geçdi. Gahary gelen Tuýgun: - Ejemiň äre çykyp-çykmanynyň size näme dahyly bar? – diýdi. Batyr eke lal-jim boldy. Gözleriniň owasy ýaşdan doldy. Özüni Tuýguna tanatmakçy boldy. Emma ýürek etmedi. Ýagyş henizem köwsarlap çisňeýärdi. Çekgelerinden syrygyp gaýdýan damjalar hem ýaş ýigidiň hyýalyny bölüp bilmeýärdi: eýsem, ol adam kimkä? Batyr eke bolsa, kafeden çykdy-da, hamala, yzyndan biri kowalap gelýän ýaly, maşyna-beýlekä-de garaşmazdan, ylgaşlap gitdi. Ol salgyma öwrülip barýardy. Dodaklary bolsa: “Men – öli! Men diri maslyk!” diýip pyşyrdaýardy... Tolkun IMAMHOJAÝEW, özbek ýazyjysy. Özbekçeden terjime eden: Tirkeş SADYKOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1988 ý. | |
|
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |