16:01 Doganyma | |
DOGANA
Goşgular
Sag bol dogan Köp zat öwrendim senden, Gaýmak deý goýalyp gitdi ak dañlar. Kalbyñ çuñlugyna çabrap urdy, Ümsümlikde syzan ajaýyp ýañlar. Ýola düşsem ýoldaş bolup tümlerde, Kalbyñ çoýdy gijelere ak reñki. Hydyr görmek maña indi hökman däl, Saña duşup bar zat ugruna meñki. Düşündim men, syryp dünýäñ perdesin, Hemme zat mañyzly Ähli zat aýdyñ. Guýynyñ düýbünde galan yhlasdan, Ýylçyr gaýalarda döretdim aýdym. Şowuna aýlawa çykan bedew deý, Ýollar akýar, Dazlap barýan ýelgine. Mawy alys ýaşyl parça beslense, Ak bulutlar boýalypdyr gülgüne. Ümez baglan gözler doly röwşenden, Bu baharlar ömrüñ elwan keşdesi. Başyñ belent Öýüñ bolup abadan, Bulanmasyn doganlygyñ çeşmesi. Oguljemal ÇARYÝEWA. "Яш коммунист" gazeti, 1987. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |