01:21 Döwür kyssasy. Üýtgedip gurmak döwri -1: Duýdansyz öwsen şemal | |
DÖWÜR KYSSASY / çeper publistik roman
Publisistika
Birinji bölüm ÜÝTGEDIP GURMAK DÖWRI Awtordan Ululy-kiçili jemi dört bölümden ybarat bu bu eseriň birinji bölümi «Üýtgedip gurmak döwri», ikinjisi «Garaşsyzlyk döwri», üçünjisi «heýhajanelekçileriň» atlandyryşy ýaly «Türkmenbaşynyň zamanasy» barada. Onçakly uly bolmadyk dördünji bölümde bolsa, Türkmenbaşydan soň döwlet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Özgertmeler döwri» barada gidýär. Elbetde, men syýasatçy däl. Ykdysadyýetçem däl. Şonuň üçinem, beýan edilýän döwürleriň nogsanlyklarynam, oňaýly taraplarynam hut öz başymdan geçiren wakalarymyň, şol ýyllara bolan hususy garaýyşlarymyň esasynda ýazdym. Çünki, men şol döwrüň içinde ýaşadym. Horluklary gördüm. Ejirini çekdim. Egerde, şol döwürlerde ýüz beren wakalar we şahsyýetler babatda ýalňyşlyk goýberen bolsam, ol meniň öz hatamdyr. Elbetde, ol döwürleriň her birini her kim özüçe kabul edendir, wakalary özüçe başdan geçirendir, özüçe-de garşylandyr, özüçe baha kesendir. Biri gün-günden üýtgäp duran ykdysady ýagdaýlaryň, başda hetdini tanaman dollar bilen bil tutuşyp, soňam «tapyr-tupur» onuň aşagyna düşen, günsaýynam hümmeti gaça-gaça müň derejedenem pes aşal düşen türkmen manadynyň öňünde aljyrap garyp düşen bolsa, başga biri ol zatlardan ussatlyk bilen peýdalanyp baýandyr, ýene biri telekeçilige baş goşup rysgaly rowaç bolandyr. Şonuň üçinem, şol adamlaryň ol ýyllara maňa görä düýpgöter başgaça seredýän bolmaklary-da mümkindir we bu tebigy ýagdaýdyr. Döredijilik işgärlerine hiç hili hak-hukuk berilmändigine, gaýtam öňküje hukuklarymyzyňam elimizden alnandygyna, ähli zatdan çetleşdirilip, aýak astyna taşlanandygymyza, çeper höwesjeňlerdenem at gaýtarym yzda, gara sanawda, gara perdäniň aňyrsynda saklanandygymyza garamazdan, biz garaşsyzlyga barybir şol wagtlaram guwanýardyk, häzirem guwanyp ýörüs. Çünki, ol Türkmenistany resmi taýdan özbaşdak döwlet etdi, dünýä döwletleriniň sanawyna goşdy, tebigy baýlyklarymyza, bir asyr mundan öň elden gideren hak-hukuklarymyza, dini däp-dessurlarymyza, milli baýramçylyklarymyza eýe etdi, türkmen diline döwlet dili hukugyny berdi. Diňe şu zatlaryň özem biziň ýaly öz ýurdunda mysapyrlyk çekip, öz öýünde, öz ene dilinde gürläp bilmän kemsidilip ýörlen adamlar üçin tapylgysyz bagt. Çünki, ol zatlar biziň gije-gündiz arzuw edip, ýetip bilmän ýören derejämizdi. Şonuň üçinem biz garaşsyzlyk döwrüniň beren kynçylyklaryna çydamlylyk görkezýärdik, başymyzdan inen agyr labyry garaşsyzlygyň özünden däl-de, ony bizden gysganan belli-belli adamlardan görýärdik we garaşsyzlygyň beren hak-hukuklarynyň iru-giç özümize-de nesip etjekdigine ynanýardyk, oňa sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk. Türkmenbaşynyň jan teslim edip, bakyýa göç etmegi, Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş başyna gelmegi bilen, ýurtda düýpli özgertmeler emele geldi. Dördünji döwür başlandy. Türkmenbaşynyň girizen gadagançylyklarynyň, nogsanlyklarynyň tas ählisi diýen ýaly aradan aýryldy, düzedildi, üýtgedildi. Şonuň üçinem, ol döwri «Özgertmeler döwri» diýip, atlandyrdylar. Döwür ýene-de üýtgär, bu günki görüp ýören zatlarymyzam has gowluga tarap ugur alar, ýöne bir zat welin üýtgewsizligine galar, o-da üýtgedip gurmak we garaşsyzlyk döwrüniň ilkinji ýyllarynda, hususan-da Türkmenbaşynyň zamanasy diýlip atlandyrylan döwürde türkmen halkynyň, esasanam, döredijilik işgärleriniň öz baýarlary, ýagny, türkmenbaşy tarapyndan sowet zamanasyndakysyndanam has beter gysylandygy, kemsidilendigi, ezilendigi, ýurduň medeniýet, bilim, ylym, medisina, sport taýdan göz-gülban derejede pese düşendigi, döredijilere oýnawaç hökmünde garalandygy baradaky hakykatdyr. Siziň eliňizdäki kitap ine, şol zatlar barada, hormatly okyjy. Birinji bölüm Üýtgedip gurmak döwri 1. Duýdansyz öwsen şemal Aklymyzy bilip ugran günümizden beýläk bizi kommunistik ruhda terbiýeläp başladylar. «Agaň ors halky, ataň Lenin dilleriň seresi bolsa rus dilidir» diýdiler. Hudaýsyzlygy öwretdiler, dini-taglymatlarymyzdan ýüz döndertdiler, gurbanlyk üçin gurlan hiňňildiklerimizi ýykdylar, ataran gazanlarymyzy dökdüler. Hudaý barada aýdym aýtdyň diýşip, agalarymyzy, atalarymyzy, zyndanlara dykdylar, Sibire sürgün etdiler. Biz bolsa şonda-da uly hyruç bilen: Gülzara öwrülen türkmen ilinden, Kommunistik partiýa sag bolsun aýdýas, Bagt guşy parlaýan halktyň dilinden, Kommunistik partiýa sag bolsun aýdýas, – diýen ýaly aýdymlar aýtdyk. Çünki, biz süwümsiz şol zatlara ynanýardyk. Çyndyr öýtýärdik. Öwredişleri ýaly ors halkyny beýik, özümizi yzagalak, nadan saýdyk. Otlap ýören goýundan enaýy däldigimizi, ors halky gelip dadymyza ýetişmedik bolsa özümiziň halk hökmünde ýitip gitjek ekendigimizi öz-özümiz ykrar edýärdik. Çünki, biz ol wagt bir wagtyň özünde o çetinde gündiz, bu çetinde gije bolup duran SSSR ýaly giň, kuwwatly hem uly döwletiň düzüminde durdyk. Ol döwlet ak patyşany agdaryp, ýurtda beýik rewolýusiýany amala aşyran Orsyýediň ýolbaşçylygynda döredilen, on bäş sany respublikanyň synmaz soýuzyndan ybarat, daş-töweregi demir galaly döwletdi. Onuň aýdanlaryna-da, görkezýän ýollaryna-da, göreldelerine-de ynanmazlyk ýa «ýok» diýmek mümkin däldi. Asla oňa hakymyzam ýokdy. Çünki, öz ideýalaryna ynanmazçylyk edýänleri, garşy gidýänleri ýokarda ýaňzydyp geçişimiz ýaly, onuň özi üçin has ähtibarlyrak ýerlere iberäýmesem bardy. Ol ýerlerden gaýdyp gelmek welin aňsat däldi. Ana, şolar ýaly hökmürowan, güýçli, ýer ýüzüne howp salan faşizm ýaly beladan külli adamzady halas eden ägirt uly imperiýa bir demde dargar ötägider diýseler şondan bir ýyl öňem hiç kim ynanmazdy. Emma bu hakykatdanam şeýle boldy. Ýurda tas ýigrimi ýyla golaý baştutanlyk eden L.I.Brežnew garrap, halys tapdan düşdi we 1982-nji ýylyň 9-njy noýabrynda ýogaldy. Şondan soň Syýasy Býuronyň Çernenko, Andropow ýaly Brežnewdenem bäşbeter lagar düşen agzalarynyň yzly-yzyna başlyklyga saýlanyp, yzly-yzyna-da aradan çykmaklary döwlet başyna birneme ýaşrak adamy saýlamaklygyň zerurlygyny äşgär etdi. Bu bije SSKP-niň Syýasy Býurosynyň şol wagtky iň ýaş agzasy, Syýasatçylar tarapyndan KCB-äniň başlygy Andropowyň «komandasyna» degişli hasap edilýän M. S. Gorbaçýowyň paýyna düşdi. Ol turuwbaşdan özüni özünden öňkülere düýbünden meňzemeýän, hakykatdan-da, Andropowyň paç edijilikli ýoluny dowam etdiriji hakyky reformator hökmünde görkezdi. Ýurda uly özgertmeler döretdi. Aç-açanlyga ýol açdy, üýtgedip gurmak syýasatyny yglan etdi. Halka demokratiýa berdi. Şeýlelikde, jyn küýzeden çykdy. Göle ýüpden boşandy. Ençeme wagt bäri kapasada ýatan ýabany gaplaň gözenegi böwüsdi. Ýöne geň ýeri olaryň barysy birigip özlerini erkinlige goýberen adamyň üstüne süýnüp başladylar. Onuň beren söz azatlygyny her kim özüçe peýdalanýardy. Her kim ondan öz bähbidini arady. Ozallar assyrynlyk bilen, dildüwüşikler arkaly hereket edýän garşydaş toparlar indi ýumruklaryny düwüşip orta çykdylar we biri-birleriniň üstünden aç-açan gum sowruşyp başladylar. Şol özara dawalaryň, şahsy garpyşmalaryň soňy, Sowet döwletine ýetmiş ýyllap ýolbaşçylyk edip gelen Kompartiýanyň üstüne hüjüm etmeklige çenli baryp ýetdi. Bu zatlaryň has geň tarapy şo çaka çenli şol partiýanyň başynda duran, ony halkdan gabanyp gelen adamlaryň hut özleri şondan ýaňa «ýanan» adamlar hökmünde çykyş edýärdiler. Gazanyň başynda oturyp, susagyň sapyny elinde saklan, şol döwrüň hözürini hemmelerden köp gören adamlaram öňki döwürde özleriniň kimdir biri tarapyndan ýekirilendiklerini aýdyp aglaşýardylar. Netijede, dokuz börek iýeniň perýady ýekeje böregem datmadygyňkydan-da has güýçli çykýardy. Üstesine-de, şolary «ezeniň», «horlanyň» kimdigi tä şol döwrüň soňuna çenli bilinmän galdy. Ol häzirem bilnenok. Bilinmezem. Çünki, ol adamlary «horlanlar» şol «horlandyk» diýýän adamlaryň hut özleridi. Olar özleri-de bilmezden bir-ä özlerini goraýardylar, birem öz-özleriniň üstüne hüjüm edýärdiler. Öň biziň aňymyzdan Hudaýy aýryp, içini kommunistik ideýlardan dolduran adamlar indi özleriniň şol pikirlerini ret edýärdiler. «Şunça ýyllap kim-kimleriň yzyna eýerip, ýalňyş ýoldan ýörediňiz, diýip, gaýtam biziň özümizi günäkärlerýärdiler. Entek ylmy taýdan doly işlenip düzülmedik, many-mazmuny gutarnykly kesgirlenmedik, tassyklanmadyk ykdysady meýilnamalary, maddy özgertmeleri, ruhy öwrülişikleri boýnymyza atjak bolýardylar. Öň şolaryň hyzmatlaryny edendiklerine, ideýalaryna gulluk edendiklerine garamazdan öňki döwrüň ähli betbagtçylyklaryny Lenin, Stalin ýaly birwagtlar ölüp giden adamlaryň üstüne ýükleýärdiler. Şol zatlara özleriniň hem dahyllydyklaryny, şu çaka çenli özleriniň şol adamlaryň ýörelgeleri bilen ýöräp, kölegelerini goraglap gelendiklerini, şol zatlara özlerindenem belet adamlardan bukjak bolýardylar. Dogry, halk Lenindir-Staliniň özlerindenem, olaryň gurup beren sistemalaryndanam bizar bolupdy, täze bir tertip-düzgünli, akylly-başly dolandyrylýan döwleti isleýändiklerem çyndy, ýöne gygyryşýan adamlaryň birem ýykjak bolýan döwletiniň ýerine oňa görä has oňyn syýasatly, kämil ykdysadyýetli döwletiň taslamasyny düzüp berip bilmeýärdi. Tankytlanýan köne adamlaryň, ýumrulýan hökümetiň , kommunistik partiýanyň terbiýesini alan, şolaryň ady bilen özüni oda, suwa uran, kükregini oka geren ýaşuly nesil, hususan-da oba adamlary bolsa serimsal halda töwereklerine garanjaklaşýardylar, haýsy tarapa ýörejeklerini, kimiň yzyna düşjeklerini bilmän aljyraşýardylar. Ömürboýy gursak jübülerinde göterip gelen gyzyl biletlerini nirede bukjaklaryny bilmän kösenýärdiler, goranýardylar, öz ideýalaryna wepaly bolup galmak üçin, ähli goh-galmagallardan çetde durmaga, täzeçillere goşulmazlyga, «kom-dan, «gem-e» öwrülmezlige çalyşýardylar. Bu olaryň ömürboýy görkezip gelen ençeme gahrymançylyklarynyň iň soňkusydy. Hüjümçiler welin ýeke bir Kompartiýany tankytlamak, ony aradan aýyrmak, köp partiýalylyk sistemasyny girizmek bilenem çäklenmän, döwletiň özüni ýykmaklygyňam aladasyny edip ugradylar. Ol göreşiň başyny Baltika ýakasynda ýerleşýän respublikalaryň ýolbaşçylary başladylar. Olar ilkinjileriň biri bolup öz kompartiýalaryny SSKP-den aýrybaşgaladylar. Ondan soň tutuş döwletiň düzümini, düzgünini üýtgetmekligiň, täzelemekligiň gürrüňini edip ugradylar. Olaryň SSSR Ýokary Sowetiniň mejlislerinde öňe sürýän şolar ýaly pikirleri Merkezi Aziýanyň Halk wekillleri tarapyndan ýiti garşylyklara sezewar edilýärdi. Hatda Türkmenistan ýaly SSSR-iň iň yza galak respublikasy hasap edilýän döwletlerem öz ýerli metbugatlarynda, radiolarynda, telewideniýelerinde olara garşy çykyşlar gurnaýardylar. Öz obasyndan başga ýerde tanalmaýan adamlar mawy ekrana çykyp, dünýä belli adamlaryň garşysyna gaýybana piçjiň atýardylar, akyllysyraşýardylar, hatda otuzynjy ýyllaryň tutha-tutluklaryna dolanmaklyga çenli çagyrýan pursatlaram bolýardy. Emma, olaryň ol çykyşlary edil ýüňe suw sepelän ýaly agyzlarynyň töwereginde ýitip, ýakalaryna siňip gidýärdi. Moska ýüzýärdi, äpet «pil» bolsa onuň «jöw-jöwüne» gulagam asman, öz ýoly bilen, äwmän gidip barýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |