07:38 Döwrüñ pidalary ýa-da çañ basan arhiw | |
DÖWRÜŇ PIDALARY ÝA-DA ÇAŇ BASAN ARHIW
Edebi makalalar
Bu kitabyň gahrymanlarynyň ählisiniň ykbalyna gazaply daran ýyl – 1937-nji ýyl. Türkmenistan respublikasynyň sallançagynyň başynda durup, täze durmuşyň başyny başlan, synagdan geçen bolşewikler «halk duşmanlary» hökmünde aýyplanan döwründe, ýurt başyna düşen hasrat olaryňam başyndan indi. Ýazyjy A. Çüriýew öz oçerklerinde şeýle dartgynly ykballaryň ömür ýolunyň ýazgysyny döretdi. Ol oçerkler ýazyjynyň respublikanyň neşirýaty tarapyndan çap edilen «Ýürek ýatlamasy» atly kitabyna girdi. Häzir onuň dowamy neşire taýýarlanýar. – Goý, näçe ajy hem ýowuz bolsun, biz hökman taryhyň sapaklaryna akyl ýetirmeli – diýip awtor hasap edýär. – Arassalyk, dogruçyllyk, ynam hem oňa ýüregiň bilen berilmek – bu ähli döwürde biziň idealymyz. Leninçi-bolşewikleriň şahsyýetine ýüzlenmek, ol ideallaryň, şahyr aýtmyşlaýyn, «gaýtadan şuglalanmagyna mejbur edýär». Bigünä heläk bolanlar – respublikamyzyň partiýa guramasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary A.Muhammedowyň, TSSR MIK-niň başlygy N. Aýtakowyň, halk komissarlary B. Pereňliýewiň, D. Mämmedowyň, H. Atabaýewiň... ykballary bölek-büçekden ýygnap, dikeltmek başartdy. – Siz şeýle ýagdaýda oçerkçi hem dokumentalçy hökmünde aýdyňlygyň gazananlaryny nämede duýýarsyňyz? – diýip, TASS-yň habarçysy ýazyja sowal bilen ýüz tutdy. – Mende deňeşdirere delil bar – diýip, A. Çüriýew jogap berdi. – Haçan-da 1980-nji ýylda şu iş bilen meşgullanyp başlanymda, metbugatda köp babatdan söz açmak gadagandy, gahrymanlarymyň ömür ýolunyň köp öwrümleri hakynda ätiýajy elden bermän beýan etmelidi, has takygy, hak sözüňi üzlem-saplamrak ýazmaly bolýardy. Indi ähli hakykaty soňuna çenli aýtmak mümkin. Bu göwnüňi ganatlandyrýar. Ýöne şu günem degişli kepilnamalaryň barlygyna garamazdan, arhiw seýfleriniň gapylary jygyldap, gaty kynlyk bilen açdyrýar. Şol ýerde saklanýan materiallar bilen işlemek üçin ygtyýar almagyň düzgüni kynlaşdyrylýar, býukratik süýrenjeňlikler zerarly telim aý gatnamaly bolýar. SSKP MK-nyň ýanyndaky Marksizm-leninizm institutynyň haýsydyr bir dokumentini onuň Aşgabatdaky bölüminden alanyňdan, Moskwadan alanyň aňsat. – Siziň oçerkleriňize nähili seslenmeler gelýär? – Köp adamlar derdiňi paýlaşyp, oýlanmalaryny ýazýar – diýip, A. Çüriýew tassyklaýar. – Ýöne hyýanatlyk hakdaky hakykaty piňine almaýanlar hem tapylýar. Bir mysal getireýin. Men görnükli partiýa işgäri H. Sähetmyradow hakyndaky oçerkimiň üstünde işläp ýördüm, golaýda Aşgabatda onuň ýadygärligi hem açyldy. Dabara gatnaşan weteranlar H. Sähetmyradow tussag edilenden soň ýokardan gelen görkezme esasynda ýygnak geçiilendigini, bolşewige gara ýöňkelendigini gürrüň berdiler. Şonda çemeçil adamlar tapylyp, şol ýygnaklarda başga-da birnäçe bigünä adamlary hem aýyplapdyrlar. Men «Edebiýat we sungat» hepdeliginde çap edilen oçerkimde, degerli subutnamalara salgylanyp, töhmetçileriň adyny halka ýetirdim. Şondan soň men hakykatyň ýaýylmagyny islemedik adamyň gazaply haýbata çenli baryp ýeten hüjüminiň öňünde durmaly boldum. Men olary şol ýyllara gözli şaýat adamlar bilen ýüzbe-ýüz etmeli boldum. Redaksiýada olaryň duşuşygyny gurnadyk. Halk diňe gahrymanlaryň däl, eýsem ol töhmetçileriňem atlaryny hökman bilmelidir. Men belli ýazyjy Boris Oleýnigiň partiýanyň XIX Bütinsoýuz konferensiýasynda aýdan bu pikirini goldaýaryn. «Biz geçmişiň şugulçylarynyň atlaryny ile peçan etmeli. Ine, şol hem şeýle hapa işe hyýallanýanlar bar bolsa, şolara uly urgy bolar». Gör, nähili jaýdar aýdylan söz, meniň garaýyşym hem şeýle. Üýtgedip gurmak adamlaryň hakyky adyny, mertebesini gaýtaryp berdi, biziň respublikamyzda hem olara bagyşlanyp, «Şöhrata beslenen ömürler» atly kitap seriýasynyň goýberilip başlanmagy örän möhüm işdir. Ý.PRIHODKO, TASS-yň habarçysy. «Edebiýat we sungat», 4.11.1988 ý. «Sowetskaýa kultura» gazetinden göçürme. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |