08:44 Döwletiñ puluny nämüçin we nädip mubah gördüler? | |
DÖWLETIÑ PULUNY NÄMÜÇIN we NÄDIP MUBAH GÖRDÜLER?
Publisistika
Döwletiñ puly - döwletiñ dürli pudaklardan toplan we döwlet maksatnamalaryny maliýeleşdirmek üçin bölünip berilen nagt puldyr ýa-da awtoulag, mebel, hojalyk enjamlary, ýer-mülk ýaly döwletiñ gozgalmasyz emläkleriniñ bir bölegidir. Döwletiñ haýsydyr bir garşydaşlaryna bu puly almak mubah görülýär (oñlanýar). Baýlaryñ arasynda döwletden baýy ýok. Döwletiñ puluny alyp garyp-gasarlara bermegiñ adalat meselesidigi bahanasy bilen bu puly döwletden almak gerek ýa-da iñ bolmanda almak kanunydyr. Iñlisleriñ Robin Gudy we geçmişde ýaşap geçen Urwe ibn el-Werd ýa-da abbasylar döwründäki şuttarlardyr aýarlar ýaly käbir arap garakçylary bulara mysaldyr. Şol toparlaryñ medeniýetinden ugur alyp, käbir gödek kommunistler rewolýusioner adalaty we kanuny synp ar almalary amala aşyrmak maksady bilen döwletiñ pulunyñ talanmagyny kanunylaşdyrdylar. A dini fundamental akymlarymyzyñ yzyna eýerijileri näme? Gysgaça aýdanda, "El-Kaide", "YŞYD" ýaly terrorçy toparlaryñ tarapdarlary döwletiñ puluny talamagyñ jaýyz oljadygyny aýtmakdan çekinmeýär. Şol bir görnüşde "Ehli-kitabyñ" puluny-da "ehli-zimmet" hökmünde tölenmeli pulyñ tölenmändiginu bahana edip talamagy jaýyz görmekdenem gaça durmaýarlar. Şundan ugur alyp Müsürdäki terrorçylar kyptylaryñ, aýratynam aralaryndaky ýuwelirleriñ puluna el urmagy jaýyz gördüler. Şaýy fundamental hereketler barada aýdanda bolsa, olaryñ elinde "eýesiz" pul düşünjesi bar we olaryñ pikiriçe gürrüñi gidýän pula el urmak bolýarmyş. Muhammet Sadyk Sadryñ pulyñ diñe (Hüjjet) Ymam Mätiniñ barlygynda kanuny we elýeterli bolýandygy, şondan başga wagtdaky häzirki döwlet ýolbaşçylarynyñ kanuny hukugyñ talañçylary bolup durýandygy üçin döwletiñ puluny talamagy jaýyz gören fetwasy-da bularyñ biridir. Onuñ ogly Mukteda hem ýigrimi ýyl berilen soraga şol fetwadaky aýdylanlara görä jogap beripdi. Yrakly ylmy barlagçy doktor Raşid el-Haýýun "eýesi näbelli" pul hakdaky makalasynda bu içtihadyñ aýratynlyklaryndan söz açýar we Şeýh Muhammet Hasan el-Nejefiden (1850-nji ýylda aradan çykan) şu sitatany getirýär: "Dünýä we onuñ içindäkiler Allanyñ, Onuñ Resulynyñ we biziñ (ymamlaryñ) zadydyr". ("Jewahyry-Kelam") Bu taryhy we fykh häsiýetli sitatany "Sahwa" hereketine girýän käbir adamlaryñ döwletiñ puluny nädip talaýyşlaryna düşünmegiñize ýardam edip biljek düşünje edinmegiñiz üçin aldyk. Saud Arabystany patyşalygynyñ Korrupsiýa garşy göreş komissiýasynyñ berýän maglumatlary-da, käbir ýolbaşçylaryñ döwletiñ pulunyñ talanmagyna goşulýandygyny görkezýär. Tanalýan "sahwaçy" akymlaryñ agzasy ýaly bolup görünýän we häzir radikal-terrorçylykly hereketleri sebäpli jogapkärçilige çekilen "sahwaçy" şeýhleri goldaýan teswirleri ýazan adam wezipe ygtyýarlygyndan nädip hyýanatçylykly peýdalanyp bilýär we döwletiñ puluny nädip ogurlar bilýär? Hany hallallyk, hany takwalyk? Alla gorkusy nirede galdy? Bilşimiz ýaly sebäbini bilenimizde hiç zada geñ galmañ, belki-de, añastynyñ buljumlarynda bular ýaly adamlara döwletiñ puluny talamagy süýjedip görkezýän düýpli sebäpler bardyr. Häzir türmede oturan fundamentalist, tekfirçi, kutubçy şeýhi öwýän biri umuman dini kanunylyk we raşid halyfatyñ saýasyndan uzakdaky täze jahylyýet döwrüni başymyzdan geçirýän düşünjesine goldanýan bular ýaly fundamentalist we kutubçy ruh bilen nädip dil tapyşmasyn? Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Penşenbe 01.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |