13:57 Dostum Rafael Sadi | |
DOSTUM RAFAEL SADI
Publisistika
Rafael Sadi (1955-nji ýylda doglan) bilen ýogalmagyndan iki gün öñ ýazyşypdyk: "Şu derman öndüriji firmany öwreniñ, siz bu boýunça hünärmen hasaplanýarsyñyz. Menem öwrenerin". Hemişe hat-habarlaşyp durardyk, käwagtam bir jañlaşardyk. Iñ soñky gezek dilimize "Çav Bella" diýip terjime edilen “Bella Ciao” aýdymynyñ awtory Mişka Ziganoff (Mişka Syganow) hakda ýazdy. Men ondan şuña meñzeş ýazgylary ýazmagy haýyş edip, "şular ýaly aktual ýazgylar hepdäniñ ahyryna gowy okalýar" diýerdim. Hemişeki göwnüpesligi bilen "siziñ aýdanyñyz bor" diýdim. Menem iki bulgurly smaýlik ugratdym. "Men içemok, size noş bolsun" diýip ýazdy (süýji kesellidi). Yzyndan "eger kyn görmeseñiz, şu ýazgymy (öz eýelik edýän) Hastürktv-de paýlaşaýsam?" diýip sorady, "elbetde, paýlaşyp bilersiñiz" diýdim. Bu iñ soñky gepleşenimiz boldy. Ol Tel-Awiwdäki öýünde ukuda ýatyrka aradan çykypdyr... Irden oýananymda hökman gije gelen elektron hatlara göz aýlaýaryn, Rafael Sadiniñ hökman bir-iki sany haty bolardy (onuñ altmyş elektron haty toparyna ýazandygyny ýatladýaryn). Şol sebäpli ir säher bilen entek örmändigini görüp, aýaly aladalanyp turuzmaga çalşanda şum ajalyñ gapysyny kakandygyny duýýar: Pahyr ukuda ýatyrka jan tabşyran eken. * * * Bir hepde bäri pikir edýärin: Rafael Sadi haçan Odatv-de ýazmaga başlady? Men "Hürriyet" gazetinde 2007-nji ýylda ýazmaga başladym. Şol ýyl "Odatv"-ni hem açdyk. "Hürriyet" gazetindäki ýazgylaryma gelýän seslenmelere jogap berenimde, Odatv hakda aýdyp, olardan habar-teswir ýazmaklaryny sorardym. Ýalñyşmasam, Rafael Sadi bilenem şol wagt tanşypdyk. ("Ülker" firmasynyñ düýbüni tutujy şärikdeşlerden H.Witaliý Nahumyñ giýewsi Haim Eroll Gelardin hem şol wagt Odatv-de çykyş edipdi). Rafael Sadi hiç mahalam ýazuw-pozuw işinden el çekmedi. Ol biziñ soraýan hemme sowallarymyza jogap bererdi. Öwrenmek isleýän islendik meselämizi mazaly öwrenip, soñ ýazardy. Tel-Awiwde ýaşaýan jöhidiñ Odatv-de çykyş etmegi käbirleri tarapyndan maña "Mossad-yñ jansyzy" myjabatynyñ atylmagyna sebäp boldy. Geçen aý telefon arkaly jañlaşanymyzda, maña şeýle diýilýändigini aýtdyk welin, "Wah, muny menden sorasana. Odatv-de ýazýanym üçin maña-da faşist diýýärler!" diýdi. Intellektual çekişme gurap biljek gory bolmadyklaryñ şahsy aýyplamalardyr myjabatlara ýüz urmagy nähili añsat gerek? Çünki bü tetellileriñ şeýtmekden başga bilýän zady ýok. Munuñ hasam geñ tarapy, Ysraýyla gidip-gelýän ildeşlerimiziñ kömek soraýan ýeke-täk adamy hemişe Rafael Sadi bolup geldi... * * * Rafael Sadi… Stambulyñ Şişli raýonynda önüp-ösen jöhit... Elmydama "Men türkiýeli däl, türk" diýerdi. Ibrany dilinde "hasbara" (düşündirmek) we "türk" sözlerinden Hastürktv.net saýtyny açdy. Beýoglundaky hususy jöhit liseýinde başlan yzçylyk ukybynyñ bardygyny aýdyp, hemişe magtanardy. "Yıldırımspor" futbol klubynda oýnan günlerini buýsanç bilen ýatlardy. Uzak ýyllaryñ dowamynda meşgullanjak žurnalistika kärine diwar gazetinde ýazyp başlady. Yzyndan her çarşenbe güni çykyş eden "Şalom" gazetine geldi. "Haber" gazetinde ("Lehi"-niñ düýbüni tutujylardan Ýair Sterniñ hormatyna) “Yair” edebi lakamy bilen nostalgiýa ýazgylaryny ýazdy. Hiç haçanam ýazuw kadalaryna eýermedi, ýöne dogrulary aýdyp, ýalñyşyny düzedende gaty görmesi ýokdy. Hemişe gorkman-ürkmän ýazdy. Galamynyñ tersine elmydama güler ýüzlüdi, degişgendi. Dumly-duşdan edilen basyşlara garamazdan Erdoganyñ kursdaşydygyny aýtdy. Erdogançy welin däldi! Ýöne oña hemişe hormat goýdy. Ondan interwýular aldy. Işeññirdi. Dosty Ýakup Barokas onuñ aradan çykmagynyñ yzyndan şeýle ýazdy: "Sadi öz saýty hasturktv.net-de we Odatv-de günde azyndan 1-3 habar çykmasa, wezipesini ýerine ýetirmeýän ýaly duýardy". Togsanynjy ýyllaryñ başynda Ysraýyla göçenem bolsa, "Tagtagalaly oglanjyk" bolup galdy. Ýadynda saklan dost-ýarlary hakdaky ýatlamalaryny "Tagtagala" ("Tahta-Kale") kitabynfa ýazdy. Ah! Entek kän dokumental filmleri taýýarlamakçydyk... Biz-ä senden razydyk, dostum Rafael Sadi. Göwnümize ýeke giñlik berýän zat agtygyña gowuşandygyñ... Döredijilik işiñi Odatv-de gyzyñ Wiket Sadi dowam etdirer... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 21.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |