00:27 Dirilikden nyşan | |
DIRILIKDEN NYŞAN
Goşgular
Gün-günden agralýar gerdendäki ýük, Gün-günden köpelýär maňlaýda gasyn. Ýyllar ýyldyrym dek geçýär-de duşdan, Duýdurman ýüzüme basýar tagmasyn. Men bolsa ýyllary uzaltjak bolýan Hem geljege tarap uçurýan arzuw: Çünki diriligmiň, ýaşaýanlygmyň Alamaty bu. Dostlarym kem-kemden gözelleşýär-de, Gözüme şeýle bir eziz görünýär. Bir zada begenýän, şolaň öňünde Mydam hyzmat edip, pelasaň urýan. Ýene-de az görýän hemem özümi Bergidar saýýan-da, bolýaryn öl-suw, Çünki diriligmiň, ýaşaýanlygmyň Alamaty bu. Hut düýnem älem dek giň görnen sähram, Göwnüme bolmasa, kiçelip kem-kem. Sygýar bu gün ýumruk ýaljak ýüregme... Kim bilýär, bolmalsy şeýledir, belkem. Şonda-da buýsanýan, jomart topragym Gursagma guýup dur gaýratdyr hyjuw. Çünki diriligmiň, ýaşaýanlygmyň Alamaty bu. Gyzygy ýok bu durmuşyň, sähramdan Eger aýra geçse meniň bir günüm, Ýöne-alyslara nazaryn ýollap, Tolgunyp ugrasa bikarar göwnüm, Uçýan-da daglaryň depesinden men, Gonýaryn köllere, misli bir ak guw: Çünki diriligmiň, ýaşaýanlygmyň Alamaty bu. Bilýärin, öz derdim özüme ýetik, Asyl egsilenok işim-aladam. Emma uzak bir ülkede biriniň Derde ulaşanny duýsam, elmydam Ökünýärin lukman bolup dogmanma, Ýok şol gije maňa arkaýyn ýatuw: Çünki diriligmiň, ýaşaýanlygmyň Alamaty bu. Garaz, her ädimde diriligimden Alamat görsem-de, nyşan görsem-de, Käte, öz-özüme bolýaryn müňkür Hem diýýärin «dirimikäm eýsem-de...» Şeýdip, barlap ýörün men öz ömrümi, Her günüm meň üçin bir täsin okuw: Çünki diriligmiň, ýaşaýanlygmyň Alamaty bu. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |