23:57 Döwletmämmet Azadynyň ýaşan döwri barada | |
DÖWLETMÄMMET AZADYNYŇ ÝAŞAN DÖWRI BARADA
Edebi makalalar
Türkmen halky häzirki döwürde milli mirasymyzy öwrenmäge, oňa doly manysynda buýsanmaga mümkinçilik tapdy. Şeýle bolansoň meniň üçin hem beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň syrly setirlerine göz ýetirmäge synanyşmak, onuň pederi Döwletmämmet Azadynyň döwrüni öwrenmek gyzykly we lezzetli pişe. Käbir çeşmelerde Döwletmämmet Azadynyň ýaşan döwrüni 1700-1760-njy ýyllar diýlip görkezilýär. Bu sene Magtymgulynyň “Atamyň“ diýen goşgusyndaky (Magtymguly, Şygyrlar, üç tomluk, I tom, “Türkmenistan” neşirýaty. Aşgabat 1992 ý , 64 sah) Altmyş ýaşda, nowruz güni luw ýyly Turdy ajal, ýolun tusdy atamyň. - diýen setirine esaslanýar. Bu kitabyň şol sahypasynyň birinji setirinde şeýle çykgyt hem görkezilipdir: ”Altmyş bäşde” diýen nusgasy hem bar. Emma Magtymgulynyň “Atamyň“ diýen goşgusy täze neşirde (Magtymguly, Eserler ýygyndysy, I jilt, “Ylym” neşirýaty Aşgabat 2013ý, 41 sah) Altmyş bäşde, nowruz güni luw ýyly Tutdy ajal, ýolun tusdy atamyň. - görnüşinde çap edilipdir. Bu sene 1760-njy ýylyň 21-nji martynda gabat gelýär. Onda Döwletmämmet Azadynyň doglan senesi 1695-nji ýyl diýip hasaplamak bolar. Käbir kitaplarda bu senäni 1696-njy ýyl diýip hem berilýär. Muňa hem nädogry diýip bolmaz. Sebäbi şol senede doglan Azady 1760-njy ýylda 65 ýaşyň içinde bolýar. Görnüşi ýaly, bu goşgynyň şu setiriniň iki dürli nusgasy bar. Bu nusga ähtibarly nusgalaryň 9-ysynda “Altmyş bäşde” bolsa, 6 nusgada “Altmyş ýaşda” görnüşinde gabat gelýär. “Magtymgulynyň golýazmalarynyň derňewi” atly kitapda (A.Aşyrow. Aşgabat. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 2014ý. 267 sah.) berlen maglumat we VIII synp üçin niýetlenen "Türkmen edebiýaty” atly okuw kitabynyň (Awtorlary: Oraz Ýazymow, Bäşim Şamyradow, Mämmetgurban Mämmetgurbanow. Aşgabat. Magaryf. 1998ý.) 113-nji sahypasyndaky Magtymguly Pyragynyň şejeresine görä Magtymguly maşgalada (Uly doganlary: Abdylla, Mämmetsapa) üçünji bolup dünýä inýär. Döwletmämmet Azady Buhara medresesinde üç ýyl okaýar. Eger Azady 1724-nji ýyla çenli Buhara medresesinde okapdyr diýip hasap etsek, onda medresede okamak üçin we dört sany çaganyň dünýä inmegi üçin azyndan 9-10 ýyl gerek. Onda Azady 14 ýaşynda öýlenen bolýar. Eger Azady Buharada 1724-nji ýyldan soň okan bolsa, onda 17 ýaşlarynda öýlenen bolýar. Bu delil hem onuň 1700-nji ýyldan ir doglandygyny görkezýär. Şu maglumatlar we delil hem onuň doglan senesiniň 1695-nji ýyldygyny subut edýär. Amanberdi ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |