10. Döwlet guşy
Magtymguly — dert eýesi şahyr. Onuň çeken, döz gelen derdi kän. Şolaryň esasylarynyň biri-de XVIII asyrda türkmeniň döwletsizligidir, türkmen taýpalarynyň agzalalygydyr. Şahyr kemallyga ýetişip, tä ömrüni paýawlaýança, bu dert onuň ýüregine yza, böwrüne sanjy bolup durupdyr. Onuň iň gowy, joşgunly duýgulardan ybarat goşgulary-da hut şu temadan ýazylandyr. Ol şular bilen-de diňe türkmen edebiýatynda däl, tutuş Gündogar edebiýatynda beýikdir. Özünden öňki edebiýatdaky, çeper aňdaky namartlyk hem mertlik, gahrymançylyk ýaly howaýy beýan hem wasp edilen düşünjeleri ol anyk döwür, anyk ýurt, anyk taryhy wakalar bilen baglanyşdyrdy. Şeýdip, howaýy düşünjeler hakykatyň anyk hem janly maz-munyny edindiler.
Ine, şahyryň ady belli «Döker bolduk ýaşymyz» diýen goşgusy. Bu Magtymgulynyň taglymatynda döwlet meselesiniň ornuna hem düýp taryhy-pelsepewi manysyna düşünmekde köp zatlaryň üstüni açyp berýän goşgudyr.
Istär — elden çyka döwlet humaýym,
Doga kylyp, döker bolduk ýaşymyz,
Dilegim duş eýle, gözel Allahym,
Ersgin boldy, gitdi gyzylbaşymyz.
Men edebiýat taryhçysy däl. Emma her bir türkmen ýaly, onda-da söz bilen iş salyşýan türkmen ýaly Magtymgulynyň diwanyny gaýtalap-gaýtalap okaýaryn, onuň her bir goşgusyna hem sözüne içgin düşünmek isleýärin. Şu bent bilen başlanýan goşgyny her gezek okanymda, onuň hem aýdyň we düşnükli, hem şol bir wagtda syrly bir goşgudygy barada oýlanýardym. Hatda şu birinji bentde-de üç sany gyzykly pursadyň bardygy bada göze ilýär. Olaryň ilkinjisi «döwlet humaýym» diýen düşünjedir. Humaý guş ady bolup gelýär. «Humaý gözli» diýen sypatlandyrma biziň häzirki edebiýatymyzda-da kän ulanyl¬ýar. Döwlet humaýy — bagt guşy diýip düşündirilýär. Soňky asyrlaryň türkmen aňyny göz öňünde tutsaň, şeýle düşündirişiň dogry bolmagy-da mümkin. Emma asyrlaryň jümmüşine hem alyslygyna gidiberseň, başga hili pikirler-de ýüze çykýar.
«Humaý» sözi has gadymy — yslamdan ozalky ýadygärliklerde «umaý» görnüşinde duş gelýär. Diňe iki sany kitaba ýüzlenmek bilen çäkleneýin: «Has dogrusy, asmanda ýaşaýan hem-de ähli janly-jandaryň dünýä inmegine göz-gulak bolýan «mama» haçandyr bir wagt hasyllylygyň hudaýy bolan bolmaly. Gadymy türküler Umaý diýen aýal hudaýa sežde edipdirler» (W.Basilow).
«Türküler asmana (Taňra), ýer-suwa tagzym edipdirler, bularyň bary hem has gadymy keramat — aýal hudaý Umaýa çokunmak bile baglanyşykly bolupdyr.
Umaý — mukaddes Watandyr (ýer-suwdur) — ine, şolar bizi ýeňşe ýetirendir» diýip, gadymy türki ýazgylarda aýdyl¬ýar» (A.Jykyýew).
Görnüşi ýaly, Umaý gadymy ata-babalarymyzda hasyllylygyň, diýmek, ýeriň-suwuň, diýmek, Watanyň hem de bitginliligiň, diýmek, rysgalyň Hudaýy bolupdyr. Emma Magtymguluda Umaý däl-de, humaý ahyryn diýilmegi mümkin. Muny diýse-de, türkmen dilinde käbir çekimli bilen başlanýan sözleriň öňünden «h» sesiniň artdyryl¬ýandygyny, şeýdip, şol bir sözüň iki hili aýdylýandygyny bilmeýän adam diýer. Mysal üçin, akyl-hakyl, ar-har, armak-harmak we ş.m.
Humaý — döwletiň hem-de Watanyň keramatydyr.
Humaý — dirilik Hudaýydyr.
Elbetde, döwletiň hem Watanyň abadanlygy diriligiň iň ilkinji şertidir.
Magtymguly döwlet erkinliginiň, özbaşdaklygynyň elden gitmegini diriligiň soňuna çykylmagy hasaplaýar. Muňa tutuş goşgynyň howalasy şaýatlyk edýär. Türkmeniň ruhy garaýyşlarynyň düýp esasynyň müňýyllyklaryň dowamynda ýoýulmandygy, olaryň diňe täze kabul edilen diniň resmiliklerine laýyk getirilendigi şu ýerde-de görünýär.
Hyzyr kimin çöllerde,
Kowus kimin daglarda,
Ylýas kimin köllerde,
Ýagşy-ýamany görsem
— diýýär Magtymguly. Munda ýer-suw Hudaýy Humaýyň ýerini Hyzyr, Ylýas hem Kowus tutupdyr, düýp esas bolsa öňküligine galypdyr — türkmeniň ýere-suwa mukaddeslik hökmündäki garaýşy hem ynanjy üýtgemändir. Dil galyplary üýtgeýär, ruh bolsa öňküligine galýar.
Degişli bendiň dördünji setirindäki «ersgin boldy» söz düzümi-de Magtymgulynyň ruhy taglymatyna düşünmekde ähmiýetli jümledir. Özüniň başga bir goşgusynda şahyr:
Ersgin bolsa, gider döwlet,
Hiç ülke bibaş olmasyn
— diýýär. Diýmek, ersgin bolmak — dargamak, başsyz galmagy aňladýar. Döwletiň esasy şerti — bir başyň, häkimligiň bolmagy. Bu düşnükli. Emma şonuň yzysüre gelýän «gitdi gyzylbaşymyz» diýen söz düzümine nähili düşünmeli?! Näme üçin şahyr «biziň gyzylbaşymyz» diýýär? Biz, köp¬lenç, Magtymgulynyň taryhy pikirlerini anyk bir pursat bilen baglanyşdyrman, howaýy maksatnama hökmünde göz öňüne getirýäris. Emma hut şu jümläniň özi-de bellibir taryhy pursat, anyk durmuş wakasyndan habar berýär. Magtymgulynyň döwrüniň bellibir ýylynda türkmenler gyzylbaşlar bilen umumy hereket eden, goşulan bolarly. Emma, şahyryň aýdyşy ýaly, oňşuksyzlyk zerarly ara ýene açylypdyr.
Türkmenleriň gyzylbaşlar, gajarlar bilen oňuşman gezen ýyllary-da, bir maksat tutunyp ýaşan ýyllary-da bolupdyr. Magtymgulynyň gajar serdary Muhammethasan hana bagyşlap «Aly Siziňdir» diýen belent waspnamany ýazandygyny bil¬ýäris. Aslynda, gelip çykyşy türkmen bolan gyzylbaşlaryň, gajarlaryň mezhebi başga ekeni. Emma mezhep aýrylygy oňat gatnaşyga, doganlyk-dostluga päsgelçilik bolup bilmändir.
Şu goşgynyň dördünji bendi-de Magtymgulynyň pikirlerine anyk taryhy pursadyň çäginde seretmelidigini ýene bir gezek tassyklaýar.
Magtymguly «Döker bolduk ýaşymyz» atly goşgusynda, bir ýere bil baglasalar, türkmenleriň Gulzumy, Nili guradyp biljek güýjüniň bardygyny, birleşmegiň zerurdygyny nygtaýar.
Şahyryň bu goşgusynda bir döwlete gulluk edeliň diýmegi düýpli zatdyr.
Döwlete gulluk etmek gulçulykdan halas edýär.
Gulluk gulçulykdan halas edýär.
Türkmen diliniň many mümkinçilikleri giň. Bary-ýogy ýekeje goşulma artýar weli, «ak» diýeniň «gara», «gara» diýeniň «aga» öwrülip dur.
Ýa-da goşulma artmanda-da, diňe sözüň manysynyň oýnadylmagynyň hasabyna-da, hikmetli söz döretse boljak. Aýdaly:
Döwlet bolmasa, döwlet bolmak mümkin däldir!
Munda «döwlet» sözüniň iki manylylygyna esaslanylýar. Syýasy gurama, syýasy serişde hökmündäki döwlet bolmasa, rysgal, bolçulyk, bereket, ruhy baýlyk, abadançylyk, ýagny döwlet bolmaýar. Hut şonuň üçinem Magtymguly birleşeliň, syýasy hem hojalyk dagynyklygynyň soňuna çykalyň diýip pelesaň kakýar. Çünki muňa düýpli esas bar — türkmen taýpalarynyň ruhy birligi hem-de bitewüligi bar. Ruhy birlik bolsa sözüň ikinji manysyndaky döwletiň iň ulusydyr.
Ruhy gymmatlyklar — baş döwletdir. Şol esasa daýanyp, Magtymguly syýasy gurama bolan döwleti esaslandyralyň diýýär. Arman, onuň öz aýdyşy ýaly, nesip bolmandyr.
Döwlet diýmek, ilkinji nobatda, häkimlik diýmekdir, häkimlik diýmek bolsa birbaşlylyk, bir agza garamak diýmekdir. Döwlet kanun çykarmaly, dolandyrmaly hem serenjam bermeli. Şu gural bolmasa, jemgyýetiň esaslary gowşap, adalatsyzlyk, deňsizlik, ahlaky azgynçylyk, tozgunçylyk başlanýar. Döwletmämmet Azady hem, Magtymguly hem muňa gaty oňat düşünipdirler. Häkimlik döwletiň esasynda ýatýandyr diýen pikir Magtymgulynyň «Emire döner» diýen şygrynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şu goşgy tutuşlygyna ýurtda bir häkimiň zerurlygyna bagyşlanypdyr. Häkim ýok ýerinde halka azar berýän, onuň başyna şir bolýanlar köpeliberýär. Goşgy häkimligiň zerurlygy bilen başlanýar, şonuň bilenem gutarýar:
Ülkede sahyp bolmasa,
Arbaplar emire döner.
Üç ýyl şire uçramasa,
Tilki, şagal şire döner...
Magtymguly, budur derdiň —
Sahyby gerek her ýurduň!
Şir zarbyn görmedik gurduň,
Her murty bir tire döner.
Sahyp diýmek eýe diýmekdir. Ýurtda eýe bolmasa — döwlet, häkimlik bolmasa, arbaplar — öňýeten baýlaram emirlik, emr etjek bolup durlar. Her özüne göwni ýetýän baý garyndaşlaryny, tiredeşlerini yzyna düşürip, milleti bölek¬leýär, şeýdip, ýurt dargaýar. Her kellede bir han döreýär. Magtymguly şu goşgusynda ýurda gerek eýäni — patyşany şire, arbaplary bolsa tilkä hem-de möjege deňeýär. Şir görmedik möjekler batyrlyk satýarlar.
Ikinji bendiň birinji setirine ýene üns bereliň. Eý-ho! Magtymguly tüýs ýürekden ýurdunyň derdini öz derdi diýip kabul edýär. Boş sözem ýok, bokurdagyna sygdygyndan gygyrma hem ýok, «söýýän, söýýän» diýip suwjarma-da ýok. Iň beýik, çyn hem çirksiz söýgi ýönekeý sözleriň üsti bilen beýan edilýär. Magtymgulynyň sapagyna görä, Watana söýgi men-menlik, suwjuklyk, haýýarlyk, mekir-al hem jögülik bilen bir ýere sygyşmaýar.
Şahyr goşguda birwagtky öten türkmen döwletleriniň ahy-nalasyny çekýär, ahmyrly pikir ýöredýär:
Gahba pelek kaşyk salar,
Birne biýr, birinden alar,
Her kime bir nobat geler,
Ülke agar, tura döner.
Soňky setirdäki üçünji söz nädogry ýazylypdyr. Ol «tura» däl-de, «tugra» bolmaly. Tugra — bu köne syýasy türkmen sözüdir. Döwletiň gerbine hem-de patyşanyň buýrugy, permany ýazylan kagyzyň ýokary ýüzündäki möhüre tugra diýipdirler. Magtymguly keşpler arkaly syýasy temadan pikir ýöredip, birwagtky türkmen döwletleriniň — patyşalarynyň, belki, Oguz hanyň, belki-de, seljuklaryň ýa başga bir beýik türkmen döwletiniň agysyny aglaýar. Onuň sözlerinde taryhdan öýke hem-de kinaýa mese-mälim duýlup dur.
Magtymgulynyň eserlerinde şu keşp köp gaýtalanýar:
Adam ömri — çyrag mysaly.
Ýylp etdi — doguldy,
Ýylp etdi — öldi.
Adam bu dünýä baky gelen ýaly ýaşaýar, gelmedik ýaly geçip gidýär.
Geçmişiň beýik şahsyýetleriniň kitap şekiline giren ömürleri indi biziň her günümize, hatda birnäçe sagadymyza sygyp dur.
Magtymgulynyň öz nesli hakynda ýazan bir goşgusy bar — «Bir işe ulaşdy». Şu goşgusynda şahyr öz nesliniň taryhy hyýallary hem-de olaryň puç bolşy hakynda gaty bir göwnüçökgün bolmadyk äheňde gürrüň edýär.
Deňim-duşum, goç ýigitler,
Her kim bir işe ulaşdy.
Hak her kime bir ýol berdi,
Her kim bir borja dalaşdy.
Kimler girdi Hak ýoluna,
Ýagşylyk düşdi päline.
Kim gylyç aldy eline,
Çaldy, yslam dinin açdy...
Biz istedik, ulug ýaran,
Nesip bizi etdi haýran,
Kimi gitdi Eýran, Turan,
Kim Yspyhan, Töwriz aşdy.
Hawa, her kim bir ýere dargady. Uly ýaran — döwlet islän hem onuň ugrunda göreşen nesliň umydy puç bolýar, nesip bulary haýran edýär. Onsoň her kim bir ýere dargaýar. Şahyr weli Watanyndan hiç ýerik çykyp gitmändir.
Haka aýan boldy halym,
Halkda bilen bolmaz mälim,
Magtymguly, meniň ýolum
Ol dostlardan aýra düşdi.
Ýolum ol dostlardan aýra düşdi — gylyjy esasy serişde edinen, hatda ýurduny taşlap gitmäge çenli baryp ýeten adamlardan şahyryň ömür hem-de ruhy ýollary aýra düşýär.
Onuň bütin ömri hem-de taglymaty türkmeniň taryhy ýaşaýşynyň akymyny üýtgetmelidigini, ýarag, güýje däl de, akyl-paýhasa, ruhy gymmatlyklara gol ýapmalydygyny nygtap görkezýär. Öňki görogluçylyk ýaşaýşyň ahlaky esaslanmalary bar bolsa-da, onuň taryhy gelejegi ýok. Ruhy taryhy döre¬dijilik bilen, döwletiň binýatlaryny gurmak bilen meş¬gullanmaga wagt ýetdi — ine, şahyryň ruhy taglymatynda şu hili taryhy-pelsepewi manyny görýärin.
Çatryk dürli ýollaryň birbada hem çatyşýan, hem aýry¬lyş¬ýan ýeri. Edebiýat ýollarynyň çatrygy hem şonuň ýaly. Hem¬mämizi bir nokada birikdirýän hem-de herimizi bir ýola salyp goýberýän edebi çatryklaryň biri hyýalyma geldi, aýdyp bereýin.
Geçen eýýamlar, öten döwürler hakynda göwün ýüwürdip, biziň her birimiz geçmişdäki ýetmeziň öwezini dolmak hyýaly bilen ýaşaýarys. Geçmişiň ahmyrynyň döredýän hyýalatynyň melul ediji täsiri bar. Türkmen elguşy baradaky powestime material toplamak üçin Garagumuň jümmüşine, Uzboýuň kenarlaryna gidişim ýadyma düşýär. Amyderýanyň ýakasynda önüp-ösen adamda Uzboýuň gury hanalary geň duýgulary — şu gününden düýnüne baryp görýäniň duýgularyny döredipdi. Geçmişiň öz niýetimize, islegimize, göz öňüne getirişimize laýyk gelmedik halatynda, ýürekde ahmyr galýan eken. Ne geçmişi düzedip, üýtgedip bolýar, ne-de geçmişden halas bolup bolýar. Şonda-da geçmişden ahmyr ýüreklerde wagtal-wagtal döräp durýar.
Beýik Magtymgulynyň:
Golýazma kitabym sile aldyryp,
Gözlerim yzynda girýan eýledi
— setirleri haýsy türkmeniň ýüreginde ahmyr döretmeýär?! Hatda şol ahmyrdan meşhur şahyrymyz G.Ezizow hyýala ulaşyp, göwün ýüwürdip, ýörite bir şygram ýazyp gidipdir. Şahyryň liriki-taryhy hyýalatynda şol kitap tapylýaram, türkmen iline de gowuşýar. Şeýdip, poeziýa bizi geçmişiň ahmyryndan çykarýar. Bu şeýle. Ýöne meniň aýtjagym bu däl, men bütinleý başga bir zady diýmekçi. Şahyryň şol ajaýyp goşgusynyň güýçli täsirindendir-dä, Magtymgulynyň «bäş ýylda bir kitap eden» şol golýazmasynyň nämedigini, nähili eserdigini bilmek islegi döredi. Onuň ömrüne, mirasyna degişli bilýän-u bilmeýän zatlarymyň baryny agtaryp çykdym. Isleýän zadym Magtymgulynyň ömri baradaky rowaýatlaryň arasyndan ta¬pyldy. Özi ýitirmese-de, nämedigi unudylmadyk şol kitap «Totuguş dilli dessan» atlandyrylypdyr. Bu ady eşiden adamda, tebigy zat, başga bir halypa hem onuň bir meşhur eseri baradaky pikir peýda bolýar. Ol beýik Nowaýy hem onuň «Guş dili» dessanydyr. Görnüşi ýaly, Magtymgulynyň ahmyrly setirleri geçmişi hem şu güni, rowaýatlary hem edebiýaty, Nowaýyny we Ezizowy, birbada hem birikdirýän, hem aýrylyşdyryp goýberýän täsin çatryk mysaly.
Alyşir Nowaýynyň kimdigini, nämedigini hem-de nähilidigini bilmeýän sowatly türkmen bolupdyr ýa-da bardyr diýmek, logiki ýalňyşlyk bolardy: eger ol türkmen bolsa, onda sowatly däldir, eger-de ol sowatly bolsa, onda türkmen däldir. Logikanyň üçünji çözgüdi aradan aýyrýan kanuny bar bu hakykatda. Genial şahyr, taýsyz alym, beýik döwlet işgäri, uçursyz haýyr-yhsan eýesi bolan, özünden soňky türkmen edebiýatyna Nowaýy ýaly güýçli täsir eden ikinji bir şahsyýet ýokdur. Bu hakykaty onuň özi-de oňat bilipdir, öňden görüpdir we bu barada buýsanç bilen ýazyp gidipdir.
Nowaýy tä Magtymgula çenli türkmen edebiýatynyň esasy edebi diliniň biri bolan çagataý edebi dilini döretdi. Diňe Magtymguludan soň ol edebi dil ikinji orna geçdi, ýöne şondan soň hem bütinleý ulanyşdan galmady. Özüniň «Nesaimul muhabbet» eserinde Nowaýy «Seýit Nesimi — Yrak we Rum tarapyndaky mülkden erkendir. Rumy we türkmen dil birle nazm aýdypdyr» diýip ýazyşy ýaly, çagataý hem rumy türkmen dilleri XVII asyra çenli iň kämil hem köp ulanylan edebi diller bolupdy.
«Guş dili» ýörelgesine eýerip, guşlar, ösümlikler, haýwanlar hakda ýazylan eserler az däl. Diňe bir Nowaýy däl, Jelaleddin Rumy, Abdyrahman Jamy, Omar Haýýam, Gaýyby ýaly beýik söz ussatlary hem bu ýörelgä eýerip, gowy eserler döredipdirler. Magtymgulynyň «Kepderi», «Bil¬mezmiň» poemalary-da guş dili ýörelgesi boýunça döredilen eserler. Bu zatlary biz guş bilen baglanyşykly başga da düşünjeleriň bardygyny nygtamak üçin aýdýarys. Köňül gu¬şy, bagt guşy, symrug, humaý, döwlet guşy ýaly düşünjeler bar. Bu düşünjeleriň döremegi ýöne ýerden däl. Olaryň döremegi, guşuň uçýandygy, belentlige galýandygy bilen bag¬lanyşyklydyr. Uçmagyň bagtyň açylmagy, göterilmegi, ylhamlanmak, joşmak ýaly manylary bar. Belent mertebeli Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romany hem «guş diliniň» alamatlarynyň bardygy, simwolika ýugrulandygy bilen türkmen edebiýatymyzda uly edebi hadysa öwrüldi. Magtymguluda şeýle setirler bar:
Götermese döwlet guşy,
Uçup bolmaz per biläni.
Döwlet guşy döwlete maşgala; bagt guşy şahsyýete bagt döwletlilik getirýär.
Magtymgulynyň aýdany geldi: türkmen iline döwlet guşy gondy, halkyň döwletliligi, rysgal-berekedi ýylsaýyn artyp gidip otyr. Bu beýik döwletliligi göterinmek hem aňsat däl. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda Göroglyny pes, Magtymgulyny mes wagtyň okamalydygy hakdaky pähimi hut şu günki bagtyýar döwrümiz bilen baglanyşykly aýdylan pähimdir.
Osman ÖDE.
Magtymgulyny öwreniş