22:17 Doglandan öñem, soñam ýaşaýan adam kim? | |
DOGLANDAN ÖŇEM, SOŇAM ÝAŞAÝAN ADAM KIM?
Satiriki hekaýalar
Bilýän. Sizem meň ýaly bilgiçlik satýanlary-da, bilgiçlik satmagy-da halaýan dälsiňiz. Özleşdirmesi örän kyn hasaplanýan bilimlerem öwrenmegiň aňsat tilsimini tapyp bolsa, edil ýöne, oýun oýnaýan ýaly gülüp-oýnap özleşdirse bolýar. Durmuşda iň ygtybarly, iň dogry maglumatlar hem, ine, şular ýaly öz-özünden öwrenip galanlarymyzdyr. Şeýle bolýan bolsa, geliň onda, hemmämiz jem bolup bir oýun oýnalyň, tapmaça bilmeşek edeliň... Sizden sorajak tapmaçam şu: Hem dogulmazdan öň, hem ölenden soň ýaşan adam kim? Oýlanyň hany! Kim bilse, dünýäni şoňa peşgeş berjegime söz berýärin. Bu tapmaçany aňsat bileriňiz ýaly size bir yş hem bereýin. Bilşiňiz ýaly, her bir adam belli bir günde dogulýar, belli bir günde ölýär. Emma käbir adamlaryň ady taryha geçýär. Ady taryha geçen şeýle adamlara taryhy şahsyýetler diýýäris. Meselem, Fatih Soltan Mämmet, Mimar Sinan, Mustapa Kemal Atatürk taryhy şahsyýetlerdir. Birem hakykatda ýaşap geçmedik, emma şonda-da ady-sany bilinýän adamlar bar. Bulara jemgyýetiň adamlary diýýäris. Jemgyýetiň adamlaryny jemgyýet döredýär we ýaşadýar. Taryhy şahs wagtyň geçmegi bilen jemgyýetçilik sypatlaryny alyp bilýär. Jemgyýet haýsydyr bir taryhy şahsyýeti halasa, arka dursa, oňa jemgyýetçilik sypatlaryny berýär. Ynha, Nasreddin Ependi hem şeýle adamlaryň biridir. Ýagny ol, hem-ä belli bir wagtda doglup-ölüp giden taryhy şahsdyr, hemem il-günüň halap, arka durup, simwollaşdyran jemgyýetçilik adamydyr. Nasreddin Ependi mundan ýedi ýüz elli ýyl öň ýurdumyzyň Siwrihisar ilçesiniň Hortu obasynda dünýä inipdir, belli bir wagta çenli Siwrihisarda ýaşandan soň, ömrüniň ahyryna çenli Akşehirde ýaşapdyr, şol ýerde-de aradan çykypdyr. Gubury-da Akşehirde. Diýmek, Nasreddin Ependi taryhy şahs. Emma türk halky taryhy şahs bolan Nasreddin Ependini şeýle bir halap, şeýle bir özüne ýakyn görüpdir welin, Nasreddin Ependini özi, özüni-de Nasreddin Ependi saýypdyr. Jemgyýetçilik sypatlaryny edinen Nasreddin Ependi ahyrynda türk halkynyň özi bolup çykaýypdyr. Türk halky ýedi ýüz elli ýyllap öz pikirlerini, duýgularyny Ependiniň dilinden sözläpdir, Ependiniň dilinden diňläpdir. Şeýdip halkymyz dygysyz diýen ýaly Ependiniň täze-täze ýomaklaryny döredipdir. Taryhy we jemgyýetçilik şahslaryň ählisi aradan çykanlaryndan soňam at-abraýlary bilen, bitiren işleri, galdyran eserleri bilen jemgyýetiň arasynda ýaşamaga dowam edýärler. Mysal üçin, taryhy şahsyýetlerden Fatih Soltan Mämmet taryhda täze eýýamyň başyny başlanlygy bilen, Mimar Sinan guran binalary bilen, Atatürk respublikamyzy guranlygy bilen aradan çykansoňlaram jemgyýetde ýaşaýarlar, ýagny olar, hem taryhy, hem jemgyýetçilik şahslardyr. Ýeke-täk jemgyýetçilik şahs bar, olam, dogulmazdan öňem, ölenden soňam ýaşaýar. Ine, şol ölmez-ýitmez kişi-de Nasreddin Ependidir. Türk halkynyň döreden heneklerine seretsek, Ependi heniz dogulmanka geçen döwürleriň wakalaryna-da gatnaşýar, wakalary gönümel özi başdan geçirýär. Mysal üçin, halkymyz Ependini ýomaklarda ondan üç asyr öň ýaşap geçen Mansur Hallaç bilen döwürdeş edip goýýar. Şeýlelikde Ependi geçip giden döwürlere-de aýak basyberýär. Munuň bilenem çäklenenok. Nasreddin Ependi aradan çykanda Amerika yklymy heniz açylmandy. Şol döwür heniz Amerikanyň açylmandygy Ependiniň ýaşan wagtynda Ýewropada we Aziýada entek çilimiň ýokdugyny aňladýar. Sebäbi size-de mälim bolşy ýaly, Amerika açylansoň, temmäki bütin ýer ýüzüne Amerikadan ýaýrapdyr. Muňa garamazdan türk halkynyň döreden degişmelerinde Ependi hezil edip çilim çekýär. Diýmek, Ependi agamyz aradan çykansoň açylan Amerikadan getirilen çilimden çekip bilipdir, ýagny ol ölensoňam ýaşapdyr. Şeýlelikde, Ependi zamananyň ilersine-de, gaýrasyna gidip-gelip ýören adam bolýar. Şindi tapmaçamyzyň jogabyny berip bilersiňiz: Dogulmazdan öňem, ölenden soňam ýaşan dünýäniň ýeke-täk ynsany Nasreddin Ependidir. Aradan çykansoňam ýaşaýan başga-da birnäçe taryhy we jemgyýetçilik şahslary bar, ýöne dogulmanka ýaşap bilen ýekä-täk adam Ependidir. Nasreddin Ependi ýaly türk halkyny şeýlekin dogruçyl suratlandyran, türk halkynyň umumy sypatlaryny, arzuw-umytlaryny, pikirlerini görkezip bilen, türk halkyny alamatlandyryp bilen başga biri henize-bu güne çenli bolmandyr. Biziň hemmämiz Nasreddin Ependiniň nesilleri. Çünki onuň goýup giden mirasyny paýlaşyp hiç gutaryp bilemzok. Sizem öz gezegiňizde onuň mirasyny hasam artdyryp, baýlaşdyryp sizden soňky nesillere miras hökümnde goýmaga borçlusyňyz. Tapmaçany bildiňiz. Sözümde durup, bütin dünýäni size peşgeş berýärin, balalarym. Bu owadan, ýaşanyňa degýän dünýä siziňki bolsun. Ýaşap ýören dünýäňiziň siziňki bolmagy üçin onuň gözelleşmegine, gowulaşmagyna, azajygam bolsa şahsy goşandyňyzy goşuň. Biz, bizden öňkülerden alan bu owadan dünýämizi öz goşandymyz bilen hasam owadanlaşdyrmaga ömrümizi bagş etdik, şindi bu dünýäni ak ýüregmiz, päk göwnümiz bilen size miras goýup gidýäris. Nasreddin Ependiniň söýgüli agtyklary, meniň janym-jigerim çagalar, kökeneklerim. Ine, dünýä Siziňki! Ony barha, barha we barha gözelleşdiriň! Eziz NESIN. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |