12:45 Dogrulygyñ buýsanjy | |
DOGRULYGYÑ BUÝSANJY
Publisistika
Iñ meşhur redaksion garpyşyklaryñ biri Nabokow bilen "The New Yorker" žurnalynyñ ýaş redaktorynyñ arasynda bolup geçdi. Wladimir Nabokow / Fotosurat: Konstantin Joff Günbatar metbugatynyñ arap metbugatynyñ habarsyz we belki-de hiç haçanam habary bolmajak iki esasy wezipesi bar. Birinjisi, gazetiñ jogapkärçiligine çekilmegini ýola goýup biljek özüne hödürlenen wajyp meseleleriñ arkasynda durup bilýändigi. Neşirde esasy zat baş redaktoryñ sözi däl-de, redaktoryñ sözüdir. Beýleki wezipesi-de, belli-başly temalaryñ ugrukdyran aklawjysynyñ tersine, "hakykatlary derñeme" wezipesidir. Degişli temalaryñ hemmesi redaktora tabşyrylýar. Deñsiz-taýsyz meşhurlyga eýe käbir gazet-žurnallarda barlaglar käte kanagatlandyryjydyr. Redaksion wakalaryñ iñ meşhury käbirleriniñ dünýäniñ şindize çenli tanaýan iñ möhüm we iñ gowy hepdelik žurnaly hasaplanýan "The New Yorker" žurnalynda bolup geçdi. Altmyş ýyl bäri menem şolaryñ biridim, her hepde jadylaýjy karikaturalardan we taýýarlamasy käte ýarym ýyla çenli dowam edip bilen epeý barlaglaryndan peýdalanýaryn. Mesele däl. Eýesine 50 müñ dollardan gowrak pul, ýagny, ýarym ýyllyk hak töleýär. Wladimir Nabokow iñlis dilinde ýazýan iñ meşhur rus ýazyjysydy. Ellinji ýyllarda meşhurlygy bütin dünýä ýaýran "Lolita" romanynyñ awtorydyr. Emma edebi gymmaty ylmy işlerinde gollanma bolan barlaglarynda we möhüm parçasy bolan rus edebiýatynyñ analizindedi. Gazanan şan-şöhraty ony düşnüksiz we hötjet etdi. Bu hemişe garamagyndaky işgärleri bilen jedellere we oñşuksyzlyklara getirdi. Emma redaktoryñ işiniñ hili oñşuksyzlyk bolan ýagdaýynda soñky sözüñ redaktora degişli bolmalydygyny görkezýär. Tersine bolanda onuñ edýän işiniñ hiç hili manysy bolmaz. Iñ meşhur redaksion garpyşyklaryñ biri Nabokow bilen "The New Yorker" žurnalynyñ ýaş redaktorynyñ arasynda bolup geçdi. Bu garaşylan we adaty ýagdaý bolup biler, çünki ýazyjynyñ beýikligi ony beýleki adamlar ýaly ýalñyşmakdan azat edip bilmez. Çekişme öñ tanyş däl mesele bilen baglanyşyklydy. Rus ýazyjysy žurnala Ženewadaky porty suratlandyrýan, giñ, gök diwary yşarat edýän edebi eseri ýollady. Emma gözegçi diwaryñ açyk ýaşylymtyk reñklidigini we gök däldigini aýtdy. Nabokow muny düzetjek däldigini aýtdy. Ol Şweýsariýada ýaşaýandygyny we bu ýerleri hemmelerden gowy tanaýandygyny aýdyp, gök reñkde durmalydygyny öñe sürdi. Redaktor öz diýenine tutdy we pikirini delillendirmek üçin öz gözi bilen görüp gaýdandygyny aýtdy. Ýazuw işleri boýunça müdir ýaşuly alym bilen ýaş redaktoryñ jedelini çözmäge synanyşdy. Peýdasy bolmady. Nabokow meseläni aurasyna we at-abraýyna edilen şahsy hüjüm hasaplady. Hötjet ýaş ýigidem meşhur ýazyjynyñ pozisiýasyny dogrulygyñ liniýasyndan gyşarma hasaplap, işiniñ buýsanjyny öñe tutdy. Ahyrynda mesele Nabokowyñ makalasyny gaýdyp almagy bilen çözüldi we ýaş ýigit utuk gazandy. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 28.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |