18:43 Dünýäni ýok etmändigiñiz üçin minnetdar | |
DÜNÝÄNI ÝOK ETMÄNDIGIÑIZ ÜÇIN MINNETDAR
Publisistika
"Tüýs ýüregiñiz bilen meñkiñ dogrudygyna ynanýanyñyzy bilýärin. Meniñ ýerimde bolsañyz sizem şeýderdiñiz" Suratda: ABŞ-nyñ prezidenti Jon Kennedi bilen SSSR-iñ döwlet ýolbaşçysy Nikita Hruşýow Dünýä 1962-nji ýylyñ 24-nji oktýabrynda ABŞ-nyñ ýa-da SSSR-iñ goýberen raketasynyñ dünýäni ýok edip taşlajak urşuñ turma gorkusy bilen demini tutupdy. Jon Fisjerald Kennedi bilen Nikita Hruşýowyñ arasyndaky dikleşme ýetjek derejesine ýetipdi we iki lideriñ arasyndaky sene-mene gitdigiçe güýjeýärdi. Arada durup biljek täsirli araçy hem ýokdy. Amerikan kenarlaryna segsen kilometr golaýlykdaky Kubada raketalar ýerleşdirildi. Bu hummaly atmosferanyñ ortasynda birdenkä Kennediniñ özüni alyp barşy ýumşady. Munuñ bilen birlikde başky gödek çemeleşesini saklap galanam bolsa, sowet garşydaşynyñam özüni alyp barşy ýumşady. Yzyndan Hruşýow oturyp, sekretaryna taryhyñ iñ möhüm hatyny ýazdyrdy. Hatyñ tekstini dykgatyñyza ýetirýärin: "Moskwa. 1962-nji ýylyñ 24-nji oktýabry. Hormatly Prezident. 23-nji oktýabrda ýazan hatyñyzy aldym, okadym, öwrendim. Hormatly Prezident, eden hereketiñiz bilen bize beren ultimatumyñyzyñ şertlerini üpjün edendigimizi göz öñüne getiriñ. Muña özüñiz nähili garşylyk bererdiñiz? Nämä düşünmelidigimizi biziñ paýymyza goýansyñyz diýip pikir edýärin. Hormatly Prezident, bu şertleri teklip edip, bize dişiñizi görkezdiñiz. Beýtmegiñizi kim talap etdi? Haýsy hak-hukuk bilen beýtdiñiz? Siz, Hormatly Prezident, karantin yglan edeñzog-a, tersine ultimatum berip, talaplaryñyzy ýerine ýetirmesek güýç ulanjakdygyñyzy aýdyp, haýbat atýarsyñyz. Aýdýanlaryñyzy gaýtadan oýlanyp-ölçerip görüñ! Meni muña yrza ederin, boýun egdirerin öýdýärsiñizmi? Ýok, Hormatly Prezident, men muña razy bolmaryn. Tüýs ýüregiñiz bilen meñkiñ dogrudygyna ynanýanyñyzy bilýärin. Meniñ ýerimde bolsañyz sizem şeýderdiñiz. Şoñ üçinem "Ýok!" diýýäris. Sowet hökümeti halkara deñiz giñişlikleriniñ we howa çäkleriniñ ulanma özbaşdaklygynyñ bozulmagyny adamzady ýadro raketalary bilen jahan urşunyñ gorpuna tarap itýän agressiýa hasaplaýar. Şol sebäpden sowet hökümeti Kuba giden sowet gämileriniñ kapitanlaryna adany gabaw astyna alan amerikan harby-deñiz güýçleriniñ görkezmelerine gulak asmalary üçin tabşyryk bermejegi köre hasa. Sowet deñizçilerine berjek tabşyrygymyz - halkara deñiz giñişliklerinde umumy kabul edilen nawigasiýa ülñülerine berk eýermekleri we ondan bir ädimem gyşarmazlyklary bolar. Eger amerikan tarapy bu düzgünleri bozan ýagdaýynda, getirjek netijesine döz gelmeli bolar. Elbetde, çyk deñizlerde amerikan gämileriniñ edýän garakçylygyna sesimizi çykarman durar öýtmäñ. Şeýle ýagdaýda biz öz hak-hukuklarymyzy goramak üçin gerekli we ýeterlik hasaplaýan taýýarlygymyzy görmeli bolarys. Şeýtmek üçin hemmetaraplaýyn mümkinçiligimiz bar. Hormatlamak bilen N.Hruşýow". Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 02.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |