15:52 Dözmezçilik / hekaýa | |
DÖZMEZÇILIK
Hekaýalar
Diýdi: -Tekiz dözemog-aý! -Kime?-diýip dosty, edebiýat birleşmesiniň ýygnagynda goşgudyr öýdýän nemesini, ägirt uly joşgun bilen okap berýän ýigitden ünsüni sowman sorady. -Şuňa. -Nämüçin? Dosty geňirgendi. Gepbaşyny ilki çözenden ses çykmady. Hemdeminden jogap eşidilmänsoň, dosty, gözüniň gyýtagy bilen oňa garady. Ol öňde okadygysaýy öňem belent hörpi barha beter batlanyp, labyzlanyp barýanyň keşbinde aý görjek bolýan dek, oňa tiňkesini dikdi. Ýene sanlyja sekunt dymybam, dostunyň sowally gyýalamasyny görmese-de syzdymy nämemi, dillendi: -Owal Özi Ýaradanda, öz otyrýeriň ýaýbaňlygyny, garaz, gözçeni bilenem bolsa, garaz, çopan hasaby bilenem bolsa syzmak, öz-özüňe baha kesmek neşesinde, azda-kände göwnühoşlukdan, öz-özüňe maýyl bolup, ýeriň ýüzünden çemçeläp syrybermeli derejede eräp-akmakdan goranyna müňde bir hamdy-senalar aýdaýmaly. Sered-ä gözgyn-a-how bolup durşy! Dözer dagy eder ýaly däl-ä. Iň erbet ýerem özüniň şo derejede gözgyny, egbarlygyny dynnymça-da aňşyrmaýar... Ol uludan dem aldy-da, çykyş edýäne ýigde ýene-de bir nebsagyryjy nazar oklap, haýpygelme bilen başyny ýaýkady: -Bir göräý-ä-how, bi bendäň çagasyny!-diýdi-de, çykyş edýäniň agzyna öýkündi:-“Indi bolsa hormatly birleşme agzalary! Men size şu günjük, ýaňy bärik gaýtmazymyň öň ýanynda ýazan madrigalymy okap bereýin! Ol hut, biziň – şu günüň, adamzat siwilizasiýasynyň ýalpyldyly häzirki döwrüniň naýbaşy şahyrlarydyr ýazyjylaryny äleme jar edýän iň gowy setirlerden hem sözlerden düzülen diýip hasaplaýan!”...Şumat gaty erbet tüýküresim gelýä weli, arman, oturan ýerimiz köçe däl...Onsoň neneň edip, dözjeg-aý?! Düýbünden duýanog-a, düşünenog-a, syzanog-a... Nämä gereg-aý, şeýdip, gözgyny bolup ýörmek? Nämesi bar-aý, şu: “ýazuw-pozuw” diýilýän bimany galagoplugyň? Senem şu supraň başynda, özüň gowy bilýäň, bu zat, bir çoçgaryna çolaşsaň, ömrüňe-de, teniňe-de, ruhuňa-da, ähli etsem-petsemleriňe-de sakyrtga deýin ýelmeşýän, ýamanam bir kesirden gelen bipaýanlyg-a-how... Dosty, öňdäkiden ünsüni sowdy-da, gardaşyna kinaýaly bakdy: -Onda, sen näme üçin, şoň şo derejede bihuda, bimany, biderek, bigadyr, bipaýan bolgusyz zatdygyny bilseňem, çyrşan bölüp ýörmäňi güpür-tapyr taşlap goýberäýeňok?! Ýa, ine men, şu zatlara aňry ýany bilen düşünýän, sen aýtmyş seň: “çemçedeşiň”, nämüçin hemme ýazanjalarymy otlaga-da, çöle mal bakmaga ýa-da meýdana ekin ekmäge çykyp gidiberemok? Ýa, nä, meň bu zatdan görýän haýrym-peýdam meni muňa ýüzpsüzje-zynjyrsyzja baglap goýdumy? Hä, kaşykdaş?! Hemsaýasy oňa seretmän, hüňürdedi: -Gyşarylmasan-aý! Aýtdym-a ýaňy, bi zat: “sakyrtga” diýip. Ol seniň ömrüňdenem, ruhuňdanam jan şiresini sorýa. Sen aňryň-bäriň, hemme zadyň bilen, şoňa gulluk edýäň. Guldugyňa-da, öz ýanyňdan monça... Ol ýene dymdy. Onýança, çykyş edýän, indiki goşgy diýýän nemesine geçdi. -Ýöne, Hudaýa şükür, her niçik-de bolsa, özümiň, honha, hoň ýaly, gülkünç gözgyny bolmagym-a ýol bermeýämikäm-ä diýýän...-diýip, boguk hümürdedi. Dosty, oň bu sözüne ýene-de bir ýaňsyly henegini oklajak bolup, agzyny müňküldedip başlanam şoldy weli, ikisiniňem aňyndamy, kalbyndamy ýa-da ýygnak geçýän otagdamy, pessaý owaz, endigan gussa bilen pyşyrdalyp gitdi: -Dözemog-aý... Bir pursatlyk aňk-taňk bolan söhbetdeşler, birek-birege garanjaklaşdylar. Soňra ikisem birwagtda diýen ýaly, sinhron oýlandy: -Kime? -Saňa... ...diýdi... | |
|
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |