14:18 Dörtli stol | |
DÖRTLI STOL
Publisistika
Dar düşünjeli adamlar bilen hemmetaraplaýyn pikir alyşmak kyn. "Altyly stol" eýýämden häkimiýete golaý durýanlar tarapyndan jenjelli gürrüñe öwrülmäge başlandy. Biri-birine sepleşmeýän “ýamaly bukja” meñzedilýär. "Bu koalizasiýadan peýda garaşmañ" diýiljek bolunýar. Özem munuñ saýlaw golaýlaşdygyça köp gezek agzaljakdygyny çak etmek kyn däl... Ýatlatmak isleýärin, "ýamaly bukja elmydama şowsuzlyga uçrar" çaklamasy dogry bolup bilmez. Meselem: Amerikan ýazyjysy Doris Kerns Gudwin ABŞ-nyñ prezidentleri Awraam Linkolnyñ, Teodor Ruzweltiñ, Franklin Delano Ruzweltiñ, Lindon Jonsonyñ ömür ýollaryny ýazdy. Şu dört prezidentiñ özboluşly aýratynlyklaryny, işbaşarjañlyklaryny deñeşdirmeli ýagdaýda öwrenýän "Çylşyrymly wagtlarda liderlik" kitaby bar. Bu kitap esasynda soñ dokumental film surata düşürildi. Gürrüñi gozgajak bolýanym Gudwiniñ bu kitaby däl. Şu: 2005-nji ýylda çap etdiren "Garşydaşlar topary. Awraam Linkolnyñ syýasy paýhasy" ("Team of Rivals: The Political Genius of Abraham Lincoln"). Kitabyñ bir bölümi esasynda kinorežissýor Stiwen Spilberg "Linkoln" atly kinofilmi surata düşürdi. Geleliñ indi kitapdaky esasy gürrüñimize: * * * Kitabyñ adynyñ "Garşydaşlar topary" bolmagynyñ sebäbi bar. Şuña geçmezden öñ size Awraam Linkoln hakynda maglumat bereýin: Kengukkiden, garyp maşgalada dünýä indi. Özüni özi taýýarlady, işledi, okady, aklawjy bolup ýetişdi. Syýasata girdi. Gul eýeçiligije garşy çykmak bilen tanaldy, senator boldy, Respublikan partiýanyñ başyna geçdi. 1858-nji ýylda ABŞ-nyñ prezidentligine kandidaturasyny goýdy. Kandidatlygyny goýan badyna gul eýeçiliginiñ tarapdary bolan günorta ştatlar ýurtdan bölünmäge başlady. Ýurt graždanlyk urşuna barýardy... Linkoln näme edendir öýdýäñiz? "Garşydaşlar toparyny" döretdi. Syýasy bäsdeşleri: prezident bolmagyna garaşylan Nýu-Ýorkuñ senatory Uilýam Genri Sýuardi, konserwatiw toparlaryñ baştutany Missuri ştatynyñ baş prokurory Edward Beýtsi, radikal toparlaryñ öñbaşçysy Ogaýo ştatynyñ gubernatory Salmon Portlend Çeýzi öz ýanyna çekdi. Olary hökümet düzümine girizip, möhüm wezipeleri berdi... Hawa, ýurt syýasy çaknyşyga tarap güwläp barýarka, Linkoln ýeñiş gazanmaga ünsüni gönükdirip, bir ýere jemlemesi mümkin däp adamlaryñ we toparlaryñ agzyny birikdirdi. "Dörtli stol" - "Bäsdeşler topary" güýç birikdirip, graždanlyk urşy bilen bir hatarda ähli kynçylygy ýeñip geçdi, gulçulygy soñlandyrdy… * * * Prezident Linkoln 1865-nji ýylyñ 14-nji aprelinde "Amerikaly çykanymyz" atly üç perdeli komediýa tomaşa edip durka, bölünişikçi gul eýeleriniñ tarapdary, meşhur teatr artisti Jon Uilks But tarapyndan sapança bilen atylyp öldürildi… Şol gün diñe Linkoln nyşanada däldi. Gul eýeçilik düzgüniniñ tarapdarlary "dörtli stolyñ" gurujylaryndan Daşary işler ministri Uilýam Sýuarda garşy şowsuz gutaran kast edişligi gurnadylar. Prezidentiñ orunbasary Endrýu Jonson hem zordan ölümden sypdy... Dildüwşük şowsuz gutardy, ýöne "4-li stol - "Garşydaşlar topary" dargady... Aradan nijeme ýyllar geçdi: Linkolnyñ janköýeri Barak Obama çola adada okajak ýeke kitabynyñ "Garşydaşlar topary" boljagyny aýtdy. Obama heniz prezidentlige saýlanmanka Waşingtonda kitabyñ awtory Gudwin bilen duşuşyp, Linkoln hakda gürrüñ etdi. Ol "Linkolndan akylly ýol görkezijini tapyp bilmersiñiz" diýdi. Obama ABŞ-nyñ prezidentligine saýlanandan soñ garşydaşy Hillari Klintony daşary işler ministri wezipesine bellände, Linkolnyñ Uilýam Sýuardy daşary işler ministri wezipesine bellänliginden nusga alandygyny aýtdy... Jemlär bolsam: "Altyly stolyñ" prezidentiñ orunbasarlary ýa-da düzüljek hökümet düzümi jedelli tema bolmagyny dowam etdirer. Türkiýäniñ "Garşydaşlar topary" üstünlik gazanyp bilermi? Linkolnyñ "4-li stolynyñ" düýp maksady gul eýeçiligi ýatyryp, ýurduñ bitewiligini gazanmakdy. A "6-ly stoluñ"? Muny ýazmaga entek wagt kän. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |