10:58 Dostumyñ ýadygärligine | |
DOSTUMYŇ ÝADYGÄRLIGINE
Goşgular
Indi köp zat ýatdan çykyp gidipdir, Gör, nireden el bulaýar çagalyk! Otyryn men taýagyma söýenip, Gözler kütelipdir, başym çalaryp. Söhbetler bozulyp, ýerler boşapdyr, Iç dökmäge jan gözledim, tapmadym. Tümmege öwrülen dostlarym ýatlap, Uzak gije oýa batyp, ýatmadym. Ýatlamalar indi ýalňyz syrdaşyň, (Garrylygyň ýatlamasy başgadyr!) Ahwalat kän tükenyksiz ýollarda, Käsi ýakymlydyr, käsi gagşadar. Egsilmezdir ýatlamalar ýumagy, Şolar bilen aýlar, günler geçip dur. ...Ýaňyja bir ajy habar eşitdim— Ýene bir dostumyň ömri öçüpdir... Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||