23:52 Döz gelinmez gaýgy-gamlaryñ ýyl dolanşygy!.. | |
DÖZ GELINMEZ GAÝGY-GAMLARYÑ ÝYL DOLANŞYGY!..
Taryhda şu gün
1977-nji ýylyñ 1-nji maý güni... Işçileriñ bütindünýä raýdaşlyk güni Stambulyñ "Taksim" meýdançasynda uly joşgun bilen bellenip geçildi. Emma birnäçe ýyl geçensoñ terror güllelerinden wepat bolan DİSK-iñ legendar başlygy Kemal Türkleriñ çykyş edip durka ýüreklerimizu häzirem çawladan şol gorkunç prowokasiýa şekillenýär. Suw deposynyñ üstüne ýerleşen demokratiýanyñ we garamaýak işçileriñ ganym duşmanlary meýdançany hyryn-dykyn dolduran mähelläniñ depesinden ot sowurmaga başlapdylar. Howsalaly ýagdaýda Kazanjy Ýokuşyna tarap ylgaşlap başlan işçileriñ arasynda dyknyşyk döräp otuz dört ildeşimiz wepat boldy, ýüz otuz ildeşimizem ýaralandy. Şol döwür ady "Intercontinental" bolan häzirki "The Marmara" otelinde bagban bolup işleýän Burhan Ortak dowzahy ýatladýan atmosferada köpüsi oteliñ müşderisu bolan azyndan on adamy depgilenip ölmekden halas etdi. ★★★ Bütin Türkiýäniñ aramyzdan ýitip gidenlere aglan şol ganly gijesi düşeginde sagyna öwrülende aýak astyna düşüp depgilen adamlary, soluna öwrülende garşysyna "Tiz kömek" awtoulaglaryna ýüklenen iñ soñky deminde çyrpynyşyp ýatan bedenler çykypdy! Ýüregine dökülen ajy gözýaşdan ýaña kirpigini kirpigine çatyp bilmän, ýatan düşeginden turup, awtoulagyna atlanyp, "Taksim" meýdançasyna gidilen gün - bu gün ★★★ Mundan tegelek ýigrimi ýyl öñ.… Güneşli aprel güni... Nahalçy biri oteliñ bagbany Burhana bir desse gül bilen bir nahal getirip berýär. “Güllere düşündim welin, nahaly näme üçin getirdiñ?” diýip soranda: - Agam, meniñ pulumy bökdençsiz wagtly-wagtynda töläp dursuñ. Emma görşüñ ýaly meniñ bu işden mal-mülk eýesi bolmagym, baýap gidibermegim mümkin däl! Iñ bolmanda ösüp duran bir agajyñ bolsun diýip, şu çynar nahalyny saña getirdim! Derrewjik oturt muny! - diýýär. Burhan boýy bir metre ýetip duran nahaly nirä ekjegini bilmän birbada aljyrap durýar. Otelden çykyp saga tarap öwrülýär we häzir "Vakıfbank" binasynyñ duran ýerinde säginýär. - Boldy! - diýýär: - Agajy oturtjak ýerimi tapdym! Derrew pil bilen bir çukur gazyp, çynar nahalyny oturtýar. Topragyny, döküninu beribem, oteliñ awtoduralgasyndaky taksiçilere: "Bu agaç ulalanda kölegesinde otyrarsynyz. Şoñ üçin ona gowja serediñ" diýmäni-de ýatdan çykarmandyr! ★★★ Pukara ganynyñ akan gijesinde "Taksime" geleninde näme görendir öýdýärsiñiz?... Ýumurtga togalabermeli bolan meýdançada oturdan agajy dim-dik ýagdaýda göm-gök öwsüp duran bolsa näme! Şonça başagaýlygyñ, urdumşalygyñ arasynda amala aşan bu gudraty gören bagban gözýaşlaryna erk edip bilmändir… Şol gündrn başlap, ony öz ýeke ogly Ýigit kimin söýüpdir, apalapdyr! Wagtyñ geçmegi bilen meýdançada bolup geçen san-sajaksuz taryhy wakalara şaýatlyk eden şol çynaryñ boýy häzir otuz metrdenem geçýär... ★★★ Şu gün şol geçen ganly 1-nji maý gününe tegelek kyrk üç ýyl doldy.... Işçileriñ raýdaşlyk güni... Aradan geçen şunça ýylda "Taksim" meýdançasynda köp sanly ýygnanşyklar geçirildi. Her bir täze we tutumly çäreleri bilen şäheriñ iñ şüweleñli ýeri bolan "Taksim" indi öñküsindenem has betonlaşdyrylyp, beter ruhsyz hala getirildi. Beton toplumyna öwrülen meýdanda 1-nju maý güni wepat bolanlaryñ hatyrasyna dikilen şol ýadygärlik çynary eken pahyryñ ýadygärligine Kazanjy Ýokuşynyñ başlanýan burçuna hormat tagtasy-da dikilmedi!.. Diñe şol çynardan başga... Heniz on dört ýaşyndaka otly petegini almaga puly bolmandygy üçin Stambula haýwan daşalýan wagonda gaçgak bolup gelen tebigat söýüji Burhan Ortagyñ ekip, gözüniñ göreji deýin sereden "taryhyñ şaýady" şol ýadygärlik çynar!.. Ugur DÜNDAR. 01.05.2020 ý, "SÖZCÜ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |