21:39 "Dostsuz başym - duzsuz aşym" | |
«DOSTSUZ BAŞYM – DUZSUZ AŞYM»
Edebi makalalar
Adamlar döräli bäri, niçeme-niçeme heňňamlar ötüpdir. Ummanlar çöl bolupdyr, çöller ummana öwrülipdir. Beýik-beýik döwletler döräp, uzak asyrlar gülläp ösüp, soňundanam bir sebäp bilen dagap gidipdirler. Molekulalaryň dargaýşy ýaly! Şo döwletleriň ykbaly köp derejede oňa häkimlik eden hökmürowanlaryna bagly bolupdyr. Hökmürowan hökmürowan bolanlygynda ol döwletiň ykbaly, halkyň ykbaly göterilipdir. Göwnüň islände näme, barybir taryhyň çarhyny yzyna dolap bolmaýar. Biz häzir rewolýusion taryhy wakalaryň jümmüşinde ýaşaýarys. Alty-ýedi ýyllykda-da buýsanç bilen «SSSR» diýip atlandyran döwletimizden nam-nyşan galmady. Ol biziň göz alnymyzda çagşadylar. Ony birleşdirýän respublikalaryň hersi öz garaşsyzlygyny aldy. Her döwlet özüniň prezidentini saýlady. Şol döwletleriň içinde ýerleşýän awtonom respublikalar hem özlerine prezident saýladylar. Garaz, prezidentler ýurduna öwrüldik. Prezidentleriň sany boýunça indi dünýäniň hiç bir ýerinde-de bizden öňe geçjek döwlet ýok. Indi biz her iki sözümiziň birinde (jaý ýerindemi ýa-da däl, oňa garamzok) «Garaşsyz Türkmenistanymyz», «Prezidentimiz» ýaly sözleri ýanjap-ýanjap gaýtalamagy endik etdik. Şol bir sözi köp gaýtalaberseň, o sözüň gadyr-gymmaty gaçmazmy?! «Nebitimiz bar, gazymyz bar», «Aý, ýene nämämiz bar», garaz, sanasaň sogaby bar. Az-owlak salyhatlyrak bolmagymyz gerekmikän diýýän. Haýsy halkyň ýaşaýan ýerinde baýlygy ýok?! Özünde bar zady ile mazamlap bermegiň halkymyzda juda ýaman görülýändigini düşündirip oturmaýyn. Gürrüňçiliklerde şoň ýaly adamlara «pylany süwümsiz-laý» ýa-da «pylan degimsiz-laý» diýip aýdýardylar. Häzirem halk içinde şol düşünjäniň ýitip gitmändigini magat bilýän. «Degimsize degim degse...». Aýratynam şeýle degimsizlik soňky döwürde žurnalist kärdeşlerimiň birtoparyna ýoň bolup barýar. Bir adamynyň şahsyýetini çendenaşa gabardyp görkezmek, döwen adamyňam ýere sokmak, bi hiç haçanam oňullygyň üstünden eltmändi. Meniň şo kärdeşlerimiň göwnüne degmek islemeýändigimi hem aýdaýyn. Ýöne men olara her niçiksi ýagdaýda-da galam ýöredýän adamyň mertebesini saklajak bolmalydyklaryny ýaňzydasym gelýär. Ýogsam, şolaryň reportažlaryny synlap, okan adamlaryň «aý, žurnalistlerdir-daý» diýýändigini ýygy-ýygydan eşidýärsiň. Döwrüň ýelginine göterilip, birtoparymyz (birki sany bolsa oňuşsa boljak-la) bütinleý diýen ýaly, ýaşan döwrümize atanak çekmekden hem gaýdamzok. Totalitar jemgyýeti ýepbeklemek perdesine duwlanyp, geçilen ýoly püçege çykarjak bolup, azara galyp ýörmek nämä gerek?! Goý, meni konserwator meýillikde aýyplamasynlar, ýöne aga ak, gara-da gara diýmegi başarmal-a. Eýsem-de bolsa, tankytlamaly, döwmeli diýilse, diňe gara reňki baýdak edinip ýörmek, barypýatan adalatsyzlyk bolardy. Lenin, Oktýabr hakda öwgüli söz-ä beýlede dursun, hatda Watan hakda ýazmaga-da çekinmek derejesine baryp ýetdik. Biz häzir ýowuz durmuşy başdan geçirýäris. Bir halk beýleki bir halk bilen oňuşman, onlarça ýyllap bir ýerde, bir şäherde dost-dogan bolup ýaşan adamlar öýüni-öwzaryny taşlap, başga-başga ýerlere gaçmaga mejbur bolýarlar. Bosgun sözüni öňler taryhdan sözlükden bilýän bolsak, indi biziň gulagymyz onuň bilen öwrenişip gidipdir. Öwrenişip gidipdir. Gör, nähili ýowuz ýaňlanýar! Nähili zabun bolsa-da, taryh munuň üçin bizi hiç haçan bagyşlamasa gerek. Türkmen halky – gadymy halk. Ol özüniň ýürek beren dostuna, doganyna aňsat-aňsat ikilik eden halk däl. Ol elmydama-da ýagşylyga ýagşylyk bilen jogap berip bilendir. «Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir». Şeýle pähimi döredip bilen halk hiç haçan bu pähime garşy gitmese gerek. Şeýle hem bizde «Dosty ýoguň duşmany üstün çykar» diýen atalar sözi bar. Özüni türkmen saýýan her bir kişi bu pähime ýüregi bilen uýýandyr. Biziň Nohur obamyzda gojalarymyz bir wakany häli-şindi ýatlaýarlar. Sumbar jülgesinde Ýamanýol diýen bir ýer bar. Ine, asyryň başlarynda şol ýerde Şerbakowlaryň maşgalasy ýaşaýan eken. Maşgalabaşynyň käri feldşer bolmaly. Ol bütin Sumbar jülgesiniň adamlaryna hemaýat edipdir. Onuň bortopar ogul-gyzlary hem bar eken. Ýaşulynyň Sergeý atly ogly hemişe gyrmyzy don, silkme telpek geýipdir, dutar çalypdyr. 1919-njy ýylda ak gwardiýaçy Läle han öz otrýady bilen Sumbara gelende ýaşuly Şerbakowy ele salyp, ony öldürmekçi bolýar. Şonda nohurly Goçmyrat ahun töwellaçy bolup, Şerbakowy ölümden alyp galypdyr. Soň ol ýaşuly Arçmana göçüpdir. Otuzynjy ýyllarda oňa azar berjek bolupdyrlar. Şonda ol Könekesir oba Sowetiniň başlygy bolup işleýän atam Çary Balynyň ýanyna gelip zeýrenipdir. «Meniň baý-kulak däldigime güwä geçýän hat bermeseň, meni alýarlar» diýipdir. Ol hat ýazyp, möhürini basyp, ýaşulyny ýola salypdyr. Muny maňa atam ýogalmazyndan birki ýyl öň gürrüň beripdi. Indi bu ýagty jahanda Şerbakowam ýok, atamam. Olardan diňe hoş ýatlamalar galypdyr. Gadymy pähimde aýdylyşy ýaly, bir ýagşylyk, birem ýamanlyk ýatdan çykmaýar. Geçmişde nämeler bolup geçmändir eýsem?! Gojalaryň gürrüňini diňleseň, taryhy yzarlasaň, geçmişde türkmeniň oňly gören güni ýok. Biz obanyň gojalary geçmişde bolup geçen ýene bir gaýgyly wakany ýatlaýarlar. Birek-biregiň üstüne edilýän çapawulçylykdan ýaňa il-gün halys iripdir. Eýrana golaý ýerde ýerleşensoň, nohur obalary hemişe talanypdyr. Geçen asyryň ortalarynda Eýran şasynyň permany bilen Nohur obasyna goşun sürlüpdir. Şol söweşde nohur ýigitleriniň ýüzlerçesi ýesir düşüp, Eýrana sürülýär. Ýolda söweşde wepat bolan ýigitleriň kellesi kesilip, goşun serdarynyň permany bilen ol kelleleriň derisi soýlupdyr. Barypýatan wagşyýanlyk! Eger-de geçen asyryň ahyrlarynda serhet çekilip, goralmadyk bolsady, onda bu wagşyýanlyk köp ýyllar dowam ederdi. Meniň ata-babalaryma iň agyr günlerinde hossar çykandyklary üçin rus halkyna ömürlik minnetdardyryn. Men şeýle mysallary ýene näçe getirmeli bolsa-da, getirip bilerdim. Garrygalaly Meret aga atly ýaşuly maňa şeýle wakany gürrüň berdi. – Otuz ýedinji ýylda meniň kakamy hiç bir günäsiz tutdular. Tutulanlaryň arasynda kakamyň öňden gatnaşyp ýören gadyrly dosty Kuwwat aga hem bardy. Ol otuzynjy ýylda Azerbaýjandan Garrygala göçüp gelipdi. Tutulanlary Garrygala posýologynyň gaýrasyndaky ýerzemine gabapdyrlar. Ýer örän darlyk edipdir. Adamlar zordan biri-birlerine söýenişip, dik oturypdyrlar. Ýerzeminiň ýeke deşigi bar eken. Adamlar üçin dem almak örän kynlaşýar. Tussaglar gezegine ýerzeminiň deşigine agzyny tutup, dem alýarlar. Şol günleriň birinde kakam suwsuzlykdan özünden gidip ýykylypdyr. Onuň köne dosty Kuwwat pürsiýan suw alyp beripdir. Kuwwat aga üçünji ýola deşikden seredip, «Suw beriň, iki adam suwsuz ölüp barýar» diýip gygyranda, ýežowçylar Kuwwat aganyň gözüne ajy temmäki sepipdirler. Emma ol bu garşylyklara garamazdan, ýene-de meniň kakama suw alyp berip, ony ölümden halas edipdir. Bu barada soň ol Swerdlowskiden bize ýollan hatynda «Garrygala baryp, Kuwwat pürsiýanyň maşgalasyna meniň we öz adyňyzdan minnetdarlyk bildiriň» diýip ýazypdy. Biz hem kakamyň wesýetini doly ýerine ýetirdik... Ine, çyn dost nirede gerek. Türkmen halky bilen azerbaýjan halkynyň dostlugyny we doganlygyny şu zatlar subut edýär. Frontçy ýazyjy Çary Aşyr Beýik Watançylyk urşunda gazaply söweşleriň birinde agyr ýaralanýar. Ony ölüm ýassygyndaka ermeni gyzy, sanitarka Nina halas edýär. Çary Aşyryň «Ermeni gyzy» atly goşgusy edebiýatymyzyň altyn fonduna girdi. Şahyr uruş gutarandan soň özüni ölümden halas eden ermeni gyzyny gözledi. Olar on bäş ýyldan soň Ýerewanda duşuşdylar. Haýp, Nina Sagumýan 60-njy ýyllaryň başlarynda kyrkam ýaşaman ýogalypdyr. Çary Aşyr bolsa onuň maşgalasy bilen şu wagta çenli dostana gatnaşygyny üzenok. Geçen ýylyň baharynda ol öz aýaly bilen Moskwada ýaşaýan Nina Sagumýanyň aýal dogany Margarita Artýomownanyňkyda myhmançylykda boldy. Ninanyň 92 ýaşly ejesi türkmen ýazyjysynyň Ninany hormatlap gelendigine begenip, gözlerindäki ýaşy saklap bilmedi. Bu tolgundyryjy pursaty synlap özümiň hem gözümden ýaş akanyny duýman galdym. Haçanda birki ýyllykda ermeni halkynyň üstüne tebigy betbagtçylyk inende türkmeniň segsen ýaşly halk ýazyjysy Çary aga Aşgabatda aýaklaryny uzadyp, arkaýyn ýatyp bilmedi. Ol şondan köp wagt geçmänkä, ermeni halkynyň derdini deň çekişmek üçin Ermenistana tarap uçupdy. Bizde «Süri agsaksyz bolmaz» diýilýär. Dogduranam, adamlar hil-hil bolýar. Birazajyk ýagşylygy dag ýaly bilýäni bar, dag ýaly uly ýagşylyk etseňem ony şo gün ýatdan çykaryp, petekesini gaýşardyp ýörenlerem bar. Sözümi uzaldyp oturman, şo tetelli adamlara «Ýakma bişersiň, gazma düşersiň» diýen halk pähimini ýatladasym gelýär. Elbetde, döwür agyr. Ýöne döwri döwür edýänem adamlaryň özleri. Şu agyr döwürde «bitimize gahar edip, ýorganymyzy otlamalyň!». «Syýasy söhbetdeş», 5.02.1992. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||