23:10 Dolanmak | |
DOLANMAK
Goşgular
Gaýdyp geldim dolanmagyñ-gelmegiñ, Doglan ýaly zatdygyna düşünip. M.Babanazarow Men dolandym, doglan dogduk depäme, Nazarym ýetişdi mährem mekana, Hudaýa müñ şükür degdi dabanym. Ürgün çägeleri zerden ülkäme. Geñ duýgular, Täze doglan ýaly men, Bir görseñ çal, bir-de oglan ýaly men. Dabaraly günlem entek başlanok, Ýa toýlarym eýýäm sowlan ýaly meñ. Gazanç diýip gözläp ýagşy güzeran, Dogduk güzeriñden bäş gün daş bolmak. Bagt däl eken dokuzyñy düzeýän, Ýok, ol gaýta pida bolup başlamak. Geldim Ýedi arkamyñ ýatan mesgeni, Durmuş sazlaşykly gadym mesnewi. Süýji tukatlygyñ sowulmaz sazy, Dolanmak täzeden dogulmak ýaly. • Watan küýsegi Şirin janyñ bermekligem haýyp däl, Hiç bolmanda görseñ dogduk kenaryñdan göterilýn süýji tüssäni. Gomer "Odisey" Watanyñ howasyn küysedim Demikdim dogrusy bu ýerde. Bir sanjy içimden çüýledi, Bolaýjak bolsam-da teý merdem. Watanyñ suwuna teşneläp, Ýat ýerde gurady bogazym. Öz ilim ruhuma baş pena, Geldi hut gussany bogasym. Gitmeklik aslynda nesibe, Dolanmak ykbalyñ çüwmesi. Meñzeş men azaşan ýesire, Emma hiç hasrata çümmedim. Añladym hasrata gark bolsam, Galkyp bilmejegmi asla. Gyş kalply daş ýurda örklensem, Müdimi bataryn gam-gussa. Gün-günden aýralyk azary, Ýüz esse Ýok, ýüz müñ esse bor. Ýat ýurtda eşretiñ gülzary, Bu kenarda süýji tüsse bar. Sylapberdi MUHAMOW. 07.09.23. Kazan-Aşgabat. Daşoguz. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |